Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

 

14.12.2022

 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, deňhukuklylyk we özara bähbitli ýörelgelere daýanýan hem-de häzirki döwürde hil taýdan täze derejä eýe bolan döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň kemala gelen ýörelgeleri, diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan gününden bäri, 30 ýylyň dowamynda ösdürilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýratyn häsiýeti has-da berkedi, iki doganlyk halkyň we döwletiň arasynda okgunly ösdürilýän hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýadyny döretdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türk Liderini myhmansöýer türkmen topragynda görmäge şatdygyny belläp, Prezident Rejep Taýyp Ärdogana «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Türkmenistan - Azerbaýjan - Türkiýe görnüşindäki ýokary derejeli şu gezekki duşuşyga gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek boýunça ileri tutulýan ugurlar barada pikir alşyldy. Taraplar netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen belläp, ýokary we Hökümet derejesinde ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşyna ýokary baha berdiler.

Türkiýäniň ykdysady ulgamda Türkmenistanyň köpýyllyk ygtybarly hyzmatdaşy bolmak bilen, haryt dolanyşygy we maýa goýumlar babatynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigine aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hem-de bilelikdäki täze, giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmegiň ähmiýetli gurallary hökmünde Hökümetara toparyň we Işewürler geňeşiniň ähli mümkinçiliklerini herekete girizmegiň zerurdygy nygtaldy.

Söhbetdeşler ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlediler. Döwlet Baştutanlary häzirki wagtda biziň ýurtlarymyzyň arasynda ikitaraplaýyn esasda işleriň üstünlikli alnyp barylýandygyny belläp, amala aşyrylýan bilelikdäki birnäçe iri taslamalary munuň mysaly hökmünde görkezdiler.

Ynsanperwer gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň aýrylmaz, möhüm bölegi hökmünde çykyş edýär, munuň özi iki doganlyk halky birleşdirýän taryhy, ruhy we medeni umumylyk bilen şertlendirilendir. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler Türkmenistanyň we Türkiýäniň ylym, bilim, medeniýet, sungat we sport ulgamlarynda netijeli gatnaşyklary üstünlikli dowam etmäge ygrarlydyklaryny kanagatlanma bilen bellediler.

Daşary syýasatda, halkara giňişlikde biziň ýurtlarymyz parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, häzirki zamanyň wehimlerine garşy durmak, ählumumy derejede Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Muňa BMG-niň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hem-de Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde özara goldawyň hem aýdyň şaýatlyk edýändigini belläp, Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Ärdogan taraplaryň däp bolan köpýyllyk hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilmegine, onuň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna gönükdirilen tagallalary we başlangyçlary özara goldamaga üýtgewsiz taýýardyklaryny tassykladylar.

Döwlet Baştutanlary sammitiň gün tertibine girizilen meselelere degip geçmek bilen, şu gezekki duşuşygyň zerurdygyny we möhümdigini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler bu wakanyň türkmen-azerbaýjan-türk hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmakda örän ähmiýetli boljakdygyny bellediler.

Şu gün taryhy gatnaşyklaryň üznüksizligine, maksatlaryň umumylygyna, üçtaraplaýyn gatnaşyklaryň ägirt uly mümkinçiliklere eýedigine garaýyşlardan ugur alnyp, hyzmatdaşlygyň bilelikdäki meýilnamalary kesgitleniler. Şunda üç döwletiň dostlukly halklarynyň bähbitlerine gönükdirilen döwletara gatnaşyklaryň röwşen geljegine berk ynam bildirildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Ärdogan birek-birege berk jan saglygyny we jogapkärli döwlet işlerinde uly üstünlikleri, türkmen we türk halklaryna bolsa geljekde hem ösüş we rowaçlyk arzuw etdiler.

 

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi