“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dostlukly
döwletleriň Baştutanlarynyň birinji üçtaraplaýyn sammiti geçirildi
14.12.2022
Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk
zolagynyň Kongresler merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň,
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň hem-de Türkiýe
Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gatnaşmagynda birinji
üçtaraplaýyn sammit geçirildi.
Ýurdumyz halkara hyzmatdaşlygyň
meselelerinde işjeň orny eýelemek bilen, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda
netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça anyk başlangyçlary öňe sürýär.
Parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, ykdysadyýet, energetika, ulag,
ekologiýa, ynsanperwer ulgamy, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ýaly möhüm
ulgamlara degişli bu teklipleriň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan doly
goldanylmagy olaryň möhümdigine şaýatlyk edýär.
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ýokary
derejedäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň yzygiderli geçirilýän ýeri hökmünde
çykyş edýär. Bu duşuşyklar we gepleşikler uzak möhletleýin geljegi nazara almak
bilen, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna has oňaýly çemeleşmeleri işläp
taýýarlamaga mümkinçilik berýär.
Soňky ýyllarda halkara hyzmatdaşlygyň
merkezi hökmünde ykrar edilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda munuň üçin
ähli şertler, şol sanda zerur infrastruktura döredildi. Şu gezekki sammitiň
Hazaryň kenarynda geçirilmeginiň aýratyn manysy bardyr. Hazar sebiti ägirt uly
kuwwata eýe bolup, Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky baglaýjy köprüdir. Munuň
özi ugurlaryň giň gerimi boýunça netijeli hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleri
emele getirýär.
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilikli,
döredijilikli daşary syýasaty durmuşa geçirip, ähli döwletler bilen
gatnaşyklaryny deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we hoşniýetli erk ýörelgeleri
esasynda ýola goýýar. Ata Watanymyz hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda bu ugra gyşarnyksyz eýermegini dowam edip,
özüniň daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen netijeli özara gatnaşyklar üçin hemişe
açykdyr. Şolaryň hatarynda doganlyk Türkiýe we Azerbaýjan hem bar. Şol
ýurtlaryň halklary bilen türkmen halkyny asyrlaryň dowamynda kemala gelen
medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy baglanyşdyrýar.
Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk,
döwletara derejede bolşy ýaly, sebitleýin we halkara giňişlikde hem depginli
ösdürilip, strategik häsiýete eýedir. Hyzmatdaşlygyň üçtaraplaýyn görnüşi däp
bolan dostlukly, ynanyşykly gatnaşyklary pugtalandyrmak, özara netijeli
hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.
Türkmenistan, Azerbaýjan hem-de Türkiýe
hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwatyna eýedirler. Olaryň geografik we geosyýasy
taýdan amatly ýerleşmekleri bu hyzmatdaşlygy has doly derejede amala aşyrmaga
şert döredýär. Şoňa görä-de, türkmen tarapynyň başlangyjy bilen geçirilýän şu
gezekki sammit aýratyn ähmiýete eýedir we netijeli hyzmatdaşlygy mundan
beýläk-de ösdürmäge, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilendir.
Şunuň bilen baglylykda, sammitiň öňüsyrasynda “Awaza” milli syýahatçylyk
zolagynda üç ýurduň energetika, ulag we daşary işler ministrleriniň derejesinde
duşuşyklaryň geçirilendigini bellemek gerek. Olaryň dowamynda sammite taýýarlyk
görmek, onuň gün tertibine çykarylan meseleleri we gol çekilmäge taýýarlanylan
resminamalary ylalaşmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ir bilen Azerbaýjan Respublikasynyň
Prezidenti Ilham Aliýew we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp
Ärdogan Awazadaky Kongresler merkezine geldiler.
Bu ýerde sammitiň öňüsyrasynda, Türkmenistanyň
Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki
dostlukly döwletiň Baştutanlary bilen duşuşdy.
Şeýle hem bu ýerde hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow forumyň öňüsyrasynda azerbaýjan we türk kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn
duşuşyklary geçirdi.
Sammitiň resmi banneriniň öňünde bilelikde
surata düşmek dabarasyndan soňra, Kongresler merkezinde çäkli düzümde ýokary
derejedäki üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewi we Prezident Rejep Taýyp Ärdogany
mübärekläp, şu gezekki duşuşygyň şeýle görnüşdäki ilkinji duşuşykdygyny belledi
hem-de onuň biziň doganlyk halklarymyzyň we döwletlerimiziň arasyndaky
gatnaşyklaryň hil taýdan täze tapgyrynyň binýadyny tutjakdygyna ynam bildirdi.
Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary
boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda sammitiň üçtaraplaýyn syýasy-diplomatik
gatnaşyklary pugtalandyrmaga, söwda-ykdysady, maýa goýum, medeni-ynsanperwer
ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilik berjekdigi nygtaldy.
Şeýle hem üç dostlukly ýurduň halkara
düzümleriň çäklerinde, hususan-da, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Ykdysady
Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Goşulyşmazlyk
Hereketiniň we beýleki düzümleriň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň ägirt uly
kuwwata eýedigi bellenildi. Şunda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň
özara bähbitlere, şeýle hem sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy,
abadançylygy we ösüşi üpjün etmegiň maksatlaryna laýyk gelýän hyzmatdaşlygy
depginli we hemmetaraplaýyn ösdürmegi maksat edinýändikleri tassyklanyldy.
Bellenilişi ýaly, türkmen, azerbaýjan we
türk halklaryny taryhyň dowamynda köp zatlar baglanyşdyryp gelýär. Özara
gatnaşyklary pugtalandyrmagyň zerurdygyna düşünmek, dünýä syýasatynyň esasy
meýilleri bilen baglylykda, uzak möhletleýin bähbitleriň gabat gelmegi,
söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly kuwwatyň
bolmagy häzirki döwürde ýurtlarymyzyň esaslanýan binýadydyr. Şu günki duşuşyk
üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypany açyp, umumy rowaçlygyň
bähbidine tagallalary birleşdirmäge ygrarlylygy görkezýär.
Soňra sammit üç ýurduň wekiliýetleriniň
gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň
Prezidentlerini hem-de wekiliýetleriň agzalaryny ýene-de bir gezek mübärekläp,
şu gezekki duşuşyga gatnaşmaga çakylygy kabul edendikleri üçin hemmelere
minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, şu günki sammit
doganlyk döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň bozulmazdygyny,
garaýyşlarymyzyň birdigini, hyzmatdaşlyk etmäge we arkalaşmaga taýýardygymyzy
tassyklaýar.
Eger men ýurtlarymyzyň Prezidentleriniň
arasyndaky gatnaşyklaryň nusgalykdygyny aýtsam, hakykatdan daş düşdügim bolmaz
diýip pikir edýärin. Bu gatnaşyklar aýratyn mähirliligi we ýürekdeşligi,
ynanyşmagy, doly açyklygy bilen tapawutlanýar. Bu bolsa bize ähli ugurlarda,
ýagny syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlarda üçtaraplaýyn gatnaşyklarymyzy ynamly
hem-de netijeli ösdürmäge we kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär diýip, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.
Häzirki döwürde Türkmenistan, Azerbaýjan
Respublikasy we Türkiýe Respublikasy ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy
hem-de howpsuzlygy gorap saklamak we pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýärler.
Birleşen Milletler Guramasynda, Türki Döwletleriň Guramasynda, Ykdysady
Hyzmatdaşlyk Guramasynda, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynda we beýleki möhüm
halkara forumlarda biziň ýurtlarymyzyň sesi ynamly hem-de abraýly ýaňlanýar.
Biziň ýurtlarymyz sebit meselelerinde hem
netijeli hyzmatdaşlyk we özara düşünişmek ýörelgelerini yzygiderli hem-de
tutanýerli öňe sürýärler. Olaryň garaýyşlary sebit işlerini ösdürmäge örän oňyn
täsirini ýetirýär.
Biz döwletara gatnaşyklarda halkara
hukugyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň ykrar edilen
kadalarynyň, özara hormatlamak, deňhukuklylyk we adalatlylyk ýörelgeleriniň
dabaralanmagy ugrunda çalyşýarys hem-de köp iş edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz
nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň,
Azerbaýjanyň we Türkiýäniň şu günki duşuşygyna biz doly esas bilen, ykdysady
ulgamda ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygy babatda möhüm waka hökmünde garaýarys
diýip, sözüniň dowamynda türkmen-azerbaýjan söwda-ykdysady gatnaşyklaryna ünsi
çekdi. Bu gatnaşyklar yzygiderli we özara bähbitli deňhukukly esasda ösdürilip,
soňky döwürde düýpli işjeňleşdirildi. Iki tarap hem hyzmatdaşlygyň
netijeliligini ýokarlandyrmagyň, geljegi uly bolan ugurlara çykmagyň usullaryny
işjeň ulanýar. Şu ýylyň 10 aýynyň jemleri boýunça iki ýurduň arasynda haryt
dolanyşygy bäş essä golaý artdy.
Hazar deňzindäki «Dostluk» uglewodorod
ýatagyny bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň
Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda geçen ýylyň
ýanwarynda özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekilmegi möhüm waka boldy. Bu
ýagdaý Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Hazar deňzindäki energetika
hyzmatdaşlygynyň düýbünden täze tapgyrydygy bilen tapawutlanýar. Munuň özi
pugta halkara hukuk binýady esasynda bilelikde işlemek üçin örän giň
mümkinçilikleri açýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. «Dostluk» ýatagynda
bilelikde işlemek barada gazanylan ylalaşyklar özara goýulýan çuňňur hormata,
hakyky hoşniýetli goňşuçylyga, deňhukuklylyga we birek-biregiň bähbitleriniň
hasaba alynýandygyna şaýatlyk edýär.
Türkiýe Respublikasy hem köp ýyllardan
bäri Türkmenistanyň örän möhüm söwda-ykdysady hyzmatdaşy bolup durýar. Şunuň
bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň
depgininiň durnukly ösüşini belledi.
Üç döwletiň mümkinçilikleriniň
birleşdirilmegi, bilelikdäki serişdeleriň, geografik, tehnologik
mümkinçilikleriň ulanylmagy diňe bir biziň ýurtlarymyzyň milli
ykdysadyýetlerini ösdürmäge güýçli ýardam etmän, eýsem, bütin Ýewraziýa
giňişliginde geoykdysady düzümlere täze dörediji many-mazmun we häsiýet hem
berer diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady. Gürrüň, ozaly bilen, energetika hem-de ulag ýaly
strategik ugurlar barada barýar.
Halkara energetika hyzmatdaşlygy ulgamynda Türkmenistan, Azerbaýjan we
Türkiýe energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň sazlaşykly, köp
görnüşli ulgamyny döretmek ugrunda çykyş edýärler. Munuň özi köptaraply
bähbitleri hasaba almak bilen, bu ulgamlaryň ugurlaryny diwersifikasiýa etmäge,
olaryň işlemeginiň anyk we aýdyň ülňülerine esaslanmalydyr. Ygtybarlylyk hem-de
howpsuzlyk kepillendirmelerine daýanmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Biziň tebigy gazy Türkmenistandan we Azerbaýjandan Türkiýä, soňra bolsa dünýä
bazarlaryna ibermekde hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky bilelikdäki
başlangyçlarymyza hut şunuň bilen baglylykda seretmelidiris.
Ulag hyzmatdaşlygy beýleki bir örän möhüm ugur bolup durýar. Biz Aziýanyň
we Ýewropanyň arasynda öz ýurtlarymyzyň üstünden geçýän üstaşyr ulag
geçelgelerini döretmegiň bilelikdäki strategiýasyna daýanýan üçtaraplaýyn
ysnyşykly hyzmatdaşlygyň zerurdygy baradaky pikire goşulýarys diýip, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Türkmenistan - Azerbaýjan - Türkiýe täze ulag geçelgesi geljegi uly bolan
taslamalaryň birine öwrülip biler. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy şu
ugur boýunça ýük daşamaga amatly bolmagy üçin, ýeke-täk logistik merkezi
döretmek baradaky meselä seretmegi teklip edýär.
Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, Gündogar — Günbatar ugry boýunça
ygtybarly ulag köprüsini döretmekde Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň
esasy orny eýelemelidigine ynam bildirdi. Bu ugurdaky bilelikdäki
tagallalarymyz köp babatda beýleki halkara hyzmatdaşlar, iri maýa goýujylar
bilen ylalaşyklary gazanmaga ukyplydyr.
Şeýle hem halkara giňişlikde ylalaşylan ulag diplomatiýasyny has
maksadaokgunly alyp barmak zerurdyr. Bu diplomatiýa bolsa ýöriteleşdirilen
düzümler bilen işjeň hereketleri göz öňünde tutýar. Hususan-da, gürrüň Birleşen
Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy (ÝYK), bu guramanyň Aziýa we
Ýuwaş umman üçin Ykdysady we Durmuş Komissiýasy (ESKATO), Halkara awtomobil
ulaglary birleşigi hem-de beýleki düzümler barada barýar.
Söwda, senagat kooperasiýasy ulgamlarynda, beýleki möhüm ugurlarda
üçtaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek ýaly düýpli meseleden hem çetde durulmaly
däldir.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, bu ugurda
hoşniýetli goňşuçylygyň bilelikdäki gowy tejribesine hem-de däplerine daýanyp,
biz hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyza talabalaýyk itergi bermäge ukyplydyrys.
Işewür bileleşikleriň arasynda täze gatnaşyklary açmalydyrys we işjeň
peýdalanmalydyrys, ýurtlarymyzyň çäklerinde taslamalara bilelikdäki maýa
goýumlaryny höweslendirmelidiris.
Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň ykdysady mümkinçiligi doly
netije bermegi üçin ulanylmalydyr. Dünýä ösüşiniň häzirki meýillerine we esasy
ugurlaryna, ozaly bilen, onuň tehnologik, sanly, ekologik taraplaryna
gönükdirilmelidir. Ýurtlarymyzyň arasynda durnukly ykdysady geçelgeleri
döretmäge işjeň girişmegiň wagty geldi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sammite gatnaşyjylara ýüzlenip, dünýäde
ýönekeý bolmadyk ýagdaýlaryň bolup geçýän häzirki döwründe halklarymyzyň
arasyndaky özara düşünişmegi we dostlugy berkitmegiň örän möhümdigini belledi.
Şu meselede medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk, döredijilik we ylmy işgärleriň,
talyp ýaşlaryň hem-de mekdep okuwçylarynyň, türgenleriň gatnaşyklary aýratyn
orny eýelemelidir. Parlamentara hyzmatdaşlyga-da möhüm wezipe degişlidir. Şeýle
gatnaşyklary döwlet tarapyndan goldamak geljege goşantdyr. Häzirki döwürde
bilelikdäki tagallalarymyz arkaly, şol sanda şu duşuşygyň barşynda emele gelýän
däpleriň miras geçmeginiň we dowam etmeginiň berk kepilidir diýip, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.
Çykyşynyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz bu hyzmatdaşlygyň ýurtlarymyzyň
arasyndaky gatnaşyklaryň ýyl ýazgysyna aýdyň sahypa bolup girjekdigine,
hyzmatdaşlygymyzy giňeldip, baýlaşdyrjakdygyna, munuň üçin täze mümkinçilikleri
açjakdygyna, türkmen, azerbaýjan we türk halklarynyň bozulmaz doganlygynyň
hem-de agzybirliginiň berkdiginiň aýdyň şaýadyna öwrüljekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan
Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe söz berdi.
Azerbaýjanyň Baştutany şu ýyl biziň ýurdumyza ikinji gezek sapar bilen
gelendigini belläp, döwlet Baştutanymyza sammitiň ýokary guramaçylyk derejesi
hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirdi.
Türkmenistanyň durnukly we okgunly ösüş ýoly bilen täze belentliklere tarap
hereketiniň şaýady bolýandygymyz, onuň gazananlaryny gözümiz bilen
görýändigimiz bizi şatlandyrýar diýip, Prezident Ilham Aliýew belledi.
Nygtalyşy ýaly, Azerbaýjan, Türkmenistan we Türkiýe halklarynyň gelip
çykyşy, ruhy we medeni kökleri, umumy ahlak gymmatlyklary bilen
baglanyşyklydyr. Biz, hakykatdan-da, halklarymyzyň örän baý taryhy-medeni
mirasyna hem-de olaryň adamzat siwilizasiýasyna goşan uly goşandyna buýsanýarys
diýip, Azerbaýjan Respublikasynyň Baştutany aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, üç
ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejesi kanagatlanma bilen bellenildi.
Prezident Ilham Aliýew azerbaýjan-türkmen hyzmatdaşlygy meselesine degip
geçmek bilen, 2017-nji ýylda Strategik hyzmatdaşlyk hakynda bilelikdäki Jarnama
gol çekilendigini ýatlatdy.
Biziň ýurtlarymyz şeýle hem halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, Yslam
Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, ÝHHG-niň çäklerinde
üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler hem-de birek-birege goldaw berýärler.
Häzirki wagtda taryhy gatnaşyklara daýanýan biziň özara hyzmatdaşlygymyz
söwda-ykdysady, ulag-logistika we beýleki ulgamlarda döwletara gatnaşyklaryň
işjeňleşdirilmegine ýardam berýär. Şu ýyl Azerbaýjan Respublikasy bilen
Türkmenistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy bäş esse artdy.
Belent mertebeli myhmanyň belleýşi ýaly, Azerbaýjan, Türkmenistan we
Türkiýe ulag we logistika ulgamlarynda, bu ugurda taslamalary durmuşa
geçirmekde uly üstünlikleri gazandylar, munuň özi netijeli hyzmatdaşlyk üçin
täze mümkinçilikleri açýar.
Azerbaýjan Lideri çykyşynyň ahyrynda şu gezekki üçtaraplaýyn sammitiň
ähmiýetini ýene-de bir gezek nygtap, şeýle duşuşyklaryň geljekde hem yzygiderli
ýagdaýda geçiriljekdigine hem-de olaryň biziň doganlyk ýurtlarymyzyň arasynda
gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam etjekdigine umyt bildirdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň
Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana söz berdi.
Belent mertebeli myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip
hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy ýakynda bellenilen
Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady.
Bellenilişi ýaly, Türkiýe özara bähbitli üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan
beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjek şu gezekki sammitiň ähmiýetine uly
ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Rejep Taýyp Ärdogan şu günki
duşuşygyň dowamynda gol çekilmegine taýýarlanylan resminamalaryň möhümdigini
aýtdy.
Türkiýe şeýle hem halkara düzümleriň, şol sanda Türki Döwletleriň
Guramasynyň çäklerinde üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly üns
berýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň TDG-niň Ýaşulular geňeşiniň
agzalygyna saýlanmagy uly ähmiýetli şert bolup durýar.
Energetika we ulag ulgamlary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň
hatarynda kesgitlenildi. Ulag geçelgelerini ösdürmek we netijeli peýdalanmak
boýunça hyzmatdaşlykda ýurtlarymyzyň artykmaçlyklarynyň peýdalanylmagyna uly
ähmiýet berilýär. Türk Lideri şeýle hem özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini
artdyrmak üçin tagallalary birleşdirmegiň zerurdygy baradaky pikiri beýan etdi.
Prezident Rejep Taýyp Ärdogan ýurtlarymyzda bar bolan strategik
mümkinçilikleriň esasynda üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyryljakdygyna
ynam bildirdi, şol mümkinçilikler umumy bähbitler üçin doly derejede herekete
getirilmelidir.
Türkiýäniň Baştutany türki döwletleriň ýaşlarynyň arasynda ýakyn
gatnaşyklaryň höweslendirilmegini hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri
hökmünde görkezdi, munuň özi olaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň
pugtalandyrylmagyna ýardam berer.
Sözüniň ahyrynda türk Lideri Türkmenistanyň Baştutanyna myhmansöýerlik we
sammitiň ýokary guramaçylyk derejesi üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow duşuşygyň netijelerini jemläp,
belent mertebeli myhmanlara üçtaraplaýyn sammite gatnaşmak üçin Türkmenistana
sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendikleri hem-de many-mazmunly
çykyşlary üçin minnetdarlyk bildirdi.
Soňra resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Duşuşygyň jemleri boýunça Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we
Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitiniň Bilelikdäki
Beýannamasy kabul edildi, onda üç ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary
derejesi kanagatlanma bilen bellenilýär, geljekde hem köptaraplaýyn strategik
hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, parahatçylygy, howpsuzlygy we
durnuklylygy üpjün etmek, ählumumy we sebit derejelerinde ynanyşmak hem-de
özara düşünişmek ýagdaýyny emele getirmek maksady bilen halkara giňişlikde
netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga taýýarlyk beýan edilýär.
Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda
Türkmenistanyň Hökümetiniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň we Türkiýe
Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; 2023 — 2025-nji ýyllar üçin
ylym, bilim we medeniýet babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň
Hökümetiniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň we Türkiýe Respublikasynyň
Hökümetiniň arasynda Çarçuwaly maksatnama; Gümrük hyzmatdaşlygy boýunça
bilelikdäki konsultatiw topary döretmek barada Türkmenistanyň Hökümetiniň,
Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň
arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Energetika babatda hyzmatdaşlygy
mundan beýläk-de ösdürmek hakynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň, Azerbaýjan
Respublikasynyň Energetika ministrliginiň we Türkiýe Respublikasynyň Energetika
we tebigy serişdeler ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Ulaglar babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada Türkmenistanyň
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň,
Azerbaýjan Respublikasynyň Sanly ösüş we ulag ministrliginiň we Türkiýe
Respublikasynyň Ulag we infrastruktura ministrliginiň arasynda özara düşünişmek
hakynda Ähtnama gol çekildi.
Sammit tamamlanandan soňra, üç ýurduň daşary syýasat edaralarynyň
ýolbaşçylary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş
edip, duşuşygyň jemleri barada habar berdiler. Bellenilişi ýaly,
Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň
Prezidentleriniň şu gezekki duşuşygy, hakykatdan-da, taryhy waka, biziň döwletlerimiziň
we halklarymyzyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mizemezdiginiň aýdyň
subutnamasy boldy. Sammitiň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň hem-de gol
çekilen resminamalaryň özara bähbitli üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygy yzygiderli
pugtalandyrmak we giňeltmek, ony täze, geljegi uly ugurlara çykarmak, dünýädäki
häzirki dörän ýagdaýlar bilen baglylykda örän möhüm syýasy, ykdysady, durmuş we
ynsanperwer ähmiýete eýe bolýan Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek üçin
ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigi bellenildi.
Sammitiň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Azerbaýjan Respublikasynyň we
Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleri Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa
menziline bardylar we Türkmenistandan ugradylar.
Şeýlelikde, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçen ýokary derejedäki
üçtaraplaýyn duşuşyk Bitarap Türkmenistanyň taraplaryň özara bähbitlerine,
ählumumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan
beýläk-de ösdürmek meselelerine öňdengörüjilikli we başlangyçly çemeleşýändigini
ýene-de bir gezek görkezdi. Sammitde ýurdumyzyň öňe süren netijeli teklipleri
munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu teklipler hyzmatdaşlygyň köpugurly kuwwatyny has
doly derejede durmuşa geçirmäge, taryhyň dowamynda kemala gelen dostluk we
doganlyk däplerine esaslanýan döwletara gatnaşyklary häzirki döwrüň
ýagdaýlaryna laýyk gelýän hil taýdan täze sepgitlere çykarmaga gönükdirilendir.
Türkmenistanyň
Döwlet habarlar agentligi