Türkmenistanyň
Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.11.2022
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly
Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň
taýýarlanan taslamalaryna garaldy, şeýle-de käbir möhüm meseleler ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berildi. Ol
täze taryhy eýýamyň özgertmelerini hukuk taýdan kämilleşdirmek boýunça alnyp
barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda täze
Kanunlar metbugatda çap edilýär we deputatlar tarapyndan olaryň many-mazmunyny
ilata düşündirmek boýunça degişli işler geçirilýär. Kanun çykaryjylyk işiniň
meýilnamasyna laýyklykda, Mejlisde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan
ösdürilmegine, aýry-aýry ulgamlaryň kanunçylyk esaslarynyň kämilleşdirilmegine
gönükdirilen işler alnyp barylýar. Hususan-da, işiň aýry-aýry görnüşlerini
ygtyýarlylandyrmak bilen bagly Kanun taslamalaryny taýýarlamak işleri alnyp
barylýar.
23-nji noýabrda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk
Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Onda “Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet
býujeti hakynda” Kanunyň taslamasy giňden ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman
Arkadagymyz Döwlet býujetiniň ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetini bellemek
bilen, bu barada gymmatly maslahatlaryny we tekliplerini beýan etdi, býujetiň
taslamasy boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmekde esasy üns berilmeli
ugurlary salgy berdi. Şunuň bilen baglylykda, degişli işler geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň
pudaklarynyň ösdürilmegini kanunçylyk taýdan goldamak boýunça Mejlisiň öňünde
goýlan wezipeleri çözmegiň, olaryň işine ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny
ornaşdyrmagyň zerurdygyny belledi. Halkymyzyň abadançylygyny has-da
ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň we meýilnamalarynyň täze
konsepsiýalaryny işläp taýýarlamak hem-de durmuşa geçirmek ileri tutulýan
ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi.
Döwlet Baştutanymyz ilatyň, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda wagyz-düşündiriş
işlerini işjeňleşdirmegiň ähmiýetini hem nygtady.
Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew
meýilnamalaýyn kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly,
şu ýylyň 19-njy noýabrynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň birinji
çagyrylyşynyň sekizinji mejlisi geçirildi. Onda 9-njy noýabrda Milli Geňeşiň
Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň ýigriminji maslahatynda kabul edilen Kanunlar
ara alnyp maslahatlaşyldy we makullanyldy.
23-nji noýabrda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Onda
“Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanunyň taslamasy ara
alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyzyň döwletimiziň durmuş-ykdysady
ösüşiniň esasy ugurlaryny, maýa goýum maksatnamalaryny öz içine alýan Döwlet
býujeti boýunça anyk hasaplamalary geçirmek baradaky sargytlaryny we
maslahatlaryny göz öňünde tutup, Hökümet edaralary bilen bilelikde seljerme
işleriniň geçirilmegi boýunça degişli teklipler berildi.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy 19-njy noýabrda Ahal welaýatyna iş
saparyny amala aşyryp, täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň alnyp
barlyşy, hususan-da, çagalaryň döwrebap bilim, terbiýe almagy, sport bilen
meşgullanmagy üçin niýetlenen binalaryň gurluşyk işleri bilen tanyşdy. Şeýle-de
Gahryman Arkadagymyzyň Balkan welaýatynda iş saparynda bolup, şol ýerde “Awaza”
milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmek, sebitiň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini
peýdalanmak, ekologik abadançylygy üpjün etmek we syýahatçylygy ösdürmek bilen
bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, iş maslahatyny
geçirendigi habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet durmuş-ykdysady
maksatnamalaryny we taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen,
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň kanun çykaryjylyk işini mundan beýläk-de
ösdürmegiň wajypdygyny nygtady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow gözegçilik
edýän ulgamyndaky işleriň ýagdaýy, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň we beýleki döwlet kärhanalarynyň haryt alyş-çalyş geleşiklerini
amala aşyrmagyň hukuk esaslaryny kesgitleýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny
kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, umumy kabul edilen halkara
kadalaryň düzgünlerini hem-de dünýäniň bu ulgamdaky öňdebaryjy tejribesini
nazara almak bilen, ykdysady gatnaşyklary kadalaşdyrýan hukuk namalaryny
kämilleşdirmegiň ähmiýetini belläp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow
“Türkmengaz” döwlet konserniniň gaz generatorlaryny düýpli abatlamak barada
şertnama baglaşmagy hakynda” Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, “Döwletabat-3” hem-de “Döwletabat-2A” gazy gysyjy
desgalarynda ornaşdyrylan gaz generatorlaryny zawod şertlerinde düýpli
abatlamak işlerini geçirmek barada şertnama baglaşmak göz öňünde tutulýar.
Munuň özi “Döwletabat” gaz käninden çykarylýan tebigy gazy içerki sarp
edijilere hem-de daşarky bazarlara bökdençsiz we ygtybarly ibermäge ýardam
eder. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli
resminamanyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň
ykdysadyýetiniň geljegi uly pudaklarynyň biri bolan nebithimiýa senagatyny
mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň
wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, ony
wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi we birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra wise-premýer “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti
gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda çalgy ýaglaryny öndürmek boýunça alnyp
barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, çalgy ýaglaryny
öndürmekde zerur bolan serişdeleri satyn almak maksady bilen, halkara bäsleşik
geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, uglewodorod çig malyny düýpli,
galyndysyz işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýän döwrebap tehnologiýalary,
bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli, ekologik taýdan arassa gazhimiýa önümlerini
öndürmegiň we olaryň görnüşlerini giňeltmegiň innowasion usullaryny işjeň
ulanmagyň wajypdygyny belläp, wise-premýere Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan
işleýän zawodlar toplumynyň kärhanalaryny tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak
boýunça işi dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň
welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, obasenagat
toplumyny ösdürmek, oba zähmetkeşleriniň öndürijilikli zähmeti üçin giň
mümkinçilikleri döretmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek, şol sanda mineral
dökünler bilen iýmitlendirmek, suw tutmak işleri geçirilýär. Şunuň bilen
birlikde ýetişdirilen pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak işi
dowam edýär. Şeýle-de welaýatlarda geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek
ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, sürüm işleri alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, obasenagat toplumyna hojalygy
ýöretmegiň öňdebaryjy usullaryny we döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň
möhümdigini nygtady. Munuň özi hasyllylygy ep-esli ýokarlandyrmaga mümkinçilik
berer we pudagyň ägirt uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga ýardam eder.
Döwlet Baştutanymyz sebitlerdäki möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna berk
gözegçiligi üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere birnäçe anyk
tabşyryklary berdi.
Soňra Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň müdiriýetiniň 28-nji noýabrda
Täjigistan Respublikasynyň Duşanbe şäherinde geçiriljek nobatdaky mejlisine
gatnaşmaga görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp,
Türkmenistanyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň çäklerinde Aralýaka
sebitde durmuş-ykdysady we ekologik ýagdaýy gowulandyrmak, suwdan rejeli
peýdalanmak, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak
ýaly möhüm meseleleri çözmek boýunça netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga
hemmetaraplaýyn ýardam berýändigini nygtady. Munuň özi diňe bir sebit
derejesinde däl, eýsem, dünýä möçberinde hem uly ähmiýete eýedir.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary ýerleri dolandyrmagyň
hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kadalaşdyrýan kanunçylyk namalaryny
kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýer gatnaşyklaryny
kadalaşdyrýan Kanunlary döwrüň talaplaryna laýyk getirmegiň wajypdygyny belledi
hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow hormatly
Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, elektrik energiýasynyň
öndürilýän möçberini artdyrmak we eksport ugurlaryny giňeltmek boýunça alnyp
barylýan işler barada hasabat berdi. Häzirki wagtda türkmen elektrik
energiýasynyň goňşy döwletleriň birnäçesine iberilýän möçberi ýylsaýyn artýar.
“Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy hereket edýän
şertnamalara goşmaça ylalaşyklaryň birnäçesini baglaşmagy meýilleşdirýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pudagyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, içerki sarp edijileri elektrik
energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek, elektrik energiýasynyň öndürilýän
möçberini yzygiderli artdyrmak we onuň goňşy ýurtlara eksport ugurlaryny
giňeltmek boýunça geçirilýän giň gerimli işleriň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet
Baştutanymyz degişli çäreleriň ýurdumyzyň energetika pudagyny ösdürmäge we onuň
kuwwatyny artdyrmaga, eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam etjekdigini
belläp, bu ugurda amala aşyrylýan işleri güýçlendirmegi tabşyrdy.
Soňra wise-premýer ýurdumyzda “ýaşyl” energetikany ösdürmek, hususan-da,
ykdysady taýdan amatly, ekologik taýdan arassa energiýanyň gaýtadan dikeldilýän
çeşmelerini giňden ulanmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiziň garamagyna Balkan welaýatynyň Serdar etrabyndaky
köpugurly elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň amala aşyrylmagyna gözegçilik
etmek hyzmatyny ýerine ýetirmek boýunça şertnamany baglaşmak hakynda çözgüdiň
taslamasy hödürlenildi.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “ýaşyl”
energiýanyň ekologik abadançylygy hem-de ýurdumyzyň elektrik energetikasy
pudagynyň düzümini kämilleşdirmek üçin ägirt uly ähmiýete eýedigini nazara
almak bilen, onuň mümkinçiliklerinden peýdalanmak boýunça taslamalaryň örän
derwaýysdygyny aýratyn nygtady. Hormatly Prezidentimiz degişli çözgüdi
makullap, wise-premýere täze energetika desgasynyň gurluşygynyň barşyna berk
gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Halkara Bitaraplyk
güni we Täze ýyl baýramy mynasybetli ýurdumyzda baýramçylyk söwdalaryny
guramak, haryt bolçulygyny üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat
berdi. Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan söwda
nokatlaryny ýurdumyzda, şeýle-de daşary ýurtlarda öndürilýän azykdyr beýleki
önümler bilen doly üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, söwda
toplumynyň ileri tutulýan wezipelerine ünsi çekdi hem-de wise-premýere
ýurdumyzyň bazarlarynda azyk harytlarynyň bolçulygyny, olaryň bahalarynyň
elýeterliligini üpjün etmek meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy
tabşyrdy.
Soňra wise-premýer Ahal welaýatynda täze desgalaryň açylyş dabarasyna
görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Ak bugdaý etrabynyň
Änew şäherinde hassahananyň durkuny täzelemek hem-de Bäherden etrabynda
kuwwatlylygy bir gije-gündizde 30 müň kub metr lagym suwuny arassalaýjy
desgalaryň gurluşyk-gurnama işleri tamamlanyp, ulanyşa girizmek üçin taýýar
edildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, sebitlerde önümçilik we durmuş
maksatly desgalaryň öz wagtynda ulanmaga berilmegini üpjün etmegiň esasy talap
bolup durýandygyny aýdyp, öňdebaryjy tejribäni ulanmak hem-de sanly ulgamy
ornaşdyrmak arkaly gurluşygyň hili bilen bagly meseleleri hemişe üns merkezinde
saklamagyň möhümdigini aýdyp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk
tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow Ylymlar
akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň, Himiýa institutynyň hem-de
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Umumy
we amaly biologiýa institutynyň meseleleri barada hasabat berdi. Türkmenistanyň
Ylymlar akademiýasynyň amaly ylmy-barlag edaralarynyň işini kämilleşdirmek
bilen baglylykda, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar
uniwersitetiniň Umumy we amaly biologiýa institutyny doly hojalyk hasaplaşygyna
geçirmek maksadalaýyk hasaplanylýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda
ylym ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, düýpli we amaly ähmiýetli ylmy
barlaglaryň, kärhanalaryň, edaralaryň düşewüntliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen
innowasion tehnologiýalaryň netijeliligi üçin şertleriň döredilmeginiň
möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz ylmy-barlag institutlarynyň doly
hojalyk hasaplaşygyna geçirilmeginiň öz-özüňi dolandyryş ulgamyny ep-esli
gowulandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ylmyň gazananlaryny milli ykdysadyýetiň
dürli pudaklaryna has işjeň ornaşdyrmaga hem ýardam etjekdigini belledi we bu
babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri
R.Meredow hormatly Prezidentimiziň 21-22-nji noýabrda Birleşen Arap
Emirliklerine amala aşyran resmi saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.
Saparyň birinji gününde geçirilen ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikleriň
barşynda döwletara hyzmatdaşlygyň tutuş toplumyny öz içine alýan möhüm
meseleleriň birnäçesine garaldy. Taraplar abraýly halkara guramalaryň
çäklerinde netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek barada ylalaşdylar
hem-de Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeleri yzygiderli geçirmegiň
möhümdigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we BAE-niň
daşary syýasat edaralarynyň arasynda 2023-2024-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň
Maksatnamasyna gol çekildi.
Gepleşiklerde söwda-ykdysady we maliýe-bank ulgamlarynda hyzmatdaşlygy
işjeňleşdirmegiň möhümdigi nygtaldy, ýangyç-energetika toplumynda, nebiti
gaýtadan işleýän, gazhimiýa senagatynda, ulag-logistika ulgamynda we beýleki
pudaklarda netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Saparyň birinji gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi
Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktum bilen duşuşygy geçirildi. Onda netijeli
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, şol sanda Dubaýda geçirilen “EKSPO —
2020” Bütindünýä sergisinde toplanan oňyn tejribäni nazara almak bilen,
gatnaşyklary pugtalandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de
şol gün hormatly Prezidentimiz BAE-niň Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň
iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy.
Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň barşynda degişli
şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmagyň wajypdygy bellenildi. Şunuň bilen
birlikde ýakyn wagtda Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy
tehnologiýalar boýunça ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana
saparynyň meýilleşdirilýändigi habar berildi.
Ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň we BAE-niň Söwda-senagat edaralary
federasiýasynyň arasynda 2023-2024-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk boýunça iş
meýilnamasyny taýýarlamak hem-de bilelikdäki işewürler geňeşini döretmek we
onuň birinji mejlisini geljek ýylda geçirmek teklip edilýär. Mundan başga-da
syýahatçylyk ulgamynda gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçiliginden ugur alyp,
ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Senagatçylar we telekeçiler
birleşmesiniň wekilleriniň BAE-niň ugurdaş düzümleriniň wekilleri bilen
geňeşmelerini, maslahatlaşmalaryny guramak teklip edilýär.
Saparyň ikinji gününde döwlet Baştutanymyz iki ýurduň işewür toparlarynyň
wekillerini birleşdiren “Türkmenistan — BAE” işewürlik maslahatynyň açylyş
dabarasyna gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Arap Emirliklerine
saparynyň netijeleri boýunça Hökümetara we pudagara derejelerde resminamalaryň
13-sine, şeýle-de telekeçilik düzümleriniň ugry boýunça resminamalaryň 8-sine
gol çekildi. Gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen,
2023-nji ýylyň birinji ýarymynda Abu-Dabide Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda
Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň nobatdaky mejlisini geçirmek,
şeýle-de türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmäge
gönükdirilen “Ýol kartasyny” taýýarlamak teklip edilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Birleşen Arap
Emirlikleri bilen gatnaşyklaryň dostlukly we netijeli häsiýete eýedigini
kanagatlanma bilen belledi. Şu hepdede Abu-Dabide ýokary derejede geçirilen
gepleşikler munuň aýdyň subutnamasydyr. Söwda-ykdysady ulgamda, şol sanda nebitgaz
toplumy, ulag-logistika ýaly strategik ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary
ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bar. Şunda ýurtaryň ikisinde-de kuwwatly port
düzüminiň bolmagy möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen birlikde
medeni-ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary işjeňleşdirmek möhüm bolup durýar.
Syýahatçylyk ulgamynda gatnaşyklary ýola goýmak üçin oňat mümkinçilikler bar.
Munuň özi türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga hem-de ony täze
many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam eder.
Döwlet Baştutanymyz şular barada aýdyp, saparyň netijeleri boýunça
gazanylan ylalaşyklaryň hem-de gol çekilen köp sanly resminamalaryň ähmiýetini
nygtady. Şolar döwletara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga, ähli
ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge we
diwersifikasiýalaşdyrmaga ýardam bermelidir. Hormatly Prezidentimiz bar bolan
köpugurly kuwwatyň türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygyny uzak möhletleýin esasda
mundan beýläk-de okgunly ösdürmek üçin amatly mümkinçilikleri
şertlendirýändigini belläp, wise-premýere, daşary işler ministrine we beýleki
degişli ýolbaşçylara bu ugurdaky işleri yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş
direktory M.Çakyýew “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti
ösdürmegiň Konsepsiýasyna” hem-de “Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda
sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasyna” laýyklykda geçirilýän
işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi
bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň
arasynda gol çekilen “Elektron hökümet” ulgamy boýunça hyzmatdaşlyk etmek
barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama esasynda “Türkmenistanda pudagara
elektron maglumat alşygy ulgamynyň ornaşdyrylmagyna ýardam bermek” atly
resminamanyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwlet dolandyryş
edaralarynyň işiniň döwrebaplaşdyrylmagynyň, elektron hökümet ulgamynyň
ornaşdyrylmagynyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny,
şol sanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny üstünlikli durmuşa
geçirmäge ýardam etjekdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol
çekip, ony agentligiň ýolbaşçysyna sanly ulgam arkaly iberdi we bu ugurda göz
öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy
tabşyrdy.
Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň aragatnaşyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn
binýadyny pugtalandyrmak, ilata hödürlenilýän aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini
gowulandyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan
işler barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, pudaklaýyn düzümi toplumlaýyn
döwrebaplaşdyrmagyň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, öňdebaryjy
enjamlary, tehnologiýalary ulanmagyň netijesinde ýurdumyzda köpşahaly
aragatnaşyk ulgamynyň üstünlikli işleýändigini belledi hem-de agentligiň
ýolbaşçysyna aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak
we kuwwatyny artdyrmak babatda anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe
meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen
Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk,
maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistanyň
Döwlet habarlar agentligi