Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
29.12.2022
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Mejlisiň ýolbaşçysy geljek 2023-nji ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan asylly däbe görä, her ýyly döwrebap atlandyrmak ýola goýuldy. Munuň özi ýurdumyzyň her bir raýatynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan söýgini we buýsanç duýgusyny ösdürmäge, türkmenistanlylaryň tagallalaryny döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň ösüşiniň möhüm ugurlaryna gönükdirmäge ýardam edýär. Bu däp milli agzybirligimizi we jebisligimizi dabaralandyryp, halkymyzyň watançylyk ruhuny belende göterýär.
Tamamlanyp barýan «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda - 2022-nji ýylda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik we medeni durmuşynda bolup geçen köp sanly il-ýurt, halkara ähmiýetli ýatdan çykmajak wakalaryň we amala aşyrylan özgertmeleriň hatarynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurulmagyny we onuň “Arkadag şäheri” diýlip atlandyrylmagyny hem-de bu şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyryna badalga berilmegini görkezmek bolar. Munuň özi ýurdumyzy bütinleý özgerdýän, ösdürýän beýik işleriň aýrylmaz bölegi bolup, Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny, parahatçylykly ösüş ýoluny aýdyňlyk bilen görkezýär.
2023-nji ýyly «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip atlandyrmak baradaky çözgüt halkymyzdan gelip gowşan köp sanly teklipler esasynda kabul edildi. Ýylyň ady iri jemgyýetçilik birleşiklerinde, zähmet toparlarynda, okuw mekdeplerinde, obadyr-şäherlerinde geçirilen maslahatlarda ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkymyz tarapyndan giňden goldanylan teklipler nazara alnyp, Milli Geňeşiň Mejlisiniň degişli Karary taýýarlanyldy.
Geljek ýylyň şygary halkymyzy ähli ulgamlarda ösüşiň täze belentliklerine, üstünliklere tarap ynamly alyp barýan hormatly Prezidentimize hormat-sarpanyň nyşanydyr. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmek boýunça amala aşyrýan bimöçber işleriniň, şu günki we geljekki nesilleriň rowaç hem-de abadan geljegini üpjün etmekdäki uly tagallalarynyň halkymyz tarapyndan ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna 2023-nji ýylyň nyşanynyň taslamasyny hödürläp, Mejlisiň ýolbaşçysy onuň bezeginiň aýratynlyklary barada habar berdi. Nyşanda ýerleşdirilen şekiller Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň parahatçylygyny, bagtyýarlygyny, ösüşe we oňyn özgertmelere tarap ymtylyşy hem-de ýaşlaryň watançylyk duýgusyny alamatlandyrýar. Türkmenistanyň bagtyýar geljegi ýaşlar bilen berk baglanyşyklydyr. Nyşanyň umumy mazmuny Gahryman Arkadagymyzyň ak ýoly bilen Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda bütin halkymyzyň jebis bolup, ýaşlar bilen geljekde ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda gujurly we gaýratly zähmet çekjekdigini suratlandyrýar.
Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlerine ýüzlenip, mälim bolşy ýaly, her ýyly döwrebap atlandyrmak boýunça ýylyň şygarynyň yglan edilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň beren maglumatyna görä, deputatlarymyzyň we halkymyzyň geljek ýylyň şygarydyr nyşanyny teklip edýändigini belläp, olary goldady hem-de tassyklady. Hormatly Prezidentimiz geljek 2023-nji ýylyň şygaryny «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilýändigini aýtdy.
Geljek ýylyň şygaryny hem-de nyşanyny metbugat we teleýaýlymlar arkaly halk köpçüligine ýetirmek tabşyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýyl Ministrler Kabinetiniň 52 sany, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 12 sany mejlisiniň, şeýle hem 49 sany dürli döwlet maslahatlarynyň geçirilendigini belledi.
Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýyl tamamlanyp barýar. Bu ýyl «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly hökmünde berkarar döwletimiziň taryhynda hem hemişelik galar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Geçip barýan ýylda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda köp işler amala aşyryldy. Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 - 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň kabul edilmegi hem-de onuň durmuşa geçirilip başlanmagy amala aşyrylan işiň esasy netijeleriniň hatarynda görkezildi. Bu resminama laýyklykda, Bitarap Watanymyz sebit we ählumumy derejelerde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek ýaly örän möhüm wezipeleri çözmek üçin tagalla edýär. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlarynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk giňeldilýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Şu ýyl ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň daşary ýurtlara saparlarynyň amala aşyrylandygy, şeýle hem döwlet we Hökümet Baştutanlarynyň Türkmenistana sapar bilen gelendikleri bellenildi. Geljek ýylda dünýäniň birnäçe ýurtlarynyň ýolbaşçylary bilen ýokary derejedäki gepleşikler meýilleşdirilýär. Abraýly halkara we sebit guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmäge uly ähmiýet berilýär. Bu Guramanyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde Bitarap döwletimiziň başlangyjy bilen taýýarlanan ençeme Kararnamalar kabul edildi.
Garaşsyz döwletimiz Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we Bütindünýä Söwda Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär.
Milli ykdysadyýetimizi ösdürmek üçin maksatnamalaýyn işleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändigine, netijede, ähli pudaklarda ýokary ösüş depginleriniň gazanylýandygyna aýratyn üns çekildi.
Şeýlelikde, 2022-nji ýyl ýurdumyzda döredijiligiň we şanly wakalaryň ýyly boldy. Syýasy, ykdysady we medeni ulgamlarda uly üstünlikler gazanyldy. Giň gerimli jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyryldy.
Ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 - 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasy» kabul edildi. Şu maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde geçip barýan ýylda hem jemi içerki önümiň durnukly ösüş depgini gazanyldy. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň 10 göterim artdyrylan möçberleri öz wagtynda doly maliýeleşdirildi.
Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyk meýilnamalaýyn esasda döwrüň talabyna görä kämilleşdirilýär.
Şu ýyl Türkmenistanyň parlament diplomatiýasy aýratyn işjeňlik görkezdi. Ol häkimiýet edaralarynyň milli bähbitlerini goramak, halkara hyzmatdaşlygy we hukuk tertibini ösdürmek boýunça işiniň düzüm bölegi bolup durýar. Şeýle hem ýurdumyz ykdysady bähbitlerini öňe sürýär we Watanymyzyň dünýä giňişliginde abraýy ýokarlanýar. Hormatly Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça parlamentara hyzmatdaşlygy giňeldilýär, köptaraply parlament gatnaşyklary ýola goýulýar.
«Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatymyza eýermek bilen, biz ilatymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga köp serişdeleri gönükdirýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we ýurdumyzyň ähli sebitlerinde senagat we önümçilik desgalarynyň, şeýle hem iri ýaşaýyş toplumlarynyň gurluşygynyň dowam etdirilýändigini belledi.
Täze ýyl baýramy ýetip geldi. Ol dynç gününe gabat gelýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we ýurdumyzyň ilatynyň Täze ýyly dabaraly belläp geçmegi, gowy dynç almagy üçin, 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky dynç gününi 2-nji ýanwara geçirmek kararyna gelendigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz degişli Permana gol çekip, Täze ýylyň baýram edilýän günleri şäherleriň we obalaryň kadaly ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün edýän ähli gulluklaryň nobatçylygyny guramak bilen bagly meselelere mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Täze ýyl baýramynyň bellenilýän günlerinde ýurdumyz boýunça nobatçylygy talabalaýyk guramak tabşyryldy.
Bellenilişi ýaly, baýramçylyk günlerinde her bir häkimlik, ministrlik we pudak edarasy boýunça nobatçylyk bellenmelidir, jemagat hojalygy, elektrik energiýasy, suw üpjünçiligi gulluklarynyň, hassahanalaryň, ýolagçy awtoulaglarynyň, dükanlaryň takyk, bökdençsiz işlemegini guramak zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, tutuş ýurdumyz boýunça baýramçylyk günlerinde nobatçylygyň talabalaýyk guralmagyna umumy gözegçiligi üpjün etmek tabşyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk günleri raýatlarymyz gowy dynç alyp, Täze ýyly ýokary derejede bellär ýaly, ähli ýerlerde tertip-düzgüniň pugta berjaý edilmegini berk gözegçilikde saklamak barada degişli ýolbaşçylara görkezme berdi.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini jemläp, ýygnananlara geljek ýylda täze üstünlikleri, rowaçlyklary, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak ugrunda alyp barjak işlerinde uly üstünlikleri gazanmaklaryny arzuw etdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow mejlise gatnaşyjylaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy ýetip gelýän 2023-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň giň möçberli maksatnamalaryny, meýilnamalaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen köpugurly döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Wise-premýer, daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy geljek “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň» nyşanyny we şygaryny goldandygy hem-de tassyklandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, geljek ýylyň şygarynyň çuňňur manysynyň bardygyny belledi. Ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň parasatly syýasaty we Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň geljegi, onuň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň daýanjy bolan ýaşlara uly üns berilýär. Ýaş nesil baradaky alada eziz Watanymyzyň ertirki güni baradaky aladadyr. Häzirki wagtda türkmen ýaşlary bu alada mynasyp jogap bermäge çalşyp, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de okgunly ösmegine, onuň halkara giňişlikdäki abraýynyň has-da belende galmagyna saldamly goşant goşýarlar.
Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgeden ugur alýan syýasaty hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň yglan eden strategik ugrunda mynasyp dowam edýär. Bu strategik ugruň esasy maksady döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine girişmek dabarasyndaky çykyşyndaky «Watan diňe halky bilen Watandyr!» diýen çuň manyly sözlerinde öz aýdyň beýanyny tapdy.
Wise-premýer, daşary işler ministri parasatly, oýlanyşykly daşary we içeri syýasaty üçin, döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, mejlise gatnaşyjylaryň adyndan halkymyzyň hem-de Watanymyzyň abadançylygynyň, rowaçlygynyň bähbidine tutanýerli zähmet çekjekdiklerine, täze taryhy eýýamyň giň möçberli maksatnamalarynyň, wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin ähli bilimini, tejribesini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.
Mejlisiň barşynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Mejlisiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşanlary we olaryň üsti bilen ähli türkmenistanlylary ýetip gelýän Täze ýyl bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady, hemmelere berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi