Müşterilere Hizmetler

Müşderilerimiziň dykgatyna!!!

Türkmen-Türk Banky tarapyndan täze bank karty, ýagny “Maşgala ” kartynyň çap edilip başlanandygyny Size habar berýär.

“Maşgala” bank karty siziň bank kart hasabyňyza birikdirmekdir we siziň bilen bilelikde maşgala agzalaryňyzyň şol bir wagtda peýdalanmagydyr.

“Maşgala” bank karty üsti bilen ähli nagt däl hasaplaşyklary tölegleri etmek, şeýle-de bankomatlardan nagt pul serişdelerini almak mümkinçiligi bardyr.

“Maşgala” bank karty welaýatdan gelen watandaşlarymyz - maşgala agzalaryna pul ugratmak üçin wagt sarp etmezden, islän wagtlary maşgala agzalaryna gerekli bolan pul serişdesini ulanmaga mümkinçiligini berýär.

Bank kart hasabyndan “Maşgala” bank kartyň hepdelik sarp ediljek pul mukdarynyň möçberini kesgitlemäge mümkinçiligi bardyr.

  Milli manatda:

  • şahsy taraplaryň we telekeçileriň, ýuridiki taraplaryň we ýuridiki tarap bolmaýan beýleki guramalaryň gündelik we goýum hasaplarynyň açylmagy
  • hasaplary boýunça pul geçirimleriniň amala aşyrylmagy
  • hasaplarynda pul serişdeleriniň saklanylmagy
  • hasaplaryndaky pul serişdeleri boýunça müşderilere we ynanylan wekiline degişli tassyknamalaryň berilmegi

Bankymyz müşderileri bolan telekeçileriň, ýuridiki taraplaryň we ýuridiki tarap bolmaýan beýleki guramalaryň Türkmenistanyň çäginde beýleki müşderiler we karz guramalary bilen hasaplaşyklaryny: 

  •   -Töleg tabşyryklary bilen hasaplaşyklary
  • Çekler bilen hasaplaşyklary
  • Inkasso boýunça hasaplaşyklary
  • Akkreditiw boýunça hasaplaşyklary4
  • Töleg talapnamalary tabşyryklary bilen hasaplaşyklary

 Daşary ýurt pulunda:

  • gündelik we goýum hasaplarynyň açylmagy
  • Türkmenistanyň çägine we çäginden daşarky ýurtlara hasaplary boýunça pul geçirimleriniň SWIFT ulgamy arkaly amala aşyrylmagy
  • WESTERN UNION pul  geçirimleri
  • Akkrediitw boýunça hasaplaşyklaryň geçirilmegi we kabul edilmegi
  • Milli manady daşary ýurt puluna we daşady ýurt puluny milli manada konwertasiýa we konwersiýa hyzmatlaryny
  • hasaplarynda pul serişdeleriniň saklanylmagy
  • -hasaplaryndaky pul serişdeleri boýunça müşderilere we ynanylan wekiline degişli tassyknamalaryň berilmegi

Töleg(POS)terminallaryny goýdurmak üçin gerekli resminamalar:

1.Döwlet kärhanasyna:

  • Ýüz tutma haty
  • Türkmenistanyň Edaralaryň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürme kopiýasy
  • Düzgünnamanyň göçürmesi

2.Hojalyk jemgyýetine we hususy kärhanasyna:

  • Ýüz tutma haty 
  • Döwlet hasaba alyş şahadatnamanyň göçürmesi
  • Türkmenistanyň Edaralaryň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürme kopiýasy
  • Şahsy tarapyň salgyt hasabyna goýlandygy hakynda şahadatnamanyň göçürmrsi
  • Düzgünnamanyň göçürmesi 
  • Terminal goýuljak ýeriň (dükan,restoran,ammar we ş.m)hakyky ýerleşýän
  • ýeriniň kärendä berilendigi baradaky şertnamanyň nusgasy 

3.Edara görnüşli tarapy döretmeýän telekeçilere:

  • Yüz tutma haty 
  • Patentiň nusgasy
  • Pasportyň nusgasy
  • Döwlet hasaba alyş şahadatnamanyň nusgasy
  • Şahsy tarapyň salgyt hasabyna goýlandygy hakynda şahadatnamanyň göçürmesi 
  • Terminal goýuljak ýeriň(dükan, restoran,ammar we ş,m) hakyky

ýerleşýän ýeriniň kärendä berilendigi baradaky şertnamanyň nusgasy