Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

 

29.07.2022

 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri hem-de döwlet durmuşynyň beýleki käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowa söz berdi. Wise-premýer hasabatyny ýurdumyzyň edermen daýhanlarynyň galla taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habardan başlady.

Döwlet tarapyndan berilýän giň möçberli goldawyň netijesinde ýurdumyzyň gallaçylary Watan harmanyna 1 million 500 müň tonna golaý bugdaý tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyzy daýhanlaryň gazanan zähmet ýeňşi bilen gutlap, olaryň netijeli işlemegi ugrunda döredilýän şertler üçin Arkadagly Serdarymyza hoşallyk bildirdi.

Bu hoş habary kanagatlanma bilen kabul edip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow edermen daýhanlary galla taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmekleri bilen tüýs ýürekden gutlady.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ussat kärendeçilerimiziň, hususy önüm öndürijilerimiziň, mehanizatorlarymyzyň, alymlarymyzyň, galla hasylyny ýetişdirmekde we ýitgisiz ýygnap almakda uly işleri alyp baran her bir adamyň agzybirlikli, yhlasly çeken zähmeti netijesinde şeýle belent sepgide ýetildi. Türkmen daýhanyna döwletimiz tarapyndan öndürijilikli işlemäge, toprakdan bol hasyl öndürip, ýokary zähmet netijelerini gazanmaga, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamaga ähli mümkinçilikler döredilýär.

Halkymyzyň döredijilikli zähmet çekmegi, eşretli durmuşda ýaşamagy üçin edilýän bu aladalar «Döwlet adam üçindir!» diýen baş syýasatymyzyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Men şu ýyl köp yhlas we zähmet siňdirilip ýetişdirilen galla hasylyny siziň iň soňky dänesine çenli zaýa etmän ýygnap aljakdygyňyza hem-de täze ýylyň bol hasylynyň düýbüni mäkäm tutjakdygyňyza pugta ynanýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.

Döwlet Baştutanymyz bereketli topragymyzda gallanyň bol hasylyny ýetişdirmekde tutanýerli zähmet çeken we ýokary netijeleri gazanan ussat gallaçylarymyzy, oba hojalyk işgärlerimizi, kombaýnçylarymyzy, sürüjilerimizi we ähli watandaşlarymyzy gazanylan bu ajaýyp zähmet ýeňşi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, ata-babalarymyzyň şöhratly daýhançylyk däplerini dowam etdirip, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hasabatyny Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasyndan 28-nji iýulda gelip gowşan hoş habar bilen başlady. Ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 97-nji plenar mejlisinde “Merkezi Aziýa - parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. 19 döwlet onuň awtordaşy bolup çykyş etdi.

Wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň bu daşary syýasy ýeňşi bilen mähirli gutlap, munuň döwlet Baştutanymyzyň syýasy we ykdysady durnuklylygyň saklanylmagyna, sebit hem-de ählumumy derejede parahatçylyk, ynanyşmak medeniýetiniň berkidilmegine, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň oňyn çözgüdine gönükdirilen işjeň syýasatynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň subutnamasydygyny nygtady.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen Merkezi Aziýa sebitiniň parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy hökmünde ykrar edilmegi sebitimiz üçin parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmekde geosyýasy we geoykdysady mümkinçilikleri emele getirýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnamany kabul etmegi mynasybetli ähli watandaşlarymyzy gutlap, bu möhüm resminamanyň Garaşsyz, Bitarap Watanymyz bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň strategik we netijeli häsiýetde alnyp barylýandygynyň nyşanydygyny aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahata görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmek Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz iri halkara guramalar bilen özara gatnaşyklaryň çäklerinde ulag diplomatiýasy we bu ugurda sebitleýin, ählumumy derejede kabul edilen resminamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmek babatdaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda maksatnamalaýyn işleri amala aşyrýar.

Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda durnukly ulag ulgamy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň dördüsiniň biragyzdan kabul edilendigi bellenildi. Bu möhüm resminamalaryň esasy mazmuny ulag ulgamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekden, üstaşyr ulag geçelgeleriniň durnukly ulgamyny döretmekden, yklym we dünýä derejesinde ulag arabaglanyşygyny üpjün edýän iri düzümleýin merkezleri emele getirmekden ybaratdyr.

Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistanda ulag we kommunikasiýa ulgamy boýunça birnäçe halkara çäreler geçirildi. Ýurdumyzyň başlangyjy esasynda 2016-njy ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty guraldy. Gazanylan tejribelere esaslanyp, Türkmenistan tarapyndan Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahaty geçirmek baradaky başlangyç öňe sürüldi. Ol BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýylda kabul eden degişli Kararnamasy bilen berkidildi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 15-16-njy awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda bu forumy geçirmek meýilleşdirilýär. Häzir BMG-niň ugurdaş düzümleri bilen geçirilen geňeşmeleriň netijesinde onuň maksatnamasynyň deslapky taslamasy taýýarlanyldy. Ähli degişli meseleleri çözmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şu maksat bilen, Hökümet derejesinde iş toparyny döretmek we 30-njy iýulda onuň birinji mejlisini geçirmek göz öňünde tutulýar. Şu güne çenli 25 döwletiň we halkara guramalaryň 16-synyň wekilleriniň bu foruma gatnaşjakdyklary baradaky tassyklaýyş hatlary gelip gowuşdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, teklipleri makullady we wise-premýere, daşary işler ministrine Türkmenistanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahaty geçirmek bilen baglanyşykly resminamalary taýýarlamagy we degişli iş toparyny döretmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ulag ulgamyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň berkidilmegine we ösdürilmegine gönükdirilen bu forumyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginiň zerurdygyny belläp, bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Soňra wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça ýöriteleşdirilen halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Häzirki döwürde “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 - 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna” laýyklykda, ýurdumyzyň BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy, Ösüş maksatnamasy, Çagalar gaznasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Bütindünýä Azyk Maksatnamasy (WFP) we beýleki guramalar bilen gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça teklipler taýýarlanyldy.

Abraýly ugurdaş düzümleriň işine bolan gatnaşygy giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Oba hojalyk ösüşi boýunça halkara gurama agza bolmagy teklip edilýär we BMG-niň hem-de YHG-nyň degişli ýöriteleşdirilen edarasy bolan Azyk howpsuzlygy boýunça yslam guramasynda synçy derejesini almak teklip edilýär.

Şeýle-de 2021 - 2025-nji ýyllar üçin ikitaraplaýyn Çarçuwaly maksatnamanyň çäklerinde BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy bilen özara gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça teklip beýan edildi. Hususan-da, munuň özi bu guramanyň hünärmenleriniň goldaw bermeginde tehniki hyzmatdaşlygyň oba hojalygyny sanlylaşdyrmaga gönükdirilen taslamalaryny taýýarlamak bilen baglanyşyklydyr. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda ýurdumyzda azyk howpsuzlygy boýunça halkara maslahaty guramak teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň sebitleýin we ählumumy hyzmatdaşlykda häzirki zamanyň wajyp wezipeleriniň deňeçer çözgüdini işläp taýýarlamakda möhüm we jogapkärli orun eýeleýändigini belledi. Şolaryň hatarynda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek meselesi hem bar. Munuň özi Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň wajyp şertini üpjün edýär.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda oba hojalyk pudagynyň mümkinçiliklerini netijeli durmuşa geçirmek, azyk senagatynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak, önümçilige täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Hemmetaraplaýyn tagallalar esasynda ýurdumyzda azyk bolçulygy üpjün edilýär, öndürilýän ýokary hilli azyklyk önümleriň görnüşleri artdyrylýar. Şunuň bilen birlikde, ýer we suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna, daşky gurşawyň goralmagyna, ekologik howpsuzlygyň üpjün edilmegine möhüm üns berilýär. Bu ugurlar boýunça Türkmenistan abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG-niň ugurdaş düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär we ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen öňde durýan wezipeleri çözmekde tejribe alyşmaga taýýardyr.

Hormatly Prezidentimiz hödürlenen teklipleri makullap, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri mundan beýläk-de dowam etmegi tabşyrdy.

Soňra Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň abadançylygyna, döwletimiziň hukuk esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen işler barada maglumat berdi.

Ministrliklerden hem-de pudaklaýyn düzümlerden gelip gowuşýan teklipler hasaba alnyp, birnäçe kanun taslamalary işlenip taýýarlanyldy, olaryň käbirine Mejlisiň 16-njy iýulda geçirilen on dokuzynjy maslahatynda garaldy hem-de kabul edildi. Täze kanunçylyk namalary Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň garamagyna iberildi.

Häzirki wagtda kanun çykaryjylyk işiniň meýilnamasyna laýyklykda, kanunylygyň we hukuk tertibiniň berkidilmegine, adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagyna, ykdysadyýetiň ösdürilmegine, telekeçiligiň goldanylmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, döwlet ýaşlar syýasatynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak dowam etdirilýär.

Mejlisiň deputatlary halkara ähmiýetli birnäçe çärelere gatnaşdylar. Çagalaryň hukuklaryny goramaga, olaryň abadan we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryna laýyklykda, deputatlar BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen bilelikde ýurdumyzyň welaýatlarynda çaganyň hukuklary boýunça okuw sapaklaryny geçirdiler. Türkmenistanyň Prezidentiniň içeri we daşary syýasatyny wagyz etmek, hereket edýän kanunçylygy düşündirmek, ýaşlaryň hukuk medeniýetini we işjeňligini kemala getirmek maksady bilen, dürli ulgamlarda degişli işler dowam etdirilýär, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyşlar guralýar.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew ýurdumyzyň hukuk ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen geçirilýän meýilnamalaýyn işler barada maglumat berdi.

23-nji iýulda Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň ýedinji mejlisi geçirildi. Onda Milli Geňeşiň Mejlisiniň on dokuzynjy maslahatynda kabul edilen Kanunlar makullanyldy. Ähli resminamalar deslapdan ara alnyp maslahatlaşyldy we Halk Maslahatynyň komitetlerinde seljerildi.

Halk Maslahatynyň agzalary täze kanunçylyk namalaryny, Döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň ähmiýetini düşündirmek, milli mirasymyzy, maşgala gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek maksady bilen, maslahatlara gatnaşýarlar hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýärler.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek ulgamyny kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda bu ugurda işleri ulgamlaýyn alyp barmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanynda utgaşdyryjy pudagara iş topary hereket edýär. 2021-nji ýylda bu ugurda Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi bilen baglylykda hem-de ýurdumyzyň halkara şertnamalaryndan gelip çykýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, degişli utgaşdyryjy pudagara topary döretmek teklip edilýär. Taýýarlanylan Kararyň taslamasyna laýyklykda, onuň düzümine birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary giriziler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, toparyň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipelere ünsi çekdi. Onuň işi jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna hem-de terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek babatda milli ulgamyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilmelidir. Şu maksat bilen, halkara derejede, şeýle-de abraýly ugurdaş halkara guramalar bilen utgaşykly hereket etmek zerurdyr.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen Karara gol çekip we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, bu ugurdaky işiň barşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow nebitgaz toplumy tarapyndan nebitiň we tebigy gazyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak hem-de ýakyn ýyllarda milli maýa goýumlary öz wagtynda özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň “Türkmennebit” hem-de “Türkmengaz” döwlet konsernlerine, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasyna geljek iki ýylda nebitiň we tebigy gazyň goşmaça möçberlerini çykarmagy maliýeleşdirmek üçin maliýe goldawyny bermek hakynda Kararyna laýyklykda durmuşa geçirilýän çäreler barada hem hasabat berdi.

