Consumer credit

Sarp ediş maksatly karzlar

Taraplar:   Şahslar

Möhleti:   3-4 ýyla çenli, 

Karzyň göterim derejesi:   ýyllyk 15%



Sarp ediş karzyny almak üçin ýüz tutulanda zerur bolan resminamalar:


1.   Arza (bankda doldurylýar);

2.   Karz soraýanyň pasportynyň nusgasy;

3.   Karz soraýanyň şahsy maglumatnamasynyň (liçnyý listok) nusgasy, 1 sany 3*4-lik surat;

4.   Karz soraýanyň işleýän ýerinden kepilnama (wezipesi, aýlyk zähmet haky we tutumlary barada, zähmet depderçesiniň nusgasy);

5.   Karz soraýanyň adyna Forma 3 (Ýaşaýyş ýerinden kepilnama);

6.   Karz soraýana zamunçy boljak 2 sany şahsyň pasportynyň nusgasy we işleýän ýerinden kepilnamasy (wezipesi, zähmet haky we tutumlary barada, zähmet depderçesiniň nusgasy);

7.   Karz alyjynyň we zamunlaryň bankyndaky aýlyk zähmet haky geçýän hasabyndan göçürme (wypiska) (Döwlet edaralaryndakylar üçin 3 aý, hususy ulgamdakylar üçin soňky 6 aýyňky);

8.   Nika hakyndaky şahadatnamasynyň nusgasy we aýalynyň (ýoldaşynyň) pasportynyň nusgasy; karz soraýan öýlenmedik (durmuşa çykmadyk) bolsa RÝNÝ bölüminden degişli kepilnama; eger-de karz soraýan nikasyny bozan bolsa, nikanyň bozulandygy hakynda şahadatnamanyň nusgasy we RÝNÝ bölüminden degişli kepilnama;

 


Karz girewli bolan ýagdaýynda goşmaça şu aşakdaky resminamalar talap edilýär:

9.   Girewe goýulýan emlägiň resminamalary we girewiň suratlary:

ü eger ulag serişdesi bolsa – tehniki pasportynyň nusgasy;

ü eger öý bolsa – tükelleýiş (inwentar) işi, öý kitaby, tussagda durmaýandygy we hususy eýeçilige degişlidigi barada Tükelleýiş edarasyndan kepilnama.

10.             Eger girewe goýulýan emläk başga birine degişli bolsa, onda emlägiň eýesiniň pasportynyň nusgasy, nika hakyndaky şahadatnamasynyň nusgasy we aýalynyň (ýoldaşynyň) pasportynyň nusgasy.


* Bellik: Zerur halatynda Bank karz alyja habar bermezden resminamalaryň sanawyny üýtgetmäge we goşmaça resminamalary talap etmäge hukugy bardyr.



 Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 93-83-51/93-50-85/93-03-37/93-03-39/93-67-99