Bank hyzmatlary: nagt däl hasaplaşyklar we olaryň amatlyklary
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyryp ösdürmäge halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmaga, Türkmenistan döwletimizi dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna goşmaga gönükdirilen möhüm özgertmeler durmuşa geçirilýär. Durmuşa geçirilýän ykdysady özgertmelerde ýurdumyzyň bank ulgamy aýratyn ähmiýete eýedir.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryny sanlylaşdyrmak, hyzmatlary döwrebap talaplara laýyklykda ýola goýmak möhüm wezipeleriň biri hasaplanýar. Şoňa görä-de döwletimizde bank ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Raýatlarymyza täze bank hyzmatlary elýeterli edilip, ylmyň soňky gazanan innowasion tehnologiýalaryny peýdalanmak arkaly hyzmatlaryň täze görnüşleri döredildi. Netijede karz bazarynyň gerimi giňeldildi. Bu bolsa nagt däl hasaplaşyklaryň möçberiniň yzygiderli artdyrylmagyna giň mümkinçilikleri döredýär.
Banklar şahsy we edara görnüşli taraplara, şol sanda hususy telekeçilere dürli görnüşli bank hyzmatlaryny hödürleýärler. Olara mysal hökmünde ilata hasaplaşyk, goýum hasaplarynyň açylmagyny, hasaplar boýunça pul geçirimleriniň amala aşyrylmagyny, pul serişdeleriniň saklanylmagyny, pul serişdeleri boýunça müşderilere we ynanylan wekiline degişli tassyknamalaryň berilmegini, töleg tabşyryklary, çekler, inkasso, akkreditiw, bank kartlary arkaly geçirilýän nagt däl hasaplaşyklary, müşderilere töleg terminallaryň gurnalmagyny, milli we daşary ýurt pulunda serişdeleriň talap edilýänçä we möhletli goýumlara kabul edilmegini, halkara töleg ulgamlarynyň üsti bilen daşary ýurtlara nagt däl görnüşinde tölegleriň geçirilmegini we kabul edilmegini, “Altyn asyr” bank karty arkaly ýerine ýetirilýän amallary, hyzmatlaryň beýleki görnüşlerini görkezmek bolar. Ilata ýokary hilli bank hyzmatlaryny hödürlemek hem-de bank işjeňligini gazanmak maksady bilen, bank hünärmenleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. Bank ugry boýunça hünärmenler tarapyndan yzygiderli dünýä tejribeleri öwrenilip, durmuşa ornaşdyrylyp gelinýär. Bu bolsa müşderilere hödürlenilýän hyzmatlaryň hil taýdan kämilleşmeginde özüniň beýanyny tapýar.
Bankda alnyp barylýan işleriň üstünlikli amala aşyrylmagy, ýagny bank kartlary bilen nagt däl hasaplaşyklary ösdürip, pul serişdeleriniň dolanşygyny çaltlandyryp, töleg ulgamynyň netijeliligini artdyrmak işleriniň durmuşa geçirilmegi, ýurdumyzyň maliýe taýdan durnuklylygyny pugtalandyrmaklyga, milli puluň hümmetini berkitmeklige, müşderileriň pul serişdelerini berk gorap saklamaklyga, pul serişdeleriň kadaly dolanşygyny üpjün etmeklige, şeýle hem halkymyzyň durmuş-ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaklyga oňyn täsirini ýetirýär.
Milli bank ulgamyndaky durmuşa geçirilýän iri möçberli çäreleriň çäklerinde töleg ulgamynda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda nagt däl hasaplaşyk ulgamynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, töleg terminallaryň sanyny artdyrmak esasynda milli ykdysadyýetimizde pul serişdeleriniň dolanşygyny çaltlandyrmak ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär, nagt däl hasaplaşyklar giňden ýaýbaňlandyrylýar.
Ýurdumyzda bank kartlaryny ulanyjylaryň sanynyň artmagy, bank kartlary arkaly nagt däl hasaplaşyklaryň ösdürilmegi, nagt däl hasaplaşyklar ulgamynda oňyn özgertmeleriň amala aşyrylýandygyna şaýatlyk edýär. Söwda we hyzmat ediş nokatlarynda satyn alnan harytlar, ýerine ýetirilen hyzmatlar üçin bank kartlary arkaly töleg terminallarynyň üsti bilen hasaplaşyklaryň geçirilmegi üçin mümkinçilikler döredildi. Nagt däl hasaplaşyklaryň häzirki zaman modelleriniň biri hem “Internet-bank” we “Mobil-bank” hyzmaty bolup durýar. Bu hyzmatlardan işjeň peýdalanylmagy öz gezeginde bankyň müşderileriniň pul serişdelerini, şeýle hem gymmatly wagtlaryny tygşytlamaga ýardam berýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeler Türkmenistanyň ähli karz edaralarynyň hödürleýän hyzmatlaryny has-da ýokary derejelere çykarmaga, hasaplaşyklaryň döwrebap we ygtybarly usullaryny ornaşdyrmaga, bank ulgamynyň maliýe durnuklylygyny ýokarlandyrmaga amatly mümkinçilikleri döredýär.
Bize şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman hem Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun! Watanymyzyň gülläp ösmegi, özgermegi, abraýynyň mundan beýläk hem arşa göterilmegi ugrunda alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Myrat Annagurbanow,
Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik bankynyň
Bank kartlary bölüminiň müdiriniň
wezipesini ýerine ýetirijisi