Önümçilik maksatly karzlar
Bu görnüşli karzlar Türkmen-Türk PTB içerki
düzgünnamalaryna laýyklykda bankynyň hususy serişdesiniň hasabyna edara
görnüşli taraplara we hususy telekeçilere berilýän, önümçilik maksatly
karzlardyr.
Bu görnüşli karzlar Türkmen-Türk PTB içerki
düzgünnamalaryna laýyklykda bankynyň hususy serişdesiniň hasabyna edara
görnüşli taraplara we hususy telekeçilere berilýän, önümçilik maksatly
karzlardyr. Karzlar önümçilik maksatly maýa goýum taslamalaryna şeýle hem
önümçilik bilen bagly dolanşyk serişdelerini satyn almaga berlip bilner.
Karzyň möhleti: - 3 ýyldan 7 ýyla çenli
Karzyň göterim derejesi: - 8-10%
Ilata hojalyk hyzmatlary/Önümçilik ýerine ýetirmek maksady bilen Türkmen-Türk PTB-dan karz pul serişdelerini
almak üçin tabşyrmaly resminamalaryň sanawy:
Resminamalaryň görnüşi |
-
Karz almak barada Bankyň müdiriýetine ýüzlenme haty (Soralýan
karzyň möçberi, möhleti (bar bolsa ýeňillikli döwri), göterim derejesi, karar
belgisi (12446 ýa-da 942), maksady w.ş.m. görkezmeli) |
-
Işewürlik meýilnamasy (Biznes plan) (Amala aşyrýan işinden gazanjak peýdasy, çykdaýjylary,
ödeýjiligini hasaplap, karzyň gaýtarylyşy, taslamanyň pul akymynyň aýlanşygy
iş meýilnamada giňişleýin görkezmeli) |
-
Gollarynyň we möhür yzlarynyň nusgasylarynyň kepillendiriş edarasy
tarapyndan kepillendirilen kartoçkasy (TTPTB-yň
müşderisi däl bolsa talap edilýär) |
-
Karz alyjynyň hukuk belleýji resminamalary |
-
Karzlaşdyryljak işiniň ýerleşýän ýeriniň resminamasy |
-
Maliýe
resminamalar |
-
Şertnamalaryň, hasap-fakuralaryň nusgasy (Karzyň
hasabyna. satyn alynýan harydyň şertnamasy we beýleki maglumatlary (hasap
fakturalary, laýyklyk sertifikaty, gümrük beýannamasy) |
-
Girewe degişli resminamalar |
-
|
-
Taýýar önümi/hyzmady satmak barada edilen geleşikler (bar
bolsa şertnamalar, ýa-da potensial satyn alyjylar barada maglumat) |
* Bellik: Resminamalaryň ählisi müşderi
tarapyndan möhür bilen tassyklanmaly.
*
Bellik: Zerur halatynda Bank karz alyja habar bermezden resminamalaryň sanawyny
üýtgetmäge we goşmaça resminamalary talap etmäge hukugy bardyr.
Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 93-83-51/93-50-85/93-03-37/93-03-39/93-67-99