Talyp karzy:
-
Karzyň möhleti: Karz
ugry okuwyň möhletine görä açylýar. Karz ugry boýunça ilkibaşda okuwyň birinji
ýarymýyllygy ýa-da 1 ýyly üçin zerur bolan möçberde tölegler geçirilýär. Ilkibaşda
ulanylan karzyň möçberi, ikinji tölegi geçirilmezden doly yzyna gaýtarylýar.
-
Göterim derejesi:
ýyllyk 5%
-
Maksady: nagt däl
görnüşinde ýörite orta, ýokary okuw jaýlarynyň tölegli okuw kurslaryny tölemek.
-
Müşderä bolan
talaplar: karz ugry talybyň ene-atasynyň ýa-da dogab-garyndaşlarynyň birine
resmileşdirilip, maşgala agzalarynyň zamunlygynyň bolmagy, okuw edarasynyň
resmi töleg hasapnamasy.
-
Möçberi: aýratynlykda
kesgitlenýär.
Talyp karzy Türkmenistanyň raýaty bolan talyplaryň kanuny wekiliniň birine resmileşdirilip, Türkmenistanyň raýaty bolan talyplara tölegli
esasda Türkmenistanyň ýörite orta hem-de ýokary okuw jaýlarynda bilim almak
üçin berilýär.
Maksatlaýyn talyp karzy okuwyň bahasyny
tölemek üçin, okuwyň gündizki görnüşinde, hususy tertibi ýagdaýda okaýan ýa-da okamaga hukuk gazanan talyplaryň, karzyň üpjünçiligi ýeterli bolan, tölege ukyply, girdeji çeşmesi bolan ene-atalaryň ýa-da dogan-garyndaşlaryň birine resmileşdirip,
töleglilik, möhletlilik we gaýtarmaklyk ýörelgeleri esasynda berilýär.
Hormatly
talyplar we ene-atalar !
“Talyp
karzyndan” peýdalanmak üçin bankyň Merkezi edarasyna ýa-da onuň islendik
welaýatlaryndaky bank gulluklaryna ýüz tutup bilersiňiz.
Habarlaşmak
üçin telefon belgilerimiz : 93-83-51