Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aşgabat
atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
28.09.2025
Şu gün
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34
ýyllygy mynasybetli döwrebaplaşdyrylan Aşgabat atçylyk sport toplumynda guralan
baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy. Şu gezekki baýramçylyk at çapyşygynyň
döwrebaplaşdyrylan atçylyk sport toplumynda geçirilmeginiň aýratyn many-mazmuna
eýedigini bellemek gerek. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan bäri
bu ýerde şanly seneler mynasybetli dürli at çapyşyklary geçirilip gelinýär.
Munuň özi halkymyzyň geçmiş taryhyna, ata-babalarymyzyň köpasyrlyk
däp-dessurlaryna ygrarlylygyň nyşanydyr.
Türkmen
topragynda kemala getirilip, umumadamzat gymmatlyklarynyň hataryndan orun alan
ahalteke bedewleri Ýer ýüzünde bar bolan tohum atlaryň arasynda iň
naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Häzirki döwürde behişdi bedewlerimiz Garaşsyz,
hemişelik Bitarap Watanymyzyň ýeten belent sepgitleriniň nyşanyna öwrüldi.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda we tutuş dünýäde ahalteke atlarynyň
şan-şöhratyny artdyrmak, milli seýisçilik sungatyny has-da kämilleşdirmek
boýunça zerur işler alnyp barylýar. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar
toparynyň Monte-Karloda geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli
çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolmagy hem bu
ugurda amala aşyrylýan işleriň ajaýyp netijesidir.
Gahryman
Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly
Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň atçylyk pudagyny ösdürmek we milli
atşynaslygyň däplerini dünýä ýaýmak, şol sanda ahalteke bedewleriniň tohum
arassalygyny gorap saklamak babatda yzygiderli işler alnyp barylýar. Köpetdagyň
ajaýyp künjeginde bina edilen Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara
atçylyk akademiýasynyň döredilmegi-de munuň bir mysalydyr. Bu ýokary okuw
mekdebinde atçylyk pudagy üçin ýokary bilimli hünärmenler taýýarlanylýar. Şunuň
bilen bir hatarda, Arkadag şäherinde «Taýçanak» binasynyň gurulmagy, şäheriň
şaýollarynyň biriniň “Ahalteke atlary şaýoly” diýlip atlandyrylmagy bedewlere
goýulýan hormat-sarpanyň nobatdaky aýdyň beýanyna öwrüldi.
Behişdi
bedewleriň milli atçylyk sungatyny gorap saklamak, öwrenmek we ösdürmek, onuň
gözbaşy müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän baý däplerini dowam etdirmek,
atçylyk sportuny höweslendirmek, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly
hyzmatdaşlar bilen bu pudakda netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça alnyp
barylýan giň gerimli işlerde 2010-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy
bilen döredilen, ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk
assosiasiýasyna uly orun degişlidir. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti,
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň
ýolbaşçylygynda bu gurama dünýäniň ähli künjeklerinden hünärmenleri,
alym-atşynaslary, bedewlere sarpa goýýan beýleki adamlary birleşdirýär. Onuň
yzygiderli geçirilýän mejlisleri hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp
maslahatlaşmaga, gatnaşyklaryň mazmunyny täze bilelikdäki taslamalar bilen
baýlaşdyrmaga, özara tejribe alyşmaga mümkinçilik berýär.
Bedewler
ynsan saglygyny berkitmäge hem ýardam edýär. Ylymdan mälim bolşy ýaly, dürli
keselleriň dikeldiş bejergisinde, köplenç, tebigy şertler, şol sanda
ippoterapiýa - bedewiň tebigy güýjüni ulanmak
arkaly bejergi hem ulanylýar. Bu bejergi ýürek-gan damar ulgamynyň,
daýanç-hereket, iýmit siňdiriş, nerw ulgamynyň kesellerini bejermekde
peýdalydyr. Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň
ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bolsa
milli we dünýä medeniýetiniň gymmatlygy hasaplanýan bedewlerimiziň Ýer
ýüzündäki at-abraýyny has-da dabaralandyrdy.
Ir bilen
paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Aşgabat atçylyk sport toplumynda
köpöwüşginli baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Bu ýere Mejlisiň Başlygy, Hökümet
agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik
guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, daşary
ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we
wekilleri jemlendiler. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowy uly ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.
Toplumyň
girelgesinden esasy münber binasyna çenli uzap gidýän ýoluň ugrunda Arkadag we
Aşgabat şäherleriniň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň sergisi ýaýbaňlandyrylypdyr.
Sergide suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, zergärleriň we nakgaşlaryň ahalteke
bedewleriniň gözelligini şekillendirýän işleri, milli amaly-haşam sungatynyň
eserleri ýerleşdirilipdir. Olarda, hususan-da, bedewleri şekillendirýän surat
hem heýkeltaraşlyk eserlerine aýratyn orun berilýär. Suratkeşler olaryň
gözelligini, duýgur nazaryny, syrdam keşbini ussatlyk bilen
şöhlelendiripdirler. Şeýle-de bu ýerde gymmat bahaly daşlar bilen bezelen at
esbaplaryny görmek bolýar. Olar türkmen senetçileriniň, zergärleriniň
ussatlygyny görkezýän hakyky sungat eserleridir. Gözelligi, ýyndamlygy bilen
göreni haýrana goýýan bedewleri seýislemek tutanýerli zähmeti, bilimi, söýgini
we zehini talap edýär. Merdana pederlerimiz bu ugurda hyjuwly zähmet
çekipdirler. Bular barada Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke bedewi -
biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar,
sapa-da” atly kitaplarynda hem giňişleýin beýan edilýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýol ugruna medeniýet we sungat ussatlarynyň
aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa etdi. Joşgunly çykyşlar dabara türkmen toýlaryna
mahsus hakyky baýramçylyk öwüşginini çaýdy.
Döwlet
Baştutanymyz esasy münber binasyna bardy. Soňra baýramçylyk at çapyşyklaryna
badalga berilýändigi yglan edildi.
Ahalteke
atlarynyň sazlaşykly çapuwy olaryň toýnaklary ýere degmän, göýä, uçup barýan
ýaly duýgyny döredýär. Olaryň keşbinde deňi-taýy bolmadyk gözellik, çydamlylyk,
güýç-gaýrat, joşgunly we buýsançly gylyk-häsiýet, haýran galdyryjy wepalylyk
sazlaşýar. Şu gün dürli aralyga çapyşyklaryň ýedisi geçirildi.
1 müň 600
metr aralyga geçirilen birinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke
atçylyk toplumyna degişli Babadaş atly dor at pellehana ilkinji bolup gelmegi
başardy. Ol bu aralygy geçmek üçin 1 minut 51,3 sekunt sarp etdi. Onuň
çapyksuwary üçünji derejeli çapyksuwar M.Agamyradow. 1 müň 600 metr aralyga
geçirilen ikinji çapyşykda bolsa Aşgabat şäher häkimligine degişli Gelejek atly
gara at öňdeligi eýeledi. Ol bu aralyk üçin 1 minut 51,7 sekunt sarp etdi.
Gelejegiň çapyksuwary ussat çapyksuwar Ö.Ýalkabow. Baýramçylygyň şanyna
geçirilen üçünji çapyşykda hem atlar 1 müň 600 metr aralyga güýç synanyşdylar.
Bu çapyşykda Türkmenistanyň Goranmak ministrligine degişli Hazyna atly mele at
pellehana ilkinji bolup geldi. Onuň çapyksuwary D.Atdaýew. Hazyna bellenilen
aralygy geçmek üçin 1 minut 50 sekunt sarp etdi.
Mukaddes
Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen dördünji çapyşykda
dört we uly ýaşar atlar 1 müň 600 metr aralyga ýaryşa goşuldylar. Çekeleşikli
geçen çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli
Dowamat atly dor at pellehanadan ilkinji bolup geçdi. Onuň görkezen wagty 1
minut 48,2 sekunda deň boldy. Dowamatyň çapyksuwary B.Babaýew.
Bäşinji
çapyşykda-da dört we uly ýaşar atlar 1 müň 600 metr aralyga güýç synanyşdylar.
Bu çapyşykda Aşgabat şäher häkimligine degişli Garaýel atly gara at 1 minut
48,7 sekuntda pellehanadan ilkinji bolup geçdi. Onuň çapyksuwary ussat
çapyksuwar R.Seýidow. Altynjy çapyşykda dört we uly ýaşar atlar 2 müň 200 metr
aralyga güýç synanyşdylar. Bu çapyşykda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady
aragatnaşyklar ministrliginiň “Tokaý hojalygy” döwlet kärhanasyna degişli
Gudratlydag atly mele at ýeňiji bolmagy başardy. Gudratlydag bellenilen aralygy
geçmek üçin 2 minut 33 sekunt sarp etdi. Onuň çapyksuwary D.Berdimämmedow.
Garaşsyzlyk
baýramy mynasybetli geçirilen at çapyşygynyň jemleýji, ýedinji çapyşygynda dört
we uly ýaşar atlar Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragyny almak ugrunda 2
müň 200 metr aralyga ýaryşdylar. Çekeleşikli geçen çapyşykda Türkmenistanyň
Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Bezirgen atly akýal mele at
pellehanadan ilkinji bolup geçmegi başardy. Ol bellenilen aralygy geçmek üçin 2
minut 34,5 sekunt sarp etdi. Onuň çapyksuwary ussat çapyksuwar B.Agamyradow.
Soňra
ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Olar döwlet Baştutanymyza we Gahryman
Arkadagymyza ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmek babatda hemmetaraplaýyn alada
edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, behişdi bedewleriň Ýer
ýüzündäki şöhratyny artdyrmak ugrunda yhlas-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna
ynandyrdylar.
Aşgabat
atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk dabaralary tamamlanandan soňra, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden
ugrady.
Şeýlelikde,
şu günki dabaralar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanyň ösüşleriň täze
belentliklerine bedew bady bilen okgunly öňe barýandygynyň aýdyň nyşany boldy.
Türkmenistanyň
Döwlet habarlar agentligi