Kuwwatly ykdysadyýetiň daýanjy ösüşlere beslenýär
«Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Gahryman
Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa-laşdyryp
ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmaga,
Türkmenistan döwletimizi dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna goşmaga
gönükdirilen möhüm özgertmeler durmuşa geçirilýär. Durmuşa geçirilýän ykdysady
özgertmelerde ýurdumyzyň bank ulgamy aýratyn ähmiýete eýedir.
Berkarar
döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan
ugurlarynyň biri bolan bank ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär. Maýa goýum
ýagdaýyny gowulandyrmagyň esasy önümçilik gaznalaryny tehnologik taýdan
täzelemäge, degişli düzümleri döwrebaplaşdyrmaga iri maýa goýumlaryny çekmegiň
özi ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagyna hem-de milli
ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär.
Banklar şahsy we edara görnüşli taraplara, şol sanda hususy telekeçilere
dürli görnüşli bank hyzmatlaryny hödürleýärler. Olara mysal hökmünde ilata
hasaplaşyk, gündelik we goýum hasaplarynyň açylmagyny, hasaplar boýunça pul
geçirimleriniň amala aşyrylmagyny, pul serişdeleriniň saklanylmagyny, pul serişdeleri
boýunça müşderilere we ynanylan wekiline degişli tassyknamalaryň berilmegini,
töleg tabşyryklary, çekler, inkasso, akkreditiw, bank kartlary arkaly
geçirilýän nagt däl hasaplaşyklary, müşderilere tölegterminallaryň
gurnalmagyny, milli we daşary ýurt pulunda serişdeleriň talap edilýänçä we
möhletli goýumlara kabul edilmegini, halkara töleg ulgamlarynyň üsti bilen
daşary ýurtlara nagt däl görnüşde tölegleriň geçirilmegini we kabul edilmegini,
“Altyn asyr” bank karty arkaly ýerine ýetirilýän amallary, hyzmatlaryň beýleki
görnüşlerini görkezmek bolar. Ilata ýokary hilli bank hyzmatlaryny hödürlemek,
bank işjeňligini gazanmak maksady bilen bank hünärmenleriniň hünär derejelerini
ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreler geçirilýär. Bank hünärmenleri ýurdumyzyň
çäginde geçirilýän ýörite okuw maslahatlaryna yzygiderli gatnaşýarlar. Bu bolsa
müşderilere hödürlenilýän hyzmatlaryň hil taýdan kämilleşmeginde özüniň
beýanyny tapýar.
Bankda alnyp barylýan işleriň üstünlikli amala aşyrylmagy ýagny, bank
kartlary bilen nagt däl hasaplaşyklary ösdürip, pul serişdeleriniň dolanşygyny
çaltlandyryp, töleg ulgamynyň netijeliligini artdyrmak işleriniň durmuşa
geçirilmegi we ýurdumyzyň maliýe taýdan durnuklylygyny pugtalandyrmaklyga,
milli puluň hümmetini berkitmeklige, müşderileriň pul serişdelerini berk gorap
saklamaklyga, pul serişdeleriň kadaly dolanşygyny üpjün etmeklige, şeýle hem
halkymyzyň durmuş-ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaklyga oňyn täsirini ýetirýär.
Türkmenistan döwletimizde amala aşyrylýan ykdysady
özgertmeleriň çäklerinde bank ulgamynyň işine döwrebap tehnologiýalar, häzirki
zaman bank hyzmatlary ornaşdyrylýar. Bu bank hyzmatlarynyň içinde aýratyn hem
fiziki şahslar üçin şahsy maksatlar, şahsy zerurlyklar üçin ulanylýan bank
kartlary arkaly geçirilýän nagt däl hasaplaşyklar aýratyn möhüm orna eýedir.
Häzirki wagtda
söwda we hyzmat ediş merkezlerinde, saglyk edaralarynda, ätiýaçlandyryş
guramalarynda, awiapetek, demirýol petekleri satylýan nokatlarda tölegleri
ilatdan bank kartlarynyň üsti bilen almak boýunça ähli zerur şertler döredilen.
Bank kartlarynyň üsti bilen töleg terminallary arkaly nagt däl görnüşde söwda
we hyzmat ediş nokatlarynda harytlary satyn almagyň, aragatnaşyk, jemagat we
ýaşaýyş hyzmatlarynyň töleginiň, awtoulag ýangyjy üçin tölegiň, saglygy goraýyş
edaralarynyň hyzmatlarynyň, awiapetekler üçin tölegiň, karzy üzmek we onuň
göterim töleginiň tölenilmeginde döwrebap, amatly we howpsuz usullar
hödürlenýär.
Bu günki günde
Türkmenistanyň karz edaralarynda nagt däl hasaplaşyklary has-da ýaýbaňlandyrmak, pul dolanşygynyň
netijeliligini ýokarlandyrmak, bank kartlary boýunça milli we halkara töleg
ulgamynyň ýaýrawyny giňeltmek babatynda giň gerimli işler alnyp barylýar.
Hususan-da bank kartlarynyň, töleg terminallaryň, bankomatlaryň sany, şeýle hem
“Internet-bank”, “Mobil-bank” ulgamlarynyň üsti bilen amal edilýän nagt däl
hasaplaşyklaryň möçberi yzygiderli artýar.
Nagt däl
hasaplaşyklaryň amatlylyklary -“Altyn asyr” bank karty bilen
çykdajylary dolandyrmak has aňsat, bank kartyndaky pullary goramak has aňsat,
tölegiň takyklygy, arassaçylyk, wagtyň tygşytlanmagy, onlaýn görnüşde söwda
etmek mümkinçiliginiň hem ulanylmagy örän amatly.Nagt däl
hasaplaşyklar töleg ulgamynyň çäklerinde häzirki wagtda dolanşyga girizilen
“Maşgala” bank karty raýatyň “Altyn asyr” bank karty hasabyna birikdirmekden
ybarat bolup ýagny, bank kartyň goşmaça nusgasydyr we raýat bilen bilelikde
maşgala agzalarynyň şol bir wagtda peýdalanmagydyr. “Maşgala” bank kartynyň
üsti bilen nagt däl hasaplaşyk tölegleri etmek, şeýle-de bankomatlardan nagt
pul serişdelerini almak mümkinçiligi bardyr. “Maşgala” bank karty welaýatlardan
gelen watandaşlarymyz - maşgala agzalaryna pul ugratmak üçin wagt sarp etmezden,
islän wagtlary maşgala agzalaryna gerekli bolan pul serişdesini ulandyrmak
mümkinçiligini berýär. “Altyn asyr” bank kart hasabyndan “Maşgala” bank kartynyň
hepdelik sarp ediljek pul mukdarynyň möçberini kesgitlemäge mümkinçiligi
bardyr.
Hormatly Prezidentimiziň çuňňur oýlanşykly, täzeçillik syýasaty netijesinde
biziň döwletimiz gysga döwrüň içinde çalt depginler bilen ösýän ýurtlaryň
sanawynda mäkäm orun eýeläp, dünýäniň hojalyk gatnaşyklar ulgamyna üstünlikli
goşulyşdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň
öňünde goýýan strategiki wezipelerini ýerine ýetirmekde bank ulgamy möhüm orny
eýeleýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan pul-karz syýasatynyň çäklerinde onuň
degişli gurallaryny sazlaşykly ulanmak arkaly ykdysadyýetimiziň depginli ösüşi
we makroykdysady deňeçerligi üpjün edilýär.
Bankyň goýum syýasatyna laýyklykda ilatyň erkin duran pulserişdelerini
banka çekmek arkaly goýum hasaplaryndaky serişdeleriň möçberini artdyrmak,
importyň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilýän önümçilik maksatly karzlary,
kiçi göwrümli karzlary şol bir wagtda ýurdumyzda
hususy telekeçiligi goldamagyň çäklerinde maýa goýum işjeňligi artdyrylýar. Kiçi we orta telekeçiler
tarapyndan amala aşyrylýan taslamalary maliýeleşdirmek hem-de raýatlara melleginde (kömekçi hojalygynda, bölünip berlen ýer
böleginde) ekerançylyk we maldarçylygy ösdürmek maksady bilen, oba hojalyk
önümlerini ösdürmek, esasy we dolanşyk serişdelerini edinmek hem-de iri
önümçilikler üçin zerur bolan ýerli çig mallary öndürmek maksady bilen Kiçi
göwrümli karzyny hödürleýär.
Häzirki wagtda ykdysadyýetiň sanlaşdyrylmagy beýleki ykdysady düzümler
bilen bir hatarda banklaryň hem sanly ulgama geçmegini şertlendirdi. Bank ulgamynda ulanylýan sanly tehnologiýalaryň döredýän
amatlyklaryndan peýdalanmak bilen halkara tejribesiniň öňdebaryjy
tilsimatlarynyň ornaşdyrylmagy netijesinde müşderilere döwrebapbank hyzmatlaryny hödürlemek we bank işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça sanly
ykdysadyýete geçmäge degişli işleri alyp barmaklyk dowam etdirilýär.
Türkmenistanda sanly
ykdysadyýetiň kemala gelmegi jemgyýetçilik durmuşynda we maliýe işinde maglumat
we sanly serişdeleriň ähmiýetiniň güýçlenmegi bilen häsiýetlendirilýär. Munuň esasy sebäbini ykdysadyýetiň
sanly görnüşinde jemlenen mümkinçilikleriniň diňe bir ykdysady ösüşi üpjün
etmekde däl, eýsem ynsan durmuşynyň hem özgermegine getirýändigi bilen
düşündirip bolar.
Türkmenistanyň
we türkmen halkynyň abadançylygy, rowaçlygy ugrunda
ýadawsyz tagallalaredýän, ýurdumyzyň halkara
abraýyny dünýä jemgyýetçiligine ykrar etdirmegi başaran, dost-doganlyk
gatnaşyklaryny ösdürmekde, şeýle-de bize şeýle ajaýyp
zamanada netijeli işlemäge şert döredip berýän Gahryman
Arkadagymyzyň jany sag, başy dik bolsun, il-ýurt
bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp
barýan işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Myrat Annagurbanow,
Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik bankynyň
Bank kartlary bölüminiň müdiriniň
wezipesini ýerine ýetirijisi