Hormatly
Prezidentimiz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaralara
gatnaşdy
27.09.2025
Şu gün ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy giňden bellenildi. Bu şanly sene döredijilik, öňegidişlik we gülläp ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň taryhynda täze bir sahypany açýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 19-njy sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda nygtaýşy ýaly, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda ägirt uly işler durmuşa geçirildi. Ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary boýunça düýpli özgertmeler amala aşyryldy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň at-abraýyny belent derejelere ýetiren türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, belent tutumlary bilen ata Watanymyz kuwwatly döwlete öwrüldi. Parahatçylygyň we dostlugyň ýurdy, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýy barha pugtalanýar.
Asylly däbe görä, baş baýramymyz - Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli esasy dabaralar Döwlet münberi toplumynyň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde Milli goşunymyzyň harby gullukçylary hatara düzüldiler. Olaryň arasynda ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleriniň harby talyplary, harby okuwçylar hem bar.
Sagat -
10:00. Dabaraly pursat ýetip geldi. Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow münberiň syn ediş ýerine barýar. Harby we hukuk goraýjy
edaralaryň Birleşen harby orkestriniň ýerine ýetirmeginde harby sazlar
ýaňlanýar. Ýygnananlar uly ruhubelentlik bilen döwlet Baştutanymyzy
mübärekleýärler. Däp bolşy ýaly, baýramçylyk çäresi dabaraly harby ýöriş bilen
badalga alýar. Onuň dowamynda Watanymyzyň goranyş kuwwaty, halkymyzyň abadan,
parahat durmuşynyň, mukaddes serhetlerimiziň, Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň
goragynda duran merdana harby gullukçylaryň ýokary hünär ussatlygy,
ukyp-başarnyklary görkezilýär.
Goranmak
ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýew Türkmenistanyň
Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly
Serdar Berdimuhamedowa ýüzlenip, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllygy
mynasybetli dabaraly harby ýörişe başlamaga rugsat bermegini haýyş edýär. Döwlet
Baştutanymyz dabara başlamaga rugsat berýär.
Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan,
diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyna laýyklykda, Milli
goşunymyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralary
iň täze tehnikalar bilen üpjün etmek, harby gullukçylaryň gulluk etmegi,
ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmek, işgärleriň hünär kämilligini
yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça möhüm işler durmuşa geçirilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak
ýylynda-da merdana harby gullukçylar ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň
hatarlarynda gulluk edip, Harby doktrinada kesgitlenen wezipeleri üstünlikli
ýerine ýetirýärler. Olar Watanymyzy goramak boýunça öz borçlaryny ähli zatdan
ileri tutup, ýurdumyzyň hem-de halkymyzyň polat galkany, synmaz daýanjy bolup
gulluk edýärler. Mukaddes serhetlerimizde parahatçylygy we howpsuzlygy gorap,
merdana ata-babalarymyzyň şöhratly ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýärler.
Dаbаrаly hаrby ýörişiň sеrkеrdеsi
polkownik R.Aýazow goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary
B.Gündogdyýewe Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň şahsy düzüminiň gözden
geçirilişe taýýardygy barada hasabat berýär. B.Gündogdyýew hasabaty kabul edip,
awtoulagda goşun bölümleriniň öňünden geçip, dabaraly harby ýörişiň düzüm
bölümleriniň esgerlerini mübärekleýär.
Soňra
Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Baýdak sütüninde Türkmenistanyň Döwlet
baýdagy belende galdyrylýar. Döwlet baýdagy Garaşsyzlygymyzy we
Bitaraplygymyzy, şöhratly geçmişimizi, ösüşlere beslenýän döwrümizi hem-de
beýik geljegimizi alamatlandyrýan gymmatlygymyzdyr. Mukaddes tugumyz türkmen
döwletliliginiň mizemez esaslaryny özünde jemläp, halkymyzyň bitewüliginiň,
jebisliginiň, parahatçylyk döredijilik, ynsanperwerlik taglymlaryna üýtgewsiz
ygrarlylygynyň nyşany bolup parlaýar.
Meýdançada
nyzama düzülen serkerdeler, esgerler we harby talyplar Watanymyza, halkymyza,
hormatly Prezidentimize wepalylyk baradaky mukaddes kasamy aýdýarlar. Milli
goşunymyzyň harby gullukçylary ata-babalarymyzyň watançylyk däplerini mynasyp
dowam etdirip, mukaddes borja wepalydyklaryny iş ýüzünde tassyklaýarlar. Däp
bolşy ýaly, baýramçylyk ýörişini baýdak göterijiler topary açýar. Olar dabaraly
ýörişiň owazy astynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny hem-de ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň goşun görnüşleriniň söweşjeň baýdaklaryny göterip, münberiň öňünden
ynamly gadamlar bilen geçýärler.
Soňra
münberiň öňünden Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew
adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçylary sazlaşykly gadam
urup geçýärler. Ýurdumyzyň ýaş harby gullukçylary, goşunlaryň ähli
görnüşleriniň şahsy düzümi häzirki ýaşlar üçin hakyky watançylygyň nusgasy
bolup hyzmat edýän gaýduwsyz esger, döwlet Baştutanymyzyň garry atasy
Berdimuhamet Annaýewiň nusgalyk işlerinden mertlik göreldesini alýarlar.
Ata-babalarymyzyň
parasatly ýörelgeleri esasynda ýaş nesli ýokary watançylyk, wepalylyk, Watanyň
we halkyň geljegi üçin jogapkärçilik ruhunda terbiýelemek, ýaşlaryň sazlaşykly
ösüşi üçin ähli zerur şertleri döretmek, olaryň häzirki zaman bilimlerini ele almaklary
bilen bagly meseleler Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň
ileri tutulýan ugurlarydyr. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýadyny
döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler hem şu
maksatlara gönükdirilendir. Geçen ýyl Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly
Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň dabaraly
açylmagy-da munuň şeýlediginiň aýdyň mysalydyr.
Soňra
münberiň öňünden zenan harby gullukçylar batly gadam urup geçdiler. Olar öz
ykbalyny ata Watanyň, ene topragyň goragy bilen berk baglanyşdyryp, ýurdumyzyň
harby we hukuk goraýjy edaralarynda Watanymyza, halkymyza, hormatly
Prezidentimize ak ýürekden gulluk edýärler. Olaryň yzysüre Ýaragly
Güýçlerimiziň hatarynda gulluk edýän serkerdeler batalýony - harby we raýatlyk
borjuny abraý bilen ýerine ýetirýän söweşjeň taýýarlygyň ussatlary geçýärler.
Şolaryň hatarynda Milli goşunyň, Döwlet gümrük gullugynyň, Döwlet migrasiýa
gullugynyň harby gullukçylary bar.
Garaşsyzlyk
ýyllarynda ýurdumyzda bitewi harby bilim ulgamy döredildi. Onuň esasy wezipesi
häzirki zaman tehnikalarynydyr enjamlaryny dolandyrmagyň başarnyklaryny ele
alýan serkerdeleriň ýaş neslini kemala getirmekden ybaratdyr. Türkmenistanyň
Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň, Harby-deňiz institutynyň alyp
barýan işleri hem öňde goýlan şol maksada ýetmäge gönükdirilendir. Bu harby
ýokary okuw mekdepleriniň talyplary-da meýdançadan nyzamly ädimler bilen
geçýärler. Olardan soňra Içeri işler ministrliginiň institutynyň, Milli
howpsuzlyk institutynyň, Serhet institutynyň talyplary münberiň öňünden
sazlaşykly ýöräp geçýärler. Beýleki ýokary okuw mekdeplerinde bolşy ýaly, bu
institutlarda hem okuw-terbiýeçilik işleri häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk
gelýär.
Motoatyjylar
batalýonynyň esgerleri-de ajaýyp taýýarlygyň we ýokary ussatlygyň nusgasyny
görkezmek bilen, Watanymyzyň parahatçylygynyň, abadançylygynyň üpjün edilmegine
uly goşant goşýarlar. Olaryň yzy bilen ýurdumyzyň Harby-howa güýçleriniň
uçarmanlary dabaraly harby ýörişi dowam etdirýärler. Türkmen uçarmanlary
Watanymyzyň asuda asmanyny ygtybarly goraýarlar. Soňra meýdançadan tankçylar
batalýony geçýär. Olar häzirki zamanyň kuwwatly tanklaryny dolandyrmaga
ussatlarça erk edýärler. Artilleriýa we asmana atyjylar diwizionlarynyň harby
gullukçylary, deňiz-pyýada batalýony hem şu gezekki gözden geçirilişe gatnaşdy.
Olar nyzamly ädimler bilen mertligiň, başarjaňlygyň, ýokary hünär ussatlygynyň
belent nusgasyny görkezýärler.
Dabaraly
harby ýöriş Türkmenistanyň Goranmak, Içeri işler we Milli howpsuzlyk
ministrlikleriniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň «Türkmen
edermen» ýörite maksatly batalýonlarynyň hatary bilen dowam edýär. Bu bölümiň
harby gullukçylarynyň tapawutly aýratynlygy söweşjeň, nazary we beden
taýýarlygynyň ýokary derejesinden, batyrlykdan, aýgytlylykdan ybaratdyr. Olaryň
nyzamly hatary, ynamly ädimleri, ýokary söweşjeň ruhy Watan goragynyň ynamly
gollardadygyny aýdyň görkezýär.
Ýurdumyzyň
harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atly bölümleriniň baýramçylyk ýörişi
dabaranyň aýratyn bezegine öwrüldi. Türkmen halkynyň buýsanjy hem şöhraty
bolan, ady rowaýata öwrülen ganatly bedewler täze taryhy döwürde döredijiligiň
we ösüşiň täze belentliklerine tarap öňe ymtylyşyň aýdyň nyşany bolup durýar.
Köp asyrlaryň dowamynda ahalteke bedewleri gaýduwsyz ýigitlerimiziň wepaly
ýoldaşy, baýramçylyklarda olaryň ýakyn dostlary bolupdyr. Gadym döwürlerde
bolşy ýaly, häzirki wagtda-da behişdi bedewler Watan goragçylarynyň, hukuk
tertibiniň goragynda duranlaryň ygtybarly kömekçileridir.
Soňky
ýyllarda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna gelip gowşan häzirki
zaman harby tehnikalarynyň gözden geçirilişi Ýaragly Güýçlerimiziň goranyş
ukybynyň ýokary derejesini, söweşjeň taýýarlygyny görkezýär. Döwlet münberiniň
meýdançasynda gurnalan ýörite ekran arkaly çärä gatnaşyjylar göni ýaýlymda
Hazar deňzinde geçirilýän deňiz flotunyň baýramçylyk ýörişine tomaşa etdiler.
Harby-deňiz
güýçlerine gelip gowşan, iň kämil ýaraglar bilen enjamlaşdyrylan «Deňiz han»
korwet söweşjeň gämisi baýramçylyk gözden geçirilişini açýar. Bu kuwwatly gämi
deňziň üstündäki we astyndaky, howadaky hem-de gury ýerdäki nyşanalary ýok
etmäge ukyplydyr. Onuň yzy bilen «Edermen», «Gaýratly» raketa gämileri dabaraly
ýüzüşi dowam edýär. Olar ýurdumyzyň deňiz serhetleriniň howpsuzlygyny üpjün
edýär.
Soňra
gezek Milli goşunymyzyň düzüminde duran döwrebap harby tehnikalara ýetýär.
Meýdançadan dürli kysymly goşunlaryň mehanizirlenen hatary geçip başlaýar.
Dabaraly harby ýörişiň öňüni «INKAS TITAN-DS APS» kysymly sowutlanan harby
awtoulag çekýär. Onuň ýöriş hatary bilen «DAGOR» kysymly harby awtoulaglarda
Watan goragçylary öz wepaly ýoldaşy bolan türkmen alabaýlary bilen geçýärler.
Harby tehnikalaryň gözden geçirilişi «Land Rover» kysymly harby maksatly ýeňil
awtoulaglar, «NIMR», «Al SHIBL2» kysymly sowutlanan awtoulaglar, «KIA KLTV-181»
kysymly sowutlanan, köpmaksatly söweşjeň harby awtoulaglar bilen dowam edýär.
«Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlar bu awtoulaglar bilen sazlaşykly
hereket edip, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözýärler. Onuň yzy bilen
«Türkmen edermen» ýörite maksatly bölümleriň «INKAS TITAN-DS APS» we «ВМС KIRPI
MRAP» kysymly sowutlanan harby awtoulaglary dabara meýdançasyndan geçýär. Bu
awtoulaglar pulemýotlary, göçme asmana atyjy raketa toplumlaryny özünde
jemleýär.
