«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda köňüller buýsanja beslenýär
2023-nji ýyl «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen ilkinji gününden başlap Hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlarynyň we taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetini pudaklaýyn diwersifikasiýa-laşdyrmak, ykdysady ösüşiň köpugurlylygyny gazanmak babatynda düýpli öňegidişlikler gazanylýar. Milli ykdysadyýetimizi köpugurly esasda ösdürmegiň halkara we sebit ähmiýetli taslamalary amala aşyrmak arkaly durnukly ösüş depginlerini saklamak – esasy wezipeleriň biri bolup, bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçilýän döwürde, ykdysady bähbitleri artdyrmak wezipelerine aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
Hemmämize mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde iş saparynyň çäginde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşdy.
Bu waka eziz Watanymyzyň döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgesine ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu konsepsiýada Milletler Bileleşigi bilen strategik gatnaşyklary çuňlaşdyrmak ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Häzirki döwürde bu hyzmatdaşlyk täze many-mazmuna eýe boldy.
Hormatly Prezidentimizi ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine bolan saparynyň üstünlikli tamamlanmagy hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden eden taryhy çykyşynyň giň goldawa eýe bolmagyny uly buýsanç bilen bellemelidiris.
Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, soňky ýyllarda ýurdumyz ähli ugurlar boýunça uly ösüşleri gazanýar. Dünýäniň gyzyklanma bildirýän islendik ýurdy hem-de abraýly halkara guramalar, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen köpugurly gatnaşyklaryň ösdürilmegi Türkmenistan döwletimiziň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir.
Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda öňe süren başlangyçlary dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe boldy. Döwlet Baştutanymyzyň bu gezekki saparynyň netijeli häsiýete eýe bolmagy halkymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan dünýä ähmiýetli beýik işleriň rowaçlyklara beslenýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.
Röwşen geljege rowaç gadamlar bilen barýan eziz Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan gazanýan ösüşleri göwünleri galkyndyrýar, buýsançly kalbymyzy joşa getirýär. Milli Liderimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň Türkmenistan döwletimizi hemmetaraplaýyn ösdürmek baradaky yzygiderli tagallalary, durmuşa geçirýän beýik işleri bu gün ähli halkymyz we umumadamzat üçin diýseň bähbitlidir we buýsandyryjydyr.
Gahryman Arkadagymyz Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan içeri hem daşary syýasaty mundan beýläk-de dabaralansyn, parahatçylygyň, abadançylygyň, durnukly ösüşiň hatyrasyna gönükdirilen beýik başlangyçlary hemişe rowaç bolsun!
Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky