Bank amallary hem-de nagt däl hasaplaşyklarynyň amatlyklary
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyryp ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmaga, Türkmenistan döwletimizi dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna goşmaga gönükdirilen möhüm özgertmeler durmuşa geçirilýär. Durmuşa geçirilýän ykdysady özgertmelerde ýurdumyzyň bank ulgamy aýratyn ähmiýete eýedir.
Bank şahsy taraplaryň we telekeçileriň, edara görnüşli taraplaryň, edara görnüşli tarap bolmaýan beýleki guramalaryň hasaplaşyk, gündelik we goýum hasaplarynyň açylmagy, hasaplar boýunça pul geçirimleriniň amala aşyrylmagy, pul serişdeleriniň saklanylmagy, pul serişdeleri boýunça müşderilere we ynanylan wekiline degişli tassyknamalaryň berilmegi, töleg tabşyryklary, çekler, inkasso, akkreditiw, plastik kartlar bilen hasaplaşyklary, müşderilere töleg terminallaryň gurnalmagy, milli we daşary ýurt pulunda serişdeleriň talap edilýänçä we möhletli goýumlara kabul edilmegi, halkara töleg ulgamlarynyň üsti bilen daşary ýurtlara nagt däl görnüşde tölegleriň geçirilmegi we kabul edilmegi, “Visa”, “Mastercard” halkara töleg kartlaryny, “Altyn Asyr” töleg kartyny açmak we onuň bilen bagly amallary, şeýle-de döwür bilen aýakdaş ýagdaýda müşderileriň ösen isleglerini kanagatlandyrmak üçin bank hyzmatlarynyň beýleki görnüşleri müşderilere hödürlenýär. Bank hyzmatlaryny ilata ýokary hilli hödürlemek, müşderilere ösen derejede hyzmat etmek maksady bilen, bank tarapyndan hünärmenler ýurdumyzda we dünýäniň ösen döwletlerinde geçirilýän ýörite okuwlara yzygiderli gatnaşdyrylýar. Bu bolsa müşderilere edilýän hyzmatlaryň hil taýdan kämilleşmeginde özüniň beýanyny tapýar.
Bankda alnyp barylýan işleriň üstünlikli amala aşyrylmagy ýagny, bank kartlary bilen nagt däl hasaplaşyklary ösdürip, pul serişdeleriniň dolanyşygyny çaltlandyryp, töleg ulgamynyň netijeliligini artdyrmak işleriniň durmuşa geçirilmegi we ýurdumyzyň maliýe taýdan durnuklylygyny pugtalandyrmaklyga, milli puluň hümmetini berkitmeklige, müşderileriň pul serişdelerini berk gorap saklamaklyga, pul serişdeleriň kadaly dolanyşygyny üpjün etmeklige, şeýle hem halkymyzyň durmuş-ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaklyga oňyn täsirini ýetirýär.
Söwda we jemgyýetçilik nokatlarynda satyn alnan harytlar, hyzmat edilýän nokatlarda edilen hyzmatlara tölegleri amala aşyrmak üçin degişli töleg terminallaryň üsti bilen, çalt hasaplaşmaga mümkinçilik berýär. Ýagny, söwda we hyzmat ediş nokatlaryna kartlar bilen hasaplaşyklary geçirýän müşderileriň sanyny artdyrmak , hasaba alyşy kämilleşdirmek, nagt pullary daşamak, saklamak we sanamak üçin çykdajylary azaltmak ýaly mümkinçilikleri döredýär. Şeýle hem, bank kartlarynyň eýelerine nagt puly ýitirmek bilen bagly töwekgelçiligi peseltmek, hasaplaşykdaky ýalňyşlygy aradan aýyrmak, pul serişdesini goýum hökmünde saklamak bilen goşmaça göterim girdejisini gazanmak, islendik görnüşli söwda we hyzmat üçin tölegleri amal etmek, kart boýunça edilýän maliýe amallaryna gözegçilik etmek SMS habar bermek, ýaly amatlyklar hödürleýär.
Nagt däl hasaplaşyklaryň häzirki zaman modelleriniň biri hem “Internet-bank”, şol sanda “Mobil-bank” hyzmaty bolup durýar. Bu bolsa öz gezeginde bankyň müşderileriniň pul serişdelerini şeýle hem gymmatly wagtlaryny tygşytlamaga ýardam berýär.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Pre¬zi¬den¬timiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeler Türkmenistanyň ähli karz edaralarynyň hödürleýän hyzmatlaryny has-da ýokary derejä çykarmaga, hasaplaşyklaryň döwrebap we ygtybarly usullaryny ornaşdyrmaga, bank ulgamynyň maliýe durnuklylygyny ýokarlandyrmaga amatly mümkinçilikleri döredýär.
Bize şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip beren Gahryman hem Arkadag Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň jany sag, ömri uzak, Watanymyzyň gülläp ösmegi, özgermegi, abraýynyň mundan beýläk hem arşa göterilmegi ugrunda alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Begençmyrat Ilamanow
Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik bankynyň
Maliýe hasabatlary we ylmy-önümçilik
bölüminiň müdiriniň orunbasary