“Ak şäherim Aşgabat” atly XXII köpugurly halkara sergi
24.05.2023
Şu gün paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de ýurdumyzyň
Söwda-senagat edarasynyň guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXII köpugurly
halkara sergi öz işine başlady.
Häzirki döwürde Aziýanyň merjeni hökmünde ykrar edilen
ak mermerli Aşgabat dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň
birine öwrüldi. Adamlaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmek Türkmenistanyň at
gazanan arhitektory, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän ýurdumyzy ösdürmegiň
maksatnamasynyň we Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Şunda
medeni-durmuş maksatly desgalaryň, şeýle-de “Aşgabat-siti” ýaşaýyş toplumynyň
gurulmagyna, “akylly” öý tehnologiýalarynyň, gaýtadan dikeldilýän energiýa
çeşmeleriniň ulanylmagyna uly ähmiýet berilýändigi bellärliklidir.
Häzirki wagtda Aşgabady ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny aýtmak gerek. Bu bolsa halkara
medeni gatnaşyklary ösdürmekde paýtagtymyzyň hyzmatlarynyň nobatdaky gezek
ykrar edilýändiginiň güwäsine öwrülip, dünýäniň dürli şäherleri bilen özara
gatnaşyklaryň giňeldilmegine mümkinçilik döreder. Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda geçirilýän hem-de şähergurluşyk ulgamynda
gazanylýan üstünlikleri we geljekki ösüşleri giňden ýaýbaňlandyrmaga
gönükdirilen giň gerimli sergi hyzmatdaşlaryň gatnaşyk etmegi, bu ulgamda
dünýäniň iň täze işläp
taýýarlamalaryny
ulanmakda tejribe alyşmak üçin netijeli meýdançadyr.
Sergä
gatnaşyjylaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Şolaryň hatarynda okgunly ykdysady ösüşe
we amatly maýa goýum ýagdaýyna eýe bolan ýurdumyzda hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýän daşary ýurt we milli kompaniýalar bar. “Ak
şäherim Aşgabat” sergisi Türkmenistandaky ägirt uly ykdysady, durmuş
özgertmeleriniň aýnasyna öwrülen paýtagtymyzyň keşbinde, şäher düzüminde
möçberi we maksady boýunça deňsiz-taýsyz özgertmeleri, onuň iň täze taryhyny,
geljekki ösüşini giň gerimde beýan etmäge mümkinçilik döredýär. Bu ýerde bu gün
ýurdumyzyň we daşary ýurt kompaniýalarynyň, guramalaryň, edaralaryň, hususy
telekeçileriň 140-a golaýy öz önümlerini görkezýärler. Diýarymyzda yzygiderli
geçirilýän halkara forumlaryň türkmen bazaryna gelýän önümleriň we hyzmatlaryň
hilini ýokarlandyrmagyň möhüm guraly bolup durýandygyny bellemek gerek.
Serginiň açylyş
dabarasyna Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň
ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş
serişdeleriniň wekilleri, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary hem-de köp sanly myhmanlar
gatnaşdylar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köpugurly halkara sergä gatnaşyjylara
iberen Gutlagynda ak mermerli Aşgabadyň üstünliklerini dünýä jemgyýetçiligine
ýaýmak, bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmak maksady
bilen geçirilýän bu halkara serginiň türkmen paýtagtyny has-da gözelleşdirmek,
dünýäniň iň owadan, ýaşamak üçin iň amatly şäherleriniň birine öwürmek boýunça
işleriň has-da ilerlemeginde ähmiýetiniň uly boljakdygyna ynam bildirildi.
Ýurdumyzyň baş şäheriniň ösdürilmegi uzak möhletli geljegi nazara almak bilen,
täzeçil şähergurluşyk syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar diýip,
döwlet Baştutanymyz Gutlagynda belledi.
Döwrebap
wideotehnikalar bilen enjamlaşdyrylan giň zallarda, ýagtylandyryjy bannerli we
pannoly äpet monitorlar goýlan diwarlyklarda Aşgabadyň ýaşaýyş-durmuşynyň ähli
ugurlary görkezilýär. Serginiň ekspozisiýasy döwlet şähergurluşyk syýasatynyň
üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň beýan edýär. Aşgabatda amala
aşyrylýan özgertmeler gurluşyk we binagärlik, senagat, ulag-aragatnaşyk,
maliýe-bank ulgamlaryny, ýaşaýyş jaý-jemagat toplumyny, bilim, saglygy goraýyş,
medeniýet, syýahatçylyk, sport ulgamlaryny we beýlekileri gurşap alýar.
Bu ýerde
dürli görnüşli senagat önümleri, azyk harytlary, amaly-haşam sungatynyň
önümleri bilen bir hatarda, ekologik taýdan arassa, halkara ölçeglere laýyk
gelýän şäher hojalygy ulgamyny döretmäge degişli iri maýa goýum taslamalary,
energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar we uly şäheriň ýaşaýyş-durmuşynyň oňyn
sazlaşygyny saklamaga, daşky gurşawynyň goralmagyna ýardam edýän desgalaryň
taslamalary görkezildi. Serginiň köp böleginde inženerçilik-aragatnaşyk
ulgamlarynyň işini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän awtomatlaşdyrylan
dolandyryş ulgamlarynyň görkezilmegine uly orun berildi. Sergi täze teklipler
bilen tanyşdyrmak üçin meýdança öwrülip, myhmanlara halk hojalyk toplumynyň
dürli pudaklarynyň hem-de düzümleriniň gazanan üstünlikleri, Aşgabadyň senagat,
medeni, intellektual mümkinçiligi, onuň ägirt uly durmuş-ykdysady serişdeleri
bilen tanyşmaga ýardam etdi.
Ulag we
aragatnaşyk toplumynyň edaralary - “Türkmenawtoulaglary”,
“Türkmendemirýollary”, “Türkmenaragatnaşyk” agentlikleri we beýleki degişli
pudaklar diwarlyklaryny ýerleşdirdiler. Bu ulgam şäher hojalygynyň möhüm
bölegidir. Obasenagat, söwda toplumlarynyň bölümleri sergä gelýänlerde uly
gyzyklanma döredýär. Sport dünýäsini hem-de sagdyn durmuş ýörelgesini beýan
edýän diwarlyklaryň töweregi hem köp adamly boldy. Sergä bilim ulgamyndan gatnaşýan
wekiller işläp taýýarlamalaryny, ileri tutýan taslamalaryny, özbaşdak
maksatnamalaryny görkezdiler. Bilim edaralarynyň doly derejeli işlemegini üpjün
edýän önümleriň giň görnüşleri - “Çigildem” mebel kärhanasynyň okuw mebelleri
hem-de öýler üçin owadan mebelli diwarlyklar sergä gelenleriň ünsüni çekdi.
Bu ýerde
meşhur heýkeltaraşlaryň işlerini, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň eserlerini, şekil taslamalaryny
synlamak mümkin boldy. “Dizaýn plus” döredijilik birleşmesi milli öwüşginli
sowgatlyk önümlerini görkezdi. Ýurdumyzda häzirki zaman neşirýat we çaphana
işine wekilçilik edýän Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň diwarlygy bu ýere
gelýänlerde uly gyzyklanma döretdi. Bu ulgamyň işinde milli edebiýatymyzyň
nusgawy şahyrlarynyň eserleriniň, çagalaryň çeper edebiýatynyň, şol sanda
terjime edilen edebiýatlaryň neşir edilmegine möhüm orun berilýär. Bu ýerde
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň dürli dillere terjime edilip, daşary ýurtlarda-da
giň meşhurlyga eýe bolan kitaplary mynasyp orun eýeleýär. Sergide bezelen neşir
önümleri, Türkmenistanyň gadymy taryhy, özboluşly medeni däp-dessurlary we şu
güni baradaky publisistik hem-de ylmy-populýar kitaplar görkezilýär.
Serginiň
guramaçylary halylar, halk amaly-haşam sungatynyň önümleri ýerleşdirilen
bölümleriň bezelmegine döredijilikli çemeleşipdirler. Şeýle hem bu ýerde owadan
reňkler bilen lowurdaýan ajaýyp bezeg şaý-sepleri, ussatlyk bilen ýerine
ýetirilen tikin işleri, ýörite ýazgylar arkaly bezelen dürli keramika şekilleri
we çeperçilik önümleri görkezilýär. Dokma senagaty ministrligi halk hojalygynyň
eksport ugurly esasy pudaklarynyň biriniň önümini görkezdi. Ol nah we ýüpek matalaryň, tikin we trikotaž önümleriniň köp sanly
görnüşleridir. Şol önümler ýokary hili we owadanlygy, milli öwüşginleri bilen
tapawutlanýar.
Häzir türkmen telekeçileri daşary ýurtly telekeçiler
bilen deň derejede bäsleşip, alyp barýan işlerinde üstünlik gazanýarlar. Bu
ýerde ýurdumyzyň oba hojalyk we azyk önümçiliginden başlap, ýaşaýyş jaýlaryny,
häzirki zaman senagat kärhanalaryny hem-de gurluşyk serişdelerini öndürýän
önümçilikleri gurmaga çenli ýöriteleşen hususy pudagy öz mümkinçiliklerini
görkezýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ykdysadyýetiň döwlete
degişli bolmadyk ulgamyny goldamak we höweslendirmek boýunça maksada
gönükdirilen çäreleriniň netijesinde, Türkmenistanda telekeçileriň sany
ýylsaýyn artýar. Sergide bag nahallaryny ösdürip ýetişdirmek, seýilgäh
germewlerini, bezege degişli owadan serişdeleri, mebelleri we olaryň
enjamlaryny, aşhana mebellerini, durmuşda ulanylýan aýna önümlerini öndürmek
bilen meşgullanýan kompaniýalaryň diwarlyklarydyr harytlary bar.
Ýurdumyzyň gurluşykçylary häzirki zamanyň
ýaşaýyş-durmuş ülňülerini giňden ornaşdyryp, bina edilýän ähli desgalary
degişli düzümler bilen üpjün edýärler. Welaýat merkezleriniň keşbi hem
gözümiziň alnynda özgerýär, durmuş maksatly desgalar, edara binalary, amatly
ýaşaýyş jaýlary, önümçilik kärhanalary ulanmaga berilýär. Sergä gatnaşýan
gurluşyk kärhanalarynyň hatarynda “Ojar Aziýa”, “Dost gurluşyk, söwda,
önümçilik”, “Baýly-gurluşyk”, “Ajaýyp-gurluşyk”, “Nur bina” we beýlekiler bar.
“Ak bulut”, “Sapaly jaý”, “Erjel Begenç”, “Ukyply kärdeşler” ýaly türkmen
kompaniýalary gurluşyk serişdelerini - kafelleri, asma petikleri we beýleki
gurluşyk serişdelerini hödürleýärler.
Aşgabat şäher häkimliginiň sergi bölümi bagy-bossanly
künjege öwrüldi. Paýtagtyň ýaz gülleri bilen bezelen toplumlary şäheriň
binagärlik gözelliginiň ajaýyp bezegi bolup durýar. “Jadyly bag” hem-de “Roza
gül” nyşanly bezeg we janly gülleriň köpdürlüligi bu ýere gelýänleri haýran
galdyrýar.
“Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti Gün energiýasy bilen
işleýän ýol hereketini sazlaýjy ýolyşyklary hem-de ýol belgilerini görkezýär.
Bu kompaniýa ýurdumyzyň bazarynda özüni häzirki zamanyň senagat we elektron
önümlerini öndüriji hökmünde tanatdy. Şeýle hem kompaniýa sergä iki SIM-kartly
öýjükli telefonlary, smartfonlary, monobloklaryň dürli görnüşlerini,
smart-telewizorlary, split-sowadyjylary, internet toruny paýlaýjylary (router),
arassa agyz suwuny sowatmak we gyzdyrmak üçin enjamlary bilen gatnaşýar. Bu
ýerde sanly tehnologiýalar we programma üpjünçiligi ulgamyna ýöriteleşen
“Akylly tilsimat” hojalyk jemgyýetiniň işi baradaky maglumat bilen tanyşmak
mümkin.
Milli görnüşdäki türkmen işewürlik merkeziniň uly
taslamasyny görkezýän “Gül ömri” hojalyk jemgyýeti, şeýle hem eýýäm durmuşa
geçirilen hem-de geljegi uly taslamalary bilen tanyşdyrýan “Ýiti galam” hojalyk
jemgyýeti sergä ilkinji gezek gatnaşýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne
taslamalaryň giň gerimliligi mahsusdyr. Köp gatly ajaýyp binalar gurulýar,
şäherlerde täze künjekler we iri ilatly nokatlar peýda bolýar, uzak aralyklara
awtobanlar, polat ýollar gurulýar, halkara ähmiýetli ulag düzümi kemala
getirilýär. “Ak şäherim Aşgabat” sergisine daşary ýurtlardan gatnaşyjylaryň
hatarynda şähergurluşyk we senagat pudagynda, şeýle hem ýol-ulag düzümlerinde
bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagyna gatnaşýan guramalar we kompaniýalar
bar.
Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlary - “Bouygues
Turkmen”, «Gap Inşaat», «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Ticaret»,
«Dorožnoýe stroitelstwo «Altkom», «Çalik Enerji Sanayi we Ticaret A.Ş.»,
«Wozroždeniýe» önümçilik birleşigi» paýdarlar jemgyýeti gurluşyk desgalarynyň
şekil taslamalaryny, innowasion işläp taýýarlamalary we tehnologiýalary
görkezdiler. Şolarda suw üpjünçiligi, yşyklandyryş, ýollaryň gurluşygy, dynç almak
ýaly ugurlar öz beýanyny tapdy. “Interbudmontaž” kompaniýasy tarapyndan
taýýarlanan şäher metrosynyň şekil taslamasy sergä gelenlerde aýratyn
gyzyklanma döretdi. Serginiň açyk meýdançalarynda “Toyota” we “Hyundai” ýaly
öňdebaryjy öndürijileriň dürli awtoulaglary ýerleşdirildi.
Şeýle hem
bu ýerde işewürlik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna gyzyklanma bildirýän
kompaniýalar mümkinçiliklerini görkezýärler. Olar dünýä derejesindäki talaplara
laýyklykda, şäher hojalygynda ulanmaga degişli ekologik taýdan arassa ulgamlara
hem-de energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalara, seýilgäh zolaklaryna niýetlenen
intellektual düzümlere degişli taslamalara aýratyn ähmiýet berýärler. Bu bolsa
şäherde amatly ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmäge we tebigaty goramaga,
ählumumy ekologik meseleleri oýlanyşykly çözmäge mümkinçilik berýär.
Ertir sergi öz işini dowam eder.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi