Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk
baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
27.09.2026
Şu
gün mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli giň gerimli
baýramçylyk dabaralary Watanymyzyň ähli künjegini gurşap aldy. Bagtyýar
halkymyz bu möhüm senäni döretmek, gurmak, öňegidişlik we gülläp ösüş ýolunda
gazanan ägirt uly üstünlikleri, uly baýramçylyk ruhy bilen garşylaýar.
Eziz
Watanymyzyň Garaşsyzlygy bagtyýar we abadan durmuşymyzyň binýadydyr.
Garaşsyzlygymyzyň 35 ýylynyň içinde gazanylan ajaýyp ýeňişler, ýetilen belent
sepgitler mähriban halkymyzyň watansöýüjiligi, agzybirligi, jebisligi, halal we
tutanýerli zähmeti bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Garaşsyzlyk ýyllary içinde
Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli özgertmeleriniň hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa
geçirilmegi netijesinde, syýasy, ykdysady, medeni hem-de durmuş ugurlary
boýunça ägirt uly ösüşler gazanylyp, Türkmenistan kuwwatly ykdysadyýeti, kämil
durmuş ulgamy bolan, çalt depginler bilen ösýän döwlete öwrüldi.
Mukaddes
Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda möhüm
jemgyýetçilik-syýasy waka bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň
ýokary derejede geçirilmegi we onda il-ýurt bähbitli möhüm çözgütleriň kabul
edilmegi ýurdumyzyň her bir raýatynda eziz Watanymyza bolan buýsanjy, söýgini
artdyryp, agzybirligimizi, jebisligimizi has-da pugtalandyrdy.
Döwlet
berkararlygynyň geçen 35 ýylynda ýetilen sepgitler behişdi bedewleriň batly
gadamlaryna deňelýär. Şoňa görä-de, Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy baýram
edilýän şu ýylyň ýurdumyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly
at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy möhüm waka boldy. Bu günki gün milli
buýsanjymyz we gymmatlygymyz bolan türkmen bedewleriniň at-owazasy dünýäde
dabaralanýar.
Asylly
däbe görä, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli
esasy dabaralar Döwlet münberiniň öňünde ýaýbaňlandyryldy. Dabaraly harby
ýörişiň dowamynda Watanymyzyň goranyş kuwwaty, halkymyzyň parahat we asuda
durmuşynyň, mukaddes serhetlerimiziň, Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň
goragynda duran türkmen esgerleriniň ýokary hünär ussatlygy, başarjaňlygy
görkezilýär.
Baýramçylyk
görnüşinde bezelen Döwlet münberi köp sanly myhmanlary garşylady. Şolaryň
hatarynda Hökümet agzalary, Mejlisiň Başlygy, Halk Maslahatynyň agzalary, harby
we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Aşgabat
şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri, daşary ýurtlaryň ýurdumyzdaky diplomatik
wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, baýramçylyk mynasybetli ýurdumyza gelen daşary
ýurt wekiliýetleriniň agzalary bar.
Döwlet
münberiniň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goşun
görnüşleriniň harby gullukçylary nyzama düzüldi.
Dаbаrаly
hаrby ýörişiň sеrkеrdеsi polkownik R.Aýazow goranmak ministri, Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýewe Türkmenistanyň Ýaragly
Güýçleriniň şahsy düzüminiň gözden geçirilişe taýýardygy barada hasabat berýär.
B.Gündogdyýew hasabaty kabul edýär.
Sagat
10:00. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlygymyzyň 35
ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän dabaraly harby ýörişiň geçirilýän ýerine
gelýär.
Bellenen
ýerde Türkmenistanyň goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary
B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň
Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowa Ýaragly Güýçleriň
şahsy düzüminiň dabaraly harby ýörişe taýýardygy barada hasabat berýär.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty kabul edip, ýörite awtoulagda Garaşsyzlygymyzyň 35
ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän dabaraly harby ýörişe gatnaşyjylaryň
hatarlarynyň öňünden geçýär. Şahsy düzüm hormatly
Prezidentimizi «Belent Serkerdebaşa şöhrat!» diýen sözler bilen dabaraly
garşylaýar.
Döwlet
Baştutanymyzyň awtoulagy dabara meýdançasynyň merkezinde - münberiň ýanynda
saklanýar. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow dabaraly harby ýörişe
gatnaşyjylara ýüzlenýär:
- Salam, hormatly esgerler we serkerdeler!
- Salam, Belent Serkerdebaşymyz! - diýip, harby talyplar, esgerler we serkerdeler jogap berýärler.
Soňra
hormatly Prezidentimiz dabaraly harby ýörişe gatnaşyjylary mübärekledi:
- Hormatly Watan goragçylary, sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly
35 ýyllyk baýramy mynasybetli gutlaýaryn!
Şol
pursat dabaraly harby ýörişe gatnaşyjylaryň ählisi bir wagtda «Ura!» diýip
seslenýär.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Döwlet münberiniň syn ediş ýerine barýar.
Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylyp, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän
toplumlaýyn harby özgertmeleriň çäklerinde esgerleriň, serkerdeleriň gulluk we
ýaşaýyş şertleri yzygiderli gowulandyrylýar. Ýaragly Güýçleriň düzümleri
döwrebap tehnikalar, ýaraglar bilen üpjün edilip, olaryň işine sanly
tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Harby hem hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümi
iň täze tehnikalara ussatlyk bilen erk edýändiklerini, nazary, söweşjeň
taýýarlygynyň ýokary derejesini görkezmek bilen, döwletimiz tarapyndan edilýän
yzygiderli aladalara mynasyp jogap berýärler.
Soňra
Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Baýdak sütüninde Türkmenistanyň Döwlet
baýdagy belende galdyrylýar.
Meýdançada
nyzama düzülen serkerdeler, esgerler we harby talyplar Watanymyza, halkymyza,
hormatly Prezidentimize wepalylyk baradaky mukaddes kasamy aýdýarlar. Milli
goşunymyzyň harby gullukçylary asyrlaryň dowamynda toplanyp, häzirki günlere
ýetirilen şöhratly däpleri saklamak bilen birlikde, ata-babalarymyzyň
öwüt-ündewlerine wepalydyklaryny iş ýüzünde tassyklaýarlar.
Däp
boýunça baýramçylyk ýörişini baýdakçylar topary açýar. Olar dabaraly ýörişiň
owazy astynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny hem-de ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň goşun görnüşleriniň baýdaklaryny göterip, münberiň öňünden batly
gadamlar bilen geçýärler. Soňra münberiň öňünden Türkmenistanyň Goranmak
ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň
harby okuwçylary sazlaşykly gadam urup geçýärler.
Ýurdumyzyň
ýaş harby gullukçylary, goşunlaryň ähli görnüşleriniň şahsy düzümi ady hemişe
belentden tutulýan, häzirki ýaşlar üçin hakyky watançylygyň nusgasy bolup
hyzmat edýän gaýduwsyz esger, döwlet Baştutanymyzyň garry atasy Berdimuhamet
Annaýewiň nusgalyk işlerinden mertlik göreldesini alýarlar. «Garaşsyz, baky
Bitarap Türkmenistan -
bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şanly baýrama beslenýän altyn güýzüniň
ilkinji günlerinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň Arkadag şäheriniň Ruhyýet
köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy
mynasybetli geçen umumy okuw sapagynda beren gymmatly maslahatlary,
öwüt-ündewleri ähli ýaş nesil üçin Watany söýmegiň terbiýe mekdebidir.
Zenan
harby gullukçylar şu gezekki dabaraly harby ýörişiň bezegine öwrüldi. Olar
ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda Watanymyza wepaly gulluk
edýärler. Dabaraly harby ýörişi Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň
serkerdeler batalýony dowam edýär. Olary göreniňde, ata Watanymyzyň
parahatçylygynyň we asudalygynyň ygtybarly ellerde saklanýandygyna ýene bir
gezek göz ýetirýärsiň. Olaryň yzysüre ýurdumyzda kanunçylygy we hukuk tertibini
üpjün etmäge uly goşant goşýan içeri işler edaralarynyň serkerdeler düzümi
geçýär. Harby ýörişi Milli howpsuzlyk ministrliginiň serkerdeler batalýony
dowam edýär.
Meýdançadan
Döwlet serhet gullugynyň serkerdeleri geçýärler. Olar berkarar Watanymyzyň
dostluk we doganlyk serhetlerini, döwletiň hem-de halkyň mizemez daýanjyny,
rowaçlygyny we abadan durmuşyny alamatlandyrýan mukaddes çäklerini gözleriniň
göreji deýin goraýarlar. Döwlet gümrük we migrasiýa gulluklarynyň serkerdeler
batalýonlary meýdançadan batly gadamlar bilen geçýärler.
Garaşsyzlyk
ýyllarynda ýurdumyzda bitewi harby bilim ulgamy döredildi. Onuň esasy wezipesi
häzirki zaman tehnikalarynydyr enjamlaryny dolandyrmagyň başarnyklaryny ele
alýan serkerdeleriň ýaş neslini kemala getirmekden ybaratdyr. Harby institutyň
we Harby-deňiz institutynyň alyp barýan işleri hem öňde goýlan şol maksada
ýetmäge gönükdirilendir. Bu harby ýokary okuw mekdepleriniň talyplary-da
meýdançadan nyzamly ädimler bilen geçýärler. Olardan soňra Raýat goranyşy we
halas ediş harby talyplar batalýony dabaraly ýörişi dowam edýär.
Içeri
işler ministrliginiň institutynyň, Milli howpsuzlyk institutynyň, Serhet
institutynyň talyplary münberiň öňünden sazlaşykly ýöräp geçýärler. Beýleki
ýokary okuw mekdeplerinde bolşy ýaly, bu institutlarda hem okuw-terbiýeçilik
işleri häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýär.
Motoatyjylar
batalýonynyň esgerleri-de söweşjeň taýýarlygyň we ýokary ussatlygyň nusgasyny
görkezmek bilen, Watanymyzyň parahatçylygynyň, abadançylygynyň üpjün edilmegine
uly goşant goşýarlar. Olaryň yzy bilen baýramçylyk meýdançasynda Harby-howa
güýçleriniň uçarmanlary peýda bolýarlar. Türkmen uçarmanlary Watanymyzyň asuda
asmanyny ygtybarly goraýarlar. Soňra meýdançadan tankçylar we artilleriýa
batalýonlary geçýär. Olar häzirki zamanyň kuwwatly harby tehnikalaryny
dolandyrmaga ussatlarça erk edip, berkarar Watanymyzyň goragynyň mizemez
galkany bolup durýarlar.
Watanymyzyň
Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanyp guralýan dabaraly harby ýörişde aragatnaşykçy
harby gullukçylar ilkinji gezek buýsançly gadamlar bilen geçýärler.
Deňiz-pyýada we Dag atyjylar batalýonlary hem şu gezekki gözden geçirilişe
gatnaşdylar. Olar harby okuw-türgenleşik çäreleriniň dowamynda ýokary
ussatlygyny görkezýärler.
«Garaşsyz,
baky Bitarap Türkmenistan -
bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň başynda Türkmenistanyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Lebap
welaýatynda Ýaragly Güýçleriň harby bölümleriniň täze binalar we desgalar
toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Şeýle hem Diýarymyzda giňden bellenilen
Watan goragçylarynyň gününe gabatlanyp harby we hukuk goraýjy edaralara degişli
birnäçe desgalaryň açylyş dabaralary geçirildi. Şeýle işler harby gullukçylaryň
ýaşaýyş-durmuş zerurlyklaryny doly derejede kanagatlandyrmaga ýardam berip,
olary mukaddes gulluk borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirmäge ruhlandyrýar.
Meýdança
Goranmak ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň we Milli howpsuzlyk
ministrliginiň, Döwlet serhet gullugynyň Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy
bilen «Türkmen edermen» diýlip at berlen ýörite maksatly batalýonlarynyň
esgerleri çykýarlar. Bu bölümiň harby gullukçylarynyň tapawutly aýratynlygy
söweşjeň, nazary we beden taýýarlygynyň ýokary derejesinden, batyrlykdan hem-de
aýgytlylykdan ybaratdyr.
Ýurdumyzyň
harby we hukuk goraýjy edaralarynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly senesi
mynasybetli 35 atlydan ybarat atçylyk toparynyň baýramçylyk ýörişi dabaranyň
aýratyn bezegine öwrüldi. Ady rowaýata öwrülen ganatly bedewler gaýduwsyz
ýigitlerimiziň wepaly ýoldaşy, baýramçylyklarda olaryň ýakyn dostlary bolupdyr.
Gadymy döwürlerde bolşy ýaly, häzirki wagtda-da behişdi bedewler, türkmen
alabaýlary ýaly, Watan goragçylarynyň ygtybarly kömekçileridir. Harby we hukuk
goraýjy edaralar tarapyndan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek, gulluk
üçin atlary taýýarlamak, sportuň atly görnüşlerini ösdürmek meselelerine
aýratyn üns berilýär.
Soňky
ýyllarda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna gelip gowşan iň häzirki
zaman harby tehnikalarynyň gözden geçirilişi Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň
goranyş ukybynyň ýokary derejesini we taýýarlygyny görkezýär. Döwlet münberiniň
meýdançasynda gurnalan ýörite uly ekran arkaly çärä gatnaşyjylar göni ýaýlymda
Hazar deňzinde geçirilýän harby deňiz flotunyň baýramçylyk ýüzüşini synladylar.
Harby-deňiz
güýçlerine gelip gowşan, iň kämil ýaraglar bilen enjamlaşdyrylan «Deňiz han»
korwet söweşjeň gämisi baýramçylyk gözden geçirilişini açýar. Bu kuwwatly gämi
deňziň üstündäki we astyndaky, howadaky hem-de gury ýerdäki nyşanalary ýok
etmäge ukyplydyr. Onuň yzy bilen «Edermen», «Gaýratly» raketa gämileri dabaraly
ýüzüşi dowam edýär. Olar ýurdumyzyň deňiz serhetleriniň howpsuzlygyny üpjün
edýär.
Soňra
gezek Milli goşunymyzyň düzüminde duran döwrebap harby tehnikalara ýetýär.
Meýdançadan dürli kysymly goşunlaryň mehanizirlenen hatary geçip başlaýar.
Dabaraly harby ýörişiň öňüni «INKAS TITAN» kysymly sowutlanan harby awtoulag
çekýär. Onuň ýöriş hatary bilen «DAGOR» kysymly harby awtoulaglarda Watan
goragçylary öz wepaly ýoldaşy bolan türkmen alabaýlary bilen geçýärler.
Dabaraly
harby ýörişi «Land Rover» kysymly harby maksatly şahsy düzüm üçin niýetlenen
awtoulaglary, şeýle hem bu harby awtoulagyň binýadyndaky «Rohde Şwars» kysymly
aragatnaşyk toplumy, «Al SHIBL2», «Al ASIFA2», «NIMR» kysymly häzirki zamanyň
döwrebap sowutlanan awtoulaglary dowam edýär. Baýramçylyk mynasybetli dabaraly
harby ýörişden «KIA KLTV-181» kysymly sowutlanan harby awtoulaglar we Ýaragly
Güýçlerimize täze kabul edilen «DJI MATRIX 30T» kysymly uçarmansyz uçýan
enjamlar geçirilýär. «Türkmen edermen» ýörite maksatly bölümleriniň «BTR-80A»
kysymly bronetank tehnikalary, şeýle hem «INKAS TITAN» we «KIRPI» kysymly
sowutlanan harby awtoulaglar ýöriş meýdançasyndan geçýärler. Bu awtoulaglar
pulemýotlary, göçme asmana atyjy raketa toplumlaryny özünde jemleýär.
Ikinji
mehanizirlenen kerweniň öňüni «TAÝFUN» kysymly, köp maksatly sowutlanan harby
awtoulag çekýär. Kuwwatly bronetank tehnikalary bolan «T-72M» we «T-90S»
kysymly söweşjeň tanklar ýörite awtoulaglarda ýörişi dowam edýärler. Döwlet
münberiniň meýdançasyndan häzirki zamanyň iň kämil söweşjeň tehnikalary bolan
«BMP-2D», «BMP-3» kysymly pyýada goşunyň sowutlanan tehnikalary, «KOBRA»
kysymly sowutlanan tehnikalar, şeýle hem guryýer goşunynyň «ZSU-23-4 ŞILKA»
asmana atyjy toplumy we «2S-1 Gwozdika» kysymly özi hereket edýän söweş
tehnikalary «MAN» kysymly agyr ýük çekiji awtoulaglaryň üstünde geçýärler. «BM
21A BELGRAD» kysymly reaktiw ulgamy hem-de «SMERÇ» kysymly reaktiw ulgamy
ýörişiň hatarlary bilen barýar. Ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän harby
özgertmeleriň netijesinde, Inžener goşunlarynyň düzümi hem täze tehnikalaryň
hasabyna kämilleşdirilýär. «SHAHMAN» awtoulagyň binýadyndaky «HZ-100» derýa
halkaly panton köprüsi we «HZ-100» kenarýaka halkaly panton köprüsi hem şolaryň
hataryndadyr.
Meýdança
üçünji kerweniň tehnikalary çykýar. Olaryň başyny «INKAS TITAN» kysymly
sowutlanan harby awtoulag çekýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy
mynasybetli dabaraly ýörişde «MERCEDES-BENZ ATEGO» kysymly awtoulagda
«Bayraktar TB2» kysymly söweşjeň uçarmansyz uçýan enjam, şeýle hem Ýaragly
Güýçlerimize täze kabul edilen «MAN» kysymly awtoulaglarda «SKY SAKER FX-80»,
«SKY STRIKER», «ORBITER-2B» we «СW-15D» kysymly
uçarmansyz uçýan enjamlar geçýärler.
Ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň goranyş kuwwaty dünýäniň öňdebaryjy harby tehnikalarynyň
hasabyna yzygiderli artdyrylýar. Dabara meýdançasyndan Ýaragly Güýçlerimize
täze kabul edilen «MAN» kysymly awtoulagda «POINT BLANK» hem-de «ThunderB-VTOL»
kysymly uçarmansyz uçýan enjamlar harby ýörişe ilkinji gezek gatnaşýan,
ýurdumyzyň Harby-deňiz güýçlerine täze kabul edilen «MAN» kysymly awtoulagda
«KATANA PLUS» kysymly uzak aralykdan dolandyrylýan suwüsti gaýygyň göçme
dolandyryş nokady, «KATANA» kysymly uzak aralykdan dolandyrylýan suwüsti
katerler geçýärler.
Döwlet
münberiniň öňünden «ÝLS-18A» radiolokasiýa toplumy, «DWL-002» radioelektron
ýagdaýa gözegçilik toplumy, Döwlet migrasiýa gullugyna degişli ýörite awtoulag
hem-de halas ediş we himiýa goşunlarynyň topary enjamlary bilen geçýärler.
Soňra
dabaraly harby ýörişde «FM-90», «KS-1A» we «FD-2000» kysymly iň kämil asmana
atyjy raketa toplumlary görkezilýär. Olaryň yzy bilen Ýaragly Güýçlerimize täze
kabul edilen «KDP-2000» uniwersal ulag platformasynyň binýadynda «FK-2000»
kysymly asmana atyjy raketa-artilleriýa toplumlary dabaraly harby ýörişden
geçýärler.
Dabaraly
harby ýörişde dördünji mehanizirlenen kerweniň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet
serhet gullugynyň harby awtoulaglary geçip başlaýar. Meýdançadan Döwlet serhet
gullugynyň «KIA KLTV 141» kysymly sowutlanan söweşjeň awtoulaglary hem-de
«MOTOWEZDEHOD» kysymly häzirki zaman kwadrasikller geçýär.
Münberiň
öňünden üstünde merdana serhetçiler, olaryň wepaly ýoldaşy bolan türkmen
alabaýlary oturan «Toyota Hilux» awtoulaglary geçýär. Olaryň yzy bilen «KIA
KLTV 141», «KIA KLTV», «COBRA», «PMW SURVIVOR II» kysymly, köp maksatly,
sowutlanan söweşjeň awtoulaglar barýar. Bu ulag serişdeleri Watanymyzyň
mukaddes serhetlerini goramakda netijeli ulanylýar. Dabaraly harby ýörişden
Serhet goşunlarynyň «KIRPI» kysymly sowutlanan harby awtoulaglary, «Mantra»
kysymly awtoulagynda 120 mm kalibrli minomýotlary geçýär. Ýörişi «IVECO»
awtoulaglary dowam edýär. Olaryň binýadynda «ZU-23» kysymly asmana atyjy raketa
toplumlary, «Simbat» raketa uçurma ulgamy, «Orbiter 2B» kysymly uçarmansyz
uçýan enjamlar ýerleşdirilendir. Soňra Döwlet serhet gullugynyň harby
gullukçylary «HONDA» kysymly motoulaglarda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly
toýunyň hormatyna «35» ýazgyny emele getirip geçýärler.
Dabaraly
harby ýörişiň bäşinji mehanizirlenen kerweniniň öňüni Türkmenistanyň Milli
howpsuzlyk ministrliginiň düzümindäki «IVECO M65» kysymly söweşjeň awtoulag
çekýär. Kerweni «STORM-RIDER», «LAZAR III» kysymly häzirki zaman sowutlanan
söweşjeň awtoulaglar dowam edýär.
Altynjy
mehanizirlenen kerweniň çäklerinde Türkmenistanyň Içeri işler edaralarynyň
ýöriteleşdirilen tehnikalary geçip başlaýar. Kerweniň öňüni «INKAS TITAN»
kysymly sowutlanan söweşjeň awtoulag çekýär. Onuň yzy bilen «MAN» kysymly
awtoulagda «СW-15D» kysymly uçarmansyz uçýan enjamlar we «FORD
HENNESSEY» kysymly awtoulaglar geçýär. Soňra meýdançada Içeri işler
ministrliginiň «FORD ATLAS 150», «TOYOTA TUNDRA», «GMS Sierra», «PMV-SURVIVOR
II» hem-de «INKAS TITAN» kysymly sowutlanan söweşjeň awtoulaglary peýda bolýar.
Bu döwrebap awtoulaglar ýurdumyzyň asudalygynyň hem-de abadançylygynyň, hukuk
we jemgyýetçilik tertibiniň üpjün edilmeginde aýratyn ähmiýete eýedir.
Dabaraly
ýörişde içeri işler edaralarynyň işgärleri «YAMAHA» kysymly ýöriteleşdirilen
motoulaglarda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly senesini dabaralandyrýan «35»
san belgisini emele getirip, harby ýörişe özboluşly bezeg berýärler.
«MERCEDES-BENZ» kysymly ýöriteleşdirilen awtoulaglar we «TOYOTA FORTUNER»
kysymly awtoulaglar Döwlet münberiniň öňünden geçýärler.
Türkmenistanyň
Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilýän dabaraly harby
ýöriş Watanymyzyň asuda howa giňişliginde dowam edýär. Howadaky dabaraly ýörişi
«Mi-17W-5» kysymly dikuçarlar açýar. Olar guryýer goşunlarynyň söweş
hereketlerini howadan goldamak, goşunlary, harby tehnikalary daşamak üçin
niýetlenendir. Olaryň yzy bilen, «Mi-24P» kysymly söweşjeň dikuçarlar asman
giňişliginde peýda bolýar. Olary ýokary uçuş ussatlygyny göwnejaý ele alan
türkmen uçarmanlary dolandyrýarlar. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň söweşjeň
dikuçarlary Watanymyzyň howpsuzlygyny, halkymyzyň parahat durmuşyny üpjün
etmekde möhüm orun eýeleýärler.
Içeri
işler ministrliginiň «Eurocopter-145», Milli howpsuzlyk ministrliginiň
«Eurocopter-365» kysymly dikuçarlary asman giňişliginde harby ýörişi dowam
edýär. Bu dikuçarlaryň her biri ýokary söweşjeň häsiýetleri bilen
tapawutlanýar. Soňra asmanda Döwlet serhet gullugynyň «Agusta-139» kysymly
häzirki zaman dikuçarlary uçup geçýär.
Baýramçylyk
harby gözden geçirilişine «С-27J SPARTAN» kysymly
häzirki zaman harby-ulag uçary hem-de «A-29 Super Tucano» kysymly söweşjeň
uçarlar hem gatnaşýar. Olaryň yzy bilen Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň
Harby-howa güýçleriniň «Su-25» kysymly söweşjeň uçarlary geçýär. Türkmen
uçarmanlary söweşjeň uçarlary we dikuçarlary ussatlyk bilen dolandyryp, ýokary
hünär derejelerini görkezýärler.
Şu
gün görkezilen kämil harby howa tehnikalarynyň hatarynda «M-346» kysymly
uçarlar-da bar. Bu kysymdaky uçarda ilkinji synag uçuşyny türkmen halkynyň
Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz amala aşyrypdy. Munuň özi harby uçarmanlar
üçin gaýduwsyzlygyň nusgalyk mekdebidir. Söweşjeň uçarlar mukaddes
Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli asuda asmanymyzda ajaýyp
öwüşginleri emele getirýärler.
Dabaraly
harby ýörişde görkezilen döwrebap ýerüsti, deňiz we howa tehnikalary hormatly
Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň
goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Ýaragly Güýçlerimizi döwrebaplaşdyrmak, harby
we hukuk goraýjy edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek meselelerine
uly üns berilýändigini nobatdaky gezek subut edýär.
Soňra
Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň
Aýratyn hormat garawuly polkunyň harby gullukçylary düzülýärler. Her ýylda
geçirilýän dabaraly harby ýörişde bu polkuň harby gullukçylary ýokary nyzam
emelleri bilen ajaýyp şekilleri döredip, dabara aýratyn öwüşgin çaýýarlar. Olar
şu ýyl hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýuna baýramçylyk
sowgady bilen geldiler. Meýdançada türkmen halkynyň milli buýsanjyna — ahalteke
atlaryna söýgüsini şöhlelendirýän, Arkadag şäherine bezeg berýän «Taýçanak»
binasynyň şekili emele getirilýär. Olar şeýle hem «Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň nyşanyny — behişdi
bedewiň keşbini ussatlyk bilen şekillendirýärler. Soňra meýdançada dabaraly
harby ýörişiň ýöriş sazlaryny ýerine ýetiren harby we hukuk goraýjy edaralaryň
Birleşen harby orkestri peýda bolýar. Onuň ýerine ýetirýän sazlarydyr mukamlary
Milli goşunymyzyň watançylyk ruhuny belende göterýär. Ýurdumyzyň şanly baýramy
mynasybetli ajaýyp sazly sowgady taýýarlan bu orkestriň joşgunly çykyşy harby
ýörişe aýratyn öwüşgin çaýdy. Olaryň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan ajaýyp aýdym
dabaraly harby ýörişiň jemlenmesine öwrüldi.
Soňra
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli giň gerimli
dabara dowam etdi. Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan
dabara döwrebap telekommunikasiýa we ýaýlyma beriş serişdeleri, aragatnaşyk
ulgamlary arkaly göni ýaýlymda köpçülige ýetirildi. Munuň özi ýurdumyzyň baş
baýramynyň şanyna guralan baýramçylyk çäresine watandaşlarymyzyň hem-de dünýä
döwletleriniň ýaşaýjylarynyň tomaşa etmegine mümkinçilik döretdi.
Bu
ýerde milli lybasdaky iki çapyksuwar ajaýyp ahalteke bedewini meýdança çykardy.
Ussat zergärleriň zehininden dörän şaý-sepler bilen bezelen at esbaplary
behişdi bedewiň gözelligine gözellik goşýar. Watan atly akýal mele reňkli bu
ajaýyp bedew Hankerwen we Şaperi diýen atlaryň neslindendir. Ady rowaýata
öwrülen Gaplaňyň ugruna degişli bolan bu bedew Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň
35 ýyllygy mynasybetli, türkmen halkynyň bagtyýarlygy, Watanymyzyň mundan
beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda edýän yzygiderli aladasy üçin tüýs ýürekden
hoşallygyň nyşany hökmünde Hökümet agzalarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedowa sowgat berildi.
Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ahalteke bedewi Watanymyzyň gülläp
ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly gadamlarynyň, halkymyzyň döredijilik
zehininiň, milli mirasymyzyň dowamatlylygynyň nyşanydyr. Ajaýyp ahalteke bedewi
meýdançada buýsanç bilen gezim edip, dabara gatnaşyjylarda we myhmanlarda
ýakymly duýgulary döretdi.
Soňra
baýramçylyk meýdançasynda diňe bir ýurdumyzda däl, daşary ýurtlarda-da uly
şöhrata eýe bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýörişi
başlandy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen topara şu ýylyň
başynda Monako Knýazlygynda geçirilen Monte-Karlo halkara sirk sungaty
festiwalynda sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy
hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara güwänamalaryň gowşurylmagy
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň
rowaçlyklarynyň özboluşly başlangyjyna öwrüldi. «Galkynyş» milli at üstündäki
oýunlar topary şu ýyl Azerbaýjanda, Türkiýede, Niderlandlar Patyşalygynda
ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň
çäklerinde çykyş edip, at üstünde ussatlarça ýerine ýetiren tilsimleri,
çylşyrymly akrobatik hereketleri tomaşaçylary ýene bir ýola haýran galdyrdy.
Ýeri gelende bellesek, Ýewropada ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen dünýä
çempionatynyň çäklerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary
«Tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan» atly baýrak bilen sylaglanyldy.
Soňra
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň bagtyýar talyplary ahalteke
bedewleri bilen «35» ýazgyny emele getirip geçýärler. Häzirki wagtda ýurdumyzda
atçylyk pudagy ylym, bilim, innowasiýa we milli däp-dessurlary özünde
birleşdirip, dünýä derejesinde täze ösüşlere beslenýär.
«Garaşsyz,
baky Bitarap Türkmenistan -
bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna bagyşlanyp, ýurdumyzda we daşary
döwletlerde birnäçe iri çäreler geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri
Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyjy we tagallalary bilen ýakynda
Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde geçirilen ahalteke atlarynyň
arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionaty dünýä
atşynaslygynyň hem-de atly sportunyň hakyky baýramçylygyna öwrüldi. Onuň giň
gerimli çäreleri dünýäniň dürli yklymlaryndan köp sanly wekilleri we ahalteke
atlaryny bir ýere jemledi. Behişdi bedewleriň mekany bolan ata Watanymyzdan
naýbaşy bedewler çempionatyň abraýly baýraklarynyň birnäçesine eýe boldular. Bu
çäre ýurtlaryň we halklaryň arasynda medeni-ynsanperwer dialogy berkitmekde hem
ähmiýetli boldy.
Soňra
Döwlet münberiniň öňünde teatrlaşdyrylan sahnalar ýaýbaňlandyryldy. Olarda
şöhratly türkmen şahsyýetleriniň, şol sanda nesilbaşymyz Oguz hanyň we beýleki
meşhur şahsyýetleriň keşpleri janlandyryldy. Bu görnüşler ýurdumyzyň meşhur
estrada aýdymçylarynyň Watanymyzy, mukaddes Garaşsyzlygymyzy, Gahryman
Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adamzat ähmiýetli beýik
işlerini wasp edýän aýdymlary bilen utgaşyp, bu günki dabara aýratyn öwüşgin
çaýdy.
Baýramçylyk
ýörişini Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Mejlisiniň we jemgyýetçilik
guramalarynyň wekilleri dowam edýärler. Meýdançadan milli nyşanlar bilen
bezelen awtoulag platformasy geçýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan demokratik özgertmeler
hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Döwrüň
talaplaryna, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda,
ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Bu işlerde
Türkmenistanyň Halk Maslahatyna, Mejlisine we jemgyýetçilik guramalaryna möhüm
orun degişlidir.
Garaşsyzlyk
baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk
etmeginde we döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda geçirilen Halk Maslahatynyň
mejlisinde Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş
derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen möhüm çözgütler kabul edildi. Ahalteke
bedewlerimiziň baş sanyny artdyrmak we olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak
işlerini dowam etmek maksady bilen, «Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň
döwlet goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi «Garaşsyz, baky
Bitarap Türkmenistan -
bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan ýylda möhüm waka boldy.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlary
bilen, «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy» milli konsepsiýasy,
«Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 - 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy.
Ählihalk forumy täze taryhy döwürde halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň,
halk häkimiýetiniň dabaralanýandygynyň nobatdaky aýdyň mysalydyr.
Şunuň
bilen birlikde, ýurdumyzyň şanly baýramynyň öňüsyrasynda Garaşsyzlyk ýyllarynda
ýokary zähmet üstünliklerini gazanan, halk arasynda uly abraýdan we
sylag-hormatdan peýdalanýan ildeşlerimiz döwlet sylaglary bilen sylaglanyldy.
Soňra
kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan
Arkadag şäheriniň häkimliginiň baýramçylyk görnüşinde bezelen awtoulag
platformasy meýdança çykdy. Mälim bolşy ýaly, täze şäheriň keşbinde milli
binagärligiň iň gowy däpleri dizaýnyň öňdebaryjy tejribesi bilen sazlaşykly
utgaşýar. Bu täsin şäher dünýäniň şähergurluşyk, inženerçilik-tehniki
tejribesiniň innowasion hem-de öňdebaryjy gazananlaryny, adamlaryň ýaşamaklary
üçin has amatly şertleri özünde jemleýär. Şäheriň ýokary halkara ölçeglere
laýyk gelýändigi köp sanly halkara güwänamalardyr baýraklar bilen
tassyklanyldy. Döwrebap şäherde atçylyk pudagynyň ylym, bilim, önümçilik we
sport desgalary döredilip, olar iň häzirki zaman enjamlary bilen
enjamlaşdyrylandyr. Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän Howandarlyga mätäç
çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hem-de çagalar
sagaldyş-dikeldiş merkeziniň çagalaryň abadan ýaşaýşynyň bähbidine durmuşa
geçirýän ynsanperwer işleri dünýä nusgalykdyr. Häzirki wagtda ýurdumyzyň
ilkinji «akylly» şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy batly depginde alnyp
barylýar.
Soňra
Aşgabat şäher häkimliginiň paýtagtymyzyň binagärlik nyşanlary bilen bezelen
awtoulag platformasy Döwlet münberiniň öňünden geçýär. Türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başyny
başlan şähergurluşyk syýasatynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa
geçirilmegi netijesinde, ak mermerli paýtagtymyzyň ösüşiň hem-de gözelligiň
şäheri hökmünde dünýädäki at-abraýy barha artýar. Milli binagärligiň iň gowy
ýörelgeleri öňdebaryjy gurluşyk tejribesi bilen sazlaşykly utgaşdyrylyp
gurulýan dürli maksatly desgalar ýokary durmuş şertlerini üpjün etmek bilen bir
hatarda, paýtagtymyzyň täze, döwrebap keşbini emele getirýär. Şol desgalaryň birnäçesi
dünýä binagärliginiň ajaýyp täsinligi hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna hem
girizildi.
Soňra
dabaraly ýöriş ýurdumyzyň bäş welaýatyna wekilçilik edýän awtoulag
platformalarynyň toparynyň geçmegi bilen dowam etdi. Suratly pannolarda dünýä
belli taryhy-binagärlik ýadygärlikleri, häzirki döwrüň iri desgalary, Ahal,
Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň ajaýyp künjeklerinde ýerleşýän
binalaryň şekilleri görkezilýär. Welaýatlaryň döredijilik toparlarynyň
çykyşlarynda milli däp-dessurlarymyzyň özboluşlylygy şöhlelenýär. Döwlet
maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda, sebitleriň
durmuş-medeni, ykdysady infrastrukturasy yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar.
Gahryman
Arkadagymyzyň halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek boýunça başlangyçlary
häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa
geçirilýär. Oba milli maksatnamasynda, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy: Türkmenistany 2022 -
2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz
öňünde tutulan işleriň çäklerinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap ýaşaýyş
jaýlary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Diýarymyzyň dürli künjeklerinde
kemala gelýän täze obalardyr şäherçeler halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün
etmegi nazarlaýan giň gerimli özgertmeleriň aýdyň nyşanydyr.
Hormatly
Prezidentimizi hem-de dabaranyň köp sanly myhmanlaryny awtoulag
platformalarynda barýan ýaşulular, ýaş nesliň wekilleri mübärekleýärler.
Joşgunly aýdym-sazlar, asmana uçurylan köpöwüşginli şarlar adamlaryň
baýramçylyk ruhuny belende göterýär.
Döwlet
münberiniň öňündäki meýdançadan Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky
döwlet komitetiniň baýramçylyk görnüşinde bezelen awtoulagy, köp sanly
türgenler geçýärler. Şolaryň hatarynda sportuň dürli görnüşleriniň ussatlary,
milli we halkara derejedäki ýaryşlaryň ýeňijileri, olaryň tälimçileri bar.
Öňdengörüjilikli döwlet strategiýasynyň esasynda häzirki wagtda milli sport
ulgamy hil taýdan täze derejelere çykýar. Türkmenistanda sport bilen
meşgullanmak, türgenleriň başarnyklaryny kämilleşdirmek, tälimçileriň, beýleki
hünärmenleriň işlemekleri üçin ähli şertler döredilýär. Netijede, türkmen
türgenleri dürli abraýly halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edýärler we
baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda yklym we dünýä möçberli iri
ýaryşlar, çempionatlar yzygiderli geçirilýär.
Soňra
Döwlet münberiniň öňünden Bilim ministrliginiň baýramçylyk äheňinde bezelen
awtoulaglary, bu ulgamyň wekilleri, ýaş nesiller geçýärler. Täze taryhy döwürde
durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleri bu ulgamy halkara standartlaryň
derejesine çykarmaga mümkinçilik döretdi. Bilimiň we ylmyň döwletiň, jemgyýetiň
ösüşiniň, döredijilik mümkinçilikleriniň möhüm binýadydygyny nygtamak gerek.
Watanyň daýanjyna deňelýän ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamaga, olaryň
jemgyýetçilik, syýasy we döwlet işine, halkara hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşmagyny
üpjün etmäge hem möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistanda ýaşlar
barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasyny» tassyklamak
hakynda Karara gol çekmegi bu ugurda anyk wezipeleri kesgitledi.
Her
täze okuw ýylyny täze, döwrebap bilim edaralarynyň birnäçesiniň açylyş
dabaralary bilen utgaşdyrmak ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Bilimler we talyp
ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi
bilen paýtagtymyzda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de
Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynyň täze binalar toplumlary açylyp ulanmaga berildi.
Baýramçylyk
ýörişini saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri dowam etdirýärler. Halkyň sagdyn,
bagtyýar durmuşda ýaşamagy baradaky alada döwlet syýasatynyň baş maksady bolup
durýar. Soňky ýyllarda milli saglygy goraýyş ulgamy hil taýdan täze derejä
çykdy we raýatlara halkara standartlara laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlarynyň
elýeterli bolmagyny üpjün etdi. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda
işlenilip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde saglygy
goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek we oňa degişli desgalary döwrebaplaşdyrmak,
ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, derman senagatyny ösdürmek
maksatlaryna gönükdirilen giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzda,
welaýatlarda bu ulgama degişli öňdebaryjy ýöriteleşdirilen enjamlar, iň täze
tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap desgalar gurulýar. Arkadag şäherinde
iri lukmançylyk klasteriniň gurlup ulanmaga berilmegi bilen, ýurdumyzyň derman
we lukmançylyk enjamlary senagatynyň önümçilik kuwwaty has-da artar. Şanly
ýylda hem saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge, ilatyň saglygyny berkitmäge
gönükdirilen möhüm strategiýalar kabul edildi.
Hormatly
Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda saglygy
goraýyş ulgamyna degişli ýene birnäçe iri taslamalaryň durmuşa geçiriljekdigini
nygtady. Aşgabat şäherinde Halkara pediatriýa merkeziniň, Halkara onkologiýa
ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň, Ahal welaýatynyň Bäherden
etrabynda bolsa «Arçman» şypahanasynyň goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar
toplumynyň meýilleşdirilýän açylyş dabaralary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly
35 ýyllyk toýunyň yzysüre belleniljek Saglygy goraýyş we derman senagaty
işgärleriniň gününe aýratyn öwüşgin çaýar.
Soňra
baýramçylyk meýdançasyndan Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik
ministrliginiň, Awtomobil ýollary ministrliginiň işgärleri dabaraly ýagdaýda
geçýärler. Gurmak we döretmek häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan
üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň biridir.
Muňa ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan täzeçil şähergurluşyk strategiýasy hem
şaýatlyk edýär. Onuň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, şäherleriň we
obalaryň keşbi tanalmaz derejede özgerdi. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän
awtomobil ýollarynyň gurluşyk taslamalary Watanymyzyň halkara ulag
geçelgeleriniň möhüm merkezi hökmünde ornuny barha berkidýär. Şolaryň hatarynda
şu ýylyň aprel aýynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda umumy uzynlygy 600
kilometre deň bolan Aşgabat -
Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň tamamlaýjy tapgyry bolan Mary - Türkmenabat böleginiň açylyp ulanmaga
berlendigini bellemek möhümdir.
Senagat
we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň
platformasynda-da ýetilen sepgitler görkezilýär. Senagat we gurluşyk önümçiligi
pudagynda senagaty ösdürmäge, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny
tutýan, eksport ugurly önümleriň önümçiligini ýola goýmaga, innowasion
tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman kärhanalaryny gurmaga,
hereket edýän önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär.
Ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça meýilnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde
senagat infrastrukturasy yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar we giňeldilýär.
Watanymyzyň şanly baýrama barýan günlerinde hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň gol çeken Karary bilen, «Türkmenistany senagat taýdan
ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynyň» tassyklanylmagy
ýurdumyzy toplumlaýyn esasda ösdürmek boýunça geljekde hem giň gerimli işleriň
durmuşa geçiriljekdiginiň nobatdaky aýdyň mysaly boldy. Himiýa senagatynda täze
önümçilikleri döretmek babatda-da netijeli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki
wagtda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumyň,
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki himiýa zawodynyň düzüminde mineral
dökünleri öndürýän toplumyň gurluşyklary alnyp barylýar. Balkan welaýatynyň
Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde ýaşaýyş jaýlar we binalar
toplumynyň açylmagy şanly ýylda ýurdumyzyň himiýa senagatynyň işgärleri üçin
ajaýyp sowgat bolar.
Täze
taryhy döwürde elektroenergetika pudagynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek,
içerki sarp edijileri doly we üznüksiz üpjün etmek bilen bir hatarda, elektrik
energiýasynyň eksport edilýän möçberini hem yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik
berýän ygtybarly ugurdaş infrastrukturany döretmek boýunça işler-de dowam
etdirilýär. Pudakda durmuşa geçirilýän ägirt uly işler meýdançadan geçen
Energetika ministrliginiň awtoulag platformasynda öz beýanyny tapdy.
Meýdança
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň,
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň,
Söwda-senagat edarasynyň awtoulag platformalary çykýar. Bu düzümleriň alyp
barýan işi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga, türkmen önümlerini
dünýä bazaryna çykarmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşant goşýar. Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň
ileri tutulýan ugurlarynyň biri-de häzirki zaman bazar gatnaşyklary bilen
ýokary netijeli ykdysadyýeti döretmekden ybaratdyr. Häzirki wagtda
«Türkmenistanda öndürildi» diýen nyşanly harytlara dünýä bazarlarynda uly isleg
bildirilýär.
Kabul
edilen döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna ýardam bermekde, bäsdeşlige
ukyply, import edilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksporta gönükdirilen önümleri
öndürmek, azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmekde
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna uly orun
degişlidir.
Soňra
dokma we halyçylyk pudaklarynyň mümkinçilikleri görkezildi. Döwletimiz
tarapyndan pudagyň maddy-tehniki binýadyny berkitmäge uly üns berilýär. Bar
bolan kärhanalar döwrebaplaşdyrylýar, ýerli çig mal esasynda ýokary hilli
önümleri öndürýän täze kärhanalar gurulýar. Dokma senagaty ministrliginiň we
«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň awtoulag platformasynda ýurdumyzda hem-de
daşary ýurtlarda sarp edijiler tarapyndan uly isleg bildirilýän dürli önümler
şöhlelendirilýär.
Soňra
meýdançadan maliýe we ykdysadyýet toplumyna wekilçilik edýän awtoulag
platformalary geçdi. Şu ýyl berkarar döwletimiziň baş maliýe meýilnamasyndan
bilimi, saglygy goraýşy, medeniýeti ösdürmäge, önümçilik we durmuş-medeni
maksatly desgalaryň gurluşygyna köp möçberde serişdeler goýberildi. Watanymyzyň
ykdysadyýeti durnukly ösýär. Milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmagyň çäklerinde
ýurdumyzda bu pudagy döwrebaplaşdyrmak boýunça maksada gönükdirilen çäreler
görülýär. Bank işine sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar, olaryň gerimi
giňeldilýär, elektron töleg ulgamy kämilleşdirilýär we nagt däl hasaplaşyklaryň
möçberi artdyrylýar.
Häzirki
döwürde ulag-kommunikasiýa toplumyny maksatnamalaýyn esasda ösdürmek, ýükleriň
daşalmagyny kämilleşdirmek, ýolagçylary gatnatmak boýunça giň gerimli işler
alnyp barylýar. Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary, Aragatnaşyk, Awtomobil
ulaglary ministrlikleriniň, «Türkmenhowaýollary» hem-de Deňiz we derýa ulaglary
döwlet gulluklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen,
öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk ösdürilip, kuwwatly
tehnikalar yzygiderli satyn alynýar. Ulagyň ähli görnüşleri bilen ýolagçy we
ýük dolanyşygyny ösdürmek, ýurdumyzyň halkara üstaşyr ulag mümkinçiligini doly
ulanmak boýunça degişli işler amala aşyrylýar. Şu ýyl «Balkan» gämi gurluşyk we
abatlaýyş zawodynda gurlan «Gadamly» atly gury ýük gämisiniň ulanmaga berilmegi
möhüm taryhy waka boldy. Baýramçylyk meýdançasyndan topluma degişli
edara-kärhanalaryň işgärleri we bezelen awtoulag platformalary geçýärler.
Soňra
Döwlet münberiniň öňünden milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudagy bolan
nebitgaz toplumynyň işgärleri we awtoulag platformalary geçýär. Türkmenistan
energiýa serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolup, ýangyç-energetika
toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasyny durmuşa geçirýär. Şunda gazyp
alýan, gaýtadan işleýän pudaklaryň kuwwatyny artdyrmaga, ýokary hilli önümleriň
dürli görnüşlerini öndürýän innowasion önümçilikleri döretmäge, energiýa
serişdelerini eksport etmek üçin köpugurly turbageçiriji infrastrukturany
kemala getirmäge möhüm ähmiýet berilýär. Dünýäde iri uglewodorod ýataklarynyň
biri bolan «Galkynyş» gaz känini tapgyrlaýyn esasda özleşdirmek işleri
üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şu ýyl Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda bu
gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyryna, ýagny ýylda harytlyk gazyň 10
milliard kub metrini öndürmäge niýetlenen döwrebap zawodyň gurluşygyna badalga
berildi. Türkmenistan -
Owganystan - Pakistan - Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy ýurdumyzyň
ägirt uly energetika kuwwatynyň ösüş arkaly sebitde abadançylygy we
dost-doganlygy berkitmäge hem hyzmat edýändigini görkezýär.
Oba
hojalyk we azyk senagaty ulgamyna degişli pudaklaýyn düzümleriň baýramçylyk
äheňinde bezelen awtoulaglary we işgärleri dabaraly ýörişi dowam edýärler. Azyk
bolçulygyny pugtalandyrýan Türkmenistan ýylyň-ýylyna oba hojalyk önümleriniň
öndürilýän möçberini artdyrýar, pudagyň infrastrukturasy kämilleşdirilýär,
dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň döwrebap tehnikalary we enjamlary
yzygiderli satyn alynýar. Döredilýän amatly şertlerden ruhlanyp zähmet çekýän
merdana daýhanlarymyz oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirip,
ýurdumyzda azyk önümleriniň bolçulygyny döretmäge öz mynasyp goşantlaryny
goşýarlar. Şu ýyl oba hojalyk işgärleri Watan harmanyna 1 million 400 müň
tonnadan gowrak galla hasylyny tabşyryp, bugdaý taýýarlamak boýunça döwlet
borçnamasyny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak,
suw hojalygy, maldarçylyk we guşçulyk senagaty, atçylyk pudaklary hem okgunly
ösdürilýär. Ýer-suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak, öňdebaryjy
tehnologiýalary ornaşdyrmak, täze suw howdanlaryny gurmak boýunça maksada
gönükdirilen çäreler durmuşa geçirilýär.
Dabara
medeniýet ulgamynyň işgärleriniň ýörişi bilen jemlendi. Halkymyzyň ruhy
gymmatlyklaryny, medeni mirasyny aýawly saklamakda, ony mundan beýläk-de
ösdürmekde, dünýä ýaýmakda medeniýet ulgamyna uly orun degişlidir. Ruhy baýlyk
bolan milli medeniýetiň we sungatyň ösdürilmegine, maddy-enjamlaýyn binýadynyň
pugtalandyrylmagyna, döredijilik işgärleriniň ukyp-başarnyklaryny doly derejede
açmaklary üçin şertleriň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Hormatly
Prezidentimiziň bimöçber goldaw-hemaýatlary bilen medeniýet, sungat,
döredijilik işgärlerine hormatly atlar dakylyp, olar döwlet sylaglary bilen
sylaglanylýar.
Halkymyzyň
milli gymmatlyklary tutuş dünýäde giňden wagyz edilýär we halkara jemgyýetçilik
tarapyndan ykrar edilýär. Türkmen halkynyň sungatynyň hem-de senetçiliginiň
birnäçe görnüşleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna
girizilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Diýarymyzyň
bäş welaýatyna wekilçilik edýän aýdymçylaryň we tans toparlarynyň, ýaşajyk
artistleriň çykyşlary Döwlet münberiniň öňündäki dabaralaryň ajaýyp
jemlenmesine öwrüldi. Olar çykyşlarynda Watanymyzy, agzybir türkmen halkyny,
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işlerini wasp
etdiler.
Ýurdumyzyň
mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly ýöriş
tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň
gatnaşmagynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna döwlet
sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.
Dabaranyň
barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa hormatly Prezidentimiziň
degişli Permanyny okady.
Hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna
«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly
harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny we degişli
şahadatnamany gowşurdy.
Döwlet
sylaglaryna mynasyp bolan harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary
ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna yzygiderli aladalary
hem-de ýokary ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, geljekde hem
Watanymyzyň parahatçylygyny we asudalygyny, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň
mukaddes çäkleriniň eldegrilmesizligini, kanunylygyň hem-de hukuk
düzgün-tertibiniň berk berjaý edilmegini üpjün etmegiň bähbidine tagallalaryny
gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Soňra
bu ýere ýygnananlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hem-de Gahryman Arkadagymyzy
mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şany senesi bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet
Baştutanymyzyň we Milli Liderimiziň il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara
beslenmegini arzuw etdiler.
Bellenilişi
ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň abadan we
bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmeginde ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Soňky
ýyllarda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni-durmuş ugurlarynda gazanylýan
ösüşler munuň aýdyň güwäsidir.
Hormatly
Prezidentimiz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, mukaddes Garaşsyzlyk
baýramy mynasybetli dabaraly harby ýörişiň ýokary derejede geçirilmegi, harby
gullukçylaryň «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen
dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen
sylaglanylmagy, şeýle-de hemmeleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk
baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady we alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw
edip, bu ýerden ugrady.
Paýtagtymyzda
badalga alan baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde
ýaýbaňlandyryldy.
Watanymyzyň
mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli dabaralar gijagşama çenli
dowam etdi. Paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen baýramçylyk
kabul edişligine Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň we
pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary döwletleriň hem-de halkara
guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Watanymyzyň baş baýramynyň hormatyna dabaralar «Älem» medeni-dynç alyş
merkeziniň öňündäki meýdançada geçirilen konsert bilen dowam etdi. Bu ýere
ýygnanan köp sanly tomaşaçylaryň öňünde meşhur hem-de ýaş artistler,
folklor-tans toparlary öz ussatlyklaryny görkezdiler. Baýramçylyk feýerwerki
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şanly senesiniň- Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň dabarasyny
has-da artdyryp, Aşgabadyň gijeki asmanyna ajaýyp baýramçylyk öwüşginini çaýdy.
Türkmenistanyň Döwlet
habarlar agentligi