Ýas
çatynjalara ýenillikli karzy
Möhleti: 3 ýyla çenli
Möçberi: 20 000 (ýigrimi müň) manat
Göterim derejesi: ýyllyk 1%
Ýas çatynjalara ýenillikli
karzy almak üçin zerur bolan resminamalar:
·
Arza (bankda
doldurylýar)
·
Karz soraýanyn
pasportynyn nusgasy;
·
Karz soraýanyn
şahsy maglumatnamasynyň nusgasy;
·
Karz soraýanyň
işleýän ýerinden kepilnama (wezipesi we aýlyk zähmet haky barada);
·
Karz soraýana
zamunçy boljak 2 sany şahsyň pasportynyň nusgasy we işleýän ýerinden
kepilnamasy (wezipesi we aýlyk zähmet haky barada);
·
Nika hakyndaky
şahadatnamasynyň nusgasy we aýalynyň (ýoldaşynyň) pasportynyň nusgasy; Karz
soraýan we ýoldaşy ZAGS-dan 16 ýasdan nika baglasylan güne çenli nikada
durmaýanlygy barada degisli kepilnama;
·
Ýaşaýyş ýerinden
kepilnama.
Durmuş guran ýaş maşgalalara zerur bolan öý goşlaryny we hojalyk harytlaryny satyn almak üçin ýenillikli karzlar berilýär. Resmi taýdan nikalaşyp, durmuş guran ýaş maşgalalara olaryň ýüztutmalary esasynda zerur bolan öý goşlaryny we hojalyk harytlaryny satyn almak üçin berilýär. Bu ýeňillikli karzdan är-aýalynyň ikisi hem 35 ýaşyna ýetmedik ýaş çatynjalar peýdalanyp bilýärler. Bu karz är-aýalyň haýsy hem bolsa biriniň adyna resmileşdirilýär we är-aýalyň bu karzdan bir gezek peýdalanmaga rugsat berilýär. Bu karzlar girew hökmünde emläk alynmazdan, üçünji taraplaryň zamun bolmagynda berilýär.