Ministrler Kabinetiniň
we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
15.03.2022
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzda geçirilen möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakanyň - bäsdeşlik esasynda guralan Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň netijelerine garaldy.
Milli Liderimiz gün tertibini yglan
edip, ilki bilen, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy G.Myradowa söz berdi. Ol şu ýylyň 12-nji martynda geçirilen döwlet Baştutanynyň ählihalk saýlawlarynyň netijeleri barada habar berdi.
Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy 11-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul
edilen çözgütden ugur alnyp, bu möhüm syýasy çärä taýýarlyk görmek hem-de guramaçylykly geçirmek boýunça ýerine ýetirilen giň gerimli işler barada aýdyp, saýlaw uçastoklarynyň jemi 2618-siniň, şol sanda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň hem-de konsullyk edaralarynyň
ýanynda olaryň 41-siniň döredilendigini habar
berdi.
Şunuň bilen birlikde, Demokratik partiýadan, Agrar partiýadan hem-de Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan, jemgyýetçilik guramalaryndan, raýatlaryň teklipçi toparlaryndan, iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň wekillerinden 2726 synçy bellige alyndy.
Saýlawlaryň guramaçylykly geçirilmegine ýardam bermek maksady bilen, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi hem-de BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasy tarapyndan
ýurdumyzyň saýlaw işlerine gatnaşýan döwlet edaralarynyň wekilleri üçin
okuw maslahatlary geçirildi.
Saýlawlar boýunça dalaşgär hödürlemek işlerine syýasy partiýalaryň üçüsi we merkezi saýlaw toparynda bellige
alnan raýatlar toparlarynyň altysy gatnaşdy. Raýatlaryň teklipçi toparlarynyň her biri öz dalaşgärini goldaýan saýlawçylaryň 10 müňden köpüsiniň gollaryny ýygnadylar.
Saýlaw kodeksiniň 44-nji
maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň
saýlawlary boýunça syýasy partiýalar tarapyndan dalaşgärleriň 3-si, 46-njy maddasyna laýyklykda bolsa raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan dalaşgärleriň 6-sy bellige alyndy. Şunlukda, iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige hödürlenenler jemi
9 adam boldy.
Kanunçylyga laýyklykda, ähli dalaşgärlere wagyz işlerini geçirmek hem-de Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda saýlawçylar bilen duşuşyklary guramak üçin deň şertler döredildi, teleýaýlymlarda çykyş etmek üçin deň mümkinçilikler üpjün edildi. Olaryň terjimehallary, maksatnamalary suratlary bilen
«Türkmenistan», «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetlerinde çap edilip, dolulygyna
halka ýetirildi. Şunuň bilen birlikde, saýlawlara çagyryş häsiýetli
wideoşekiller taýýarlanylyp, teleradioýaýlymlarda köpçülige ýetirildi.
Saýlawlara taýýarlyk işleriniň barşy köpçülikleýin
habar beriş serişdelerinde giňişleýin we yzygiderli beýan edildi, şol sanda
saýlawçylaryň saýlaw hukuklary hakynda teleýaýlymlarda söhbetdeşlikler guralyp,
saýlawlaryň açyklykda, aýanlykda, demokratik esaslarda geçirilişi düşündirildi.
Mundan başga-da, habar beriş serişdelerinde merkezi saýlaw toparynyň mejlisleri
barada yzygiderli hasabatlar çap edildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça ses
berilýän günde saýlaw uçastoklarynda ir säherden Türkmenistanyň Döwlet senasy
ýaňlanyp, saýlawlar türkmen halkyna mahsus toý-dabara, şatlyk-şowhun bilen
başlandy. Saýlaw uçastoklarynyň işiniň ilkinji pursatlaryndan ilatyň ýokary
işjeňligi bellige alyndy. Aşgabat şäherindäki we welaýatlarymyzdaky saýlaw
uçastoklarynda ses bermegiň geçirilişi sanly ulgam arkaly, onlaýn tertipde
merkezi saýlaw toparynyň saylav.gov.tm saýtynda görkezildi.
2022-nji ýylyň 12-nji martynda ir sagat 7-den agşam
19-a çenli aralykda saýlaw uçastoklarynyň hemmesinde Türkmenistanyň
Prezidentiniň saýlawlary ýurdumyzyň Saýlaw kodeksine laýyklykda geçirildi
diýlip hasap edildi.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty
ministrliginiň degişli buýrugyna laýyklykda, saýlaw uçastoklarynda ýokanç
keselleriň öňüni almak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hem maglumat
berildi. Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň kabul
eden tertiplerini hem-de jemgyýetçilik gigiýenasynyň kadalaryny berjaý etmek
şerti bilen, saýlaw uçastoklarynda zyýansyzlandyryş işleri we beýleki
lukmançylyk hyzmatlary guralyp, saýlawçylaryň saglyk goraglylygy talabalaýyk
üpjün edildi.
Kanuna laýyklykda, türkmen halkyna mahsus bolan milli
demokratik ýörelgelerden ugur alnyp, saýlawlar saýlaw hukugynyň halkara
derejede ykrar edilen we saýlawlary demokratik esaslarda geçirmegiň bellenen
şertleri hasaplanýan ählumumy, deň, göni saýlaw hukugy, saýlawlaryň gizlinligi,
erkinligi ýörelgelerinde hem-de bäsdeşlik esasynda geçirildi.
Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy syýasy
partiýalardan, jemgyýetçilik birleşiklerinden, raýatlaryň teklipçi
toparlaryndan we iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň wekillerinden bolan
milli synçylaryň işi barada-da habar berdi.
Hasabatyň barşynda bellenilişi ýaly, saýlawlaryň
demokratik esasda geçirilişi bilen tanyşmak üçin Garaşsyz Döwletleriň
Arkalaşygyndan, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Yslam Hyzmatdaşlyk
Guramasyndan, Türki Döwletleriň Guramasyndan we beýleki ýurtlardan halkara
synçylar Türkmenistana gelip, saýlawlaryň taýýarlyk işleri, ses bermegiň geçişi
bilen tanyşdylar.
Abraýly halkara guramalardan gelen synçylar
toparlarynyň ýolbaşçylary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri
bilen geçirilen brifinglerde saýlawlaryň asudalyk, açyklyk we aýanlyk
ýagdaýynda hem-de kanuna laýyklykda geçirilip, Türkmenistanyň ösüşiň demokratik
ýoluna ygrarlydygyny görkezendigini aýtdylar. Munuň özi saýlawlaryň
kanunalaýyklyk, demokratik kadalar esasynda geçirilendigini subut edýär.
Jemi 75 synçydan ybarat bolan halkara we garaşsyz
synçylar toparlarynyň agzalary Türkmenistanda bolan mahalynda, olar üçin saýlaw
kanunçylygymyzyň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän işler bilen jikme-jik
tanyşmaga, saýlaw toparlarynyň agzalary, dalaşgärler, olary hödürlän syýasy
partiýalaryň ýolbaşçylary, raýatlaryň teklipçi toparlary, dalaşgärleriň
ynanylan adamlary we saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirmäge ähli
mümkinçilikler döredildi.
Umuman, synçylar toparlarynyň ýolbaşçylary
Türkmenistanda saýlawlaryň guramaçylykly, giň demokratik ýörelgeler we
bäsdeşlik esasynda geçirilendigini nygtadylar. Halkara synçylar bu möhüm çärä
saýlawçylaryň örän işjeň gatnaşandyklaryna aýratyn üns çekdiler.
Soňra ählihalk saýlawlarynda ses bermegiň netijeleri
beýan edildi.
Türkmenistan boýunça 3460080 saýlawçydan 3362052-si
ses berip, 97,17 göterim gatnaşyk boldy.
Saýlawlaryň netijeleri boýunça Perhat Begenjow 2,02,
Agajan Bekmyradow 7,22, Serdar Berdimuhamedow 72,97, Berdimämmet Gurbanow 2,22,
Babamyrat Meredow 1,08, Hydyr Nunnaýew 11,09, Maksat Ödeşow 1,15, Maksatmyrat
Öwezgeldiýew 1,16, Kakageldi Saryýew bolsa 1,09 göterim ses aldylar.
Merkezi saýlaw toparynyň şu ýylyň 14-nji martynda
geçirilen jemleýji mejlisinde kabul eden karary esasynda we Türkmenistanyň
Saýlaw kodeksiniň 76-njy maddasyna laýyklykda, saýlawlarda ses bermäge gatnaşan
saýlawçylaryň sesleriniň iň köpüsini - 72,97 göterimini alan dalaşgär -
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar
Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti diýlip ykrar
edildi.
G.Myradow Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek
boýunça merkezi toparyň ähli agzalarynyň adyndan geçirilen ählihalk
saýlawlarynyň milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda
demokratiýanyň dabaralanýandygyny, halkymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt
bähbitli, parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny doly goldaýandygyny, döwlet Baştutanymyzyň
daşyna berk jebisleşendigini aýdyň görkezendigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda Saýlawlary we
sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygyna ýüzlenip,
saýlawlarda ses bermegiň dowamynda haýsydyr bir kemçilige ýol
berlip-berilmändigi bilen gyzyklandy. Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy
saýlawlaryň türkmen halkyna mahsus bolan demokratik ýörelgeler, erkin, gizlin
ses bermek arkaly, umumy ykrar edilen saýlaw hukugynyň esasynda geçirilendigini
habar berdi.
Soňra milli Liderimiz halkara synçylaryň we halkara
guramalaryň wekilleriniň bellikleri, arzuw-islegleri bilen hem gyzyklandy.
Merkezi saýlaw toparynyň başlygynyň habar berşi ýaly, halkara synçylar topary
saýlawlaryň Türkmenistanda ýokary guramaçylyk derejesinde, demokratik we
alternatiw esasda geçirilendigini kanagatlanma bilen nygtadylar. Olar,
aýratyn-da, saýlawçylaryň işjeňligine üns çekdiler. Başga bellik bolmady.
Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz merkezi saýlaw
toparynyň ýolbaşçysyna saýlawlary geçirmäge işjeň gatnaşan adamlaryň ählisine
Ministrler Kabinetiniň adyndan minnetdarlyk bildirmegi tabşyrdy. Şeýle-de bu
saýlawlaryň tutuş dowamyny düýpli öwrenmek, eger ony geçirmekde kemçiliklere
ýa-da halkara tejribeden yza galmalara ýol berlen bolsa, olary kanunçylyk
taýdan resmileşdirer ýaly, ýakyn wagtda öz tekliplerini bermek tabşyryldy.
Soňra Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Watanymyzda düýpli durmuş-ykdysady we
demokratik özgertmeleri durmuşa geçirmek boýunça giň gerimli işleriň amala
aşyrylýandygyny habar berdi. Şunuň bilen birlikde, bu möhüm
jemgyýetçilik-syýasy çäre milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen
ynsanperwer ýörelgesini durmuşa geçirýän, adyl, demokratik, hukuk we dünýewi
döwletiň binýadynyň berkdigini, halkymyzyň watançylyk düşünjesini, her bir
raýatyň öz ýurdunyň geljegi üçin jogapkärçilik duýgusyny, işjeň durmuş
ýörelgesini dünýä ýüzüne aýdyň görkezmekde, jemgyýetimiziň mundan beýläk-de
demokratik ýol bilen ynamly öňe gitmeginde aýgytly ädim boldy.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde
häzirki wagtda milli ruhly, täzeçe pikirlenmegi başarýan döwrebap nesliň, şol
sanda ýaş ýolbaşçylaryň kemala gelendigini, olaryň ähli ugurda ýüki öz üstüne
alýandygyny aýdyp, döwlet dolandyryşynda şolara ýol bermek babatda iňňän möhüm
başlangyjy orta atmagynyň syýasy edermenlik bolandygyny nygtady.
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary ýurdumyzda
demokratik başlangyçlaryň yzygiderli ösdürilýändigini, saýlaw ulgamynyň
kämilleşdirilýändigini, täze taryhy eýýamda alnyp barylýan içeri we daşary
syýasatymyzyň doly goldanylýandygyny ýene-de bir gezek tassyklady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň zamanamyzyň
görnükli döwlet we syýasy işgäri, halkyň milli Lideri, adyl, ynsanperwer döwlet
Baştutany hökmünde giňden ykrar edilip, jemgyýetçilik durmuşyndaky ähli
meseleleri pähim-paýhas eleginden geçirip, halkymyza, ata Watanymyza hyzmat
etmegiň ajaýyp nusgasyny görkezýändigi aýratyn bellenildi.
Saýlawlar gününde döwlet Baştutanymyz käbesi Ogulabat
eje bilen bilelikde, iň ýokary döwlet wezipesine mynasyp dalaşgäre ses berdi.
Munuň özi diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, tutuş dünýäde uly seslenme döretdi.
Bu bolsa maşgala gymmatlyklaryna, ýaşuly nesle, ene mertebesine ägirt uly
hormat goýulýandygynyň beýanyna öwrüldi.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we ýurdumyzyň saýlaw
kanunçylygyna, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, Prezident saýlawlarynyň
demokratik esaslarda, guramaçylykly, giň bäsdeşlik, açyklyk we aýdyňlyk
ýagdaýynda geçirilendigi bellenildi. Saýlawlara taýýarlyk görmek, olary
geçirmek bilen baglanyşykly çäreler meýilnamalaýyn esasda alnyp baryldy. Bu
jemgyýetçilik-syýasy çäräniň üstünlikli geçirilmegi üçin döwlet edaralarynyň we
jemgyýetçilik birleşikleriniň sazlaşykly işi ýola goýuldy.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy Milli Geňeşiň Mejlisiniň
deputatlarynyň adyndan Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy şu ýylyň 12-nji
martynda geçirilen ählihalk saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazanmagy bilen gutlap,
Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentine Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan
adyl ýoluny dowam etdirmekde, ýurdumyzy ösüşleriň täze belentliklerine
ýetirmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary,
daşary işler ministri R.Meredow çykyş edip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap
ýurdumyzda syýasy, durmuş-ykdysady ulgamlarda okgunly ösüşlere gönükdirilen
özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň
alyp barýan döwlet syýasatynyň netijesinde Türkmenistanyň Konstitusiýasy
esasynda demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň we raýat jemgyýetiniň
döredilendigi nygtaldy. Şu babatda 12-nji martda hut şol dünýä we milli
demokratik ýörelgeler esasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň
üstünlikli geçirilendigini görkezmek bolar.
Milli Liderimiziň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň
11-nji fewralda geçirilen taryhy mejlisinde eden çykyşynda geçen 30 ýylyň
dowamynda Türkmenistanyň syýasy ulgamynyň ösüşine düýpli seljerme berildi,
Watanymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňde durýan baş
maksatlary we wezipeleri kesgitlenildi hem-de Türkmenistany 2022 - 2052-nji
ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy tassyklanyldy.
Wise-premýer, daşary işler ministri hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden
çykyşynda türkmen halkynyň köpasyrlyk adatlaryna, däp-dessurlaryna, baý medeni
we ruhy mirasyna daýanyp, ýolbaşçylaryň ýaş nesline Türkmenistanyň döwlet
işlerini dolandyrmaga giňden gatnaşmagy üçin ähli zerur şertleri we
mümkinçilikleri döretmek baradaky başlangyjynyň ähmiýetini belledi.
Şundan ugur alnyp, Türkmenistanda Saýlawlary we sala
salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar, Konstitusiýa we saýlaw kanunçylygyna
laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny geçirmäge taýýarlyk
görmäge girişdi. Bu saýlawlar 12-nji martda ýokary guramaçylyk derejesinde
geçirildi.
Giňişleýin mejlisiň dowamynda Hökümet Baştutanynyň
orunbasary, daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy jemgyýetçilik-syýasy çäräni
beýan etmek işine daşary ýurt habar beriş serişdelerinden - “TASS”, “Associated
Press”, “Frans Press”, “NCA”, “Reuters” agentliklerinden, “TRT”
teleradiokompaniýasyndan, “TRT World” teleýaýlymyndan, “Turkmenistan.ru”
internet gazetinden, “Atavatan Türkmenistan” žurnalyndan we beýlekilerden
habarçylaryň gatnaşandygyny aýtdy. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň
saýlawlarynda ýurdumyzyň daşary ýurtlarda bolýan raýatlarynyň hem öz
konstitusion hukuklaryny berjaý etmekleri üçin zerur şertleriň döredilendigi
barada habar berildi.
Halkara guramalaryň wekilleri, halkara synçylar we
daşary ýurtly žurnalistler özleriniň Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň
netijeleri boýunça guran brifinglerinde we interwýularynda bu çärä ýokary baha
berdiler. Hususan-da, halkara hyzmatdaşlar türkmen tarapynyň erkin, açyk,
demokratik saýlawlaryň geçirilmegini üpjün etmek boýunça ähli halkara kadalary
berjaý edendigini we bu babatda hiç hili bellikleriniň ýokdugyny aýtdylar.
Türkmenistanyň saýlaw işini guramak babatdaky tejribesini nusga hökmünde
peýdalanmagyň zerurdygy aýratyn nygtaldy.
Ýurdumyzyň durmuşyndaky şeýle möhüm ähmiýetli wakanyň
ýokary netijeleri Watanymyzyň özygtyýarlylygyny we Garaşsyzlygyny pugtalandyrmak,
jemgyýetiň ýokary derejedäki agzybirligini we jebisligini üpjün etmek hem-de
umumy ykrar edilen kadalary durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan köpugurly
döwlet işiniň netijesidir. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler
ministri milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy türkmen döwletiniň
Baştutanynyň saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.
Çykyşynyň ahyrynda wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, ähli türkmen diplomatlarynyň,
döwletimiziň daşary ýurtly dostlarynyň we halkara hyzmatdaşlarynyň adyndan
Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy bu saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi we
Türkmenistanyň iň ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy bilen tüýs ýürekden
gutlady.
Wise-premýer, daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy
Hökümet agzalarynyň kabul edilen milli strategiýalaryň we maksatnamalaryň
durmuşa geçirilmeginiň, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagyna we
halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen anyk wezipeleriň ählisiniň çözülmeginiň
bähbidine ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary,
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow möhüm syýasy çäräni —
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny şu ýylyň 12-nji martynda ýokary
guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen, toplumlaýyn çäreleriň
görlendigi barada hasabat berdi. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ysnyşykly we
utgaşykly işiniň netijesinde ýurdumyzda asudalygy, durnuklylygy saklamaga, ähli
welaýatlarda hem-de paýtagtymyzda kanunylygy, tertip-düzgüni üpjün etmäge, ähli
saýlaw uçastoklarynda ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmäge
gönükdirilen çäreler amala aşyryldy.
Soňra wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
sekretary ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň
adyndan täze saýlanan Prezident Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy ählihalk
saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa bagt, uzak
ömür hem-de ýurdumyzda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan
başy başlanan giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmekde uly üstünlikleri
arzuw edip, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzüminiň Diýarymyzda
parahatçylygy, asudalygy, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň
serhetleriniň eldegrilmesizligini, kanunylygyň we hukuk tertibiniň berk berjaý
edilmegini üpjün etmegiň bähbidine mundan beýläk-de ähli tagallalary
etjekdigine ynandyrdy.
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
giňişleýin mejlisiniň dowamynda döwlet Baştutanymyz bu örän möhüm
jemgyýetçilik-syýasy çäräniň halkara talaplara laýyklykda we ýokary derejede,
aç-açanlyk, aýdyňlyk ýagdaýynda guralandygy üçin Türkmenistanda Saýlawlary we
sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň agzalaryna, milli hem-de
halkara synçylara, saýlawlary üstünlikli geçirmäge gatnaşan ähli
watandaşlarymyza tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Bu saýlawlar türkmen halkynyň agzybirligini we
jebisligini, milli kadalarymyza, ata-babalarymyzyň demokratik däplerine
wepalylygyny ýene-de bir gezek açyp görkezdi. Biziň halkymyz saýlawlara işjeň
gatnaşyp, bu möhüm syýasy çäräni uly dabara besledi. Munuň özi ata Watanymyzyň
durnukly ösmegi, nesillerimiziň nurana geljegi üçin her bir raýatymyzyň uly
jogapkärçilik duýýandygyny alamatlandyrýar. Hiç kimiň bu wajyp işden çetde
durmaýandygyny, jemgyýetimiziň öňdebaryjy, kämil derejä ýetendigini görkezýär
diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Soňra täze saýlanan döwlet Baştutany ýygnananlara
gutlaglary we hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, gysgaça söz
sözledi.
Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar
Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň
raýatlaryna ýüzlenip, saýlawlara işjeň gatnaşan ildeşlerimize, özi üçin ses
berip, ynam bildiren saýlawçylara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
Türkmenistan döwletimiziň ykdysady kuwwatyny berkitmek, onuň halkara abraýyny
artdyrmak ugrunda uly işleri amala aşyrandygyny nygtap, ýurdumyzyň täze
saýlanan Prezidenti Garaşsyz Türkmenistanyň ösüşiniň täze tapgyrynda - Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňde has uly wezipeleriň
durýandygyny nygtady. Bu wezipeler Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň taryhy
mejlisinde kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy:
Türkmenistany 2022 - 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli
maksatnamasynda» jikme-jik beýan edildi.
Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýylynda kemala
gelen ösüş ýoly, syýasatda, ykdysadyýetde, medeni-durmuş babatda başy başlanan
özgertmeler dowam etdiriler, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň ýokary
derejelerini üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmak
ugrunda tagalla ediler.
Ýurdumyzyň täze saýlanan Prezidenti Serdar
Berdimuhamedow ýygnananlary we ähli türkmenistanlylary halkymyzyň bildiren
beýik ynamyny Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda asudalygy, howpsuzlygy
üpjün etmek, dünýäde parahatçylygyň, özara ynanyşmagyň berkarar bolmagyna
ýardam bermek, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hem-de mähriban halkymyzyň
abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň bähbidine bitirjek işleri bilen
ödejekdigine ynandyrdy.
Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň Baştutany wezipesine täze saýlanan Serdar Berdimuhamedowy
ýurdumyzyň kanunçylygyna we umumy kabul edilen hukuk kadalaryna laýyklykda,
bäsdeşlik esasynda, aç-açanlyk hem-de aýdyňlyk ýagdaýynda geçen Prezident
saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady.
Bu ýeňiş biziň halkymyzyň bildiren ynamynyň
netijesidir. Adamlaryň ynamy bolsa mukaddesdir we hökman ödelmelidir. Munuň
üçin, ilki bilen, Watany hem-de mähriban halkyňy çäksiz söýmeli. Hemişe halkyň
aladasy bilen ýaşap, ähli güýjüňi, tagallaňy onuň bähbitlerine gönükdirmeli.
Eger gerek bolsa, Watanyň we halkyň üçin janyňy hem bermäge taýýar bolmaly
diýip, milli Liderimiz aýtdy we Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň bu
ynamy ödejekdigine ynam bildirdi. Arkadag Prezidentimiz berk jan saglyk, uzak
ömür, her bir türkmenistanlynyň, her bir maşgalanyň, ýurdumyzyň ähli halkynyň
bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň
mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine köptaraply işinde üstünlikleri
arzuw edip, halk üçin ähli amala aşyrjak wezipesinde diňe üstünlikleriň hemra
bolmagyny arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň we
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda yglan edilen
arakesme wagtynda, bu ýerde Hökümet agzalarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirdi.
Onuň dowamynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça
merkezi toparyň başlygynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň jemleri
boýunça beren hasabaty bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 19-njy martynda
paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň täze Prezidentiniň wezipesine
girişmegine bagyşlanan dabaranyň geçirilmelidigine ünsi çekdi. Ýurdumyzyň
durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan bu syýasy çäräniň guramaçylykly we aç-açanlyk
ýagdaýynda geçirilmegi türkmen jemgyýetinde demokratik esaslaryň, halk
häkimiýetliliginiň milli ýörelgeler bilen utgaşykly alnyp barylýandygyny
aňladýar.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz
Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna hemmetaraplaýyn
taýýarlyk görmek we ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen,
döwlet toparyny döretmek hem-de şu dabara mynasybetli ýerine ýetirilmeli
çäreleriň meýilnamasy bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde durup geçdi.
Arakesmeden soňra Ministrler Kabinetiniň we Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi dowam etdirildi.
Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň we Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde
Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasynyň geçiriljekdigini
belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu çärä taýýarlyk görmek we ony ýokary
derejede geçirmek üçin döwlet toparynyň döredilýändigi yglan edildi hem-de onuň
düzümini we ýerine ýetirmeli çäreleriniň meýilnamasyny tassyklamak hakynda
Karara gol çekildi.
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
giňişleýin mejlisiniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz hemmelere berk jan saglyk,
maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistanyň
Döwlet habarlar agentligi