Önüm öndürijilere goldaw
“Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda rowaçlyklara beslenýän ýurdumyzyň bank ulgamy tarapyndan hususy pudagyň
ösdürilmegi, ýurdumyzyň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna goşulmagy
üçin köp sanly işler yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky hem bu ugurda
wajyp işleri amala aşyrýar, müşderilerine edýän hyzmatlarynyň gerimini günsaýyn
giňeldýär. Beýleki hyzmatlar bilen bir hatarda bankymyz tarapyndan
hödürlenilýän karzlaryň dürli görnüşleri ilatymyz üçin ajaýyp mümkinçilik bolup
durýar. Şeýle amatly mümkinçilikleri bank hyzmatlaryň biri hem önümçilik
maksatly karzlardyr. Bu karz serişdeleri kiçi we orta telekeçiligiň
wekillerine, şeýle hem edaradyr kärhanalara, oba hojalyk önümlerini
öndürijilere hödürlenilýär. Bu karzlar olary maliýe taýdan goldamakda, täze
önümçilikleri ýola goýmakda, ýola goýlan önümçilikleri has-da ösdürmekde we
olaryň işini kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýedir.
Arkadag Prezidentimiziň
hususyýetçilere berýän giň goldawynyň netijesinde, ýurdumyzda ýyladyşhanalary
gurmak arkaly öz işini alyp barýan hususy taraplaryň sany barha artýar. Muňa
mysal hökmünde Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Watan daýhan birleşiginiň hem-de
Gökdepe etrabynyň Ýaňgala daýhan birleşiginiň çäginde
ýerleşýän ýyladyşhanalary görkezmek bolar. Bu ýyladyşhanalarda ştil
öndürip ýetişdirmek bilen bir hatarda bakja
önümleriniň önümçilik maksatly taslamalary durmuşa geçirmäge
gönükdirilen önümçiligiň möçberlerini artdyrmaga, öndürilýän önümleriň
görnüşini giňeltmäge we hilini gowulandyrmaga ýardam edýän ugurlary dowam
etdirilýär. Şunuň bilen bir hatarda azyk bolçulygyny döretmek, eksport
mümkinçiliklerini artdyrmak we oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ýurduň
daşyndan getirilýän harytlara baglylygynyň aradan aýrylmagyna getirýär.
Milli Liderimiziň yzygiderli alyp
barýan parasatly syýasaty netijesinde, häzirki wagtda ýurdumyzda daşarky
bazarlarda bäsdeşlige ukyply, içerki azyk bolçulygyny üpjün edýän hem-de
daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri üstünlikli artdyrmaga,
Türkmenistanyň eksport kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän
ýokary hilli önümleriň köp görnüşleri öndürilýär.
Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan hususyýetçilerimizi geljekki önümçilige hem höweslendirilýär. Muňa mysal
edip, Aşgabat şäherinde ýüplük önümçiligini, Ahal welaýatynyň Akbugdaý
etrabynyň Garagum daýhan birleşiginde ýumurtga önümçiligini, Mary welaýatynyň
Mary etrabynyň Senagat zolagynda “Röwşen” hususy kärhanasynyň ilatymyza öz
aýakgap önümlerini öndürip hödürläp gelýändiklerini görkezip bolar. Bulardan başga-da raýatlara melleginde (kömekçi
hojalygynda, bölünip berlen ýer böleginde) ekerançylyk we maldarçylygy ösdürmek
maksady bilen, oba hojalyk önümlerini ösdürmek, esasy we dolanşyk serişdelerini
edinmek hem-de iri önümçilikler üçin zerur bolan ýerli çig mallary öndürmek
maksady bilen kiçi göwrümli karzyny bermekligini dowam etdirilip gelinýär
hem-de bu karzlaryň üsti bilen raýatlarymyza öz kiçi telekeçilik işlerini
gurnamaklaryna mümkinçilik döredilýär.
Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik bankynyň önümçilik maksatly
karzlary ýurdumyzda önümçiligi, hususan-da telekeçiligi ösdürmekde uly ähmiýete
eýedir.
Sazlaşykly ösýän ýurdumyzda alnyp
barylýan döwlet syýasaty türkmen halkynyň bagtyýar we abadan durmuşda
ýaşamagyna gönükdirilendir. Häzirki döwürde ýurdumyzda asuda durmuşy
pugtalandyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini dünýäniň ösen döwletleriniň
derejesine ýetirmek ugrunda alnyp barylýan beýik özgertmeler dünýä
jemgyýetçiligi tarapyndan goldaw tapýar. Halkymyz ýurdumyzda gazanylýan ajaýyp ösüşlere
we zähmet ýeňişlerine çäksiz buýsanýar, gazanylýan ýeňişlere özüniň saldamly
goşandyny goşýar.
Türkmen halkynyň abadançylygy, rowaçlygy ugrunda
ýadawsyz tagallalaryedýän, ýurdumyzyň halkara abraýyny dünýä
jemgyýetçiligine ykrar etdirmegi başaran, dost-doganlyk gatnaşyklaryny
ösdürmekde, şeýle-de bize şeýle ajaýyp zamanada netijeli işlemäge şert
döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun, il-ýurt
bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläk
hem rowaç alsyn!
Kakageldi Bekdurdyýew,
Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik bankynyň
Karzlary bermek we dolandyrmak
bölüminiň müdiri