Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde Döwlet Maslahaty geçirildi
23.09.2022
Şu gün paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan Döwlet Maslahaty geçirildi. Watanymyzyň durmuşynda şanly waka bolan umumymilli forumyň gün tertibine şu döwürde gazanylan üstünlikleriň netijelerini jemlemek, ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerini ara alyp maslahatlaşmak meseleleri girizildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan toplumlaýyn durmuş-ykdysady hem-de demokratik özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýar. Munuň özi nesilleriňdir döwürleriň üznüksiz arabaglanyşygynyň, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň döredijiligiň we ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly hereketiniň aýdyň mysalydyr.
Ir bilen döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgüne geldi. Bu ýerde Aşgabat şäherine hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna wekilçilik edýän Döwlet Maslahatyna gatnaşyjylar ýygnandylar. Sanly ulgam arkaly Ahal welaýatynyň wekilleriniň “Türkmeniň ak öýi” binasyndan, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň wekilleriniň bolsa Türkmenbaşy, Daşoguz, Türkmenabat, Mary şäherlerindäki Ruhyýet köşklerinden umumymilli forumyň işine goşulandygyny bellemek gerek.
Döwlet Maslahatyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.
Döwlet Baştutanymyz ýygnananlara hem-de ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, şu gün — “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda ata Watanymyzyň döwlet Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde Döwlet Maslahatyny geçirýäris. Maslahata ýurdumyzyň Hökümetiniň we Milli Geňeşiniň agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, halk maslahatlarynyň agzalary, edara-kärhanalaryň köp sanly işgärleri, il sylagly ýaşulularymyz, mähriban enelerimiz, ýaşlarymyz gatnaşýarlar diýip nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk baýramy mähriban halkymyzyň durmuşynda diňe bir möhüm sene bolmak bilen çäklenmän, eýsem, geçen ýolumyza baha bermek, gazanan üstünliklerimiziň ähmiýetine düşünmek we öňde duran wezipeleri kesgitlemek üçin hem ajaýyp mümkinçilikdir.
Dabaraly pursat gelip ýetýär. Hormatly Prezidentimiz Döwlet Maslahatyny açyk diýip yglan edýär. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar, oňa umumymilli foruma gatnaşyjylaryň hemmesi joşgun bilen goşulýarlar.
Döwlet Baştutanymyz ýygnananlary hem-de ýurdumyzyň halkyny Döwlet Maslahatynyň geçirilmegi we Garaşsyzlyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylaryň onuň gün tertibi bilen tanşandyklaryny aýdyp, bu baradaky teklipler ýa-da bellikler hakynda gyzyklandy. Döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň biragyzdan goldamagynda hem-de doly makullamagynda Döwlet Maslahatynyň gün tertibiniň tassyklanandygyny yglan etdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz umumymilli foruma gatnaşyjylaryň öňünde maksatnamalaýyn söz sözledi.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramynyň ýurdumyzda giňden bellenilýän günlerinde täze taryhy döwürde döwletimiziň syýasy, ykdysady, durmuş hem-de medeni taýdan ösüş depginlerini has-da ýokarlandyrmak bilen bagly wajyp meseleler girizilen Döwlet Maslahatyny geçirýäris. Bu maslahatda Watanymyzyň demokratik, hukuk we dünýewi esaslaryny mundan beýläk hem berkitmek, halkara abraýyny ýokarlandyrmak üçin toplumlaýyn wezipeleri kesgitläris. Içeri we daşary syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň meselelerine seredip, möhüm Kararlary kabul ederis.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Döwlet Maslahatyna gatnaşyjylary hem-de mähriban halkymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, 2022-nji ýylda Türkmenistan garaşsyz ösüşiniň täze onýyllyklaryny öz içine alýan täze döwre gadam basdy. Strategik ösüşe esaslandyrylan giň gerimli özgertmelerimizi amala aşyryp, Garaşsyzlygymyzyň hem-de Bitaraplygymyzyň binýadyny has-da berkidýäris. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, raýatlarymyzyň durmuş goraglylygyny, iş üpjünçiligini we ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmaga, adam maýasyny ösdürmäge gönükdirilen täze, has belent wezipeler durmuşa geçirilýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Bitaraplyk derejämize berk eýerip, dünýä giňişliginde ýurdumyzyň abraýyny ýokarlandyrýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Garaşsyzlyk ýyllarynda biziň halkymyzyň ýüreginde Watana bolan söýgi, onuň güýç-kuwwatyna we geljegine bolan ynam, gurmaga, döretmäge bolan höwes, depginli ösüşini üpjün etmek islegi pugta orun aldy. Biz beýik işlerimizi Watanymyza bolan söýgimiz bilen amala aşyrýarys. Gaýratly zähmetimiz bilen Watanymyzyň beýikligini has-da şöhratlandyrýarys. Elbetde, Watanymyza, halkymyza, döwletimize bolan söýgimiziň aňyrsynda örän uly jogapkärçilik ýatyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Şoňa görä-de, Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň esaslarynyň has-da berkidilmegine gönükdirilen işlerimizi watansöýüjiligimiz, gujur-gaýratymyz, ruhubelentligimiz bilen depginli dowam etdireris. Biz geljekde-de parahatçylyk söýüjilikli syýasatymyz netijesinde dünýäniň halklary, milletleri, ýurtlary bilen dost-doganlyk ýollaryny gurarys.
Hormatly Prezidentimiz Döwlet Maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ösüş biziň alyp barýan syýasatymyzyň baş maksadydyr diýip belledi. Şoňa görä-de, dünýädäki syýasy, ykdysady, maliýe ýagdaýlara garamazdan, bu gün jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady özgertmelerimizi üstünlikli durmuşa geçirýäris. Ilkinji nobatda, ösüş ýoly arkaly ýurdumyzyň ykdysady we durmuş taýdan durnukly ösüşini üpjün etmek, dünýädäki ornuny has-da pugtalandyrmak hem-de ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak üçin ähli tagallalary edýäris.
“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 - 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda”, şeýle-de “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 - 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” kesgitlenen wezipelere laýyklykda, ykdysadyýetimiziň hem-de jemgyýetçilik durmuşymyzyň ähli ugurlaryny gurşap alýan işler, guwandyryjy netijeler munuň aýdyň subutnamasydyr.
Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň 75 - 80 göterimini durmuş maksatly ugra, ýagny saglygy goraýyş, bilim, medeniýet ulgamlaryny, ýaşaýyş jaý, jemagat hojalygyny maliýeleşdirmäge, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberleriniň köpeldilmegine, bu ugra degişli taslamalary amala aşyrmaga gönükdirýäris diýip belledi. Raýatlarymyzyň aýratyn toparlary, weteranlar we maýyplar, ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalar üçin goşmaça durmuş ýeňillikleri döredilýär.
Döwlet syýasatynda raýatlarymyzyň zähmet we iş üpjünçilik ugrundaky konstitusion hukuklaryny üpjün etmäge, ilatymyzyň işsizlikden goraglylygyna gönükdirilen çärelere hem uly orun berilýär. Bu ugurda goşmaça iş orunlaryny döredip, ilatyň iş üpjünçiligi ulgamy kämilleşdirilýär.
Durmuş ähmiýetli harytlaryň we hyzmatlaryň bahalaryny, nyrhlaryny düzgünleşdirýän adalatly nyrh syýasaty alnyp barylýar. Ilatymyzyň girdejilerini artdyrmak, zähmet öndürijiliginiň ösüş depginini zähmet haklarynyň ösüş depgini bilen utgaşdyryp alyp barmak, durmuş ulgamyna gönükdirilýän maýa goýum serişdeleriniň mukdaryny kesgitlenen möçberlerde üpjün etmek meselelerine wajyp ugurlaryň biri hökmünde ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň esasy durmuş-ykdysady ösüşiniň görkezijileri adam hakyndaky aladanyň döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan esasy ugrudygyny tassyk edýär. Bu, aýratyn-da, raýatlaryň durmuş goraglylygynyň ýokary derejesini üpjün edýän Türkmenistan döwletimiziň abraýyny ýokarlandyrýar.
Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryny ýurdumyzda durmuşa geçirmegiň çäklerinde häzirki we geljekki nesillerimiziň bähbitleri üçin hem zerur işleri alyp barýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy. Biziň ýurdumyzda ilatymyz elýeterli hem-de ýokary hilli lukmançylyk, bilim hyzmatlary bilen üpjün edilýär. Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, onuň täsirini gowşatmak boýunça netijeli çäreler amala aşyrylýar. Abraýly halkara guramalar tarapyndan berilýän ýokary bahalar ýurdumyzyň ösüşleriň ýoly bilen öňe barýandygyny doly subut edýär.
Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugry hökmünde Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilip, halkara gatnaşyklaryň we diplomatiýanyň dünýä taryhynda nusgalyk tejribesi toplanyldy. Hut şu ýylyň özünde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň umumy mejlislerinde ýurdumyzyň başlangyjy esasynda birnäçe resminamalar kabul edildi. Şeýle-de şu ýylda Türkmenistan 2022 - 2028-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň agzalygyna saýlandy. Bütindünýä Söwda Guramasyna “goşulýan ýurduň” derejesini almagy ýurdumyzyň daşary söwdada eýeleýän ornunyň pugtalandyrylmagyna, ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde halkara abraýynyň barha artmagyna, daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegine, bu gurama bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam eder.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna agza bolmagynyň şanly 30 ýyllygyna gabat gelýän “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň sentýabr aýynda Baş Assambleýanyň 77-nji sessiýasy geçirilýär. Onda ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlary beýik maksatlara bagyşlanyp, bu gatnaşyklarda döwrümiziň derwaýys meselelerini bilelikde çözmäge, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga çagyryş bar. Türkmenistan bu işleri üstünlikli dowam etdirmegi maksat edinýär. Köptaraplaýyn, netijeli we deňhukukly gatnaşyklarynyň umumy hereketleriniň bir bölegi hökmünde dürli meseleler boýunça dialogy ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy gazanmagyň şertleriniň biri hasaplaýar. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyz halkara gatnaşyklarda ynanyşmak dialogynyň filosofiýasyny ilerletmek bilen, “Dialog - parahatçylygyň kepili” atly ýörelgä eýerip, täze başlangyçlary öňe sürmegi göz öňünde tutýar.
Türkmenistan dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen sazlaşykly gatnaşyklary ýola goýmak, halkara hyzmatdaşlygyň düýbünden täze, netijeli ýollaryny we ugurlaryny kemala getirmek babatda gymmatly tejribeleri toplady.
Hormatly Prezidentimiz çykyşynda soňky onýyllyklaryň maliýe-ykdysady çökgünlikleri, koronawirus pandemiýasy bilen bagly ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýlar dünýä ykdysadyýetiniň ösüşine hem-de halkara maliýe bazarynyň işine ýaramaz täsirini ýetirdi diýip nygtady. Çylşyrymly ýagdaýlaryň milli ykdysadyýetimize ýetirip biljek täsirleriniň öňüni almak, aýratyn-da, maýa goýum we işewürlik gurşawyny emele getirmek, zähmet öndürijiligini, milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, ulgamlaýyn çäreler amala aşyryldy. Bu çäreleriň ählisi özüniň oňyn netijesini hem berdi. Gahryman Arkadagymyzyň bu çylşyrymly döwürde alyp baran çuňňur oýlanyşykly, ylmy taýdan esaslandyrylan döwlet syýasaty ýurdumyzyň ynamly we depginli ösüşini, maliýe, durmuş taýdan durnuklylygyny üpjün etdi. Ösüşiň senagat-innowasion ýoluny dowam etdirmäge, tebigy, mineral-çig mal we adam mümkinçiliklerimizi peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam berdi.
Bu syýasatyň çäklerinde ýurdumyzyň ykdysady binýady has-da berkidildi, ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan pudaklaryna maýa goýumlaryň möçberi artdyryldy, senagat, önümçilik, durmuş ulgamlaryny ösdürmäge, tebigy serişdelerimizi oýlanyşykly peýdalanmaga gönükdirilen toplumlaýyn işler durmuşa geçirildi. Döwlete dahylly we dahylsyz edara-kärhanalara, hususy telekeçilere önümçilik, dolanyşyk serişdelerini edinmäge, oba hojalygyny ösdürmäge gönükdirilen we raýatlara sarp ediş maksatlary üçin karzlary bermek çäreleri üstünlikli amala aşyryldy. Netijede, halkymyzyň hal-ýagdaýy gowulandy, ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlandy.
Şu maksat bilen, 2011 - 2021-nji ýyllarda ykdysadyýetimize gönükdirilen umumy karzlaryň möçberi 17,2 milliard manatdan 106 milliard manada çenli ýokarlandyryldy. Bu karz serişdeleriniň hasabyna Aşgabat şäherinde we sebitlerimizde ýokary tehnologiýaly täze önümçilikler döredildi, häzirki zaman durmuş, ulag-kommunikasiýa, inženerçilik infrastrukturalary emele getirildi.
Biz geljekde ýurdumyzyň ilatynyň köpelýändigi, şäherleşme derejesiniň ösýändigi, senagat kärhanalaryny we zolaklaryny ösdürmegi maksat edinýändigimiz üçin hökmany ýagdaýda şähergurluşyk işini ösdürmegiň maksatnamasyny kabul etmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şeýle-de geljek döwürde sebitlerimizde suw we lagym geçirijilerini, arassalaýjy desgalary, döwrebap awtomobil ýollaryny, gaz we elektrik geçirijilerini gurmak bilen, sebitlerimiziň inženerçilik ulgamyny özgerderis. Şähergurluşyk taslamalaryny üstünlikli amala aşyryp, durmuş taýdan ýokary ösüşi üpjün ederis.
Mähriban halkymyzyň joşgunly we tutanýerli zähmeti esasynda jemgyýetimizde we ykdysadyýetimizde ýetilen belent sepgitler täze ösüşlere badalga berýär. Şoňa görä-de, 2022 - 2028-nji ýyllarda Döwlet býujetiniň serişdelerini durmuş-ykdysady ösüş strategiýamyzy durmuşa geçirmegiň esasy ugurlaryna, ykdysadyýetimiziň innowasion ösüşini üpjün etmäge gönükdireris. Býujetiň agramly bölegini, ozalkylary ýaly, durmuş ulgamyny maliýeleşdirmek üçin sarp ederis diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.
Geljek ýedi ýylda 278,9 milliard manatdan gowrak maýa goýumlaryny özleşdirip, ýurdumyzyň önümçilik kuwwatyny has-da pugtalandyrarys. Bu döwürde zähmet haklarynyň möçberlerini 1,8 esse artdyrarys. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda 30 müňe golaý goşmaça iş orunlaryny dörederis. Adam başyna düşýän ýaşaýyş jaýlarynyň umumy meýdanyny 102,2 göterim artdyrarys. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 40-syny, orta mekdepleriň 54-sini, täze 4 sany ýokary hünär bilim edarasyny, 10 sany döwrebap hassahanany, 7 sany medeniýet öýüni, 500-den gowrak täze önümçilik we durmuş maksatly binalardyr desgalary gurarys. Bu işleriň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarynyň dowamy bolan “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen baş ýörelgämize laýyklykda, ilkinji nobatda, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna, ýurdumyzyň kuwwatynyň has-da artdyrylmagyna gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Netijeli we durnukly salgyt ulgamyny döretmekde gazanan tejribelerimizden ugur alyp, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmegiň has möhüm guraly hökmünde çeýe salgyt syýasatyny alyp bararys. Milli önümlerimiziň we hyzmatlarymyzyň eksportyny bökdençsiz üpjün edýän oňaýly şertleri dörederis. Ýakyn ýyllarda salgyt salmagyň aýratyn tertibi bolan erkin ykdysady zolaklary, gymmat bahaly kagyzlaryň ikinji bazaryny hem ýola goýarys, gazna biržalarynyň işini işjeňleşdireris. Bu bolsa ýurdumyzyň maliýe bazarynyň giňelmegine ýardam berer diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň dowamynda aýtdy.
Milli maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrmak bilen, ýurdumyzyň pul-karz gurşawyny has-da döwrebaplaşdyrarys. Maksatnamada kesgitlenişine laýyklykda, ýakyn ýedi ýylyň dowamynda ýurdumyzyň maliýe bazarynyň işi has-da kämilleşdiriler, bank hyzmatlarynyň görnüşleri giňeldiler. Mundan başga-da, gymmatly kagyzlar bazaryny we maliýe gurallaryny ösdürmek, ätiýaçlandyryş ulgamynyň gerimini giňeltmek bilen bagly anyk çäreler durmuşa geçiriler. Ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny satyn almak üçin berilýän ýeňillikli ipoteka karzlarynyň, şonuň ýaly-da, sarp ediş maksatly karzlaryň möçberleri yzygiderli artdyrylar hem-de maliýe-bank hyzmatlary kämilleşdiriler.
