Sarp ediş maksatly karzlar
Taraplar: Şahslar
Möhleti: 3-4 ýyla çenli,
Karzyň göterim derejesi: ýyllyk 15%
Sarp
ediş karzyny almak üçin ýüz tutulanda zerur bolan resminamalar:
1. Arza (bankda
doldurylýar);
2.
Karz soraýanyň pasportynyň nusgasy;
3. Karz soraýanyň şahsy
maglumatnamasynyň (liçnyý
listok) nusgasy, 1 sany 3*4-lik surat;
4. Karz soraýanyň işleýän
ýerinden kepilnama (wezipesi, aýlyk zähmet haky we tutumlary barada, zähmet depderçesiniň
nusgasy);
5. Karz soraýanyň adyna Forma № 3 (Ýaşaýyş ýerinden kepilnama);
6.
Karz soraýana zamunçy boljak 2 sany şahsyň pasportynyň nusgasy
we işleýän ýerinden kepilnamasy (wezipesi, zähmet haky we tutumlary barada, zähmet depderçesiniň
nusgasy);
7. Karz alyjynyň we
zamunlaryň bankyndaky aýlyk zähmet haky geçýän hasabyndan göçürme (wypiska)
(Döwlet edaralaryndakylar üçin 3 aý, hususy ulgamdakylar üçin soňky 6 aýyňky);
8.
Nika hakyndaky şahadatnamasynyň nusgasy we aýalynyň (ýoldaşynyň) pasportynyň
nusgasy; karz soraýan öýlenmedik (durmuşa
çykmadyk) bolsa RÝNÝ bölüminden degişli kepilnama; eger-de karz soraýan nikasyny
bozan bolsa, nikanyň bozulandygy hakynda şahadatnamanyň nusgasy we RÝNÝ bölüminden degişli kepilnama;
Karz girewli bolan ýagdaýynda goşmaça
şu aşakdaky resminamalar talap edilýär:
9. Girewe goýulýan emlägiň
resminamalary we girewiň suratlary:
ü eger ulag serişdesi bolsa
– tehniki pasportynyň nusgasy;
ü eger öý bolsa –
tükelleýiş (inwentar) işi, öý kitaby, tussagda durmaýandygy we hususy
eýeçilige degişlidigi barada Tükelleýiş edarasyndan kepilnama.
10. Eger girewe goýulýan emläk başga birine degişli bolsa, onda emlägiň eýesiniň pasportynyň nusgasy, nika hakyndaky şahadatnamasynyň nusgasy we aýalynyň (ýoldaşynyň) pasportynyň nusgasy.
*
Bellik: Zerur halatynda Bank karz alyja habar bermezden resminamalaryň sanawyny
üýtgetmäge we goşmaça resminamalary talap etmäge hukugy bardyr.
Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 93-83-51/93-50-85/93-03-37/93-03-39/93-67-99