Ikinji
mehanizirlenen kerweniň öňüni «Tayfun» kysymly köpmaksatly sowutlanan harby
awtoulag çekýär. Onuň yzy bilen «T-90S» tanklary, “BMP-3” kysymly pyýada
goşunyň sowutlanan tehnikalary geçýär. Ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän
harby özgertmeleriň netijesinde raketa we artilleriýa goşunlary öňdebaryjy
tehnikalar bilen üpjün edilip, yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Munuň mysaly
hökmünde bu goşun bölümlerinde ulanylýan artilleriýa goşunlarynyň «2S-1
Gwozdika» kysymly özi hereket edýän söweş tehnikalaryny görkezmek bolar. Şol
tehnikalar hem dabaraly harby ýörişde münberiň öňünden geçýär.
Meýdança
üçünji kerweniň tehnikalary çykýar. Olaryň başyny «Al SHIBL2» kysymly ýeňil
sowutlanan harby awtoulag çekýär. Onuň yzy bilen «MERCEDES-BENZ ATEGO» kysymly
awtoulagda «Baýraktar TB2» kysymly söweşjeň uçarmansyz uçýan enjam, «MAN TGM»
kysymly awtoulagda «Falko» kysymly uçarmansyz uçýan enjam Döwlet münberiniň
öňünden geçýär. Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllygy mynasybetli guralýan
dabaraly harby ýörişe «SKY STRIKER» kysymly söweşjeň uçarmansyz uçýan enjam,
«ORBITER - 2B» we «СW-15D»
kysymly uçarmansyz uçýan enjamlar hem gatnaşýar. Olar uly aralyklara taktiki
nokatlaýyn urgulary geçirmek üçin niýetlenendir.
Soňra
meýdançadan «MAN» kysymly awtoulagyň binýadyna ýörite dolandyryş ulgamy
ornaşdyrylan Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna degişli awtoulag geçýär.
Ol meýdan şertlerinde migrasiýa işini ýerine ýetirmek üçin niýetlenendir. Şeýle
hem dabara gatnaşyjylara ýurdumyzyň howa giňişliginiň ygtybarly goragyny üpjün
edýän «KS-1A», «FD-2000», «FM-90» kysymly iň kämil asmana atyjy raketa
toplumlary görkezilýär.
Dabaraly
harby ýörişde dördünji mehanizirlenen kerweniň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet
serhet gullugynyň harby awtoulaglary geçip başlaýar. Soňra meýdançadan Döwlet
serhet gullugynyň “KIA KLTV 141” kysymly sowutlanan söweşjeň awtoulaglary
hem-de “Motowezdehod” kysymly häzirki zaman motoulaglary geçýär. Münberiň
öňünden üstünde merdana serhetçiler, olaryň wepaly ýoldaşy bolan türkmen
alabaýlary oturan “Toyota Hilux” awtoulaglary geçýär. Olaryň yzy bilen «KIA
KLTV 141», «Cobra» kysymly köpmaksatly, sowutlanan söweşjeň awtoulaglar barýar.
Bu ulag serişdeleri Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramakda netijeli
ulanylýar. Dabaraly harby ýörişden Serhet goşunlarynyň «Mantra» kysymly
awtoulagynda 120 mm kalibrli minomýotlar, «ВМС KIRPI MRAP» kysymly sowutlanan
harby awtoulaglar geçýär. Ýörişi “IVECO” awtoulaglary dowam edýär. Olaryň
binýadynda pesden uçýan howa nyşanlaryny ýok etmek üçin niýetlenen “ZU-23”
kysymly asmana atyjy raketa toplumlary, «Simbat» raketa uçurma ulgamy, “Orbiter
2B” kysymly uçarmansyz uçýan enjamlar ýerleşdirilendir.
Soňra
Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçylary «HONDA» kysymly motoulaglarda
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly toýunyň hormatyna «34» ýazgyny emele getirip
geçýärler. Dabaraly harby ýörişiň bäşinji mehanizirlenen kerweniniň öňüni
Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň düzümindäki «IVECO M65» kysymly
söweşjeň awtoulag çekýär. Kerweni «Storm-Rider», «LAZAR III» kysymly häzirki
zaman sowutlanan söweşjeň awtoulaglar dowam edýär. Altynjy mehanizirlenen
kerweniň çäklerinde Türkmenistanyň Içeri işler edaralarynyň ýöriteleşdirilen
tehnikalary geçip başlaýar. Kerweniň öňüni «INKAS TITAN-DS APS» kysymly
sowutlanan söweşjeň awtoulag çekýär. Onuň yzy bilen «FORD HENNESSEY»
awtoulaglary geçýär. Soňra meýdançada Içeri işler ministrliginiň «FORD ATLAS
150», «Toyota Tundra», «GMS Sierra», «PMV-SURVIVOR II», «INKAS TITAN-DS APS»
kysymly sowutlanan söweşjeň awtoulaglar peýda bolýar. Bu döwrebap awtoulaglar
ýurdumyzyň asudalygynyň hem-de abadançylygynyň, hukuk we jemgyýetçilik
tertibiniň üpjün edilmeginde aýratyn ähmiýete eýedir.
Türkmenistanyň
Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli geçirilýän dabaraly harby ýöriş howa
giňişliginde dowam edýär. Howadaky dabaraly ýörişi «Mi-17W-5» kysymly
dikuçarlar açýar. Olar guryýer goşunlarynyň söweş hereketlerini howadan
goldamak, goşunlary, harby tehnikalary daşamak üçin niýetlenendir. Içeri işler
ministrliginiň «Eurocopter-145», Milli howpsuzlyk ministrliginiň
«Eurocopter-365» kysymly dikuçarlary asman giňişliginde harby ýörişi dowam
edýär. Bu dikuçarlaryň her biri ýokary söweşjeň häsiýetleri bilen tapawutlanýar.
Soňra asmandan Döwlet serhet gullugynyň «Agusta-109», «Agusta-139» kysymly
häzirki zaman dikuçarlary uçup geçýär.
Baýramçylyk
harby gözden geçirilişine «A-29 Super Tucano» kysymly söweşjeň uçarlar hem
gatnaşýar. Bu ýeňil zabt ediji söweşjeň uçarlar Harby-howa güýçleri üçin
uçarmanlary taýýarlamak, daglyk we çöllük ýerlerde ýeňil sowutlanan tehnikalary
hatardan çykarmak, serhet ýakalarynda howadan gözegçilik we aňtaw işlerini
amala aşyrmak üçin niýetlenendir. Olaryň yzy bilen Türkmenistanyň Ýaragly
Güýçleriniň Harby-howa güýçleriniň «Su-25», «Mig 29» kysymly söweşjeň uçarlary
geçýär. Türkmen uçarmanlary söweşjeň uçarlary we dikuçarlary ussatlyk bilen
dolandyryp, ýokary hünär derejelerini görkezýärler.
Şu gün
görkezilen kämil harby howa tehnikalarynyň hatarynda islendik howa şertlerinde,
dürli belentliklerde, guryýer ýa-da deňiz çäklerinde, daglyk ýerlerde uçmaga
ukyply «M-346» kysymly uçarlar-da bar. Harby-howa güýçleriniň öňünde duran
wezipeleri ýerine ýetirmek üçin ähli zerur enjamlar bilen enjamlaşdyrylan bu
tehnikalar howa giňişliklerini goramaga, aňtaw işlerini alyp barmaga, guryýer
goşunlarynyň söweşjeň hereketlerini goldamaga niýetlenendir. «С-27J
SPARTAN» kysymly harby-ulag uçary, «Su-25» kysymly söweşjeň uçarlar howa
giňişligindäki harby ýörişi jemleýär.
Dabaraly
harby ýörişde görkezilen döwrebap ýerüsti, deňiz we howa tehnikalary hormatly
Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň
goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Ýaragly Güýçlerimizi döwrebaplaşdyrmak, harby
we hukuk goraýjy edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek meselelerine
uly üns berilýändigini nobatdaky gezek subut edýär.
Soňra
Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň
Aýratyn hormat garawuly batalýonynyň harby gullukçylary düzülýärler. Her ýylda
geçirilýän dabaraly harby ýörişde bu batalýonyň şahsy düzümi ýokary nyzam
emelleri bilen ajaýyp şekilleri döredýärler. Olar şu ýyl hem Türkmenistanyň
Garaşsyzlyk gününe baýramçylyk sowgady bilen geldiler. Meýdançada Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň nyşanynyň hem-de Garaşsyzlyk binasynyň
şekilleri emele getirilýär. Soňra meýdançada dabaraly harby ýörişiň ýöriş
sazlaryny ýerine ýetiren harby we hukuk goraýjy edaralaryň Birleşen harby
orkestri peýda bolýar. Olaryň ýerine ýetirýän sazlarydyr mukamlary Milli
goşunymyzyň watançylyk ruhuny belende göterýär. Ýurdumyzyň şanly baýramy
mynasybetli ajaýyp sazly sowgady taýýarlan Birleşen harby orkestriň joşgunly
çykyşy harby ýörişe aýratyn öwüşgin çaýdy. Olaryň ýerine ýetirmeginde Gahryman
Arkadagymyzyň “Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly
goşgusyna döredilen aýdym dabaraly harby ýörişiň jemlenmesine öwrüldi.
Soňra
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli giň gerimli dabara dowam
etdi. Ol döwrebap telekommunikasiýa serişdeleri we aragatnaşyk ulgamlary arkaly
göni ýaýlymda köpçülige ýetirildi. Munuň özi watandaşlarymyza hem-de dünýä
döwletleriniň ýaşaýjylaryna ýurdumyzyň baş baýramynyň şanyna guralan dabara
tomaşa etmäge mümkinçilik berdi.
Bu ýerde
milli lybasdaky iki çapyksuwar ajaýyp ahalteke bedewini meýdança çykardylar. Şaý-sepler
bilen bezelen at esbaplary behişdi bedewiň gözelligine gözellik goşýar.
2022-nji ýylda doglan Zaman atly akýal mele reňkli bu ajaýyp bedew Gurthatar we
Yşgyn diýen atlaryň neslindendir. Ady rowaýata öwrülen Gelşikliniň ugruna
degişli bolan bu bedew Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli,
türkmen halkynyň bagtyýarlygy, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi
ugrunda edýän yzygiderli aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallygyň nyşany hökmünde
Hökümet agzalarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa
sowgat berildi.
Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ahalteke bedewi Watanymyzyň gülläp
ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly gadamlarynyň, halkymyzyň döredijilik
zehininiň, milli mirasymyzyň dowamatlylygynyň ajaýyp nyşanydyr. Bu ajaýyp
ahalteke bedewi meýdançada buýsanç bilen gezim edip, dabara gatnaşyjylarda we
myhmanlarda ýakymly duýgulary döretdi.
Soňra
ellerinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hem-de BMG-niň baýdagy buýsançly
parlaýan türkmen çapyksuwarlarynyň ýörişi başlandy. Halkymyz gadymy döwürlerden
bäri behişdi bedewi goç ýigidiň wepaly ýoldaşy, toý-baýramlaryň bezegi
hasaplapdyr. Soňra meýdançadan diňe bir ýurdumyzda däl, daşary ýurtlarda-da uly
şöhrata eýe bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary geçýär. Bu
toparyň şu ýylyň başynda Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk
sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite
baýraklara mynasyp bolmagy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň
rowaçlyklarynyň özboluşly başlangyjyna öwrüldi. Çapyksuwarlaryň at üstünde
ussatlarça ýerine ýetiren tilsimleri, çylşyrymly akrobatik hereketleri
tomaşaçylary ýene bir ýola haýran galdyrdy.
Türkmenistanyň
hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy bilen
gabat gelmegi şanly ýylyň ähmiýetini has-da artdyrýar. Şu nukdaýnazardan, ýylyň
dowamynda strategik hyzmatdaşlygyň çäklerinde birnäçe halkara forumlar we
beýleki çäreler geçirilýär. Awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty
üstünlikli geçirildi. Ýakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň
ýokary derejeli plenar mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
sebit we halkara derejede parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge
gönükdirilen birnäçe anyk başlangyçlary öňe sürdi.
Watanymyzyň
Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk ýörişini Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň, Mejlisiniň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri dowam
edýärler. Meýdançadan milli nyşanlar bilen bezelen awtoulag platformasy geçýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz
tarapyndan başy başlanan demokratik özgertmeler hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Döwrüň talaplaryna, halkara hukugyň
umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýady
yzygiderli kämilleşdirilýär. Bu işlerde Türkmenistanyň Halk Maslahatyna,
Mejlise we jemgyýetçilik guramalaryna möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen
baglylykda, ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny, halkara parahatçylygy
we ynanyşmagy pugtalandyrmakda, Diýarymyzyň syýasy, ykdysady, medeni ugurlarda
gazanan üstünliklerine mynasyp goşantlaryny goşan adamlary sylaglamak maksady
bilen, hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly
Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol
çekdi.
Garaşsyzlyk
baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk
etmeginde we döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda geçirilen Halk Maslahatynyň
mejlisinde «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk
esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny kabul edildi. Milli
Liderimiziň başlangyjy bilen taýýarlanan bu resminama hemişelik Bitaraplyk
derejesiniň ýörelgelerini we ileri tutulýan ugurlaryny kanun esasynda
berkidýär. Bu bolsa Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän
ýylynda aýratyn ähmiýete eýedir. Bu Kanun ýurdumyzyň sebitleýin durnuklylygyň
ygtybarly kepili hökmünde, şeýle hem parahatçylyk dörediji döwlet hökmünde
ornuny has-da pugtalandyrmaga, şunda Bitaraplygyň mümkinçiliklerinden netijeli
peýdalanmaga gönükdirilendir.
Soňra
kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan
Arkadag şäheriniň häkimliginiň baýramçylyk görnüşinde bezelen awtoulag
platformasy meýdança çykdy. Mälim bolşy ýaly, täze şäheriň keşbinde milli
binagärligiň iň gowy däpleri dizaýnyň öňdebaryjy tejribesi bilen sazlaşykly
utgaşýar. Bu täsin şäher dünýäniň şähergurluşyk, inženerçilik-tehniki
tejribesiniň innowasion hem-de öňdebaryjy gazananlaryny, adamlaryň ýaşamaklary
üçin has amatly şertleri özünde jemleýär. Şäheriň ýokary halkara ölçeglere
laýyk gelýändigi köp sanly halkara güwänamalardyr baýraklar bilen
tassyklanyldy. Şu ýyl Arkadag şäheriniň ýol-ulag düzümine degişli birnäçe
desgalaryň durky düýpli döwrebaplaşdyrylyp, ulanmaga berildi. Ahalteke
atlarynyň ösdürilip ýetişdirilen gadymy mekanynda, durky täzelenen “Ahalteke
atlary” şaýolunyň ugrunda “Taýçanak” atly ajaýyp bina açyldy. Arkadag şäheriniň
iki ýyllygy mynasybetli şäheriň aragatnaşyk we internet ulgamynyň 5G
tehnologiýasynyň işine ak pata berildi. Häzirki wagtda durmuş ulgamy dolulygyna
öňdebaryjy sanly, maglumat-kommunikasiýa hem-de ekologik taýdan arassa
tehnologiýalara esaslanýan ýurdumyzyň ilkinji “akylly” şäheriniň ikinji
tapgyrynyň gurluşygy batly depginde alnyp barylýar. Sebitde deňi-taýy bolmadyk
döwrebap şäheriň ýaşaýjylarynyň adyndan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly
Gahryman Serdarymyza Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň
şanyna gutlaglar aýdylýar.
Soňra
Aşgabat şäher häkimliginiň paýtagtymyzyň binagärlik nyşanlary bilen bezelen
awtoulag platformasy Döwlet münberiniň öňünden geçýär. Şähergurluşyk
syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, ösüşiň hem-de gözelligiň
şäheri hökmünde ak mermerli paýtagtymyzyň dünýädäki at-abraýy barha artýar.
Milli binagärligiň iň gowy ýörelgeleri öňdebaryjy gurluşyk tejribesi bilen
sazlaşykly utgaşdyrylyp gurulýan dürli maksatly desgalar ýokary durmuş
şertlerini üpjün etmek bilen bir hatarda, paýtagtymyzyň täze, döwrebap keşbini
emele getirýär. Şol desgalaryň birnäçesi dünýä binagärliginiň ajaýyp täsinligi
hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Aşgabadyň
«Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna
girizilendigini bellemek gerek. Baş şäherimiz ösen senagatlaşan merkez bolup,
durnukly ösüşiň, gaýtalanmajak gözelligiň özboluşly nyşany hökmünde ykrar
edilýär. Her ýyl Aşgabadyň ajaýyp binagärlik keşbiniň üsti dürli maksatly täze
binalar bilen ýetirilýär. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň
demirgazygyndaky senagat toplumynyň çäginde çüýşe önümlerini öndürýän
önümhananyň açylmagy, baş şäherimiziň merkezi bölegindäki seýilgähiň durkunyň
täzelenip, ulanmaga berilmegi Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramyna ajaýyp sowgat
boldy. Mundan başga-da, Aşgabadyň ýol-ulag düzüminiň maddy-tehniki
kuwwatlyklary öňdebaryjy daşary ýurt önüm öndürijilerinden täze satyn alnan 700
sany döwrebap ýolagçy awtobusy bilen has-da berkidildi.
Soňra
dabaraly ýöriş ýurdumyzyň bäş welaýatyna wekilçilik edýän awtoulag
platformalarynyň toparynyň geçmegi bilen dowam etdi. Suratly pannolarda dünýä
belli taryhy binagärlik ýadygärlikleri, häzirki döwrüň iri desgalary, Ahal,
Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň ajaýyp künjeklerinde ýerleşýän
binalaryň şekilleri görkezilýär. Welaýatlaryň döredijilik toparlarynyň
çykyşlarynda milli däp-dessurlarymyzyň özboluşlylygy şöhlelenýär. Döwlet
maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda sebitleriň
durmuş-medeni, ykdysady infrastrukturasy yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Munuň
şeýledigine baş baýramyň öňüsyrasynda Diýarymyzyň sebitlerinde dabaraly açylyp
ulanmaga berlen döwrebap şäherçedir obalar hem şaýatlyk edýär.
Şu ýylda
kabul edilen «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky
şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek
boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli
maksatnamasynda» ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmek boýunça mundan beýläk-de
toplumlaýyn işleri durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde Ahal, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň
dolandyryş-çäk bölünişigini döwrüň talaplaryna laýyk getirmek, ilatyň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, döwlet derejesinde kabul
edilýän çözgütleriň dessin ýerine ýetirilmegini, Watanymyzyň durmuş-ykdysady
taýdan depginli ösmegini üpjün etmek üçin şertleri döretmek maksady bilen, bu
welaýatlarda täze etraplar we olaryň häkimlikleri döredildi.
Hormatly
Prezidentimizi hem-de dabaranyň köp sanly myhmanlaryny awtoulag
platformalarynda barýan ýaşulular, ýaş nesliň wekilleri mübärekleýärler.
Joşgunly aýdym-sazlar, asmana uçurylan köpöwüşginli şarlar adamlaryň
baýramçylyk ruhuny belende göterýär.
Döwlet
münberiniň öňündäki meýdançadan Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky
döwlet komitetiniň baýramçylyk görnüşinde bezelen awtoulagy, köp sanly
türgenler geçýärler. Şolaryň hatarynda sportuň dürli görnüşleriniň ussatlary,
milli we halkara derejedäki ýaryşlaryň ýeňijileri, olaryň tälimçileri bar.
Öňdengörüjilikli döwlet strategiýasynyň esasynda häzirki wagtda milli sport
ulgamy hil taýdan täze derejelere çykdy. Türkmenistanda sport bilen
meşgullanmak, türgenleriň başarnyklaryny kämilleşdirmek, tälimçileriň, beýleki
hünärmenleriň işlemekleri üçin ähli şertler döredilýär. Netijede, türkmen
türgenleri dürli abraýly halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edýärler we
baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Olaryň gazanýan üstünlikleri döwlet
derejesinde sarpalanýar. Şu ýyl “Arkadag” futbol topary Aziýanyň Futbol
konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony boldy. Şu mynasybetli ýaryşda
gazanylan pul baýragynyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç
çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna geçirilmegi
ýurdumyzda çagalaryň bähbidine ynsanperwer başlangyçlaryň halkymyz tarapyndan
giňden goldanylýandygynyň nobatdaky nyşanyna öwrüldi.
Diýarymyzda
parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlaryň wagyz edilmeginde, dost-doganlyk
gatnaşyklarynyň berkidilmeginde sport diplomatiýasynyň mümkinçilikleriniň
netijeli ulanylýandygyny hem bellemek gerek. Muny ýurdumyzda halkara derejeli
ýaryşlaryň geçirilmeginiň yzygiderli häsiýete eýe bolýandygy-da aýdyň
tassyklaýar. Şu ýyl paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara
ýaryş, sportuň küşt görnüşi boýunça ýaşajyk türgenleriň arasynda halkara ýaryş
guramaçylykly geçirildi.
Soňra
Döwlet münberiniň öňünden Bilim ministrliginiň baýramçylyk äheňinde bezelen
awtoulaglary, bu ulgamyň wekilleri, ýaş nesiller geçýärler. Gahryman
Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
baştutanlygynda durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleri bu ulgamy halkara
standartlaryň derejesine çykarmaga mümkinçilik döretdi. Bilimiň we ylmyň
döwletiň, jemgyýetiň ösüşiniň, döredijilik mümkinçilikleriniň möhüm
binýadydygyny nygtamak gerek. Şunuň bilen baglylykda, ylmy we tehnologiýany ösdürmek,
ýurdumyzyň aň-paýhas kuwwatyny artdyrmak, giň dünýägaraýyşly, ýokary bilimli
ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, ugurdaş maksatnamalary we konsepsiýalary
durmuşa geçirmek, hünärmenleriň taýýarlygyny kämilleşdirmek täze taryhy döwürde
Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Her täze
okuw ýylyny täze, döwrebap bilim edaralarynyň birnäçesiniň açylyş dabaralary
bilen utgaşdyrmak ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň
gatnaşmagynda paýtagtymyzda açylyp ulanmaga berlen Halkara senagatçylar we
telekeçiler uniwersiteti, Mary şäherindäki Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň goşmaça okuw we beýleki desgalary, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde
açylan mekdeplerdir çagalar baglary Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34
ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda ýaş nesiller üçin ajaýyp sowgat boldy.
Türkmenistanly mekdep okuwçylarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň
abraýly halkara bäsleşiklerde, ders olimpiadalarynda gazanýan üstünlikleri bu
ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny görkezýär.
Baýramçylyk
ýörişini saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri dowam etdirýärler. Halkyň bagtyýar
durmuşda ýaşamagy baradaky alada döwlet syýasatynyň baş maksady bolup durýar.
Soňky ýyllarda milli saglygy goraýyş ulgamy hil taýdan täze derejä çykdy we
raýatlara halkara standartlara laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterli
bolmagyny üpjün etdi. “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde saglygy
goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek we oňa degişli desgalary döwrebaplaşdyrmak,
ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, derman senagatyny ösdürmek
maksatlaryna gönükdirilen giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzda,
welaýatlarda bu ulgama degişli öňdebaryjy ýöriteleşdirilen enjamlar, iň täze
tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan döwrebap desgalar guruldy. Arkadag
şäherinde iri lukmançylyk klasteriniň gurlup ulanmaga berilmegi bilen,
ýurdumyzyň derman we lukmançylyk enjamlary senagatynyň önümçilik kuwwaty has-da
artar. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki
çykyşynda saglygy goraýyş ulgamyna degişli ýene birnäçe iri taslamalaryň
durmuşa geçiriljekdigini nygtady. Şunuň bilen birlikde, şypahana-dynç alyş
infrastrukturasy hem giňeldilýär. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işjeň
hyzmatdaşlyk edilip, netijeli tejribe alşylýar. “Il saglygy — ýurt baýlygy”
şygary astynda amala aşyrylýan köpugurly işler Türkmenistanyň Saglygy goraýyş
we derman senagaty ministrliginiň baýramçylyk görnüşinde bezelen platformasynda
öz mynasyp beýanyny tapdy.
Soňra baýramçylyk
meýdançasyndan Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, Awtomobil
ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň işgärleri
dabaraly ýagdaýda geçýärler. Gurmak we döretmek häzirki wagtda hormatly
Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy
wezipeleriniň biridir. Muňa ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan täzeçil şähergurluşyk
strategiýasy hem şaýatlyk edýär. Onuň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen,
şäherleriň we obalaryň keşbi tanalmaz derejede özgerdi. Iri taslamalaryň amala
aşyrylmagy, gurluşyk senagatynyň toplumlaýyn ösdürilmegi düýpli döwlet
goldawyna eýedir. Garaşsyzlyk ýyllarynda milli gurluşykçylarymyz tarapyndan
bina edilen ajaýyp desgalaryň binagärlik aýratynlyklary, olaryň gurluşygynda
peýdalanylýan döwrebap tehnologiýalar innowasion ösüş ýoluna düşen Garaşsyz
Watanymyzyň ägirt uly ykdysady we döredijilik kuwwatyna eýedigini subut edýär. Ýurdumyzda
bar bolan awtomobil ýollarynyň durky täzelenilýär hem-de täzeleri gurulýar.
Häzirki wagtda Aşgabat - Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary -
Türkmenabat böleginiň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil
köprüsiniň gurluşygy alnyp barylýar.
Senagat we
gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň
platformasynda-da ýetilen sepgitler görkezilýär. Senagat we gurluşyk önümçiligi
pudagynda senagaty ösdürmäge, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny
tutýan, eksport ugurly önümleriň önümçiligini ýola goýmaga, innowasion
tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman kärhanalaryny gurmaga,
hereket edýän önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär.
Ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça meýilnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde
senagat infrastrukturasy yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar we giňeldilýär. Muňa şu
ýyl döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermeginde Ahal welaýatynyň Bäherden
etrabynda Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň dabaraly açylmagy hem şaýatlyk
edýär.
Himiýa
senagatynda täze önümçilikleri döretmek babatda-da netijeli işler durmuşa
geçirilýär. Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň gol
çeken Karary esasynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda ýylda 1 million
155 müň tonna karbamid öndürýän toplumy gurmak boýunça dünýäniň öňdebaryjy
kompaniýalary bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Häzirki wagtda himiýa
senagatynyň işgärleri üçin Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde
ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar. Mundan başga-da,
pudagy ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde Ahaldaky gazdan benzin öndürýän
zawodyň ikinji tapgyryny, Türkmenabat şäherindäki himiýa zawodynyň düzüminde
mineral dökünleri öndürýän toplumy, Mary etrabynyň çäginde mineral dökünleri
öndürýän zawody gurmak meýilleşdirilýär.
Täze
taryhy döwürde elektroenergetika pudagynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek,
diňe bir içerki sarp edijileri doly we üznüksiz üpjün etmek bilen çäklenmän,
eýsem, elektrik energiýasynyň eksport edilýän möçberini hem yzygiderli
artdyrmaga mümkinçilik berýän ygtybarly ugurdaş infrastrukturany döretmek
boýunça işler dowam etdirilýär. Pudakda durmuşa geçirilýän ägirt uly işler
meýdançadan geçen Energetika ministrliginiň awtoulag platformasynda öz beýanyny
tapdy. Ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün
etmäge, şol bir wagtda eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge şert döredýän
kuwwatly elektrik desgalary gurlup ulanmaga berilýär. Ekologik taýdan arassa
energiýany, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini iş ýüzünde peýdalanmak babatda-da
yzygiderli işler alnyp barylýar.
Soňra
dokma we halyçylyk pudaklarynyň mümkinçilikleri görkezildi. Döwletimiz
tarapyndan pudagyň maddy-tehniki binýadyny berkitmäge uly üns berilýär. Bar
bolan kärhanalar döwrebaplaşdyrylýar, ýerli çig mal esasynda ýokary hilli
önümler öndürýän täze kärhanalar gurulýar. Dokma senagaty işgärleriniň we
halyçy gelin-gyzlaryň iş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça ähli
zerur çäreler geçirilýär. Dokma senagaty ministrliginiň we “Türkmenhaly” döwlet
birleşiginiň awtoulag platformasynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda sarp
edijiler tarapyndan uly isleg bildirilýän dürli önümler şöhlelendirilýär.
Meýdança
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň,
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň,
Söwda-senagat edarasynyň awtoulag platformalary çykýar. Bu düzümleriň alyp
barýan işi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga, türkmen önümlerini
dünýä bazaryna çykarmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşant goşýar. Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň
ileri tutulýan ugurlarynyň biri-de häzirki zaman bazar gatnaşyklary bilen
ýokary netijeli ykdysadyýeti döretmekden ybaratdyr. Häzirki wagtda
«Türkmenistanda öndürildi» diýen nyşanly harytlara dünýä bazarlarynda uly isleg
bildirilýär. Munuň özi hususy pudagy höweslendirmek we goldamak, pudagyň
wekilleriniň netijeli iş alyp barmaklary üçin zerur şertleri döretmek boýunça
döwletimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň oňyn netijesidir.
Bu günki
gün türkmen telekeçileri dürli ugurlarda öndürijilikli zähmet çekýärler, sarp
ediş harytlaryny öndürmekde, gurluşyk pudagynda, hyzmatlar ulgamynda ösen
tehnologiýalary üstünlikli özleşdirýärler. Kabul edilen döwlet
maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna ýardam bermekde, bäsdeşlige ukyply, import
edilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksporta gönükdirilen önümleri öndürmek, azyk
bolçulygyny üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmekde Türkmenistanyň
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna uly orun degişlidir.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen häzirki döwürde ulag-kommunikasiýa
toplumyny maksatnamalaýyn esasda ösdürmek, halk hojalyk ýükleriniň daşalmagyny
kämilleşdirmek, ýolagçylary gatnatmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
Munuň özi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da ösdürmäge ýardam berýär.
Toplumyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary,
Aragatnaşyk, Awtomobil ulaglary ministrlikleri, «Türkmenhowaýollary» döwlet
gullugy hem-de Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy döredildi. Türkmenistanyň
Ýewraziýa we yklymüsti aragatnaşyk ýollarynyň strategik çatrygynda geografik
taýdan amatly ýerleşişini göz öňünde tutup, ýurdumyzyň üstaşyr ulag, logistika
mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalanmaga gönükdirilen giň gerimli işler
alnyp barylýar. Ulagyň ähli görnüşleri bilen ýolagçy we ýük dolanyşygyny
ösdürmek, ýurdumyzyň halkara üstaşyr ulag mümkinçiligini doly ulanmak boýunça
degişli işler amala aşyrylýar. Şu ýyl hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda
Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň ulanmaga
berilmegi möhüm waka boldy. Aragatnaşyk pudagy hem döwrüň talabyna görä
yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Baýramçylyk meýdançasyndan topluma degişli
edara-kärhanalaryň işgärleri we bezelen awtoulag platformalary geçýärler.
Soňra
Döwlet münberiniň öňünden milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudagy bolan
nebitgaz toplumynyň işgärleri we awtoulag platformalary geçýär. Türkmenistan
energiýa serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolup, ýangyç-energetika
toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasyny durmuşa geçirýär. Şunda gazyp
alýan, gaýtadan işleýän pudaklaryň kuwwatyny artdyrmaga, ýokary hilli önümleriň
dürli görnüşlerini öndürýän innowasion önümçilikleri döretmäge, energiýa
serişdelerini eksport etmek üçin köpugurly turbageçiriji infrastrukturany
kemala getirmäge möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi netijeli halkara
hyzmatdaşlyk üçin amatly mümkinçilikleri açýar. Bu ugurda ýurdumyzyň durmuşa
geçirýän iri taslamalary sebit derejesinde umumy ösüşe itergi bermäge
gönükdirilendir. Dünýäde iri uglewodorod ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» gaz
känini tapgyrlaýyn esasda özleşdirmek işleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şu
ýyl «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän
zawodlar toplumynyň “Kenar” toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň nebit we nebit
önümleri guýulýan 3-nji gämi duralgasy açylyp ulanmaga berildi.
Soňra
meýdançadan maliýe we ykdysadyýet toplumyna wekilçilik edýän awtoulag
platformalary geçdi. Şu ýyl berkarar döwletimiziň baş maliýe meýilnamasyndan
bilimi, saglygy goraýşy, medeniýeti ösdürmäge, önümçilik we durmuş-medeni
maksatly desgalaryň gurluşygyna köp möçberde serişdeler goýberildi. Watanymyzyň
ykdysadyýeti durnukly ösýär. Milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmagyň çäklerinde
ýurdumyzda bu pudagy döwrebaplaşdyrmak boýunça maksada gönükdirilen çäreler
görülýär. Bank işine sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar, olaryň gerimi
giňeldilýär, elektron töleg ulgamy kämilleşdirilýär we nagt däl hasaplaşyklaryň
möçberi artdyrylýar. Ýakynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen
Türkmenistanyň maýa goýum forumy daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ykdysady hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmak, täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak babatda amatly
mümkinçilikleri döretdi. «Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli
ösdürmegiň Konsepsiýasy» bolsa täze, döwrebap iş orunlaryny döretmäge,
ilatymyzyň iş üpjünçiligini has-da kämilleşdirmäge uly ýardam berer.
Oba
hojalyk we azyk senagaty ulgamyna degişli pudaklaýyn düzümleriň baýramçylyk
äheňinde bezelen awtoulaglary we işgärleri dabaraly ýörişi dowam edýärler. Azyk
bolçulygyny pugtalandyrýan Türkmenistan ýylyň-ýylyna oba hojalyk önümleriniň
öndürilýän möçberini artdyrýar, pudagyň infrastrukturasy kämilleşdirilýär,
dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň döwrebap tehnikalary we enjamlary
yzygiderli satyn alynýar. Döredilýän amatly şertlerden ruhlanyp zähmet çekýän
merdana daýhanlarymyz oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirip,
ýurdumyzda azyk önümleriniň bolçulygyny döretmäge öz mynasyp goşantlaryny
goşýarlar. Şu ýyl oba hojalyk işgärleri Watan harmanyna 1 million 400 müň
tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyrdylar, 2 müň 100 tonnadan gowrak pile
öndürdiler. Ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak, suw hojalygy, maldarçylyk we
guşçulyk senagaty, atçylyk pudaklary hem okgunly ösdürilýär. Ýer-suw
serişdelerinden netijeli peýdalanmak, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak,
täze suw howdanlaryny gurmak boýunça maksada gönükdirilen çäreler durmuşa
geçirilýär.
Dabara
medeniýet ulgamynyň işgärleriniň ýörişi bilen jemlendi. Halkymyzyň ruhy
gymmatlyklaryny, medeni mirasyny aýawly saklamakda, ony mundan beýläk-de
ösdürmekde, dünýä ýaýmakda medeniýet ulgamyna uly orun degişlidir. Ruhy baýlyk
bolan milli medeniýetiň we sungatyň ösdürilmegine, maddy-enjamlaýyn binýadynyň
pugtalandyrylmagyna, döredijilik işgärleriniň ukyp-başarnyklaryny doly derejede
açmaklary üçin şertleriň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Hormatly
Prezidentimiziň bimöçber goldaw-hemaýatlary bilen medeniýet, sungat,
döredijilik işgärlerine hormatly atlar dakylyp, olar döwlet sylaglary bilen
sylaglanylýar. Halkymyzyň milli gymmatlyklary tutuş dünýäde giňden wagyz
edilýär we halkara jemgyýetçilik tarapyndan ykrar edilýär. Türkmen halkynyň
sungatynyň hem-de senetçiliginiň birnäçe görnüşleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň
maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda medeni diplomatiýanyň üsti bilen
halklaryň arasynda dost-doganlygy berkitmäge gönükdirilen halkara
festiwallardyr beýleki çäreler geçirildi.
Diýarymyzyň
bäş welaýatyna wekilçilik edýän aýdymçylaryň we tans toparlarynyň, ýaşajyk
artistleriň çykyşlary Döwlet münberiniň öňündäki dabaralaryň ajaýyp
jemlenmesine öwrüldi. Olar çykyşlarynda Watanymyzy, agzybir türkmen halkyny,
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işlerini wasp
etdiler.
Dabaranyň
ahyrynda döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary,
Aşgabat şäheriniň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri Türkmenistanyň
Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutladylar hem-de
Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli
işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Hormatly
Prezidentimiz hemmeleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly senesi bilen gutlady
we alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
Paýtagtymyzda
badalga alan baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dowam edip,
ildeşlerimiziň kalbyny baýramçylyk şatlygy hem-de buýsanç duýgulary bilen
doldurdy. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaralar agşam
“Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada geçirilen konsert bilen
dowam etdi. Bu ýere ýygnanan köp sanly tomaşaçylaryň öňünde meşhur hem-de ýaş
artistler, folklor-tans toparlary öz ussatlyklaryny görkezdiler. Baýramçylyk
feýerwerki Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan dabaralaryň özboluşly jemlenmesine
öwrülip, Aşgabadyň gijeki asmanyna ajaýyp baýramçylyk öwüşginini çaýdy.
Türkmenistanyň
Döwlet habarlar agentligi