Bu gün dünýä ykdysadyýeti geostrategik taýdan ösýär we kämilleşýär. Adam mümkinçilikleri giňelýär, ylmy-tehnologik ösüşler çaltlanýar, täze innowasion maliýe merkezleri emele gelýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Türkmenistan maýa goýumlar babatda özüne çekiji ýurtdur. Içerki we daşary ýurt maýa goýum işjeňligini artdyrmak, sebitlerimiziň ykdysady kuwwatyny berkitmek hem-de durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşini üpjün etmek babatda ägirt uly işler amala aşyryldy. Halkara reýtinglerde amatly maýa goýum gurşawyny döretmek babatdaky ýurdumyzyň başlangyçlaryna ýokary baha berildi. Dünýäde we sebitde deňi-taýy bolmadyk iri senagat toplumlarymyz, innowasion önümçiliklerimiz, geljegi uly täze pudaklarymyz maýa goýum syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamalarydyr. Şundan ugur alyp, ýokary depginli ykdysady ösüşi üpjün etmek üçin sebitlerimizi we ykdysadyýetimiziň pudaklaryny geljegiň nukdaýnazaryndan ösdürýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy. Telekeçiligi, kiçi we orta işewürligi goldamak, milli önüm öndürijileri maliýeleşdirmek üçin halkara maliýe guramalary bilen işleri dowam etdireris, hususan-da, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň gurallary tapgyrlaýyn kämilleşdiriler.
Bäsdeşlige ukyply, ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, serişde we energiýa tygşytlaýan, ekologik taýdan arassa elektron we elektrotehniki senagaty maliýeleşdirmäge hem aýratyn üns bereris. Halkara walýuta gaznasy, Bütindünýä banky, Aziýanyň Ösüş banky, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdüreris.
Döwlet Baştutanymyz Döwlet Maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyz içerki bazarlarynda we dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply täze innowasion önümçilikleri döretmekde ajaýyp üstünlikleri gazandy diýip belledi. Senagat önümlerimiz hem-de brend markaly dokma harytlarymyz bilen ýurdumyzyň sebit we dünýä bazarlaryndaky ornuny yzygiderli pugtalandyrýarys hem-de täze bazarlara ýol açýarys. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda döredilen ýa-da täze gurulýan her bir kärhananyň önümleriniň we hyzmatlaryň içerki, daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygynyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet bermelidiris. Şu maksat bilen, ýakyn geljek üçin Türkmenistanyň täjirçilik we söwda strategiýasy işlenip düzülýär. Ýurdumyzyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agzalygyna goşulmagy üçin zerur işler alnyp barylmalydyr. Munuň özi milli ykdysadyýetimize daşary ýurt maýasyny çekmek, goşmaça iş orunlaryny döretmek, ähli pudaklaryň üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek babatda täze mümkinçilikleri açýar.
Ýurdumyzda döredilen innowasion edara-kärhanalaryň, alymlarymyzyň ylmy-intellektual işleriniň netijeleriniň daşary ýurtlarda, halkara derejede goraglylygyny hem-de ykrar edilmegini gazanmak ugrunda ulgamlaýyn işler dowam etdirilmelidir. Bular biziň öňümizde durýan esasy we möhüm wezipelerdir. Şoňa görä-de, milli önümlerimize we hyzmatlarymyza, oýlap tapyşlarymyza, senagat nusgalarymyza dünýä bazarlaryndaky islegleriň yzygiderli öwrenilmegi, degişli döwlet strategiýasynyň işlenip taýýarlanylmagy zerurdyr. Bu ugurda ýöriteleşdirilen marketing gulluklarynyň döredilmegi bilen bagly meselelere ýurdumyzyň söwda we senagat toplumynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçylary ileri tutulýan wezipeler hökmünde garamalydyrlar.
Soňky döwürde forumlary, sergileri, ýarmarkalary, simpoziumlary, şol sanda wirtual sergileri geçirmek bilen, ýurdumyzyň senagat we intellektual kuwwatyny dünýä ýaýýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi. Şanhaý, Ýosu, Milan, Antalýa, Astana, Dubaý şäherlerinde geçirilen Bütindünýä “EKSPO” sergilerinde ýurdumyzyň ýeten derejesine ýokary baha berildi. Munuň özi halkara hyzmatdaşlygyň täze, döwrebap gurallarynyň we nusgalarynyň zerurdygyny tassyklaýar. Şunuň bilen baglylykda, Halkara sergiler býurosy bilen hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmek, daşary ýurtlarda geçirilýän sergilere we ýarmarkalara milli önümlerimiz, hyzmatlarymyz, senagat nusgalarymyz bilen gatnaşmagy işjeňleşdirmek örän wajyp bolup durýar.
Biziň daşary ýurt döwletlerine amala aşyrýan saparlarymyzyň çäklerinde, hökümetara toparlaryň daşary ýurt döwletlerinde mejlisleriniň hem-de işewürlik maslahatlaryň geçirilýän döwründe milli sergilerimizi guramak we olarda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny, maýa goýum mümkinçiliklerini mahabatlandyrmak boýunça işleriň gerimi has-da giňeldilmelidir. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň sergi strategiýasynyň işlenip düzülmegini hem zerur wezipeleriň biri hasap edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryny, iň gowy dünýä tejribelerini ornaşdyrmak arkaly obasenagat toplumyny ösdürmekde we azyk bolçulygyny üpjün etmekde guwandyryjy netijeler gazanyldy. Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, sebitlerimizde täze obadyr şäherçeler, döwrebap maldarçylyk toplumlary we elewatorlar, ýyladyşhana hojalyklary, azyk önümlerini öndürýän kärhanalar, iri sowadyjy ammarlar, suw arassalaýjy desgalar guruldy.
Oba hojalyk pudagyny dünýäniň meşhur kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli, döwrebap oba hojalyk tehnikalary we gurallary, däne hem-de pagta ýygýan kombaýnlar bilen üpjün etmekde oňyn tejribeler toplandy. Türkmenabat şäherinde fosfor dökünlerini öndürýän himiýa zawody, «Tejenkarbamid» we «Marykarbamid» zawodlary, «Maryazot», «Garabogazsulfat» önümçilik birleşikleri, «Garabogazkarbamid» zawody, Garlyk kaliý-dag magdan toplumy gurlup, oba hojalyk toplumyny ýokary hilli mineral dökünler we himiýa önümleri bilen üpjün etmegiň berk binýady döredildi. Däneçiligi, pagtaçylygy, gök ekerançylygy, miweçiligi, maldarçylygy, guşçulygy ösdürmekde hususyýetçiligiň orny pugtalandyryldy. Ak bugdaýyň mekany bolan berkarar döwletimizde şu ýyl gallaçy daýhanlarymyz Watana 1 million 500 müň tonna golaý bugdaý tabşyrdylar. Bu ajaýyp netije ýurdumyzyň zähmetsöýer daýhanlarynyň Garaşsyz Watanymyzyň şanly baýramyna mynasyp sowgadydyr.
Bu gün dokma kärhanalarynyň 60-dan gowragynda nah we garyşyk ýüplükleriň dürli görnüşleri, tüýjümek, jins matalary, taýýar egin-eşikler, el halylary öndürilip, dünýä bazaryna ýokary hilli harytlar çykarylýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Bu gün Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde özgertmelerimiziň täze tapgyryny durmuşa geçirýäris. Maksatnamada kesgitlenen wezipelere laýyklykda, ýurdumyzyň sebitleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň düýpli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen işleri alyp bararys.
Agrosenagat toplumynda ýer kadastrynyň sanly binýadynyň we howanyň üýtgemegi bilen bagly töwekgelçilikleri çaklamak üçin seljeriş platformasy dörediler. Şeýle-de ekerançylykda we maldarçylykda «akylly», şol sanda takyk ekiji oba hojalyk tehnikalary ornaşdyrylar. Ýurdumyzyň strategik wezipelerinden ugur alyp, ylmy-barlag edaralarymyz tarapyndan maldarçylygy ösdürmek, mallaryň hem-de guşlaryň baş sanyny artdyrmak, tohumçylyk işini ylmy taýdan esaslandyrylan usullara laýyklykda giňeltmek, hasyllylygy ýokarlandyrmak, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak babatda oba hojalyk pudagyny ylmy taýdan ösdürmegiň binýady hem dörediler.
Daşky gurşawy arassa saklamak, tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmek we olary rejeli peýdalanmak, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary önümçilige yzygiderli ornaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy. Eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.
Soňra döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, dünýäde fiziki, sanly we biologik häsiýetli tehnologiýalaryň utgaşmagyny alamatlandyrýan «dördünji senagat rewolýusiýasy» eýýamy täze pikirleri, täze innowasion önümçilikleri döretmegi talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyjy esasynda ýurdumyzyň elektron senagaty döredilip, ol milli ykdysadyýetimiziň depginli ösýän täze ugruna öwrüldi.
Ýurdumyz bu gün bäsdeşlige ukyply smart telewizorlaryny, noutbuklary, planşetleri, monobloklary, sensor ekranly kompýuterleri dünýä bazaryna çykarýar. Bu ugurda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag edaralarynyň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň ylmy merkezleriniň gatnaşmagynda aragatnaşyk, senagat we awtomobil elektronikasy, lukmançylyk we kompýuter tehnikasy, elektron harytlary öndürmek boýunça täze kärhanalaryň döredilmegini geljekki ösüşlerimiziň esasy şertleriniň biri hasaplaýarys.
Häzirki wagtda kiçi hem-de orta telekeçiligiň sazlaşykly we netijeli ösmegi, hususy başlangyçlaryň goldanylmagy üçin has amatly hukuk, ykdysady, maliýe, durmuş şertleri döredildi diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi. Ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek, azyk bolçulygyny döretmek, senagat kärhanalaryny, häzirki zaman söwda merkezlerini, döwrebap obalary gurmak boýunça öňümizde goýan wezipelerimizi amala aşyrmakda hususy pudaga uly orun degişlidir. Ýurdumyzyň hususy kärhanalarynyň bäsdeşlige ukyply, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen ýokary hilli önümleri öndürmek, Aşgabat - Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoluny, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini we beýleki iri taslamalary amala aşyrmak ugrunda alyp barýan işleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Biz geljekde adamlaryň öz-özi üçin iş ýerlerini döredýän, uly bolmadyk möçberlerde önüm öndürýän, hyzmatlary edýän kiçi we orta telekeçilere salgyt goldawyny bermek, ýeňillikli bellige almak we ygtyýarnama bermek bilen, täze iş orunlarynyň döredilmegine, haryt-söwda dolanyşygynyň çaltlandyrylmagyna, salgytlardan gelip gowuşýan serişdeleriň artdyrylmagyna oňaýly şertleri döredýän ulgamy ösdürmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Şunuň bilen baglylykda, kiçi we orta kärhanalaryň geriminiň, sanynyň has-da artdyrylmagyny üpjün etmek örän möhüm wezipe bolup durýar. Bu maksatlara ýetmek üçin sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak we ony ösdürmek bilen, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimlikleri edara-kärhanalara, hususy telekeçilere hyzmat etmegiň «Bir penjire» ulgamyna geçmek işini çaltlandyrmaly. Şunda bu işe gatnaşyjylaryň ählisiniň sanly ulgama birikdirilmegini, elektron resminama dolanyşygynyň ýola goýulmagyny hem-de sazlaşykly işledilmegini üpjün etmek zerurdyr.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan dünýä döwletleriniň arasynda özüniň ýangyja we elektrik energiýasyna bolan isleglerini öz hususy baýlyklary bilen doly kanagatlandyrýan hem-de onuň ep-esli bölegini daşary ýurtlara çykarýan ýurt hökmünde tanalýar. Biziň ýurdumyz milli we umumadamzat bähbitlerine özüniň ägirt uly energetika mümkinçiligini netijeli peýdalanmaga örän jogapkärli çemeleşmäge ygrarly bolup galýar hem-de bu ugurda anyk ädimleri ädýär. «Mawy ýangyjyň» gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri tebigy gazy dünýä bazarlaryna ibermegi diwersifikasiýalaşdyrmakdan ybaratdyr. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan energiýa serişdelerini ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirmek baradaky Kararnamalaryň kabul edilmegi hem bu aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr.
Soňky ýyllarda döwrebap senagat toplumlary bolan Gyýanlydaky polimer zawody, Ahal welaýatynda tebigy gazy gaýtadan işläp, benzin öndürýän zawod, aýna kombinaty ýaly ägirt uly kärhanalar guruldy. Milli ykdysadyýetimiziň dünýä bazaryndaky ornuny pugtalandyrmak bilen, daşary ýurt pulunda goşmaça girdejileriň gelip gowuşmagyny hem üpjün etdik diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň welaýatlarynda täze gazhimiýa toplumlaryny gurmagy meýilleşdirýäris. Biz nebitiň we gazyň çykarylyşynyň möçberini hem artdyrýarys. Daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz bilen Hazaryň türkmen bölegindäki ýataklary özleşdirýäris. Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşyklaryny amala aşyrýarys. Bu täze energiýa köprüsi tebigy gazymyzyň Günorta Aziýanyň iri ýurtlaryna uzak möhletleýin ugradylmagyny üpjün etmek bilen, tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösmegi, işewür hyzmatdaşlygyň, parahatçylygyň berkemegi üçin kuwwatly itergi bolar.
Energetika senagaty milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen gaz turbinaly elektrik stansiýalaryň, elektrik geçiriji ulgamlaryň gurlup, Türkmenistanyň elektrik energiýasyny daşary ýurtlara eksport edýän ýurda öwrülendigini belledi.
Dünýäniň öňdebaryjy ýurtlary, ýöriteleşdirilen halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. «Durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de onuň ähmiýeti» atly Kararnama biziň başlangyjymyz bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda iki gezek kabul edilip, Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy Ýer ýüzünde giňden dabaralandyryldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe energetika pudagynyň has-da döwrebaplaşdyrylmagy hem-de ýurdumyzyň dünýäniň energetika ulgamyna işjeň goşulyşmagy ugrunda toplumlaýyn işleri alyp barýarys. Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda Günden we ýelden elektrik energiýasyny öndürýän stansiýanyň, içerki energetika halkasynyň, Türkmenistan - Owganystan - Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygyny dowam etdirýäris. Aşgabat şäherinde Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezini açmagymyz energetika pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin şertleri döredýär. Onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hem-de innowasion tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak meselelerine döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, häzirki döwürde gurluşyk pudagynda we senagatynda amala aşyrylýan özgertmelerimizi has-da çuňlaşdyrýarys, pudagyň senagat-önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrýarys, gurluşyk senagatynyň kuwwatyny artdyrmak üçin hususy eýeçiligiň gerimini düýpli giňeldýäris, çykarylýan ýokary hilli harytlaryň eksportynyň möçberini artdyrýarys. Ýakyn geljekde dünýäniň inženerçilik-tehniki serişdelerini, binagärlik sungatynyň gazananlaryny ulanmak arkaly dürli maksatly ajaýyp binalary we desgalary öz içine alýan, ýaşamak, dynç almak üçin ähli zerurlyklary üpjün edilen «Aşgabat-siti» ýaşaýyş jaý toplumy gurlar. Biz ýakynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň birinji tapgyryny dabaraly açarys.
Halkyň abadan, asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy hakyndaky alada döwlet syýasatymyzda hemişe öňe sürýän baş maksadymyzdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi. Döwletimiziň kuwwatyny, jemgyýetimiziň kämilligini pugtalandyrýan özgertmeler, Türkmenistany dünýäde sazlaşykly ösýän döwletleriň biri hökmünde giňden tanadýan taslamalar hem şu beýik maksada - halkymyzyň bagtyýarlygyna hem-de eziz Watanymyzyň röwşen geljegine hyzmat edýär.
Dünýä ylmynyň gazananlaryny, häzirki zaman tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmak arkaly ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk ulgamyna ykdysadyýetimiziň çalt depginler bilen ösýän, geljegi uly bolan pudaklarynyň biri hökmünde aýratyn üns berýäris. Biziň durmuşa geçirýän ulag-logistika strategiýamyz öz gözbaşyny gadymyýetden - Beýik Ýüpek ýolundan alyp gaýdýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Ýurdumyz bu gün Gündogar - Günbatar, Demirgazyk - Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulag taslamalaryny amala aşyrýar, Owganystan - Türkmenistan - Azerbaýjan - Gruziýa - Türkiýe halkara ulag geçelgesini, Özbegistan - Türkmenistan - Eýran - Oman - Katar halkara ulag geçelgesini, TRACECA halkara ulag geçelgesini döretmäge işjeň gatnaşýar.
Şeýle-de Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil we demir ýol köprülerini, Aşgabat, Türkmenbaşy, Türkmenabat, Kerki şäherlerinde Halkara howa menzillerini, Türkmenbaşy şäherinde Halkara deňiz portuny gurmak boýunça taslamalar amala aşyryldy. Bu taslamalar Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarda söwda-ykdysady işjeňligi ösdürmäge goşan saldamly goşandy bolup durýar.
Türkmenistanyň başlangyçlary esasynda 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda durnukly ulag ulgamynyň ösdürilmegi boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň dört sany Kararnamasy biragyzdan kabul edildi diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi. 2016-njy ýylda Türkmenistanda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahat, şu ýyl bolsa deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň maslahaty geçirildi. Bularyň ählisi halkara ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmekde, ony ählumumy, sebit derejesinde berkitmekde, döwrebap halkara üstaşyr ulag geçelgelerini döretmekde we ösdürmekde täze mümkinçilikleri açýar.
Döwrümiziň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryna, täze tehnologiýalara, bilimlere we innowasiýalara daýanyp, ýurdumyzda ylmy, bilimi, medeniýeti ösdürmek babatda uly tejribe topladyk. Ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly sagdyn nesli terbiýelemäge örän uly ähmiýet berýäris. Dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden ugur alnyp, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikler döredýäris. Bilim işini döwrebaplaşdyrýarys, milli maksatnamalary, konsepsiýalary üstünlikli durmuşa geçirýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Ýaş nesilleriň ýokary derejede bilim almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary, watançylygyň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredýäris.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, öňdebaryjy halkara tejribeler, milli ýörelgelerimiz esasynda bilim işini kämilleşdirýäris. Şäherdir obalarymyzy gurşap alýan täze bilim edaralaryny gurýarys. Okatmagyň usullaryny ylmy-nazaryýet, iş hem-de tejribe nukdaýnazaryndan kämilleşdirýäris, halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýäris. Biz Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen VII gurultaýynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Kanunyň rejelenen görnüşini kabul etdik. Bu Kanun ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadyny has-da pugtalandyrýar hem-de ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleri giňeltmäge ýardam berýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, dünýädäki ähli ösüşler ylym hem-de tehnologiýalar esasynda amala aşyrylýar. Şoňa görä-de, ylmyň gazananlary, innowasion tehnologiýalar, öňdebaryjy tejribeler esasynda döwletimizi ösdürmäge möhüm ugur hökmünde garaýarys. Akademiki, pudaklaýyn we ýokary hünär bilim edaralarynda ylmy barlaglaryň netijeliligini kämilleşdirmek maksady bilen, ylmy edaralaryň hojalyk hasaplaşygy, sargytlaýyn esasynda amala aşyrýan ylmy işleriniň gerimini giňelderis. Häzirki wagtda ýokary okuw mekdeplerimiziň garamagynda ylmy-barlag institutlary we merkezler hereket edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde ýaş alymlaryň, inženerleriň, tehnologlaryň we hünärmenleriň ylmy-barlag işleriniň netijelerini önümçilige ornaşdyrmagyň ugurlaryny kesgitlemelidiris. Bu ugurda degişli döwlet strategiýasynyň taýýarlanylmagyny möhüm wezipe hasaplaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Biz milli medeniýetimizi ösdürmäge aýratyn üns berýäris. Teatrlar, kitaphanalar, muzeýler, medeniýet öýleri biziň milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň gülläp ösýändiginiň subutnamasydyr. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň täze strategiýasy, amala aşyrylýan düýpli özgertmeler bizden ylym, bilim, medeniýet ulgamlarynda özgertmeleriň täze tapgyryny geçirmegi talap edýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Ylma, bilime, medeni diplomatiýa döwlet syýasatymyzyň möhüm bölegi hökmünde garaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Bilim we ylym babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeni gymmatlyklarymyzy wagyz etmek ylym, bilim, medeni diplomatiýamyzyň möhüm gurallarydyr. Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna birikdirmek, türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek sungatyny, türkmen keçe sungatyny, türkmen demirçilik senedini, türkmen tazysyny we elguş sungatyny, türkmen milli göreşini ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl mirasynyň sanawyna girizmek zerurdyr. ÝUNESKO derejesinde bellenilýän şanly seneleriň sanawyna Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny goşmak, ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralaryny döretmek, orta mekdeplerimiziň birnäçesini ÝUNESKO-nyň mekdepler bileleşiginiň düzümine girizmek biziň öňümizde durýan möhüm wezipelerdir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlary hökmünde welaýatlarymyzda we paýtagtymyzda kliniki we ylmy-kliniki merkezleri, Olimpiýa şäherçesi, köpugurly sport toplumlary, döwrebap stadionlar gurlup, häzirki zaman düzümleri döredildi. Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmakda, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty işjeňleşdirmekde baý tejribe toplandy. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen bilelikdäki hyzmatdaşlygyň çäginde halkara güwänamalar alyndy hem-de degişli tassyknamalar gowşuryldy. Şu ýyl ýurdumyzyň günbatar we demirgazyk sebitiniň dolandyryş merkezlerinde köpugurly hassahanalary, Daşoguz şäherinde bolsa onkologiýa hassahanasyny dabaraly açdyk. Aşgabat şäherinde Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara pediatriýa merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň gurluşyklaryny alyp barýarys.
Halkara Olimpiýa Komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan ýurdumyz Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine hem mynasyp goşant goşýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen «Amul - Hazar 2018» halkara awtorallisi, Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça ylgaw ýaryşlary hem-de köpçülikleýin welosipedli ýörişler, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty ýokary derejede geçirildi. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlary bolsa sporty, parahatçylyk söýüjilik, dostluk ýörelgelerimizi Ýer ýüzünde dabaralandyrdy.
Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda türkmen sportunyň taryhynda ilkinji Olimpiýa medalynyň gazanylmagy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara sport giňişligindäki abraýynyň ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýän şanly waka öwrüldi.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda, Olimpiýa şäherçesinde döredilen şertlerden hem-de innowasion mümkinçiliklerden ugur alyp, 2024-nji ýylda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa we XVII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna we beýleki halkara ýaryşlara Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny ylmy esasda taýýarlamagyň maksatnamasyny taýýarlamaly diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi. Şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň utgaşdyrmagynda Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hünärmenleri hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň professor-mugallymlary tarapyndan ýaşlarda sagdyn durmuş ýörelgelerini terbiýelemek, fiziki işjeňligini ösdürmek meseleleri ulgamlaýyn, ylmy esasda öwrenilmelidir.
Şu mesele boýunça 2022 - 2052-nji ýyllar üçin niýetlenen döwlet strategiýasynyň taýýarlanylmagyny hem zerur hasap edýärin diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu işleriň utgaşykly ýola goýulmagy netijesinde halkara derejedäki ýaryşlarda döwletimiziň sport abraýyny mynasyp gorap, hakyky ussatlygyň ajaýyp nusgasyny görkezjek türgenlerimiziň täze nesliniň kemala geljekdigine pugta ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şu ýyl Türkmenistanda Prezident saýlawlary geçirildi. Saýlawlar erkin, adalatly ýagdaýda geçdi. Saýlawlara gözegçilik eden daşary ýurtly myhmanlar olara ýokary baha berdiler. Esasy zat saýlawlaryň geçirilişine türkmen halkynyň ýokary baha bermegidir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy hem-de mähriban halkymyza ynam bildirendigi we goldandygy üçin öz minnetdarlygyny bildirdi.
Men Türkmenistanyň halkyny mundan beýläk-de ýurdumyzyň üstünlikli ösmegi, geljegi ugrunda mümkin bolan ähli zatlary etjekdigime ýene-de bir gezek ynandyrmak isleýärin. Bu işlerde milli kanunçylygymyzyň hem uly ähmiýeti bardyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Men hemişe döwür bilen aýakdaş kanunçylygymyzyň bolmagyny belleýärin. Şoňa görä-de, geljekde-de saýlaw ulgamyna degişli kanunçylygymyzy, geçirilýän saýlawlarda gazanylýan tejribeleri hem milli kanunçylygymyza ornaşdyrmalydyrys diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Soňra hormatly Prezidentimiz 2023-nji ýylda geçiriljek örän wajyp ähmiýetli çärä ünsi çekdi. Ýagny geljek ýylda biziň öňümizde şeýle çäreleriň birnäçesi bar. Biz Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny geçirmeli. Şoňa görä-de, biz bu saýlawlara häzirden taýýarlyk görüp başlamaly.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, syýasy-jemgyýetçilik işlerinde milli parlamentiň wekilleriniň hem uly orny bar. Bu işde olaryň işjeň hereketleri uly meseleleri çözýär. Men milli parlamentiň agzalarynyň geljekde-de halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň hatyrasyna tutanýerli zähmet çekip, ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmekde, kanunlaryň kadalaryny we ýörelgelerini halka düşündirmekde, döwletimiziň syýasatyny wagyz etmekde mynasyp goşant goşjakdyklaryna, öňümizdäki saýlawlaryň hem ýokary derejede geçirilmegine işjeň gatnaşjakdyklaryna pugta ynanýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Meniň baş maksadym Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň esaslaryny has-da berkidip, ýurdumyzy beýik geljegimize tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we hemmelere berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar, abadan durmuş, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Ýaşasyn Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri!
Ýaşasyn Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz!
Şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanan şu ruhubelent sözler bilen döwlet Baştutanymyz öz çykyşyny tamamlady.
Soňra hormatly Prezidentimiz Döwlet Maslahatyna gatnaşyjylara söz berdi.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň ýaşaýjysy, pensioner Muhammetmyrat Orazow çykyş etdi.
Ol hormatly Prezidentimizi hem-de ýygnananlaryň hemmesini şanly sene - Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk hem-de giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çuňňur many-mazmunly çykyşynyň Döwlet Maslahatyna gatnaşyjylar tarapyndan ýokary ruhubelentlik bilen kabul edilendigi bellenildi. Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzda häzirki döwürde ýaýbaňlanan giň gerimli özgertmeler Watanymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyny şertlendirdi, halkymyzyň buýsanjyny belende göterdi.
Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda häzirki wagtda täze sepgitlere ýetmäge gönükdirilen 30 ýyllyk Milli maksatnama durmuşa geçirilýär. Ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine laýyklykda, ata Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleri dowam etdirilýär, toý-baýramlar giňden tutulýar. Her bir uly başlangyjy halk bilen ara alyp maslahatlaşmak asylly däbe öwrüldi, bu bolsa şol başlangyçlaryň rowaçlanmagyna ýardam berýär.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz ýaşuly nesle aýratyn hormat goýýar. Muňa döwlet Baştutanymyzyň hormatly ýaşulular hem-de kümüş saçly enelerimiz bilen Mekge we Medine şäherlerine umra hajyny bilelikde amala aşyrmagy hem şaýatlyk edýär. Ýaşuly nesil özleri baradaky hemmetaraplaýyn alada üçin Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirýär.
Çykyş edýän döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Watanymyzda döwrebap şäherleriň we nusgalyk obalaryň gurulýandygyny belledi. Öz Baştutanynyň daşynda mäkäm jebisleşen türkmen halky parahat we bagtyýar durmuşda ýaşaýar, şunda beýik şahyr, akyldar Magtymgulynyň bize miras goýan meşhur goşgy setirlerinde beýan edilen arzuw-hyýallar hasyl bolýar. Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde bina edilýän Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň birinji tapgyrynyň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygy bellenildi. Bu “akylly” şäherde ýokary depginlerde gurulýan ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, çagalar baglary we beýleki durmuş maksatly desgalar ajaýyp keşbi bilen haýran galdyrýar. Oba milli maksatnamasyny mundan beýläk-de durmuşa geçirmegiň çäklerinde köp sanly önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurulmagy meýilleşdirilýär.
M.Orazowyň ynandyryşy ýaly, ýaşuly nesil halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyna buýsanýar we geljekde-de olar döwlet Baştutanymyzyň ähli başlangyçlarynyň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşarlar, ýaşlary ýokary watançylyk ruhunda hem-de milletimiziň ruhy-ahlak gymmatlyklary esasynda terbiýelemek üçin ähli tagallalary ederler.
Hormatly ýaşuly Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda Watanymyzyň täze üstünliklere ýetjekdigine ynam bildirip, çykyşyny joşgunly goşgy setirleri bilen tamamlady.
Soňra Aşgabat şäheriniň 1-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany Nurjemal Bekowa söz berildi. Ol saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimizi hem-de Döwlet Maslahatyna gatnaşyjylary “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda ýokary ruhubelentlikde bellenilýän Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň baştutanlygynda saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylan oňyn özgertmeleriň netijesinde bu ulgamda belent sepgitlere ýetilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeginde iň kämil tehnologiýaly lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen halkara saglyk merkezleri, hassahanalar, şypahanalar, şäher, oba saglyk öýleri gurlup ulanmaga berildi. Bularyň ählisi Arkadagly Serdarymyzyň türkmenistanlylaryň saglygyny berkitmek boýunça yzygiderli aladalarynyň aýdyň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde keselleriň bejeriş-öňüni alyş işlerini kämilleşdirmek, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, olara garşy göreşmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek ýaly giň gerimli çäreler amala aşyrylýar. Bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň oňyn çözülmegine gönükdirilen maksatnamalar we kanunlar kabul edildi.
Ýurdumyzda zenan sarpasynyň belentde tutulmagy, olaryň dürli ugurlarda işlemegi üçin deň mümkinçilikleriň, döwrebap şertleriň döredilmegi aýratyn bellärliklidir. Gahryman Arkadagymyzyň enelere bolan söýgüsiniň, sarpasynyň we hormatynyň beýany bolan “Enä tagzym - mukaddeslige tagzym” atly kitabynda belleýşi ýaly, ýurdumyzyň “Ene mähri” merkezleriniň ählisine “Enä we çaga mähirli garaýyşly hassahana” diýen halkara güwänamalaryň berlendigi sagdyn nesilleriň kemala gelmeginde, eneleriň sagdynlygyny gazanmakda ýetilen belent sepgitleriň halkara derejede ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasydyr diýip, lukman zenan belledi.
N.Bekowanyň aýdyşy ýaly, döwlet Baştutanymyz ýaş nesliň saglygy barada hemişe alada edýär. Bu ugurda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan uly işler amala aşyrylýar. Türkmenistan saglygy goraýyş ulgamynda dünýäniň ösen döwletleri we iri halkara guramalar, şol sanda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Munuň özi yzygiderli ýagdaýda oňyn tejribeleri alyşmaga mümkinçilik berýär.
Maşgala lukmany saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda uly yhlas bilen zähmet çekjekdiklerine ynandyryp, öz çykyşyny goşgy setirleri bilen tamamlady hem-de döwlet Baştutanymyza iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Soňra Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň operatory Nepes Jumakowa söz berildi. Çykyş eden Döwlet Maslahatyna gatnaşyjylary mübärekläp, energetika pudagynyň işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we tutuş türkmen halkyny Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy bilen gutlady.
Bellenilişi ýaly, ägirt uly tagallalaryň netijesinde Türkmenistan diňe bir sebitiň däl, tutuş dünýäniň kuwwatly energetika döwletleriniň birine öwrülýär. Gurulýan ýaşaýyş jaýlary, senagat kärhanalary, halk hojalyk toplumynyň beýleki pudaklarynyň desgalary ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edilýär. Şunuň bilen birlikde, türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberleri günsaýyn artýar.
Gurluşygy güýçli depginde dowam edýän, sebitde deňi-taýy bolmadyk Türkmenistan - Owganystan - Pakistan elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen, ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasy Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryna tarap has-da uzar. Bu halkara elektrik geçirijisi halklaryň arasyndaky dostlugyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze sahypasyny açar. Geçen ýylda Ahal - Balkan ýokary woltly täze asma elektrik geçirijisiniň işe girizilmegi, Balkan - Daşoguz howa elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň batly depginlerde alnyp barylmagy, şu ýylyň iýul aýynda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda sebitde ýeke-täk Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň gurlup ulanmaga berilmegi ýurdumyzda energetika ulgamynda döredilýän giň mümkinçilikleriň aýdyň mysalydyr.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň maksatnamalaýyn çykyşynda beýan edilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe energetika ulgamynda gazanylan zähmet ýeňişleri halkymyzyň buýsanjyny artdyrdy diýip, N.Jumakow nygtady hem-de ýurdumyzyň energetika pudagynyň işgärleriniň adyndan pudagyň ösdürilmegine berilýän uly üns üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Çykyşda bellenilişi ýaly, ýaşlar baradaky alada döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymlary, talyp ýaşlary bilen ýakynda geçiren duşuşygynda eden çykyşy, şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty” atly täze kitabynyň neşir edilmegi onuň saýlap alan hünäri baradaky buýsanjy artdyrdy. Bu kitap ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygynyň öňüsyrasynda ähli türkmen halkyna ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy.
Çykyş eden energetika senagatyny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegine degip geçip, häzirki wagtda pudagyň önümçilik we ylmy-tehniki kuwwatyny pugtalandyrmaga, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmaga, “ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmäge aýratyn üns berilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Gün, ýel stansiýalarynyň gurulmagy meýilleşdirilýär. Asyryň taslamasy adyny alan Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna uly ähmiýet berilýär. Ol energiýa serişdelerini öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň, sarp edijileriň bähbitleriniň deňagramlylygyny üpjün edýär.
Çykyşynyň ahyrynda Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň operatory hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglyk, uzak ömür hem-de halkymyzyň abadançylygynyň, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň “Täze durmuş” daýhan birleşiginiň kärendeçisi Sahy Möwlamberdiýewe söz berilýär. Ol oba hojalyk işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimizi we ähli türkmen halkyny beýik Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk toýy bilen gutlap, döwlet Baştutanymyzyň hemmetaraplaýyn goldawyndan ruhlanýan daýhanlaryň yhlasly zähmeti bilen ak bugdaýyň, gowaçanyň gök-bakja ekinleriniň, miweleriň, ir-iýmişleriň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär. Sahawatly türkmen topragynda öndürilýän ekologik taýdan arassa, ýokary hilli azyk önümleri ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün edýär hem-de olaryň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär diýip belledi.
Bellenilişi ýaly, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistanda ekerançylaryň ýerden bol hasyl almagy üçin giň mümkinçilikleri açýan düýpli özgertmeler dowam etdirilýär, bu bolsa olaryň ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatlanmagyna uly goşandydyr. Döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň galla oragy möwsüminde Mary, Lebap welaýatlarynda toý saparynda bolmagy, gallaçy kärendeçiler bilen duşuşyp, gymmatly maslahatlary bermegi daýhanlarda toprakdan bol hasyl almaga uly hyjuw döretdi. Ýurdumyzyň kärendeçi daýhanlary oba hojalyk önümlerini öndürmekde ýylyň-ýylyna ýokary sepgitlere ýetmek bilen, bu ugurda baý zähmet tejribesini topladylar. Ata-babalarymyz daýhanyň halal zähmetinden kemala gelen, her dänesi altyna deňelen ak bugdaýa mukaddeslik hökmünde garap, aýratyn sarpa goýupdyrlar. Olaryň parasatly wesýetlerine eýerip, türkmen gallaçylary şu ýyl şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdiler.
Nygtalyşy ýaly, şu günki Döwlet Maslahatynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň eden çuň many-mazmunly çykyşy oňa gatnaşyjylar tarapyndan uly ruhubelentlik bilen diňlenildi. Oba hojalyk işgärleri döwlet Baştutanymyzyň bu taryhy forumda obasenagat toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek babatda öňe süren başlangyçlaryny tüýs ýürekden goldaýarlar. Amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeler netijesinde daýhanlarymyz gurplanýar, obalarymyz galkynýar, ata Watanymyzyň şan-şöhraty jümle-jahana dolýar diýip, kärendeçi şeýle sahawatly işler üçin Arkadagly Serdarymyza çäksiz hoşallygyny beýan etdi.
Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň ýaşlary bilen geçiren taryhy duşuşygynda aýdan parasatly sözlerinden ruhlanyp, pederlerimizden miras galan halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirip, ýaş oba hojalyk işgärleri mundan beýläk-de yhlasly zähmet çekjekdiklerine, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge öz mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna ynandyrýarlar diýip, kärendeçi aýtdy.
Çykyş edýän hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, Watanymyzyň hem-de halkymyzyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde uly üstünlikler arzuw edip, çykyşyny Arkadagly Serdarymyzyň hormatly atasy Mälikguly aganyň döreden ajaýyp goşgy setirleri bilen tamamlady.
Soňra Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Guryýer goşunlary müdirliginiň Howa hüjüminden goranmak goşunlarynyň serkerdesi Serdar Begmyradow çykyş etdi. Ol «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli Döwlet Maslahatynyň geçirilmegi bilen Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ähli şahsy düzüminiň adyndan gutlady.
Bellenilişi ýaly, Watan goragçylary şu günki umumymilli forumda kabul ediljek durmuş-ykdysady ösüş boýunça taryhy çözgütleriň halkymyzyň bitewüligini we jebisligini has-da pugtalandyrjakdygyna, ony täze sepgitlere ýetmäge ruhlandyrjakdygyna ynanýarlar. Türkmenistanyň Prezidentiniň, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň Baştutanlygynda giň gerimli harby özgertmeler amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde milli Ýaragly Güýçleriň goranyş ukyby yzygiderli berkidilýär, maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar, harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertleri gowulanýar.
Şeýle-de çykyş edeniň belleýşi ýaly, Belent Serkerdebaşymyzyň şu ýylyň 10-njy awgustynda ýurdumyzyň günbatar sebitinde ýerleşýän Harby-deňiz güýçleriniň «Garşy» deňiz birikmesine gelmegi hem-de bu ýerde «Deňiz han» atly korwet kysymly harby gämi bilen tanyşmagy ähli Watan goragçylarynyň, aýratyn-da, ýurdumyzyň deňizçi harby gullukçylarynyň söweşjeň ruhuny belende göterdi.
Arkadagly Serdarymyzyň şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýyna gatnaşyp, ýaşlar bilen duşuşmagy, onda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi harby gullukçylary buýsandyrdy. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garalýandygy barada aýdan parasatly sözleriniň aýdyň beýanydyr.
Täze Kanunyň rejelenen görnüşinde watançylyk terbiýesine aýratyn orun berilýändigi bellenildi. Bu bolsa mert pederlerimiziň watanperwerlik mekdebiniň mynasyp dowam etdirijileri bolan ýaşlary ata Watany jandan eziz görmäge, onuň her daban ýerini gözüň göreji deýin goramaga ruhlandyrýar.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň ähli şahsy düzüminiň adyndan S.Begmyradow Belent Serkerdebaşymyza abraý bilen gulluk etmek babatda ähli mümkinçilikleriň döredilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Türkmen harby gullukçylary Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe buýsanç bilen gatnaşarlar diýip, harby gullukçy belledi. Ol eziz Watanymyzyň hakyky watançylarynyň hem-de wepaly ogullarynyň — Berdimuhamet Annaýewiň, Mälikguly Berdimuhamedowyň, Gahryman Arkadagymyzyň, şeýle-de Arkadagly Serdarymyzyň nusgalyk göreldesine eýerip, eziz Watanymyzyň goragynda sarsmaz gala we polat galkan bolup durjakdyklaryna ynandyrdy.
Umumymilli foruma gatnaşyjy Türkmenistanyň Prezidentine, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna berk jan saglyk, uzak ömür, döwletli işinde hemişe rowaçlyk arzuw edip, çykyşyny mukaddes harby kasamyň sözleri bilen tamamlady.
Soňra Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzasy Gurbannyýaz Şirmuhammede söz berildi. Ol Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleriň dowam etdirilýändigini, toý-baýramlaryň giňden tutulýandygyny belledi. Bu dabaralara daşary ýurtly türkmenler hem gatnaşýarlar. Her gezek mukaddes topragynda bolanlarynda, dünýä türkmenleri ata Watanymyzyň gülläp ösüşlerine guwanýarlar.
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzasy şular barada aýdyp, Arkadagly Serdarymyza Döwlet Maslahatyna gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, daşary ýurtly watandaşlarymyz hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň özleri üçin edýän taýsyz aladalaryny duýup ýaşaýarlar. Aýratyn-da, Türkmenistanyň Owganystana iberýän ynsanperwerlik kömekleri olary buýsandyrýar. Şol ýerde durmuş maksatly we ulag ulgamynyň desgalary, ajaýyp metjit guruldy. Owgan ýaşlary Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde tölegsiz esasda bilim alýarlar. Türkmenistanyň goňşy ýurda ýeňillikli bahadan iberýän elektrik energiýasy, “mawy ýangyjy” owgan halkynyň diňe ojaklaryna däl, ýüreklerine-de ýylylyk paýlaýar.
Şunda häzirki döwürde gurluşygy dowam edýän Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan - Owganystan - Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygy ýaly iri taslamalaryň ähmiýeti nygtaldy. Şol taslamalaryň durmuşa geçirilmegi köp sanly iş orunlaryny döredýär, durmuş meselelerini çözmäge ýardam edýär.
Bellenilişi ýaly, golaýda Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХХIII maslahatynyň geçirilmegi hem-de onda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň taryhy çykyşy foruma gatnaşyjylarda hakyky buýsanç duýgusyny döretdi. Şunuň bilen baglylykda, çykyş eden Gahryman Arkadagymyzyň adyna bildiren hormat-sarpasy - ony Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň “Ynsanperwerligiň sarpasy” atly nyşany bilen sylaglandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzasy ata Watanynda bolup geçýän giň gerimli özgertmelere we şanly wakalara buýsanjyny goşgy setirleri arkaly beýan etdi. Ol pursatdan peýdalanyp, dünýä türkmenleriniň adyndan Arkadagly Serdarymyzy, Gahryman Arkadagymyzy hem-de ähli türkmen halkyny eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy bilen gutlady we çykyşyny goşgy bilen jemledi.
Soňra çykyş edenler Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň 4-nji ýyl talyby Altyn Allaberdiýewa hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 2-nji ýyl talyby Amanmyrat Ataýew hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şöhratly 31 ýyllygy mynasybetli Döwlet Maslahatynyň geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly sözlerinden ruhlanan ýurdumyzyň ýaşlarynyň Watanymyzyň beýik üstünliklerine buýsanyp, ynamly öňe barýandyklaryny nygtadylar.
Bellenilişi ýaly, häzir Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary netijesinde ýaş nesilleriň döwrebap bilim almaklary bilen birlikde, ruhy-ahlak taýdan ösüşine hem örän uly üns berilýär. Ýaşlarda ylma bolan höwesi artdyrmak, olary watançylyk ruhunda terbiýelemek, beden taýdan sagdyn şahsyýetleri kemala getirmek, ýaş maşgalalary goldamak ata Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Şunda hormatly Prezidentimiziň ýaş türkmenistanlylary ata-babalarymyzyň baý durmuş tejribesi, milli däpleri, halkymyzyň ahlak gymmatlyklary esasynda terbiýelemek boýunça beren maslahatlaryna aýratyn üns çekildi. Bu babatda Arkadagly Serdarymyzyň şahsy göreldesi ýaş oglan-gyzlar üçin durmuşda ugur alynmaly möhüm ýörelgeler bolup durýar.
Şeýle-de şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmeginiň ýaşlary täze döwrüň ruhuna laýyk belent maksatlara ruhlandyrandygy bellenildi. Ýaş türkmenistanlylar döwlet tarapyndan döredilen mümkinçiliklerden peýdalanyp, giň dünýägaraýyşly, saýlap alan hünärine ussatlyk bilen erk edýän ýokary bilimli işgärlere öwrülýärler. Bu gün biziň oglan-gyzlarymyz ýurdumyzyň halkara abraýynyň pugtalanmagyna uly goşant goşýarlar. Olar dürli ders we ylmy bäsleşiklerde, iri sport ýaryşlarynda mynasyp çykyş edip, Watanymyzyň Döwlet tuguny belende galdyrýarlar.
Diýarymyzyň talyplarynyň wekilleriniň nygtaýyşlary ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanda amala aşyrylýan özgertmeler ýaş nesillerde çäksiz buýsanç duýgusyny döredýär. Täze orta, ýöriteleşdirilen orta we ýokary okuw mekdepleriň, çagalar baglarynyň açylyş dabaralary, milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak hem-de sanlylaşdyrmak babatda gazanylýan üstünlikler, sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi munuň aýdyň subutnamalarydyr.
Çykyş edenler hemmetaraplaýyn aladalary we berýän goldawlary üçin ýaşlaryň adyndan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, şu taryhy Döwlet Maslahatynda döwlet Baştutanymyzyň Watanymyza, halkymyza, ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerine wepaly ýaş nesilleri terbiýelemek barada aýdan sözleriniň ähmiýetini nygtadylar. Ýaş türkmenistanlylaryň mundan beýläk-de yhlasly zähmet çekjekdiklerine, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşjakdyklaryna, döwlet Baştutanymyzyň bildirýän ynamyny ödemek üçin ähli ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna hormatly Prezidentimizi ynandyryp, talyplar watançylyk mazmunly şygyr setirlerini okadylar.
Çykyşlar tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Döwlet Maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, şu gün Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitlere, gazanylan üstünliklere, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna seredilendigini belledi. Durmuşa geçirilýän taryhy özgertmeleriň ähmiýeti, döwletimizi hem-de jemgyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmekde öňde duran wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de şu meseleler boýunça çykyşlar diňlenildi.
Soňra döwlet Baştutanymyz däp bolşy ýaly, ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň ýurdumyzyň uly baýramlarynyň öň ýanynda günäleriniň geçilýändigini aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol bu ugurda degişli işleriň geçirilendigi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda degişli Permanlara gol çekdi. Olara laýyklykda, şanly baýram mynasybetli, ýurdumyzyň raýatlarynyň 829-synyň we daşary ýurtlaryň raýatlarynyň günäsi geçilip, mundan beýläk jeza çekmekden boşadylar.
Döwlet Baştutanymyz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna, goranmak ministrine, ýokarda agzalan toparyň başlygyna ýüzlenip, degişli ýolbaşçylar bilen bilelikde günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, ýakyn wagtda öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, beýleki ähli ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyryp, günäsi geçilen adamlara bolsa Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow raýatlarymyzyň her biriniň ata Watanymyzyň üstünliklerine mynasyp goşant goşýandyklaryny belläp, ýurdumyzy ösdürmek ugrunda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetini göz öňünde tutup hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli, zähmetde has tapawutlanan watandaşlarymyzy döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda karara gelendigini habar bermek bilen, degişli resminamalara gol çekdi.
Döwlet Maslahatynyň dowamynda Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berildi. Ol döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen hormatly adyny dakmak hem-de Türkmenistanyň “Zenan kalby” ordeni bilen sylaglamak hakyndaky Permanlaryny okaýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dabaraly ýagdaýda “Hormatly il ýaşulusy” diýen ada mynasyp bolan ýaşuly nesliň wekillerine degişli döşe dakylýan nyşanlary we şahadatnamalary, “Zenan kalby” ordenine mynasyp bolan hormatly enelerimize sylaglary gowşurýar.
Ildeşlerimiz bildirilen hormat-sarpa üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdyp, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ýaş nesli watançylyk, zähmetsöýerlik, milletiň belent ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň ruhunda terbiýelemegiň bähbidine mundan beýläk-de ähli gujur-gaýratyny, bilimlerini hem-de tejribelerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Döwlet Baştutanymyz sylaglananlary olaryň durmuşyndaky bu ajaýyp waka bilen ýene-de bir gezek gutlap, bu ýere ýygnananlara jemleýji söz bilen ýüzlendi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Garaşsyzlygymyzyň 31 ýylynyň içinde gazanan üstünliklerimize, ýeten sepgitlerimize buýsanyp, ata-babalarymyzyň miras goýan asylly ýörelgelerine daýanyp, mundan beýläk-de uly üstünlikleri gazanarys. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da belende götereris.
Döwlet Baştutanymyz umumymilli foruma gatnaşyjylary hem-de ýurdumyzyň halkyny golaýlap gelýän Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Şunlukda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Döwlet Maslahatyny ýapyk diýip yglan etdi.
Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Döwlet senasynyň belent mukamy ýaňlanýar.
Bu möhüm waka Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhyna halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň saýlap alan parahatçylyk söýüjilik, döredijilik, ösüş ýoluna pugta ygrarlydygynyň aýdyň nyşany bolup girer.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi