Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak
dabarasyna gatnaşdy
27.09.2026
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy
mynasybetli ýurdumyzyň ösüşleriniň, üstünlikleriniň hem-de abadançylygynyň
nyşanyna öwrülen Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Munuň özi
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda
ata Watanymyzyň özygtyýarlylygyny alamatlandyrýan şanly senäniň hormatyna
guralýan dabaralaryň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe merdana halkymyz ýurdumyzyň baş baýramyny - Garaşsyzlyk
gününi täze zähmet ýeňişleri we geljege bolan beýik maksatlar bilen garşylaýar.
Garaşsyzlyk baýramy ata-babalarymyzyň özbaşdaklyk we berkarar döwlet gurmak
baradaky arzuwlarynyň hasyl bolmagydyr.
Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllarynyň
dowamynda syýasy, ykdysady we medeni-durmuş ugurlarynda ägirt uly ösüşleri
gazanyp, bedew bady bilen ösýän, halkara giňişlikde parahatçylygy,
dost-doganlygy pugtalandyrmakda öňe sürýän başlangyçlary bilen dünýä bileleşiginde
uly abraýa eýe bolan döwlete öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny
üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda
halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýete eýe
bolan ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty has-da ýokarlanýar. Milli ykdysadyýetimiziň
dürli pudaklarynda durmuşa geçirilýän iri taslamalar munuň aýdyň güwäsidir.
Halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş
alýan parahatçylyk we ynsanperwerlik, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan
ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasaty dünýä giňişliginde durnukly ösüşi we
abadançylygy üpjün etmekde möhüm orny eýeleýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
baştutanlygynda rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda ýetilýän
belent sepgitler Garaşsyz Watanymyzyň geljeginiň ygtybarly binýadydyr.
Hormatly Prezidentimiziň Watanymyzyň
baş baýramy mynasybetli halkymyza Gutlagynda bellenilişi ýaly: “Mizemez
berkararlygymyzyň we agzybirligimiziň nyşany bolan mukaddes Garaşsyzlygymyz
biziň baş buýsanjymyzdyr. Garaşsyzlyk milli döwletliligimiziň sarsmaz
binýadydyr, şöhratly geljegimiziň öçmez nurudyr. Garaşsyzlyk düşünjesinde
merdana pederlerimiziň azat, garaşsyz, bagtly durmuş baradaky iň süýji
arzuwlary, Watanymyzyň şanly geçmişi, şu güni hem-de röwşen geljegi baradaky
beýik pelsepeleri jemlenendir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe biz täze şäherlerdir obalary, ajaýyp binalary gurmak, belent
sepgitleri gazanmak, geljegiň uly maksatnamalaryna badalga bermek bilen,
ata-babalarymyzyň arzuwlaryny hakykata öwürýäris hem-de Garaşsyzlygymyzyň
binýadyny has-da pugtalandyrýarys”.
Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak
dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn
dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, daşary döwletleriň
we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary,
Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň häkimleri, jemgyýetçilik
guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly
ýaşulular we eneler, talyp ýaşlar, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary
gatnaşdylar.
Ir bilen döwlet Baştutanymyzyň
awtoulagy Garaşsyzlyk binasynyň ýanyna geldi. Bu
ýerde hormatly Prezidentimizi dabara gatnaşyjylar uly ruhubelentlik bilen
garşyladylar.
Soňra Birleşen harby orkestriň
ýerine ýetirmeginde Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň
döwlet berkararlygynyň we özygtyýarlylygynyň nyşany bolan Garaşsyzlyk binasyna
gül dessesini goýdy. Hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, beýleki
dabara gatnaşyjylar hem gül desselerini goýdular.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
mejlisinde eden çykyşynda döwlet Baştutanymyz: “Garaşsyz, hemişelik Bitarap
Türkmenistan Watanymyzyň abraýyny belende galdyrmak, Watanymyzy, halkymyzy
söýmek hem-de guwanmak biziň her birimiziň borjumyzdyr. Garaşsyzlygymyz we
hemişelik Bitaraplygymyz, bagtyýar we abadan durmuşymyz üçin örän tutanýerlilik
bilen zähmet çekmelidiris. Öňde goýlan täze wezipeleri hem-de belent maksatlary
agzybirlikde amala aşyrmalydyrys” diýip nygtady.
Dabaraly çäre tamamlanandan soňra,
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylar bilen mähirli
hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününe
bagyşlanan baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde
ýaýbaňlandyryldy.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi