Milli ykdysadyýetimiz pugtalandyrylýar
Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimiziň dürli
pudaklarynyň öňünde goýýan strategiki wezipelerini ýerine ýetirmekde bank
ulgamy möhüm orny eýeleýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan pul-karz syýasatynyň çäklerinde
onuň degişli gurallaryny sazlaşykly ulanmak arkaly ykdysadyýetimiziň depginli
ösüşi we makroykdysady deňeçerligi üpjün edilýär.
Milli ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna geçýän
döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek ugrunda diwersifikasiýalaşdyrylan,
bäsdeşlige ukyply, innowasion ösüşini üpjün etmek üçin maliýe we bank
ulgamlarynyň durnukly bolmagyny gazanmak wajyp bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda
«Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylynda
milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmäge, ygtybarly maliýe-bank ulgamyny
döretmäge, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen
düýpli maliýe özgertmeler ykdysady ösüşiň esasy bolup durýar.
Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy we
ösdürilmegi bilen bir hatarda Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky
hem öz işjeňligini «Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly
ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna»
laýyklykda amala aşyrýar.
Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky
tarapyndan sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi maksatnamalaýyn esasda alnyp
barylýar. Konsepsiýada ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň maglumat-aragatnaşyk,
tehnologiýalar binýadyny seljerip, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmekde taýýarlyk
derejelerini kesgitlemek we olaryňmaddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak
boýunça bäsle-şikleri yglan etmek, kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, sanly
ykdysadyýetiň ösýän şertlerinde tejribeli milli we halkara bilermenlerini işe
çekmek, ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamak ulgamyny kämilleşdirmek
we beýleki çäreler göz öňünde tutulýar.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň karz edaralary
iri maglumat geçiriş ulgamyna eýedir. Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky
tarapyndan hem sanly ykdysadyýete geçmegiň çäklerinde nagt däl hasaplaşyklary
ösdürmek, bank kartlary arkaly milli we halkara töleg ulgamynyň gerimini
artdyrmak ugrunda degişli çäreler amala aşyrylýar. Nagt däl hasaplaşyklary ösdürmek,
hasaplaşyklaryň bank kartlarynyň üsti bilen amala aşyrylyşyny artdyrmak we töleg ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, giň gerimli mahabat işleri yzygiderli alnyp barylýar. Netijede Türkmen-türk
paýdarlar täjirçilik banky boýunça 2020-nji
ýylda bank kart ulgamynda nagt däl hasaplaşyklaryň pul möçberi jemi 438 979 müň
manada barabar boldy. Bu bolsa 2020-nji ýyl üçin bellenen nagt däl
hasaplaşyklaryň meýilnamasy bilen deňeşdirilende 2,8 esse artdy, bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 2,1essä çenli ýokarlandy. Bu
görkezijiler nagt däl hasaplaşyklaryň geriminiň ýylsaýyn artýandygyny
görkezýär.
Ýurdumyzda pul dolanşygynyň
netijeliligini has-da kämilleşdirmek üçin hem-de bank
ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy tilsimatlaryna esaslanýan nagt däl
hasaplaşyklary ýaýbaňlandyrmak boýunça iri söwda nokatlarynda
töleg terminal-larynyň ornaşdyrylmagy
dowam etdirilýär. Töleg ulgamynyň kämilleşdirilmegi üçin banklaryň hersiniň
özüne mahsus bolan kartlaryň ýaýradylmagyna
aýratyn üns berilýär. Bankymyz tarapyndan “Maşgala” atly täze bank kart hyzmaty dolanşyga girizilip
müşderilerimize hyzmat edilip başlandy. «Goýum bank karty» hem ýola goýlup, bu
kartyň üsti bilen nagt däl görnüşde söwda edilende bank tarapyndan kesgitlenen 0,5
göterim bilen müşderä pul sylagy hökmünde «Cash back» hyzmaty esasynda yzyna
gaýtarylýar. Müşderilerimize hödürlenen bu kartlar barada giňişleýin
maglumatlar berlip, bu babatda işler dowam etdirilýär. Bu bank kartlaryň ýerine
ýetirýän hyzmatlarynyň biri-birinden tapawutly bolmagy bäsdeşligiň döremegine
getirip, banklarymyza halka has bähbitli hyzmatlary hödürlemäge itergi
berjekdigini hem-de halkymyza bank kartlaryna bolan islegleriniň artjakdygyny ynamly
aýdyp bolar.
Bankyň hereket edýän pul-karz syýasatyny kämilleşdirmek
barada dowamly işler alnyp barylýar. Berilýän karzlaryň yzyna gaýtarlyşyna doly
seljerme geçirilýär we gözegçilikde saklanylýar. «Türkmenistan-parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylynda ykdysadyýetimiziň
durnukly we ýokary depginli ösüşini üpjün etmek, ýurdumyzda telekeçiligi has-da
ösdürmek, şeýle hem Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça Döwlet
maksatnamalaryň öňde goýlan wezipeleri üstünlikli
ýerine ýetirmekde telekeçilik işini alyp barýan taraplara döwlet
tarapyndan giňden goldaw bermekde maliýe çäreleri geçirilýär. “Kiçi we
orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda” Türkmenistanyň
Prezidentiniň Kararyny ýerine ýetirmek ugrunda işler alnyp barylýar.2020-nji ýylyň dowamynda Türkmen-türk
paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan döwlete dahylsyz kärhanalara, hususy
telekeçilere hem-de raýatlara jemi 250 922 müň manat möçberinde karzlar
resmileşdirildi. Bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 135% ýerine
ýetirildi.
Eziz Arkadagymyzyň
öňdengörüjilikli maliýe-ykdysady syýasaty netijesinde ýeňillikli salgyt
syýasatynyň ýöredilmegi, ilata pes göterimli karzlaryň berilmegi, eýeçiligiň
dürli görnüşlerinde täze düzümleri, iş orunlaryny emele getirmäge, kärhanalaryň
öz-özüni maliýeleşdirmek ýörelgelerine geçmek arkaly önümçilik kuwwatyny
pugtalandyrmaga, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge, önümiň
özüne düşýän gymmatyny peseltmäge, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga,
ylmyň, tehnikanyň, innowasion tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylyşyny
çaltlaşdyrmaga, halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny barha ösdürmäge giň
mümkinçilikler döredilýär.
Karz ulgamyny kämilleşdirmekde degerliçäreler giň gerim
bilen alnyp barylýar we ýylsaýyn kämilleşdirilýär.
Işewürligi ýola goýmak maksady bilen orta we kiçi telekeçiligi goldamak hem-de
ösdürmek boýunça ýerli haryt öndürijileri goldanýar.
Önümçilik bilen meşgullanýan hususy ulgama we telekeçilere eksport üçin
öndürýänönümleri giňeltmeklige we ýerli haryt öndürijileriň sanyny artdyrmakda
ýeňillikli karzlaryň berilmegi dowam etdirilýär.
Bulardan başga-da häzirki wagtda Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky
tarapyndan raýatlara melleginde (kömekçi hojalygynda, bölünip berlen ýer
böleginde) ekerançylyk we maldarçylygy ösdürmek maksady bilen oba hojalyk
önümlerini ösdürmek esasy we dolanşyk serişdelerini edinmek hem-de iri
önümçilikler üçin zerur bolan ýerli çig mallary öndürmek maksady bilen kiçi
göwrümli karzlary hem hödürlenýär. 2020-nji
ýylyň dowamynda Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan raýatlara
jemi 135 müň manat möçberinde kiçi göwrümli karzlar resmileşdirildi hem-de
geljekde bularyň sanyny köpeltmek ugrunda işler alnyp barylar.
Sazlaşykly
ösýän ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasaty türkmen halkynyň bagtyýar we
abadan durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Häzirki döwürde ýurdumyzda asuda
durmuşy pugtalandyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini dünýäniň ösen
döwletleriniň derejesine ýetirmek ugrunda alnyp barylýan beýik özgertmeler
dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldaw tapýar.
Türkmen
halkynyň abadançylygy,
rowaçlygy ugrunda ýadawsyz tagallalary edýän, dünýä
döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde ägirt uly wezipeleri
ýerine ýetirýän, bize şeýle
ajaýyp zamanada netijeli işlemäge şert döredip berýän Gahryman
Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt
bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläk
hem rowaç alsyn!
Gurbanmyrat Bäşimow,
Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik
bankynyň
Maliýe hasabatlary
we ylmy-önümçilik
bölüminiň müdiriniň wezipesini ýerine ýetirijisi