Bank hyzmatlary: nagt däl hasaplaşyklar we olaryň amatlyklary
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly
ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyryp ösdürmäge
halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmaga, Türkmenistan
döwletimizi dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna goşmaga gönükdirilen möhüm
özgertmeler durmuşa geçirilýär. Durmuşa geçirilýän ykdysady özgertmelerde
ýurdumyzyň bank ulgamy aýratyn ähmiýete eýedir.
Hormatly
Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryny
sanlylaşdyrmak, hyzmatlary döwrebap talaplara laýyklykda ýola goýmak möhüm
wezipeleriň biri hasaplanýar. Şoňa görä-de döwletimizde bank ulgamynyň
kanunçylyk-hukuk binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Raýatlarymyza täze
bank hyzmatlary elýeterli edilip, ylmyň soňky gazanan innowasion
tehnologiýalaryny peýdalanmak arkaly hyzmatlaryň täze görnüşleri döredildi.
Netijede karz bazarynyň gerimi giňeldildi. Bu bolsa nagt däl hasaplaşyklaryň
möçberiniň yzygiderli artdyrylmagyna giň mümkinçilikleri döredýär.
Banklar şahsy we edara görnüşli taraplara, şol sanda hususy telekeçilere
dürli görnüşli bank hyzmatlaryny hödürleýärler. Olara mysal hökmünde ilata
hasaplaşyk, goýum hasaplarynyň açylmagyny, hasaplar boýunça pul geçirimleriniň
amala aşyrylmagyny, pul serişdeleriniň saklanylmagyny, pul serişdeleri boýunça
müşderilere we ynanylan wekiline degişli tassyknamalaryň berilmegini, töleg
tabşyryklary, çekler, inkasso, akkreditiw, bank kartlary arkaly geçirilýän nagt
däl hasaplaşyklary, müşderilere töleg terminallaryň gurnalmagyny, milli we
daşary ýurt pulunda serişdeleriň talap edilýänçä we möhletli goýumlara kabul
edilmegini, halkara töleg ulgamlarynyň üsti bilen daşary ýurtlara nagt däl
görnüşinde tölegleriň geçirilmegini we kabul edilmegini, “Altyn asyr” bank
karty arkaly ýerine ýetirilýän amallary, hyzmatlaryň beýleki görnüşlerini
görkezmek bolar. Ilata ýokary hilli bank hyzmatlaryny hödürlemek hem-de bank
işjeňligini gazanmak maksady bilen, bank hünärmenleriniň hünär derejelerini
ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. Bank ugry boýunça
hünärmenler tarapyndan yzygiderli dünýä tejribeleri öwrenilip, durmuşa
ornaşdyrylyp gelinýär. Bu bolsa müşderilere hödürlenilýän hyzmatlaryň hil
taýdan kämilleşmeginde özüniň beýanyny tapýar.
Bankda alnyp barylýan işleriň
üstünlikli amala aşyrylmagy, ýagny bank kartlary bilen nagt däl hasaplaşyklary
ösdürip, pul serişdeleriniň dolanşygyny çaltlandyryp, töleg ulgamynyň
netijeliligini artdyrmak işleriniň durmuşa geçirilmegi, ýurdumyzyň maliýe
taýdan durnuklylygyny pugtalandyrmaklyga, milli puluň hümmetini berkitmeklige,
müşderileriň pul serişdelerini berk gorap saklamaklyga, pul serişdeleriň kadaly
dolanşygyny üpjün etmeklige, şeýle hem halkymyzyň durmuş-ýaşaýyş derejesini
ýokarlandyrmaklyga oňyn täsirini ýetirýär.
Milli bank
ulgamyndaky durmuşa geçirilýän iri möçberli çäreleriň çäklerinde töleg
ulgamynda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek boýunça yzygiderli işler
alnyp barylýar. Häzirki wagtda nagt däl hasaplaşyk ulgamynda innowasion tehnologiýalary
ornaşdyrmak, töleg terminallaryň sanyny artdyrmak esasynda milli
ykdysadyýetimizde pul serişdeleriniň dolanşygyny çaltlandyrmak ugrunda netijeli
işler durmuşa geçirilýär, nagt däl hasaplaşyklar giňden ýaýbaňlandyrylýar.
Ýurdumyzda bank kartlaryny ulanyjylaryň
sanynyň artmagy, bank kartlary arkaly nagt däl hasaplaşyklaryň ösdürilmegi,
nagt däl hasaplaşyklar ulgamynda oňyn özgertmeleriň amala aşyrylýandygyna
şaýatlyk edýär. Söwda we hyzmat ediş nokatlarynda satyn alnan harytlar, ýerine ýetirilen
hyzmatlar üçin bank kartlary arkaly töleg terminallarynyň üsti bilen
hasaplaşyklaryň geçirilmegi üçin mümkinçilikler döredildi. Nagt däl
hasaplaşyklaryň häzirki zaman modelleriniň biri hem “Internet-bank” we “Mobil-bank” hyzmaty bolup durýar. Bu hyzmatlardan
işjeň peýdalanylmagy öz gezeginde bankyň müşderileriniň pul serişdelerini, şeýle
hem gymmatly wagtlaryny tygşytlamaga ýardam berýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly
Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeler
Türkmenistanyň ähli karz edaralarynyň hödürleýän hyzmatlaryny has-da ýokary
derejelere çykarmaga, hasaplaşyklaryň döwrebap we ygtybarly usullaryny
ornaşdyrmaga, bank ulgamynyň maliýe durnuklylygyny ýokarlandyrmaga amatly
mümkinçilikleri döredýär.
Bize şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman hem Arkadag
Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun! Watanymyzyň
gülläp ösmegi, özgermegi, abraýynyň
mundan beýläk hem arşa göterilmegi ugrunda alyp barýan tutumly işleri
hemişe rowaç bolsun!
Myrat Annagurbanow,
Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik bankynyň
Bank kartlary bölüminiň müdiriniň
wezipesini ýerine ýetirijisi