Aşgabatda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi hem-de maslahaty geçirilýär.

Aşgabatda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi hem-de maslahaty geçirilýär.

 

12.04.2022

 

Şu gün paýtagtymyzda iri guramanyň - Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan serginiň we maslahatyň açylyş dabarasy boldy. Häzirki wagtda bu birleşme ýurdumyzyň hususy işewürliginiň wekilleriniň 27 müňden gowragyny özünde jemleýär hem-de ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamyny ösdürmek, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak boýunça giň gerimli işleri amala aşyrýar.

Türkmenistanda telekeçiligiň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, häzirki zaman bazar gurallarynyň giňden ornaşdyrylmagynyň hasabyna hususy ulgamyň ornunyň berkidilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň amala aşyrýan durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyz wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda: “Döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmak we döwlete dahylsyz pudagy ösdürmek döwlet syýasatymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda işlejek kiçi, orta we iri tehnologik kärhanalaryň gurluşygy ýokary depginler bilen alnyp barlar. Bu bolsa ykdysady kuwwatymyzy berkitmäge oňyn täsir eder” diýip belledi. Bu maksatlara ýetmegiň ýoly Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň 11-nji fewralda geçirilen taryhy mejlisinde kabul edilen “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 - 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisine hem-de maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda-da bu barada aýdylýar. Döwlet Baştutanymyz hususy pudak hyzmatdaşlygynyň, hojalygy ýöretmegiň netijeli usullarynyň giňden ornaşdyrylmagynyň, bazar gatnaşyklary şertlerinde telekeçileriň bu işlere giňden çekilmeginiň ähmiýetini nygtaýar. “Biz geljekde hem kiçi, orta we iri telekeçiligi ösdürmäge, milli ykdysadyýetimizde hususy pudagyň tutýan paýyny artdyrmaga möhüm ähmiýet bereris. Ähli ugurlarda ýaşlaryň işewürlik başlangyçlaryny goldamaga, önümçilik düzümlerini ösdürmäge gönükdirilen maýa goýum syýasatyny işjeňleşdirmegi dowam etdireris” diýlip, Gutlagda nygtalýar.

 

Serginiň açylyş dabarasyna gatnaşanlar döwlet Baştutanymyzyň Gutlagyny ruhubelentlik bilen diňlediler. Olaryň hatarynda Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bar.

Döredijilik toparlarynyň çykyşlary dabaranyň baýramçylyk öwüşginini has-da artdyrdy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz ulgamyny ösdürmekde amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň aýdyň beýany bolup durýar. Gözden geçirilişiň esasy maksady kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde gazanylyan üstünlikleri, bu ugurda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleri, ulgamyň innowasion esaslaryny açyp görkezmekden ybaratdyr.

Ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklary ýörelgeleri esasynda guraýan ýurdumyzda häzirki wagtda halk hojalygynyň bu ulgamyny netijeli we okgunly ösdürmek üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredildi. Munuň özi telekeçiligiň hukuk esaslarynyň, salgyt ulgamynyň kämilleşdirilmeginde, eksport-import amallarynyň geçirilmeginiň, ýer böleklerini bermegiň tertibiniň ýeňilleşdirilmeginde, ýeňillikli karzlary bermekde hem-de telekeçiler üçin karz, gümrük we söwda amallaryny resmileşdirmek işiniň aňsatlaşdyrylmagynda öz beýanyny tapýar. Bu çäreler kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça 2018 - 2024-nji ýyllar döwür üçin Döwlet maksatnamasy bilen baglylykda amala aşyrylýar. Şol maksatnama Türkmenistanda telekeçilik işini işjeňleşdirmek arkaly ykdysady we durmuş taýdan ösüşiň ýokary depginlerini üpjün etmäge gönükdirilendir.

Görülýän çäreler anyk netijelerini berýär. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň 3 aýynda oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 164,5 göterime hem-de senagat önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 108,1 göterime barabar boldy. Häzirki wagtda ykdysadyýetiň hususy ulgamynda ýurdumyzyň zähmet çekýän ilatynyň ýarysyndan gowragy işleýär.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň 8-nji aprelde geçirilen mejlisiniň barşynda hem kiçi we orta telekeçiligi goldamak, telekeçileri ykdysadyýetde özgertmeleri amala aşyrmaga giňden çekmek, hususy ulgamyň paýyny artdyrmak we ýurdumyzyň ykdysadyýetinde onuň eýeleýän işjeň ornuny üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň dowam etdirilmeginiň zerurdygyny belledi.

Soňky ýyllarda emele gelen däbe laýyklykda, hususy işewürligiň gazananlarynyň gözden geçirilişi köp babatda dürli ugurlardaky täzelikler hem-de telekeçiler tarapyndan daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň we eksport ugurly önümleriň önümçiliginde ulanylýan innowasion işläp taýýarlamalar bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir.

Sergide Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň düzümleýin edaralary, “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda giň gerimli döwlet taslamalaryny durmuşa geçirýän iri kärhanalar we hojalyk jemgyýetleri öz diwarlyklaryny gurnadylar.

Däp bolşy ýaly, sergide Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň obasenagat toplumynda, azyk hem-de gaýtadan işleýän senagatda işleýän agzalarynyň işi giňden görkezilýär. Telekeçiler diňe bir döwletimiziň azyk garaşsyzlygyny pugtalandyrmaga saldamly goşant goşmak bilen çäklenmän, eýsem, öz öňlerinde goýlan wezipeleri çözmäge - Türkmenistany daşary ýurtlardan azyk önümlerini getirmegi azaldýan, şol önümleri beýleki ýurtlara iberýän ýurda öwürmäge çalyşýarlar.

Hususy önüm öndürijiler oba hojalyk pudagyny özgertmäge saldamly goşant goşmak bilen, hojalygy ýöretmegiň innowasion usullaryny ulanýarlar, täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, suwarymly ýerleri özleşdirmegiň, şol ýerlerde goşmaça oba hojalyk ekinlerini ekmegiň hem-de ýylyň dowamynda gök önümleri ýetişdirmäge mümkinçilik berýän ýyladyşhana hojalyklaryny döretmegiň hasabyna ekinleriň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagyny üpjün edýärler. Munuň özi içerki bazarlary önümlerden doldurmaga hem-de daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Oba hojalyk önümlerini öndürijiler gök we bakja önümleriniň, miweleriň, şol sanda ýurdumyzda ozal öndürilmeýän önümleriň önümçiligini artdyrýarlar. “Ter”, “Ýigit”, “Ter önüm” hojalyk jemgyýetleriniň, “Has”, “Erkin gurluşyk”, “Miweli ülke”, “Altyn gala gurluşyk”, “Altyn tug”, pawlowniýa agajyny ösdürip ýetişdirýän “Kanagatly nesil” kärhanalarynyň we beýlekileriň sergide görkezilýän ekologik taýdan arassa we ýokary hilli önümleri munuň aýdyň subutnamasydyr. Telekeçileriň käbiri gözden geçirilişe gatnaşyjylary ýyladyşhanalary enjamlaşdyrmakda ulanylýan döwrebap tehnologiýalar hem-de ekologiýa ulgamynda amala aşyrylýan işler bilen tanyşdyrýarlar.

Häzirki wagtda telekeçiler et-süýt önümleriniň, çagalar iýmitiniň, miwe we gök önümleriň konsentrantlarynyň, miwe suwlarynyň, maýoneziň, doňdurmanyň, gaplanan önümleriň, balyk önümleriniň, süýji-kökeleriň köp görnüşlerini çykarýarlar. Ýurdumyzyň kärhanalarynyň halkara ISO hem-de HAССP güwänamalaryna eýe bolmagy olaryň azyk önümleriniň ýokary hillidigine hem-de ekologik taýdan howpsuzdygyna şaýatlyk edýär. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlangyjy boýunça “Hil standart” hojalyk jemgyýeti tarapyndan döredilen Türkmenistandaky azyk önümleriniň howpsuzlygynyň seljermesi boýunça ilkinji barlaghana merkezi azyk önümleriniň howpsuzlygyny üpjün edýär. Bu düzümiň azyk önümleriniň seljermesi ulgamyndaky ygtyýarlylygy halkara akkreditasiýa tarapyndan ISO/IEС17025:2017 standarty boýunça tassyklanyldy.

Sergide önümleri hödürleýänleriň hatarynda iri oba hojalyk kärhanalary, guşçulyk, maldarçylyk hem-de balykçylyk boýunça önümçilik-gaýtadan işleýän toplumlar, gök we bakja önümlerini, miweleri gaýtadan işleýän kärhanalar bar. Şolardan balyk ösdürip ýetişdirýän we gaýtadan işleýän “Hazar balyk” toplumyny, “Ak toprak” kärhanasyny, “Hoş zaman” guşçulyk fermasyny, “Elin balyk”, “Bereketli”, “Toý zaman” “Altyn hilal” hojalyk jemgyýetlerini, “Nurly meýdan” daýhan hojalygyny görkezmek bolar.

Sergide “Hasar”, “Misgär”, “Duýgy”, “Altyn ýunus” kärhanalary, “Bars”, “Kindi”, “Oguzhan” “Ak gar”, “Datmeni” söwda belgili önümleri çykarýan telekeçiler we beýlekiler süýji-köke önümlerini görkezýärler. Olaryň önümleri diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, onuň çäginden daşarda-da meşhurlyga eýedir. Olar Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gazananlarynyň sergisine süýjüleriň, kökeleriň, lukumlaryň we beýleki nygmatlaryň täze görnüşlerini taýýarladylar. Şu ýerde “Talhan” we “Tomus” nyşanly çörek we çörek önümleri hem görkezilýär.

Sergide “Zamana”, “Ak çeşme”, “Elin”, “Salkyn”, “Täze aý önümleri”, “Ýüpek ýoly gurluşyk” söwda belgili süýt önümleri, “Şawat” açyk paýdarlar jemgyýetiniň, “Sahabatly”, “Gönezlik” hojalyk jemgyýetleriniň we beýleki önüm öndürijileriň önümleri görkezilýär. “Erteki”, “Täze aý” söwda belgili doňdurmalaryň görnüşleri ýylsaýyn giňeldilýär. Bu önümler hem eksport ugurly harytlara öwrüldi.

 

“Arçalyk”, “Ak ýol”, “Akdaş miwe içgileri”, “Berk akar” kärhanalary, “Ýakymly kümüş suwy”, “Miweli oba”, “Binýat”, “Döwür gurluşyk”, “Çäksiz lezzet”, “Mahmal Zip” hojalyk jemgyýetleri we beýlekiler gök önümlerden, miwelerden öndürilen şireleri hem-de içgileri, arassa agyz suwuny görkezýärler.

Önümleriniň köp bölegini daşary ýurtlara iberýän ýokary tehnologiýaly döwrebap kärhana bolan “Parahat” hususy kärhanasynyň bölüminde çagalar iýmiti — ýerli arassa çig maldan öndürilen dürli görnüşli gök we miwe önümleriniň püresi hödürlenilýär. Kärhananyň diwarlygynda ýurdumyzda meşhur bolan eksport ugurly önümler — “Joş”, “Eçil” miwe suwlary, “ÖZI”, “ZOR”, “OK”, “TAP” söwda nyşanly içgileriň dürli görnüşleri, sowuk çaý, pomidor üwmeji hem-de ýerli çig maldan içgileri taýýarlamak üçin niýetlenen konsentrantlar, uzak wagtlap saklap bolýan süýt we süýt önümleri, “Däp” nyşanly ýogurtlar görkezilýär. Önüm öndürijiniň täze önümleriniň hatarynda “Ýeserje” şokolad pastasy bar. Ýakyn wagtda bolsa ýurdumyzyň söwda dükanlarynda 72 göterimli gara şokolad hem-de körpeler üçin süýt-däne we süýt-miwe şülesi peýda bolar.

Sergide sanly ykdysadyýetiň 2019 - 2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny durmuşa geçirmekde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň mümkinçilikleri bilen hem tanyşdyrylýar. IT ulgamda ýöriteleşdirilen hojalyk jemgyýetleridir kärhanalar - “Ýokary tilsimatlar” merkezi, “Adyl açar”, “Milli ulgam”, “Awtomatizasiýa tehnologiýalarynyň merkezi” we beýlekiler öz mümkinçiliklerini görkezýärler. Bu kärhanalar döwrebap senagat we elektron önümlerini, töleg terminallaryny, okuw maksatnamalaryny, «akylly» öýleriň taslamalaryny hödürleýärler. Sergä ýurdumyzyň esasy onlaýn internet serişdeleriniň biri bolan “Turkmenportal” ilkinji gezek gatnaşýar. Ol maglumat önümlerini, IT hyzmatlar, marketing hem-de PR tehnologiýalar ulgamynda gazanan üstünliklerini görkezýär.

Sergide gaz we elektrik plitalary, tagam taýýarlamaga niýetlenen dürli elektrik peçler, daşary ýurt önümleri bilen mynasyp bäsdeşlik edýän hem-de alyjylaryň islegine eýe bolan smart-telewizorlar ýaly ýurdumyzyň durmuş tehnikasyna degişli önüm öndürijileriniň harytlary görkezilýär. “Abat şekil” kärhanasy bolsa filament lampalarynyň mümkinçiliklerini görkezýär.

 

Sergä gatnaşyjylar häzirki zaman senagat we elektron önümleriniň dürli görnüşlerini öndürýän “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýetiniň bölüminiň önümleri bilen gyzyklandylar. Bu hojalyk jemgyýetiniň önümleriniň görnüşleri yzygiderli artýar. Onda iki sim kartly ykjam telefonlar, smartfonlar, dürli görnüşli monobloklar, smart-telewizorlar, häzirki zaman sowadyjylary, internet ulgamynyň paýlaýjylary (routerler), agyz suwuny sowadýan we gyzdyrýan enjamlar öndürilýär.

Göwrümi 32 hem-de 42 dýum bolan “Tolkun” suwuk kristal ekranly telewizorlar, degişli interfeýsi we ulgamlaýyn enjamlary bolan 55 dýumlyk “Zemin” telewizorlary dünýäniň öňdebaryjy nusgalary bilen mynasyp bäsdeşlik edip bilýärler. Şu gün görkezilen täze harytlaryň hatarynda ýurdumyzda işlenip taýýarlanylan Gün energiýasynda işleýän ýol yşyklar hem-de ýol belgileri bar. Önüm öndürijiler olary göni internet ulgamynda resmi saýt arkaly ýerleýärler.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň hususy telekeçileriniň söwda we hyzmatlar ulgamynda ykjam elektron gollanmalary bolan internet söwdanyň mümkinçilikleri barha artýar. Şeýle hem harytlary ýerlemek üçin elektron meýdançalaryň mümkinçilikleri barha giňden peýdalanylýar. Şolaryň hatarynda ulaglaryň ätiýaçlyk şaýlarynyň we olara degişli serişdeleriň söwdasyny guraýan “Ýakyndar” onlaýn söwda meýdançasy, “Ynamdar” onlaýn market we beýlekiler bar.

Sergä gatnaşyjylar podstansiýalaryň, elektrik hereketlendirijileriň, generatorlaryň, transformatorlaryň gurnama, ýeňil we düýpli abatlamak işleri boýunça öz mümkinçiliklerini görkezýän hem-de elektrik enjamlaryny görkezýän, olaryň ähli görnüşlerini synagdan geçirýän “Türkmen ýyldyzy” kärhanasynyň işi bilen ýakyndan tanyşdylar.

Gurluşyk ulgamynda işleýän telekeçileriň bölümleri köp adamly boldy. Häzirki döwürde Döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde, iri taslamalar, şol sanda Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak boýunça sargytlary ýerine ýetirmek hususyýetçilere ynanyldy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary paýtagtymyzda ýaşaýyş jaý we kottej toplumlaryny, seýilgäh zolaklaryny, edara ediş we işewürlik merkezlerini, düzümleýin desgalary gurýarlar. Aşgabat - Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň, «Aşgabat-sitiniň» gurluşygy ýaly iri taslamalary ýerine ýetirýärler. Geçen ýyl Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary “Aşgabat” söwda merkezi toplumyny, Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda iri suw howdanyny ulanmaga tabşyrdylar. Daşoguz welaýatynda haly fabrigi, “Türkmeniň ak öýi” binasy, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň täze düzümleýin desgalary, Kerki şäherinde Halkara howa menzili hem-de elektrik we gaz gysyjy beketler, mekdepler, çagalar baglary, saglygy goraýyş ulgamyna degişli edaralar guruldy.

Sergide ýurdumyzyň telekeçileriniň ýokary hil derejesine eýe bolan gurluşyk serişdeleriniň önümçiliginiň ösdürilmegine goşýan goşandy baradaky maglumatlar uly orun eýeleýär. “Çaly” hususy kärhanasy täzeçil tehnologiýalar esasynda ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň örän köp görnüşlerini taýýarlaýar. Häzirki zamanyň täzeçil enjamlary bu kärhana dürli desgalaryň gurluşygynda we gaz magistral turbalaryň önümçiliginde giňden ulanylýan örtük serişdeleriniň önümçiligini ýola goýmaga mümkinçilik berdi.

Diýarymyzda penaplast we ondan dürli görnüşli önümleri öndürýän “Ak hünji” nyşanly önümler sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Bu gün kärhana şeýle önümleriň 200-den gowrak görnüşini öndürýär. Ol dürli göwrümdäki ýörite gaplary öndürmek arkaly söwda bazarlarynyň isleglerini kanagatlandyrmak ugrunda üstünlikli işleýär. Sergide mebel önümçiliginde zerur serişdeleriň dürli görnüşleri, şol sanda konselýar önümler, gap ýuwujy serişdeler giňden görkezilýär.

“Derýaplastik” hojalyk jemgyýetiniň önümleri we alyp barýan işleri ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynyň ösüşi bilen baglanyşyklydyr. Onuň kärhanalarynda ýokary hilli, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary döwletlerde hem uly islegden peýdalanýan önümleriň 1 müň 500-den gowragy öndürilýär. Munuň özi ýüzlerçe görnüşli turbalardan, kabellerden, asma petiklerden, penjireler we gapylar üçin niýetlenen serişdelerden, şeýle hem jemagat hojalygynda, gurluşykda giňden ulanylýan polietilen hem-de polipropilen serişdelerinden ybaratdyr. Bu ýerde kafelleriň dürli görnüşleri, faýansdan santehnika önümleri öndürilýär. Ýokary hilliligi, görnüşleriniň, bezegleriniň özboluşly aýratynlygy bilen tapawutlanýan önümler “Derýakeramika” söwda nyşany bilen ýerlenilýär. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisinde dürli göwrümli suw gyzdyryjylaryň köp görnüşleri görkezilýär. Ýyladyş ulgamy üçin niýetlenen alýumin radiatorlar sergide ilkinji gezek goýuldy.

 

Asma petikleri, demir profilleri, keramiki plitalary, bazalt süýümini, turbalary, kerpiçleri, demir-beton gurnamalaryny, suw saklaýjylary, ýuwlan çagly, keramzit, elektrik kabellerini, şlangalary, ýol ýakalaryna goýulýan daşlary, gury gurluşyk garyndylaryny, ýag we howa süzgüçlerini, akkumulýatorlary öndürýän kärhanalar senagat pudagynyň ýeten derejesini görkezdiler. Şolaryň hatarynda “Ak bulut”, “Ak gaýa”, “Saka” hojalyk jemgyýetleri, “Gujurly inžener”, “Hindiwar”, “Berk önüm”, “Algap” kärhanalary, sergä ilkinji gezek gatnaşýan “Sapaly jaý” hususy kärhanasy we beýlekiler bar.

Sergide ulag we logistik hyzmatlary ýerine ýetirýän hususy kärhanalaryň hem-de kompaniýalaryň üstünlikleri görkezilýär. Şolaryň hatarynda “Bir dünýä”, “Ulag ekspeditorçylyk hyzmatlary” hojalyk jemgyýetleri, “Bir kuwwat” hususy kärhanasy we beýlekiler bar. Ýük daşamak bilen meşgullanýan telekeçileriň hödürleýän hyzmatlarynyň görnüşleri köpelýär. Olar harytlary daşamak, intermodal gatnawlary ýola goýmak, harytlary gaplamak, saklamak hem-de beýleki hyzmatlary ýerine ýetirýärler. Bu ugurda durmuşa geçirilýän halkara taslamalaryň çäklerinde ulag-logistika kompaniýalarynyň işine aýratyn ähmiýet berilýär.

Bu ýerde durmuş himiýasy önümleriniň dürli görnüşleri hödürlenilýär. Sintetik ýuwujy, zyýansyzlandyryjy serişdeler, kosmetika we parfumeriýa ulgamynda önüm öndürýän “Täç hil” kompaniýasy ýurdumyzyň bazarynda täze önümleri bilen meşhurlyk gazanýar. Bu ýerde ýuwujy serişdeleriň hatarynda suwuk sabyn, aýna arassalaýjy, howany tämizleýji, aşhana plitalaryny arassalaýan serişdeleriň, çygly süpürgiçleriň we polietilen torbalaryň täze görnüşleri görkezilýär. Bu ugurda “Ýeke damja” kärhanasy önümlerini ilkinji gezek görkezýär.

“Gündogar şöhlesi” hojalyk jemgyýeti şarikli ruçkalaryň nusgalaryny görkezýär. Bu ýerde her aýda ruçkalaryň 4 million sanysy çykarylýar. Munuň özi önüm öndürijä bu haryt bilen diňe bir içerki bazary üpjün etmäge däl, eýsem, ony daşary ýurtlara hem ibermäge mümkinçilik berýär.

Umuman, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny açyp görkezýän sergide telekeçileriň dürli ugurlar boýunça öndürip başlan täze önümleriniň 100-den gowragyny görmek bolýar.

Serginiň baş maksady telekeçileriň mümkinçiliklerini artdyrmakdan, maýa goýumlary geljegi uly taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirmekden ybaratdyr. Suwuklandyrylan gaz, tebigy gazdan karbamid we ammiak, elektrod önümçiligi boýunça iş alyp barýan kärhanalar ýurdumyzyň himiýa senagatynyň ýeten derejesini görkezýär.

Sergä gatnaşýanlaryň birnäçesi halkyň sarp edýän harytlarynyň çykarylyşyny artdyrmakda hususy ulgamyň mümkinçiliklerini görkezýärler. Şolaryň hatarynda dokma önümlerini hem-de aýakgaplary, döwrebap lybaslary we beýleki zerur önümleri öndürýänler — “Röwşen”, “Batly gadam” kärhanalary, “Muhammet Balkan”, «Ak suw” hojalyk jemgyýetleri hem-de olaryň döwrebap önümleri, mekdep ýantorbalaryny, sport aýakgaplaryny we beýlekileri öndürýän aýry-aýry telekeçiler bar.

Paýtagtymyzda egin-eşikleri himiki usul bilen arassalaýan “Maýam” kärhanasy uly meşhurlykdan peýdalanýar. Onuň hünärmenleri durmuş hyzmatlary babatda alyp barýan işlerini mahabatlandyrýarlar. Bu ýerde sargytlary resmileşdirmek we sowgatlyk güwänama almak ýola goýlupdyr.

“Abraýly önüm”, “Köşkli oba”, “Çigildem”, “Belent akaba” ýaly mebel önümçiligini ýola goýan kärhanalar özleriniň mümkinçiliklerini we ýeten derejesini görkezýärler.

“Abadan haly” haly kärhanasynyň işi ýurdumyzyň senagat ulgamynda öňdäkileriň hataryndadyr. Onda dürli görnüşli halylar we özboluşly reňk sazlaşygy bolan palaslar öndürilýär. Polipropilen ýüplüginden taýýarlanylýan häzirki zaman haly önümleri diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary döwletlerde hem uly islegden peýdalanýar. Ýeri gelende aýtsak, haly önümçiliginde sanly tehnologiýalar işjeň ulanylýar.

Senetçilik we amaly-haşam sungatynyň önümçiligi bilen meşgullanýan işewürleriň işleri halkymyzyň milli medeni mirasynyň wagyz edilmeginde möhüm orun eýeleýär. Sergide ajaýyp halylaryň özboluşly aýratynlyklary, zergärleriň işleri we keşdeçileriň önümleri bilen tanyşmak bolýar. Bu ýerde ýurdumyzyň taryhy ýadygärlikleriniň nusgalary şekillendirilen milli nusgadaky sowgatlyk önümler has özüne çekijiligi bilen tapawutlanýar.

Sergide Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilim ugurly işleri hem görkezilýär. Onlarça bilim taslamalaryny durmuşa geçirýän telekeçilik mekdebi, birnäçe okuwlary guraýan, şol sanda daşary ýurt dillerini we kompýuter sowatlylygyny öwredýän hususy bilim merkezleri öz mümkinçiliklerini görkezýärler.

 

Ýurdumyzyň telekeçileri hyzmat we söwda ulgamynyň ösüşine mynasyp goşant goşýarlar hem-de halkymyza durmuş, mahabat we neşirýat ugurlaryna degişli hyzmatlary hödürleýärler.

Günüň ikinji ýarymynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde maslahat geçirildi. Onda täzeçil tehnologiýalary, sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen baglanyşykly wezipeler kesgitlenildi. Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda hususy telekeçiligi ösdürmek boýunça kesgitlenen çäreleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Forumda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň dürli ugurlar boýunça alyp barýan işleri baradaky hasabatlar diňlenildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iri döwlet sargytlaryny ýerine ýetirmek, maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak boýunça öňde goýan wezipeleriniň ýerine ýetirilişi we beýleki wajyp meseleler barada pikir alyşmalar boldy. Şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işiniň guramaçylyk meseleleri boýunça çözgütler kabul edildi.

Bu serginiň häsiýetli aýratynlygy onuň dowamynda ýerli kärhanalaryň we daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda söwda boýunça ikitaraplaýyn şertnamalaryň baglaşylmagydyr. Şunda ýurdumyzyň hususy önüm öndürijileriniň daşary ýurt kompaniýalary bilen umumy bahasy ABŞ-nyň 145 million 398 müň 770 dollaryna barabar bolan 63 şertnamany baglaşandygyny bellemek gerek. Şolardan 16-sy bahasy 3 million 247 müň 441 ABŞ-nyň dollaryna barabar bolan eksport şertnamasydyr. 47-si bolsa bahasy ABŞ-nyň 142 million 151 müň 329 dollaryna barabar bolan import şertnamasydyr.

Şunuň bilen birlikde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň umumy bahasy 36 million 174 müň 933 manada barabar bolan özara içerki söwda boýunça şertnamalaryň 51-sini baglaşandygyny bellemek möhümdir. Olar, esasan, dürli azyk önümleriniň we önümçilikde ulanylýan serişdeleriň söwdasyna degişlidir. Munuň özi serginiň köptaraplaýyn häsiýete eýedigini görkezýär.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň berýän uly goldawynyň, hususy işewürligi ösdürmek üçin döwlet tarapyndan döredilýän amatly şertleriň türkmen telekeçilerine geljege uly ynam bilen garamaga, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmagyň, mähriban halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmagyň bähbidine has-da tutanýerli zähmet çekmäge mümkinçilik berýändigini biragyzdan bellediler.

Maslahatyň çäklerinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň dürli ugurlar boýunça “Ýylyň iň gowy telekeçisi” bäsleşiginiň jemleri-de jemlendi.

 

Sergi ertir öz işini dowam eder.

 

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi