Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky: döwrebap bank hyzmatlary

Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky: döwrebap bank hyzmatlary

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan bank ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär. Karz edaralarynyň işini netijeli guramakda bank amallarynyň kämilleşdirilmegi, maliýe hasabatynyň halkara standartlaryna geçirilmegi, täze innowasiýaly tehnologiýalarynyň we programma üpjünçilikleriniň ornaşdyrylmagy bu ugurlarda usuly resminamalaryň taýýarlanylmagyny, işgärleriň hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny, ýurduň bank ulgamyny ösdürmekde dünýäniň ösen banklarynyň iş tejribesiniň öwrenilmegini we olary milli ýörelgeler bilen utgaşdyryp amala aşyrylmagyny döwrüň möhüm talaby hökmünde bellenilýär.

Türkmenistanda milli töleg ulgamyny ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň       2011-2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» töleg ulgamyny ösdürmek, onuň netijeliligini, ygtybarlylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly esasy wezipeler kesgitlenendir.

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli maliýe-ykdysady syýasaty netijesinde ýeňillikli salgyt syýasatynyň ýöredilmegi, ilata ýeňillikli karzlaryň berilmegi eýeçiligiň dürli görnüşlerinde täze düzümleri hem-de iş orunlaryny emele getirmäge, kärhanalaryň öz-özüni maliýeleşdirmek ýörelgelerine geçmek arkaly önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmaga, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge, önümiň özüne düşýän gymmatyny peseltmäge, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga, ylmyň, tehnikanyň, innowasion tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylyşyny çaltlaşdyrmaga we halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny barha ösdürmäge giň mümkinçilikler döredilýär.

Sazlaşykly ösýän ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasaty türkmen halkynyň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Häzirki döwürde ýurdumyzda asuda durmuşy pugtalandyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak ugrunda alnyp barylýan beýik özgertmeler dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldaw tapýar.

Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan hem ýurdumyzda alnyp barylýan syýasatyň çygrynda ýaşlary goldamak, olaryň döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmek, hünärlerini kämilleşdirmek babatda amatly mümkinçilikleri döretmek maksady bilen, karzlar berilýär. «Talyp karzy» – Türkmenistanda ýokary we ýörite okuw jaýlarynda tölegli esasda bilim alýan Türkmenistanyň raýatlary bolan talyplara berilýän maksatlaýyn karzdyr. Bu görnüşdäki karzlar okuwyň tölegini okuw ýylyna görä bölekleýin görnüşinde ýyllyk 5 göterim bilen nagt däl görnüşinde berilýär. Karzyň bu görnüşi babatda düşündiriş işleri geçirilip, olar boýunça ilatyň ýüz tutmalary esasynda karzlar resmileşdirilýär. Mundan başga-da raýatlaryň karz üçin ýüztutmalaryny «online» görnüşde kabul etmek boýunça hem işler alnyp barylýar.

Şeýle hem, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary boýunça, durmuş guran ýaş maşgalalara, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen zerur bolan öý goşlaryny we hojalyk harytlaryny satyn almak üçin, ýyllyk 1 göterim bilen 3 ýyl möhlete 20 000 manat möçberinde ýeňillikli nagt we nagt däl görnüşinde karz serişdeleri berilýär. 2025-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynyň dowamynda ýaş maşgalalara öý goşlaryny we hojalyk harytlaryny satyn almak üçin 200 müň manat möçberinde karz serişdeleri berildi.

Bulardan başga-da, Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan raýatlara sarp ediş maksatly karzlaryň berilmegi dowam etdirilýär. 2025-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynyň jemi boýunça 7 128,60 müň manat möçberinde raýatlara sarp ediş karzlary berildi.

Raýatlara melleginde (kömekçi hojalygynda, bölünip berlen ýer böleginde) ekerançylyk we maldarçylygy ösdürmek maksady bilen, oba hojalyk önümlerini ösdürmek, esasy we dolanyşyk serişdelerini edinmek hem-de iri önümçilikler üçin zerur bolan ýerli çig mallary öndürmek maksady bilen kiçi göwrümli karzlar 3 ýyla çenli möhlete, ýyllyk 10 göterim bilen 30 000 manat möçberinde, karzyň esasy bergisi boýunça 6 aý ýeňillikli döwri bilen berilýär.

Banklarda hereket edýän pul-karz syýasatyny kämilleşdirmek barada dowamly işler alnyp barylýar. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» ykdysadyýetimiziň durnukly we ýokary depginli ösüşini üpjün etmekde hususy pudagy ösdürmeklige hem aýratyn orun degişlidir. Şu nukdaýnazardan ugur alyp ýurdumyzda telekeçiligi has-da ösdürmek, şeýle hem Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça Döwlet maksatnamalarda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde telekeçilik işini amala aşyrýanlara döwlet tarapyndan giňden goldaw bermekde maliýe çäreleri geçirilýär.

«Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda ýeňillikli karz serişdeleri berilýär. Bu karzlaryň esasy maksatlary kiçi we orta telekeçilige degişli taraplaryň önümçilik, innowasiýa hem-de maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak we olaryň önümçiligini ösdürmek, täze iş ýerlerini döretmek bilen bagly maýa goýum taslamalaryny karz serişdeleri bilen üpjün etmekdir. Bu görnüşli karzlar kiçi we orta telekeçilige degişli taraplara önümleri öndürmek, işleri hem-de hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen bagly maýa goýum taslamalary üçin 10 ýyla, dolanyşyk serişdelerini almak üçin 1 ýyla çenli möhlete ýyllyk 5 göterim bilen berilýär.

Şeýle hem «Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň kararyna laýyklykda oba hojalyk maksatly karzlar berilýär. Oba hojalyk önümlerini öndürijilere karzlar oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny we abzallaryny hem-de oba we suw hojalygynda ulanylýan ekskowatorlary hem-de buldozerleri, suwy tygşytlaýjy tehnikalary, enjamlary, suwaryşda ulanylýan geçirijileri satyn almak üçin ýyllyk 1 göterim bilen, olaryň ulanyş möhletinden ugur alyp, 10 ýyla çenli möhlete hem-de maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmek, olary saklamak, gaýtadan işlemek we hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen bagly maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek, şeýle hem esasy serişdeleri we emläkleri satyn almak üçin ýyllyk     5 göterim bilen 10 ýyla çenli möhlete ýeňillikli karzlar berilýär.

Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik bankynyň önümçilik maksatly karzlary ýurdumyzda önümçiligi, hususan-da telekeçiligi ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Bank tarapyndan häzirki wagtda maýa goýum taslamalary üçin, dolanyşyk serişdelerini edinmeklik üçin, hyzmatlary ýola goýmaklyk üçin karzlaryň berilmegi dowam etdirilýär hem-de karz ulgamyny kämilleşdirmekde gerekli çäreler giň gerim bilen alnyp barylýar we ýylsaýyn kämilleşdirilýär. Bankyň içerki düzgünnamalaryna laýyklykda, bankyň hususy serişdesiniň hasabyna edara görnüşli taraplara we hususy telekeçilere önümçilik maksatly karzlarberilmegi dowamly alnyp barylýar. Karzlar önümçilik maksatly maýa goýum taslamalaryna şeýle hem önümçilik bilen bagly dolanyşyk serişdelerini satyn almaga 10 ýyla çenli möhlete, ýyllyk 8 we 10 göterim bilen berilýär. Işewürligi ýola goýmak maksady bilen, kiçi we orta telekeçiligi goldamak hem-de ösdürmek boýunça, ýerli haryt öndürijileri goldanýar. Önümçilik bilen meşgullanýan hususy ulgama we telekeçilere eksport üçin öndürýän önümleriniň önümçiligini giňeltmeklige we ýerli haryt öndürijileriň sanyny artdyrmakda ýeňillikli önümçilik karzlary berilmegi dowam etdirilýär. Muňa mysal edip, Aşgabat şäherinde ýüplük önümçiligini, Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynyň Garagum daýhan birleşiginde ýumurtga önümçiligini, Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Senagat zolagynda «Röwşen» hususy kärhanasynyň aýakgap önümçiligini görkezip bolar.

Döwlete dahylsyz kärhanalara, hususy telekeçilere 2025-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynyň dowamynda jemi 41 530,43 müň manat möçberinde karz serişdeleri berildi, şol sanda, önümçilik we önümçiligi giňeltmek maksady bilen berlen karz serişdeleriniň möçberi 622,13 müň manada deň boldy.

Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi bilen bir hatarda Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky hem öz işjeňligini alyp barýar.

Ýurdumyzda pul dolanyşygynyň netijeliligini has-da kämilleşdirmek üçin bank ulgamy dünýäniň öňdebaryjy tilsimatlaryna esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary ýaýbaňlandyrmak boýunça iri söwda nokatlarynda töleg terminallarynyň ornaşdyrylmagy dowam etdirilýär. Bankymyz tarapyndan nagt däl hasaplaşyklar ulgamynyň ösdürilmegi ylmyň iň soňky gazanan innowassion tehnologiýalaryň ornaşdyrylyp, bank hyzmatlaryny internet arkaly ýerine ýetirip bilmekligi ýola goýup, ýurdumyzyň raýatlaryna kämil bank hyzmatlaryny hem hödürleýär. Bank tarapyndan halka edilýän hyzmatlaryň göwrümini giňeltmek maksady bilen şahsy we ýuridiki taraplaryň maddy we bank hyzmatlaryna bolan islegleri öwrenilip, zerurlygy nazara alnyp, täze hyzmatlaryň görnüşlerini hödürlemek ýola goýulýar.

Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan hem sanly ykdysadyýete geçmekde nagt däl hasaplaşyklary ösdürmek ugrunda yzygiderli işleri alnyp barylýar. Sanly ulgam arkaly karz almaga isleg bildirýän raýatlara «online» tertipde ýüz tutmaklary üçin bankyň turkmenturkbank.com.tm resmi internet sahypasynyň üsti bilen ol hyzmatlardan peýdalanmaklyga mümkinçilikler döredilendir.

Bulardan başga-da, menzilara bank hyzmatlary hem ýola goýlup, fiziki we ýuridik şahslara ýurduň içindäki tölegleriň elektron usulda geçirilip berilmegi bank edarasyna barmazdan müşderiler öz hasaplarynyň galyndylaryny hem-de hasaplarynyň hereketleriniň göçürmelerini alyp bilýärler. Sanly ulgama geçmekligiň çäklerinde häzirki wagtda bank hyzmatlarynyň hili boýunça «Elektron söwda», «Internet-bank», «Mobil-bank» ýaly bank önümleri bank işjeňliginiň esasy görkezijileriniň biri bolup durýar. Şu günki gün şular ýaly sanly bank hyzmatlary müşderileriň ünsüni diýseň özüne çekýär we bu hyzmatyň giň mümkinçiliklerinden peýdalanýan müşderileriň sany günsaýyn artýar. «Internet-bank» we «Mobil-bank» hyzmatlarynyň aýratynlygy müşderileriň özlerine degişli bolan bank amallaryny günüň islendik wagtynda we islendik ýerinde ýerine ýetirip bilmeginde jemlenýär.

Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan sanly ulgama geçmekligiň häzirki wagtynda hem-de nagt däl hasaplaşyklaryň jemi esasynda 2025-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda «Internet bank» hyzmatyna birikdirilen müşderileriň sany   13,5 müňe barabar boldy we «Mobil bank» hyzmatyna birikdirilen müşderileriň sany 1,4 müňe ýetdi. 2025-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda bank kart ulgamynda nagt däl hasaplaşyklaryň umumy pul möçberi 194,0 mln. manada ýetip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 12 göterim ýokarlandy.

Sazlaşykly ösýän Türkmenistanda alnyp barylýan döwlet syýasaty türkmen halkynyň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Häzirki döwürde ýurdumyzda asuda durmuşy pugtalandyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmek ugrunda alnyp barylýan beýik özgertmeler dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldaw tapýar.

Türkmen halkynyň abadançylygy, rowaçlygy ugrunda ýadawsyz tagallalar edýän, ýurdumyzyň halkara abraýyny dünýä jemgyýetçiligine ykrar etdirmegi başaran,     dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde, şeýle-de bize şeýle ajaýyp zamanada netijeli işlemäge şert döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň     hem-de Hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň ömürleri uzak, janlary sag, başlary dik bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

 

Kakageldi Bekdurdyýew,

Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik bankynyň

Maliýe hasabatlary we ylmy-önümçilik bölüminiň müdiri