Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
29.11.2024
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly
Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň
birnäçe meselelerine garaldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa döwrüň talaplaryna we halkara
hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň kanunçylyk
binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Şeýle hem Mejlisiň şu ýylyň 30-njy noýabrynda geçiriljek nobatdaky maslahatyna
taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy. Onda “Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet
býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň we “Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin
Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň
kararynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşylar. Şunuň bilen birlikde,
maslahatyň gün tertibine administratiw hukuk bozulmalary, zähmet gatnaşyklary,
Adalatçynyň hukuk ýagdaýy, döwlet gullugy, salgytlar, daşary ykdysady
gatnaşyklarda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek, ýurdumyzyň halkara
şertnamalary, daşary syýasy ugry boýunça gol çekilen ylalaşyklary tassyklamak,
degişli konwensiýa goşulmak bilen bagly kanun taslamalary giriziler.
Daşary ýurtlaryň parlamentleri hem-de halkara guramalar bilen netijeli
gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen görülýän çäreler barada-da aýdyldy. Şunuň
bilen baglylykda, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Başlygy hem-de ABŞ-nyň
Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasynyň
ýolbaşçylygyndaky wekiliýetler bilen duşuşyklaryň geçirilendigi, deputatlaryň
ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça agentliginiň, BMG-niň Çagalar gaznasynyň
ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde geçiren okuw maslahatlaryna
gatnaşandyklary hakynda habar berildi. Deputatlar döwlet syýasatyny we
maksatnamalaýyn özgertmeleriň ähmiýetini giňden wagyz etmek, kabul edilen
kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek boýunça geçirilýän
çärelere işjeň gatnaşýarlar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň hukuk binýadyny
berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň, milli kanunçylyk
ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirmegiň zerurdygyny
belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ýurdumyzyň
banklarynyň ýyllyk maliýe hasabatlaryna audit işlerini geçirmek boýunça
görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bu işleriň “Karz edaralary we bank işi
hakynda” we “Auditorçylyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna, Türkmenistanyň
Prezidentiniň “Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşy we auditi
özgertmegiň maksatnamasy hakynda” Kararyna laýyklykda alnyp barylýandygy
aýdyldy. Munuň özi banklarda maliýe hasabatlarynyň takyklygyny seljermäge, bank
işiniň ugurlaryna we maliýe töwekgelçiliklerine baha bermäge mümkinçilik berer.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip
hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bank ulgamynyň işini
kämilleşdirmegi we onuň hyzmatlaryny giňeltmegi mundan beýläk-de dowam
etdirmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň banklary
tarapyndan köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde audit barlaglary boýunça
halkara bäsleşikleri yglan etmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere bu
ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit”
döwlet konserniniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynyň kuwwatyndan netijeli
peýdalanmak, nebiti gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen täze önümçilikleri
döretmek, olary döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat
berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän
zawodynyň suw üpjünçilik ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan
işler barada aýdyp, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi
hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Türkmennebit» döwlet
konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň önümçilik
kuwwatyny netijeli peýdalanmak üçin degişli işleri alyp barmagyň, munuň üçin
pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmegiň zerurdygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän
zawodynyň suw üpjünçilik ulgamyny döwrebaplaşdyrmak baradaky teklibi goldap,
wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk
pudagynda hem-de welaýatlarda möwsümleýin işleriň geçirilişi barada hasabat
berdi.
Bellenilişi ýaly, oba hojalyk ekinlerine ideg etmek, ýetişdirilen hasyly
ýygnap almak, geljek ýyl üçin hasylyň düýbüni tutmak boýunça möwsümleýin işler
dowam edýär. Hususan-da, bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem gowaça
meýdanlarynda galan pagta hasylyny ýygnap almak, hasyly kabul ediş
harmanhanalarynda kabul etmek we pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan
işlemek babatda degişli işler geçirilýär. Ýerleri ýazky ekiş möwsümine
taýýarlamak üçin gowaça ekiljek meýdanlarda ýerleri mineral dökünler bilen gurplandyrmak
we sürüm işlerini geçirmek, oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamak boýunça işler
dowam edýär. Ösdürilip ýetişdirilen şaly hasylyny ýygnamak işi tamamlaýjy
tapgyrda alnyp barylýar. Mary welaýatynda bolsa gant şugundyryny ýygnap almak
boýunça zerur çäreler ýerine ýetirilýär.
Ýurdumyzda daşky gurşawy gorap saklamak, ekologik abadançylygy üpjün
etmek, Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de eziz
Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek maksady bilen, güýzki bag ekmek möwsümi
dowam edýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn
ösdürmegi we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy dowam etdirmegiň,
bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehniki kadalara laýyklykda ideg işlerini alyp
barmagyň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz gowaça meýdanlarynda galan
hasyly soňky hanasyna çenli ýygnap almagyň, ýygnalan hasyly pagta arassalaýjy
kärhanalarda gaýtadan işlemek boýunça degişli işleri geçirmegiň, maldarçylyk
hojalyklarynda mallary dok we ýyly gyşlatmak üçin alnyp barylýan işleri berk
gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny belläp, wise-premýere birnäçe anyk
tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Halkara
Bitaraplyk gününe taýýarlyk görmegiň çäklerinde Aşgabat şäherinde alnyp
barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Aşgabady bagy-bossanlyga
öwürmek, paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç
almaklary üçin amatly şertleri döretmek, baýramçylyk dabaralaryny ýokary
derejede geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda,
medeni-durmuş maksatly binalaryň daş-töwereginde, seýilgählerde, suw
çüwdürimlerinde abatlaýyş we abadanlaşdyryş, dürli görnüşli bezeg baglaryny,
gülleri ekmek işleri yzygiderli alnyp barylýar. Köçeleriň, ýaşaýyş
toplumlarynyň arassaçylygyna berk gözegçilik edilýär, şäheriň baýramçylyk
bezegine aýratyn möhüm ähmiýet berilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 29
ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çärelerini ýokary derejede geçirmäge gowy
taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz wise-premýere paýtagtymyzyň ähli künjeklerinde abadanlaşdyryş we
bezeg işleriniň talabalaýyk geçirilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew söwda toplumy
tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy mynasybetli görülýän
taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat we Arkadag
şäherlerinde ýerleşýän bazarlarda, söwda merkezlerinde şu ýylyň 5-nji
dekabryndan başlap baýramçylyk söwdalaryny geçirmek, ýurdumyz boýunça jemi
850-den gowrak göçme söwda nokadyny guramak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Halkara Bitaraplyk güni hem-de
Täze ýyl baýramy bilen baglylykda, bazarlarda ilatyň dürli önümlere bolan
isleglerini doly kanagatlandyrmak üçin degişli çäreleri görmegiň, göçme söwda
nokatlaryny gurnamagyň, bazarlary we dükanlary azyk, şol sanda gök-bakja, miwe
önümleri bilen ýeterlik üpjün etmegiň möhümdigini nygtap, wise-premýere birnäçe
tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Beýik Ýüpek
ýolunyň Hazarýaka şahalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek
boýunça halkara bilermenleriň sebitleýin duşuşygyny geçirmäge görülýän
taýýarlyk barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, bu çäräni Daşary işler ministrligi we ÝUNESKO-nyň işleri
barada Türkmenistanyň milli topary bilen bilelikde 6-7-nji dekabrda geçirmek
meýilleşdirilýär. Duşuşyga gatnaşmak üçin ýurdumyza abraýly halkara we sebit
düzümleriniň, daşary ýurtlaryň birnäçesiniň ylmy-barlag merkezleriniň wekilleri
gelerler. Öňde boljak duşuşygyň gün tertibine taryhy-medeni ýadygärlikleri
öwrenmek we dolandyrmak işine häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak,
atlas kartalaryny taýýarlamak işini ýola goýmak, Beýik Ýüpek ýolunyň Hazar - Wolga
geçelgesiniň ugrundaky taryhy-medeni mirasyň obýektleri boýunça suratlary we
çyzgylary toplamak bilen baglanyşykly meseleler giriziler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp,
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri
bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda
alnyp barylýan işleri has-da ösdürmek maksady bilen taýýarlanan teklibi goldap,
wise-premýere degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Soňra wise-premýer hasabatyny dowam edip, Halkara Bitaraplyk güni
mynasybetli medeni çäreleri geçirmegiň guramaçylyk meseleleri barada aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli senenamamyzyň şanly senesi —
ýurdumyzda hem-de halkara derejede giňden bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni
mynasybetli geçiriljek dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi
tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa Myrat
Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
“Lukmançylyk ylmy we innowasiýalar” atly ylmy elektron žurnalyny döretmek
boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, teklip edilýän žurnaly türkmen, iňlis we rus
dillerinde ýylda iki gezek elektron görnüşde internet ulgamy arkaly okyjylar
köpçüligine ýetirmek meýilleşdirilýär. Žurnalyň sahypalarynda ýurdumyzyň, şeýle
hem daşary ýurtly professor-mugallymlaryň, lukmanlaryň, alymlaryň bejeriş-öňüni
alyş, bejeriş-sagaldyş işleriniň nazary-amaly meselelerine bagyşlanan
makalalaryny ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar. Onda Gahryman Arkadagymyzyň we
hormatly Prezidentimiziň lukmançylyk diplomatiýasy boýunça kesgitlän
wezipelerine, ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmekde ýetilen
sepgitlere, bu ugurda halkara bileleşik tarapyndan ykrar edilen üstünliklere,
dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk ylmyndaky täzeliklere aýratyn orun berler.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip
hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda saglygy goraýyş
işgärlerini taýýarlamaga we olaryň hünär derejelerini kämilleşdirmäge aýratyn
üns berilýändigini, bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da ösdürmekde sanly
ulgamyň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin ähli şertleriň
döredilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz «Lukmançylyk ylmy we
innowasiýalar» atly ylmy elektron žurnaly döretmek baradaky teklibi goldap,
wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri
R.Meredow şu ýylyň martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen döredilen
«Türkmenistan - Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň
nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, duşuşygyň çäklerinde esasy üç ugurda ikitaraplaýyn
gatnaşyklaryň geljegine garamak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda,
ilkinji nobatda, ýurdumyzyň BMG bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça işlenip
taýýarlanylan maksatnamalary we degişli resminamalary ara alyp maslahatlaşmak
teklip edilýär. Şolaryň hatarynda “Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly
ösüş ugrunda 2026 - 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň”; BMG-niň
agentlikleriniň «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly bilelikdäki
maksatnamasynyň; “Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça
2025 - 2029-njy
ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň”; Howanyň üýtgemegi, metan
zyňyndylaryny azaltmak, “ýaşyl” energetika we sanlylaşdyrma ugurlary boýunça
BMG-niň Türkmenistandaky düzüm birlikleriniň bilelikdäki maksatnamalarynyň
taslamalary bar.
2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede durmuşa
geçirmekde ulgamlaýyn çemeleşmeleri we oňyn tejribeleri ornaşdyrmak maksadyndan
ugur alyp, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy
bilen ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň bilelikde
taýýarlan «2025 - 2027-nji ýyllarda Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlary boýunça
hasabatlylygy berkitmek baradaky “Ýol kartasyny» maslahatlaşmak göz öňünde
tutulýar. Mejlisiň çäklerinde BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen
bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezine, Durnukly ösüş maksatlaryny amala
aşyrmak bilen bagly döwletimiziň üstünliklerine, şol sanda zerur bolan
maglumatlary alyşmaga degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak
meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Ilat
gaznasy, Çagalar gaznasy tarapyndan taýýarlanylýan hasabatlary ýurdumyzda
durnukly ösüşde ýetilen sepgitler baradaky maglumatlar bilen üpjün etmegiň
mümkinçilikleri babatda pikir alyşmak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Birleşen
Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen maksatnamalaýyn esasda
hyzmatdaşlyk edýändigini belledi. «Türkmenistan - Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş
geňeşiniň işine uly ähmiýet berilýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we
wise-premýer, daşary işler ministrine geňeşiň nobatdaky mejlisine gowy
taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň
Baş direktory M.Çakyýew hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala
aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň çäklerinde milli awiasiýa pudagynda
awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat
berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň halkara şertnamalaryna, Türkmenistanyň Howa
kodeksine we Halkara raýat awiasiýasy guramasy tarapyndan kabul edilen halkara
standartlara laýyklykda, “Türkmenistanyň Raýat awiasiýasynyň awiasiýa
howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasynyň” taslamasy işlenip
taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli
teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli awiasiýa pudagynyň
maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny, raýat
awiasiýasynyň hukuk esaslaryny has-da kämilleşdirmek boýunça degişli işleriň
durmuşa geçirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
taýýarlanan teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda zerur çäreleri
görmegi tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
agzalaryna ýüzlenip, ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze
kitabynyň neşir edilendigini aýtdy. Kitapda ata-babalarymyzyň şöhratly geçmişi,
taryhda yz goýan şahsyýetlerimiziň nusgalyk ýoly, halkymyzyň agzybirligi giňden
beýan edilýär. Türkmen halkynyň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy baradaky
gymmatly taryhy maglumatlara möhüm orun berilýär diýip, döwlet Baştutanymyz
belledi. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Milli Liderimizi
we mejlise gatnaşyjylaryň ählisini «Hakyda göwheri» atly kitabyň çapdan çykmagy
bilen tüýs ýürekden gutlady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan
saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp
barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar
agentligi