Önümçilik maksatly karzlar
Bu görnüşli karzlar Türkmen-Türk PTB içerki
düzgünnamalaryna laýyklykda bankynyň hususy serişdesiniň hasabyna edara
görnüşli taraplara we hususy telekeçilere berilýän, önümçilik maksatly
karzlardyr.
Bu görnüşli karzlar Türkmen-Türk PTB içerki
düzgünnamalaryna laýyklykda bankynyň hususy serişdesiniň hasabyna edara
görnüşli taraplara we hususy telekeçilere berilýän, önümçilik maksatly
karzlardyr. Karzlar önümçilik maksatly maýa goýum taslamalaryna şeýle hem
önümçilik bilen bagly dolanşyk serişdelerini satyn almaga berlip bilner.
Karzyň möhleti: - 10 ýyla çenli
Karzyň göterim derejesi:*
- 8%-10%
Gerekli resminamalar: Edara
görnüşindki taraplar:
- karz hakyndaky ýüztutma ýa-da towakganama;
- karzy ulanmak işiniň meýilnamasy;
- soňky hasabat senesi üçin balans we geçen 3 (üç) ýyl
üçin balans;
- peýdalar we ýitgiler hakynda hasabat;
- karzy ulanmagyň maksady bolan harytlary, ýerine
ýetirilýän işleri we hyzmatlary tassyklaýan şertnamalaryň ýa-da hasaplaşyk
hatlarynyň göçürme nusgalary;
- dörediş resmi namalarynyň, edara görnüşindki tarapyň
hasaba alynmagy hakyndaky şahadatnamanyň hem-de Edaralaryň ýeke-täk döwlet
sanawyndan göçürmäniň göçürme nusgalary;
- gollaryň nusgalary goýlan we möhüriň yzy basylan
petek, oňa kepillendiriji ýa-da ýokarda durýan edara tarapyndan güwä geçilen
bolmaly.
Hususy telekeçi bolan şahsy adamlar:
-karz hakyndaky ýüztutma ýa-da towakganama;
-karzy ulanmak işiniň meýilnamasy;
- hususy telekeçi bolan şahsy adamyň girdejileri üçin
salgyt boýunça beýannama;
- karzy ulanmagyň maksady bolan harytlary, ýerine
ýetirilýän işleri we hyzmatlary tassyklaýan şertnamalaryň ýa-da hasaplaşyk
hatlarynyň göçürme nusgalary;
- hasaba alyş şahadatnamasynyň we patentiň (eger
ulanylýan kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan bolsa), şeýle hem
işiň ygtyýarnama almaga degişli görnüşleri boýunça ygtyýarnamanyň göçürme
nusgalary;
- gollaryň nusgalary goýlan we möhüriň yzy basylan
petek, oňa kepillendiriji tarapyndan güwä geçilen bolmaly.
Karzy bermek hakyndaky çözgüdi kabul etmek üçin bank
beýleki zerur maglumatlaryň berilmegini müşderiden talap edip biler.
* Karzyň göterimi maýa goýum taslamasynyň görnüşi,
maksady, karzyň pul birliginiň we karz alyjynyň maliýe ýagdaýlary göz öňünde
tutulyp Bankyň tassyklanan içerk buýrugy esasynda kesgitlenýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgimiz:
93-83-51, 93-67-99
Oba-hojalyk maksatly karzlar
Bu görnüşli karzlar „Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini
öndürijileri maliýe taýdan goldamak hakynda“ Türkmenistanyň Prezidentiniň
2018-nji ýylyň 12-nji oktýabynda çykaran 942-nji kararyna laýyklykda berilýän
karzlar bolup durýar. Bu karzlaryň esasy maksatlary oba hojalygyna
innowasiýalary, döwrebap tehnologiýalary we öňdebaryjy usullary ornaşdyrmagyň
hasabyna ýerleriň hasyllygyny ýokarlandyrmakdan, şol sanda ýerlerden rejeli
peýdalanmakdan, ulanylmaýan ýerleri özleşdirmekden we ýurdumyzda daşary
ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini hem-de
ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini
artdyrmakda, oba ilatynyň ýaşaýyş şertlerini has-da gowulandyrmakdan, täze iş
orunlaryny döretmek hem-de oba hojalyk önümlerini öndürijileriň girdejilerini
artdyrmakdan ybaratdyr.
Oba hojalyk önümlerini öndürijilere karzlar oba hojalyk tehnikalaryny,
gurallaryny we abzallaryny hem-de oba we suw hojalygynda ulanylýan
ekskowatorlary hem-de buldozerleri, suwy tygşytlaýjy tehnikalary, enjamlary,
suwaryşda ulanylýan geçirijileri satyn almak üçin hem-de maldarçylygy we
guşçulygy ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmek, olary saklamak, gaýtadan
işlemek we hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen bagly maýa goýum taslamalaryny
maliýeleşdirmek, şeýle hem esasy serişdeleri we emläkleri satyn almak üçin
berilýär.
Karzlar oba hojalyk önümlerini öndürijileriň taslama
boýunça 15% göterimden az bolmadyk hususy seridelerini goýmak
şerti bilen karzlaşdyrylýar.
Taraplar: - Oba hojalyk
önümlerini öndürijiler
Karzyň möhleti*: - 10 ýyla çenli
Karzyň göterim derejesi:
- Oba hojalyk tehnikalaryny, abzallaryny we suwy
tygşytlaýjy enjamlary satyn almak maksatly: ýyllyk 1% göterim
- Oba hojalyk önümlerini öndürmek maksatly: ýyllyk 5%
göterim
Gerekli resminamalar:
- karz almak üçin arza;
- fiziki şahslar üçin – şahsyýetini tassyklaýan
resminamanyň we ýer eýeleri üçin salgyt hasabyna goýulandygy
hakynda şahadatnamanyň nusgasy;
- ýuridik şahslar üçin – döwlet tarapyndan bellige
alnandygy we salgyt hasabyna goýulandygy hakynda şahadatnamalaryň nusgalary;
- karzyň hasabyna maliýeleşdiriljek maýa goýum
taslamalaryň iş meýilnamasy;
- karzy ulanmak bilen bagly şertnamalaryň we hasap
sypatnamalaryň göçürme nusgalary;
- ýer bölegine eýeçilik hukugyny ýa-da ýerden
peýdalanmak hukugyny berýän Döwlet namalarynyň, ýerlere kärende hukugy barada
Şertnamanyň göçürme nusgalary;
- daýhan birleşikleri, oba hojalyk paýdarlar
jemgyýetleri we oba hojalyk ylmy-barlag institutlary soňky üç ýyl boýunça
ýyllyk maliýe hasabatlylygyny we işleriň ähli görnüşlerinden alýan girdejileri
barada maglumatlary;
- daýhan hojalyklaryň, kärendeçileriň, mülkdarlaryň,
oba hojalyk önümlerini öndüriji hususy telekeçileriň we döwlete dahylsyz
ýuridik şahslaryň-dahyllylaryň soňky iki ýylyň girdejileri barada tassyklanan
maglumatlary.
- daýhan birleşikleri we oba hojalyk paýdarlar
jemgyýetleri oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny we abzallaryny hem-de oba
we suw hojalygynda ulanylýan ekskowatorlary hem-de buldozerleri, suwy
tygşytlaýjy tehnikalary, enjamlary, suwaryşda ulanylýan geçirijileri üçin
Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginden olaryň ýerli toprak-howa
şertlerine laýyk gelýändigi barada netijenama almalydyr;
- daşary ýurtlardan mallar we guşlar satyn alnan
ýagdaýynda, Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň ýanyndaky döwlet
weterinariýa gullugyndan mallaryň we guşlaryň kesellerinden arassalygy barada
netijenama almalydyr.
Bank karzy bermek hakyndaky çözgüdi kabul etmek üçin
zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda oba hojalyk önümlerini öndürijilerden goşmaça
maglumatlary talap edip biler.
* Maýa goýum taslamasynyň
görnüşine, karz alyjynyň işewürlik meýilnamasyna laýyklykda karza ýeňillikli
döwür (diňe göterim tölenilýän döwür) kesgitlenip bilner. 1% görnüşindäki
karzlara ýeňillikli döwür berilmeýär.
Habarlaşmak üçin telefon
belgimiz: 93-83-51, 93-67-99
Telekeçiligi goldamak boýunça
Bu görnüşli karzlar “Kiçi we orta telekeçiligi döwlet
tarapyndan goldamak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň
20-nji iýulynda çykaran 12446-njy kararyna laýyklykda berilýän karzlar bolup
durýar. Bu karzlaryň esasy maksatlary täze iş ýerlerini döretmek bilen bagly
haryt bazaryny ýerli önümlerden doldurmak, bäsdeşligi ösdürmek, maýa goýum
işjeňligini ýokarlandyrmak hem-de telekeçilik birlikleriniň işiniň
ýurt üçin ileri tutulýan ugurlaryny çekmek bilen baglanyşykly maýa
goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekdir.
Bu görnüşli karzlar maýa goýum taslamasyna
15%-den az bolmadyk hususy serişdelerini goýmak şerti bilen
berilýär.
Taraplar: - Kiçi we orta
telekeçiligiň subýektleri
Möhleti:
- Maýa goýum taslamalary üçin 10 ýyla çenli,
- Dolanyşyk serişdelerini almak üçin 1 ýyla çenli.
Karzyň göterim derejesi: - ýyllyk 5%
göterim
Gerekli resminamalar:
Edara görnüşindki taraplar:
- karz hakyndaky ýüztutma ýa-da towakganama;
- karzy ulanmak işiniň meýilnamasy;
- soňky hasabat senesi üçin balans we geçen 3 (üç) ýyl
üçin balans;
- peýdalar we ýitgiler hakynda hasabat;
- karzy ulanmagyň maksady bolan harytlary, ýerine
ýetirilýän işleri we hyzmatlary tassyklaýan şertnamalaryň ýa-da hasaplaşyk
hatlarynyň göçürme nusgalary;
- dörediş resmi namalarynyň, edara görnüşindki tarapyň
hasaba alynmagy hakyndaky şahadatnamanyň hem-de Edaralaryň ýeke-täk döwlet
sanawyndan göçürmäniň göçürme nusgalary;
- gollaryň nusgalary goýlan we möhüriň yzy basylan
petek, oňa kepillendiriji ýa-da ýokarda durýan edara tarapyndan güwä geçilen
bolmaly.
Hususy telekeçi bolan şahsy adamlar:
-karz hakyndaky ýüztutma ýa-da towakganama;
-karzy ulanmak işiniň meýilnamasy;
- hususy telekeçi bolan şahsy adamyň girdejileri üçin
salgyt boýunça beýannama;
- karzy ulanmagyň maksady bolan harytlary, ýerine
ýetirilýän işleri we hyzmatlary tassyklaýan şertnamalaryň ýa-da hasaplaşyk
hatlarynyň göçürme nusgalary;
- hasaba alyş şahadatnamasynyň we patentiň (eger
ulanylýan kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan bolsa), şeýle hem
işiň ygtyýarnama almaga degişli görnüşleri boýunça ygtyýarnamanyň göçürme
nusgalary;
- gollaryň nusgalary goýlan we möhüriň yzy basylan
petek, oňa kepillendiriji tarapyndan güwä geçilen bolmaly.
Karzy bermek hakyndaky çözgüdi kabul etmek üçin bank
beýleki zerur maglumatlaryň berilmegini müşderiden talap edip biler.
Habarlaşmak üçin telefon belgimiz: 93-83-51,
93-67-99