Nebitgaz ýataklaryny gözlemegiň we özleşdirmegiň hasabyna tebigy gazyň hem-de nebitiň çykarylýan möçberlerini artdyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasyna laýyklykda, birnäçe nebitgaz känlerinde ulanyş-baha beriş guýularyny burawlamak, zerur bolan gaz geçirijileri çekmek, şol sanda “Bagaja” gazy gaýtadan işleýän desgany doly kuwwatynda ulanmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, zerur bolan ýörite enjamlary hem-de serişdeleri satyn almak boýunça halkara bäsleşik geçirildi. Şeýle-de “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagynda geçirilen degişli bäsleşigiň netijeleri barada hasabat berildi. Onuň jemleri boýunça has amatly täjirçilik teklibi kesgitlenildi hem-de degişli şertnama gol çekmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, diwersifikasiýalaşdyrmak, maýa goýumlary çekmek, ýurdumyzda amala aşyrylýan taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýän iri ugurdaş kompaniýalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek arkaly ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz bu ugurdaky toplumlaýyn işleri dowam etmegiň zerurdygyny belläp, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra wise-premýer Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit önümleriniň täze görnüşleriniň ýerlenilişi barada hasabat berdi. Zawodlar toplumynda çig nebitiň gaýtadan işlenilýändigi, ýokary hilli önümleriň çykarylýandygy hem-de dünýä bazarlarynda EURO-5, EURO-6 ýaly ýokary ekologik talaplara doly laýyk gelýän A-98 kysymly awtoulag benzininiň ilkinji möçberleriniň ýerlenilişi barada maglumat berildi. Şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen geleşikler barada hasabat berildi, şonuň esasynda nebit önümleri BAE-niň we Owganystanyň kompaniýalary tarapyndan satyn alyndy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp we ýerine ýetirilen işleriň wajypdygyny nygtap, ýurdumyzyň örän iri nebitgaz känlerine eýedigini, şunuň bilen baglylykda, ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli şertleriň döredilmelidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ýokary hilli, ekologik taýdan arassa, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň uly islegden peýdalanýandygyny nygtap, wise-premýere öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak, baý tejribä hem-de uly mümkinçiliklere eýe bolan esasy daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bu sene Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Permanyna laýyklykda, şu ýylyň 6-njy awgustynda belleniler. Bu baýramçylyk mynasybetli “Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy - 2022” atly halkara sergini hem-de “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly ylmy-amaly maslahaty geçirmek meýilleşdirildi. Gözden geçirilişe ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, işewürlik düzümleriniň, daşary ýurtlaryň bu ugurda iş alyp barýan kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşarlar. Sergide gurluşyk, senagat we energetika pudaklarynda, himiýa senagatynda, ýol gurluşygynda gazanylýan üstünlikler barada maglumat berýän gymmatlyklar görkeziler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gurluşyk, senagat we energetika toplumynyň milli ykdysadyýetiň mundan beýläk-de köpugurly ösdürilmegine, baý tebigy serişdeleriň işjeň ulanylmagyna we sebitleriň ösdürilmegine gönükdirilen möhüm maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde wajyp orun eýeleýändigine ünsi çekdi. Öňde boljak çäreler bu ugurda alnyp barylýan giň möçberli işleriň beýanyna öwrülmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de serginiň we maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary ýolagçy gatnatmak we ýük daşamak, ýurdumyzyň ýol gurluşygyny kämilleşdirmek, bu ulgama dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak arkaly üstaşyr ulag kuwwatyny döwrebaplaşdyrmak hem-de pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada-da hasabat berdi.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 16-njy iýunynda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsini gurmak hakynda Karara gol çekdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna bu düzümleýin desganyň düýbüni tutmak dabarasynyň meýilnamasynyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu döwrebap awtomobil köprüsiniň gurulmagynyň ýurdumyzyň günbatar hem-de demirgazyk sebitleriniň arasynda ulag we ýolagçy gatnawlaryny, goňşy döwletleriň söwda-haryt dolanyşygyny artdyrmaga ýardam berjekdigini belledi. Şeýle-de ýurdumyzyň içerki ýol-ulag ulgamynyň kämilleşdirilmegi bilen, halkara üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek, olaryň üsti bilen ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň döwrebap ulgamyny kemala getirmek üçin amatly şertler dörediler.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklibi makullap, wise-premýere meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra wise-premýer ýurdumyzda daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda çüýşe önümlerini öndürýän önümçilik toplumyny gurmak hakynda Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, ähli meýilleşdirilen işleriň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz şeýle-de işde goýberen kemçilikleri üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowa käýinç yglan etdi we degişli Buýruga gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň daşary ýurt döwletleri bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň giňeldilýändigi, eksport-import, birža amallarynyň kämilleşdirilýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işiniň Düzgünnamasyny kämilleşdirmek boýunça teklipler işlenip taýýarlanyldy. Maglumat hyzmatlaryny hödürlemek hem-de bahalaryň elektron maglumatlar binýadyny döretmek, bahalaryň binýady esasynda daşarky we içerki söwda şertnamalaryny seljermek, birža amallaryna gatnaşýan taraplary okatmak, hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, ygtyýarlyklary we borçlary kesgitlemek, maddy däl gymmatlyklary bellige almaga degişli bolmadyk şertnamalaryň sanawyna goşmak teklip edilýär.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edara hökmünde Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Döwlet haryt-çig mal biržasynyň Türkmenistanyň daşary ykdysady aragatnaşyklarynda möhüm ulgam, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň önümlerine bolan islegleri aýdyň görkezýän kuwwatly maglumat-seljeriş edarasydygyny belläp, wise-premýere bu ugurda geçirilýän işleri seljermek hem-de birža söwdasyny mundan beýläk-de ösdürmek, onuň gerimini giňeltmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra wise-premýer «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýanlar üçin gurlan kottejler toplumynyň açylyş dabarasyna hem-de dürli görnüşli tagamlaryň sergisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary esasynda Hazar deňziniň ekologik taýdan arassa kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de ösdürmek hem-de ilatymyzyň dynç almagy üçin ähli amatlyklary döretmek babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Awazada gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän “Rowaç” kottejler toplumynyň açylyş dabarasyna taýýarlyk görmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer 1-nji awgustda açylmagy meýilleşdirilýän bu täze toplumyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurlandygyny habar berdi.

Açylyş dabarasynyň çäklerinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň jemgyýetçilik iýmiti ugrunda iş alyp barýan agzalarynyň taýýarlan dürli görnüşli tagamlarynyň görkezilişini guramak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Rowaç” kottejler toplumynyň açylyş dabarasynyň meýilnamasynyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şypahana-dynç alyş toplumlarynyň Awazany ösdürmegiň esasy ugry hökmünde kesgitlenendigini nygtady. Olar, öz nobatynda, deňiz ýakasynyň durmuşynyň beýleki ulgamlarynyň ählisiniň kämilleşdirilmegine oňyn täsir eder. Döwlet Baştutanymyz adamlar baradaky aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny belledi hem-de wise-premýere täze desgalaryň açylyşyny we milli tagamlaryň sergisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek hakynda” Kararyň taslamasy hem-de awgust aýynda meýilleşdirilen çäreleriň maksatnamasy barada hasabat berdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli baýramlarymyzy we şanly seneleri giňden belläp geçmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň baş baýramyna — Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününe taýýarlyk görlüp başlandy. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli döwlet çärelerini ýokary derejede guramak maksady bilen, degişli Kararyň taslamasy taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň baş baýramy mynasybetli geçiriljek çäreleriň ähmiýetini nygtap, olaryň her biriniň many-mazmuny we ajaýyplygy bilen tapawutlanmalydygyny, halkymyzyň baý medeni mirasyny, onuň dünýä medeniýetine goşandyny hem-de ýurdumyzyň häzirki döwürdäki gazananlaryny wagyz etmelidigini belledi.

Soňra wise-premýer şu ýylyň awgustynda şanly seneler hem-de medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylmagy mynasybetli geçirilmegi göz öňünde tutulýan çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berdi. 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dürli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny we brifingleri, wagyz-nesihat çärelerini geçirmek göz öňünde tutulýar. Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda medeni-köpçülikleýin çäreleri, döredijilik, zehin bäsleşiklerini, sport ýaryşlaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni mynasybetli maslahaty we beýleki ugurdaş çäreleri geçirmäge taýýarlyk görülýär. 27-nji awgustda “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçiriler. Ýurdumyzyň sebitlerinde birnäçe desgalaryň açylyşy medeni çärelere beslener.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, awgust aýynda geçiriljek dabaralaryň ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýe boljakdygyny nygtap, wise-premýere bu çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri bilen hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge ýardam etjek halkara çäreleriň ählisiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Ş.Işangulyýewi, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan» teleýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşatmak kararyna gelendigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu wezipä Ý.Nuryýewi belläp, ony «Diýar» žurnalynyň baş redaktory wezipesinden boşatdy.

Şeýle-de başga işe geçmegi sebäpli, J.Geldymamedowa Lebap welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy, bu wezipä Oguljennet Berdiliýewa bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz işde goýberen kemçilikleri üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa käýinç yglan etdi.

Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek hakynda” Karara gol çekip, ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi hem-de bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Daşky gurşawy arassa saklamak we ilatyň saglygyny goramak maksady bilen, polimer we plastik serişdeleriň dolanyşygyna gözegçilik etmek, howanyň üýtgemegi we onuň adamyň saglygyna ýaramaz täsiriniň öňüni almak hem-de ýokanç keselleriň ýaýramagy bilen bagly howplara garşy göreş çäreleriniň güýçlendirilmegi nazara alnyp, degişli işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan ýokarda agzalan gulluk hakyndaky Düzgünnamanyň taslamasy taýýarlanyldy we ol döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksinden, “Ýokanç keselleriň öňüni almak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyndan hem-de halkara saglygy goraýyş-arassaçylyk düzgünlerinden ugur alnyp, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmäge gönükdirilen öňüni alyş we beýleki degişli çäreleriň toplumyny durmuşa geçirmek hem-de BSGG-niň “Bitewi saglyk” maksatnamasyny amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkymyzyň saglygy baradaky aladanyň ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Bu ulgamda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler netijesinde ugurdaş düzüm yzygiderli kämilleşdirilýär, lukmançylyk tejribesine innowasion tehnologiýalar we usullar, ylmyň öňdebaryjy gazananlary, dünýäniň iň gowy tejribesi işjeň ornaşdyrylýar.

“Saglyk” Döwlet maksatnamasy hem bu ulgamda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmäge gönükdirilendir. Şol maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi bilen, türkmenistanlylara halkara ülňüleriň derejesinde ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary hödürlenilýär. Döwlet Baştutanymyz häzirki döwrüň ýagdaýlaryny we talaplaryny nazara almak bilen, bu ugurdaky toplumlaýyn işi dowam etdirmegiň, dürli keselleriň öňüni almak, arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmek, azyk we beýleki sarp ediş önümleriniň, agyz suwunyň hiline we howpsuzlygyna berk gözegçiligi üpjün etmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak boýunça zerur çäreleriň görülmegine aýratyn üns bermegiň wajypdygyny belläp, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 1-nji awgustdan başlap ähli ýolbaşçylaryň ýurdumyzyň şypahanalarynyň islendiginde dynç alyp, saglyklaryny berkidip biljekdiklerini belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere degişli sanawy düzmek barada görkezme berildi.

Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasynda awtomobil sportunyň ralli-reýd görnüşi boýunça geçirilen «Ýüpek Ýoly — 2022» atly halkara ýaryşda, Özbegistanyň Daşkent şäherinde ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda agyr atletika boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda baýrakly orunlary eýelän türgenlerimize 3-nji awgustda Awazada ýurdumyzyň ýolbaşçylarynyň adyndan gymmat bahaly sowgatlary gowşurmagy guramagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýanynda Sanly tehnologiýalar gullugyny döretmek barada hasabat berdi.

“Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda” Kanuna laýyklykda, bu ulgamda ygtyýarly döwlet edarasy hem-de onuň wezipeleri Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär. Onuň esasy wezipeleri bu ulgamda döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny amala aşyrmakdan, Döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlamakdan we olaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrmakdan, elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezleriniň döwlet tarapyndan bellige alynmagyny ýerine ýetirmekden, merkezleriň ygtyýarly şahslarynyň elektron sanly gollarynyň açyk açarlarynyň sertifikatlarynyň ýeke-täk döwlet sanawyny ýöretmekden, şahsyýeti anyklaýyş ID kart ulgamyny döretmek bilen bagly işlere gatnaşmakdan we beýlekilerden ybaratdyr.

Halkara tejribä laýyklykda, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýanynda Sanly tehnologiýalar gullugyny döretmek baradaky teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň sanlylaşdyrmagy ilerletmek boýunça möhüm işleri ýerine ýetirýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz sanly ulgamlar babatda özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmegiň hem-de milli işgärler, ylmy-tehniki we düzümleýin kuwwaty artdyrmagyň wajypdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz iri taslamalary yzygiderli durmuşa geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, agentligiň ýolbaşçysyna bu meseläni içgin öwrenmegi hem-de degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz A.Haýytmuradowy, başga işe geçmegi sebäpli, «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygy wezipesinden boşatmak we bu wezipä A.Kösäýewi saýlamak hakynda şu agentligiň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň kararlaryny tassyklamak baradaky Kararlara gol çekdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz mejlisde Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň hasabatlaryny diňledi.

Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow paýtagtymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, şäheriň arassaçylyk we ýokary ekologik derejesini saklamak boýunça durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi. Hasabatda şäheriň jemagat hojalygy düzümleriniň alyp barýan işleri, paýtagtymyzyň köçelerinde, seýilgählerinde, ýaşaýyş toplumlarynyň çäklerinde, seýilgäh zolaklarynda baglara, güllere ideg etmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýändigi barada aýdyldy. Şeýle hem şu ýylda gurluşygy tamamlanmagy meýilleşdirilen iri önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurluşyklary kesgitlenen meýilnama laýyklykda alnyp barylýar.

Soňra Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, ýygnalan galla hasylyny talabalaýyk saklamak hem-de galla kabul ediş bölümlerinden ammarlara we elewatorlara daşamak işleriniň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygy, orakdan boşan meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleriniň talabalaýyk ýola goýlandygy barada hasabat berdi. Şeýle-de häkim sebitiň gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleri, güýzlük ekinleriň ekişine görülýän taýýarlyk hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça sazlaşykly işleriň ýola goýlandygy hakynda habar berdi.

Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew şu günler günbatar sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla hasylyny elewatorlara we ammarlara bökdençsiz daşamak, orakdan boşan meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işlerini talabalaýyk geçirmek, geljek ýylyň hasyly üçin ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak ugrunda zerur işleriň ýerine ýetirilýändigi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, welaýatda gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnamak, olary terligine sarp edijilere ýetirmek bilen bir hatarda, sebitiň gowaça we gant şugundyry ekilen meýdanlarynda ideg işleri sazlaşykly ýola goýuldy. Şeýle-de welaýatda medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň depginlerini ýokarlandyrmak ugrunda zerur tagallalar edilýär.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow demirgazyk sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin işler, oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak ugrunda edilýän hemmetaraplaýyn tagallalar barada hasabat berdi. Ýygnalan galla hasylyny talabalaýyk saklamak, gaýtadan işlemek we tohumlyk üçin taýýarlanylan bugdaýy arassalamak, orakdan boşan meýdanlarda alnyp barylýan işler baradaky maglumatlar hasabatyň özenini düzdi. Şol bir wagtyň özünde welaýatda gowaça we şala ideg etmek işleri agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýar. Ösdürilip ýetişdirilen ýeralmany, gök we bakja ekinlerini ýitgisiz ýygnap almak hem-de olary wagtynda sarp edijilere ýetirmek işleri sazlaşykly ýola goýuldy. Şeýle-de hasabatyň çäklerinde welaýatda şu ýyl ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleri barada maglumat berildi.

Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew şu günler gündogar sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, aýratyn-da, ýygnalan galla hasylyny elewatorlara daşamak we ýerleşdirmek işleriniň barşy, orakdan boşan meýdanlarda ýokary öndürijilikli tehnikalaryň güýjünden netijeli peýdalanylýandygy barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, welaýatyň gowaça we şaly ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleri agrotehniki kadalara laýyk derejede alnyp barylýar. Şunda ýetişdirilen ýeralmany we beýleki gök-bakja ekinlerini ýitgisiz ýygnap almak işlerine möhüm ähmiýet berilýär. Welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly binalaryň gurluşyklarynda ýokary hil derejesini üpjün etmek we olary bellenilen möhletlerde tamamlamak ugrunda zerur tagallalar edilýär.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew häzirki döwürde döwlet tarapyndan berilýän yzygiderli goldawlaryň netijesinde sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk alnyp barylýandygy barada hasabat berdi. Ýygnalan galla hasylyny elewatorlara we ammarlara daşamak, ýerleşdirmek hem-de gaýtadan işlemek boýunça zerur tagallalar edilýär. Mundan başga-da, häkim welaýatyň gowaça we gant şugundyry ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýandygyny, ýetişdirilen ýeralmanyň, gök we bakja ekinleriniň köpçülikleýin ýygnalýandygyny aýdyp, welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginini güýçlendirmek ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilýändigi barada hasabat berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowa söz berdi.

Wise-premýer şu günler ýurdumyzyň gowaça meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki talaplara laýyklykda alnyp barylýandygy, şunuň bilen birlikde, orakdan boşan meýdanlarda geljek ýylyň hasyly üçin taýýarlygyň çäklerinde sürüm we tekizleýiş işleriniň geçirilýändigi barada hasabat berdi. Şeýle-de güýzki bugdaý ekişinde ulanyljak tehnikalary we beýleki enjamlary, zerur tohumlyk serişdeleri taýýarlamak işlerine giň gerim berildi. Häzirki döwürde ýurdumyzyň oba hojalyk ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak we suwaryş suwy bilen doly üpjün etmek üçin suw howdanlaryna suw gorlaryny ýygnamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna “Türkmenistanda 2023-nji ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakynda”, “Meýilnamadan artyk öndürilen 2022-nji ýylyň bugdaý hasylyny döwlete tabşyrmak hakynda” Kararlaryň, Suw üpjünçilik meseleleri boýunça hökümet toparynyň 2022-nji ýylda ýerine ýetirmeli işleriniň Meýilnamasyny tassyklamak hakynda Buýrugyň taslamalary hödürlenildi.

Şunuň bilen baglylykda, suw serişdelerini rejeli we netijeli peýdalanmak üçin ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjün edilişini berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy. Hormatly Prezidentimiz hödürlenen resminamalara gol çekdi we sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, olardan gelip çykýan wezipeleri ýokary derejede ýerine ýetirmegi tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz wise-premýer A.Ýazmyradowa hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, däneli ekinleriň hasyllygyny ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli işleriň geçirilmeginiň gallaçylyk pudagynda gazanylýan üstünlikleriň esasydygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz güýzlük bugdaýyň ekişinde agrotehniki möhletleriň berjaý edilmelidigini, onuň ýokary hilli geçirilmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, gallaçylaryň ýokary hilli tohumlar bilen üpjün edilmeginiň, gowaça meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň zerurdygyna üns çekildi.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaralary ýokary derejede guramak boýunça gol çekilen Kararyň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli senenamamyzyň nobatdaky şanly senesine bagyşlanyp guraljak çärelere ykjam taýýarlyk görülmegini hem-de olaryň talabalaýyk geçirilmegini üpjün etmek babatda tabşyryk berildi.

Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, 1-nji awgustdan ähli ýolbaşçylaryň zähmet rugsadyna çykýandygyny, muňa garamazdan, birnäçe möhüm çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilendigini nygtady.

Ýurdumyzyň raýatlarynyň durmuş şertlerini gowulandyrmak we saglygyny berkitmek boýunça kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, 1-nji awgustda biz Awazada dynç alýanlar üçin nobatdaky kottejler toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer N.Amannepesowa ýüzlenip, halkara ralli ýaryşynda we agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda ýeňiji bolan türgenlerimize 3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýurdumyzyň ýolbaşçylarynyň adyndan gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylyş dabarasyny geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa bolsa Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda gurlan «Arkadagyň nesilleri» atly döwrebap çagalar dynç alyş merkeziniň 5-nji awgustda geçiriljek açylyş dabarasyna gatnaşar.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, 8-nji awgustda möhüm Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň ugrunda, Balkan welaýatyndaky Garabogazköl aýlagynyň üstünden täze köpriniň düýbüni tutmak dabarasynyň boljakdygyny belledi. 15-16-njy awgustda bolsa deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesinde halkara maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar.

Görşüňiz ýaly, öňümizde köp sanly çäreler göz öňünde tutulan. Şoňa görä-de, hemmäňiz bu çäreleri ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmeli diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy ýurdumyzyň edermen gallaçylarynyň şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri hem-de Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýetli waka — Türkmenistanyň başlangyjy bilen, 28-nji iýulda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýanyň 76-njy sessiýasynyň 97-nji mejlisinde «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar we döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 

 

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi