Dostlukly hoşniýetli gatnaşyklar pugtalandyrylýar

Dostlukly hoşniýetli gatnaşyklar pugtalandyrylýar

 

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni şanly wakalara, giň gerimli özgertmelere, joşgunly dabaralara beslenýär. Bu taryhy wakalar halkymyzyň hakydasynda we Diýarymyzyň taryhynda öçmejek yzy goýup, dünýä halklarynyň döwletimize bolan gyzyklanmasyny barha artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty milli bähbitlerden ugur alýar hem-de umumadamzat bähbitlerine gönükdirilýär.

Hemmämize mälim bolşy ýaly 2023-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň çakylygy boýunça Täjigistanda iş saparynda bolanda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormatly nyşany» bilen sylaglanyldy.

Sylagy gowşurmak dabarasy «Kasri Millat» köşgünde geçirildi. Bu ýerde dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen, Prezident Emomali Rahmon Gahryman Arkadagymyza dabaraly ýagdaýda Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlarynyň Hormat nyşanyny gowşurdy. 

Dostlukly ýurtlaryň döwlet Baştutanlaryna ýüzlenip, Gahryman Arkadagymyz Täjigistanyň paýtagtynda geçirilen halkara çäreleriniň çäklerinde ýokary sylag – «Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormatly nyşany» bilen sylaglanandygy üçin, tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Bu sylaga türkmen halkyna goýulýan uly hormatyň nyşanydygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz oňa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge Türkmenistanyň goşýan goşandynyň ykrar edilmegi hökmünde baha berýändigini aýtdy we bu hormata ýurdumyzyň sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen Bitaraplyk syýasatynyň goldanylmagy diýip düşünýändigine ünsi çekdi. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Duşenbede geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça kabul edilen çözgütleriň doganlyk ýurtlaryň we olaryň halklarynyň dostlugyny hem-de hyzmatdaşlygyny berkitmekde, şeýle hem agzybirligi saklamakda möhüm ädim boljakdygyna berk ynanýandygyny nygtady.

Gahryman Arkadagymyz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halkara guramalarynyň çäginde netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini nygtady. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalar munuň subutnamasy bolup durýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy pursatdan peýdalanyp, ähli ýygnananlary Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 2024-nji ýylda belleniljek akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileý baýramy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän ýokary halkara derejeli dabaralara çagyrdy.

Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny özgertmek boýunça giň gerimli işleri amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň garaşsyzlyk binýadynyň has-da pugtalandyrylmagy, il-günümiziň abadan, bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işleri hemişe rowaçlyga, üstünlige beslensin!

 



Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky