«Arkadag
Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda köňüller
buýsanja beslenýär
2023-nji ýyl «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly»
diýlip yglan edilen ilkinji
gününden başlap Hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlarynyň we
taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetini pudaklaýyn diwersifikasiýa-laşdyrmak,
ykdysady ösüşiň köpugurlylygyny gazanmak babatynda düýpli öňegidişlikler
gazanylýar. Milli ykdysadyýetimizi köpugurly esasda ösdürmegiň halkara we sebit
ähmiýetli taslamalary amala aşyrmak arkaly durnukly ösüş depginlerini saklamak
– esasy wezipeleriň biri bolup, bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçilýän
döwürde, ykdysady bähbitleri artdyrmak wezipelerine aýratyn ähmiýete eýe
bolýar.
Hemmämize mälim bolşy ýaly, 2023-nji
ýylyň 19-njy sentýabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde iş
saparynyň çäginde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen
Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşdy.
Bu waka eziz Watanymyzyň döwlet
Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan giň halkara hyzmatdaşlyk
ýörelgesine ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu konsepsiýada Milletler
Bileleşigi bilen strategik gatnaşyklary çuňlaşdyrmak ileri tutulýan ugurlaryň
biri bolup durýar. Häzirki döwürde bu hyzmatdaşlyk täze many-mazmuna eýe boldy.
Hormatly Prezidentimizi ABŞ-nyň
Nýu-Ýork şäherine bolan saparynyň üstünlikli tamamlanmagy hem-de BMG-niň Baş
Assambleýasynyň belent münberinden eden taryhy çykyşynyň giň goldawa eýe
bolmagyny uly buýsanç bilen bellemelidiris.
Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan
asylly işleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa
geçirilmegi bilen, soňky ýyllarda ýurdumyz ähli ugurlar boýunça uly ösüşleri
gazanýar. Dünýäniň gyzyklanma bildirýän islendik ýurdy hem-de abraýly halkara
guramalar, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen
düzümleri bilen köpugurly gatnaşyklaryň ösdürilmegi Türkmenistan döwletimiziň
daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir.
Hormatly Prezidentimiziň Birleşen
Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda öňe süren başlangyçlary dünýä
bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe boldy. Döwlet Baştutanymyzyň bu gezekki
saparynyň netijeli häsiýete eýe bolmagy halkymyzy täze zähmet üstünliklerine
ruhlandyrdy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan
dünýä ähmiýetli beýik işleriň rowaçlyklara beslenýändiginiň nobatdaky beýanyna
öwrüldi.
Röwşen geljege
rowaç gadamlar bilen barýan eziz Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan gazanýan
ösüşleri göwünleri galkyndyrýar, buýsançly kalbymyzy joşa getirýär. Milli
Liderimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň Türkmenistan döwletimizi hemmetaraplaýyn
ösdürmek baradaky yzygiderli tagallalary, durmuşa geçirýän beýik işleri bu gün
ähli halkymyz we umumadamzat üçin diýseň bähbitlidir we buýsandyryjydyr.
Gahryman Arkadagymyz
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan içeri hem
daşary syýasaty mundan beýläk-de dabaralansyn, parahatçylygyň, abadançylygyň,
durnukly ösüşiň hatyrasyna gönükdirilen beýik başlangyçlary hemişe rowaç
bolsun!
Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky