Milli ykdysadyýetimiz pugtalandyrylýar

Milli ykdysadyýetimiz pugtalandyrylýar

 

Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň öňünde goýýan strategiki wezipelerini ýerine ýetirmekde bank ulgamy möhüm orny eýeleýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan pul-karz syýasatynyň çäklerinde onuň degişli gurallaryny sazlaşykly ulanmak arkaly ykdysadyýetimiziň depginli ösüşi we makroykdysady deňeçerligi üpjün edilýär.

Milli ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna geçýän döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek ugrunda diwersifikasiýalaşdyrylan, bäsdeşlige ukyply, innowasion ösüşini üpjün etmek üçin maliýe we bank ulgamlarynyň durnukly bolmagyny gazanmak wajyp bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda «Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylynda milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmäge, ygtybarly maliýe-bank ulgamyny döretmäge, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen düýpli maliýe özgertmeler ykdysady ösüşiň esasy bolup durýar.

Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi  bilen bir hatarda Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky hem öz işjeňligini «Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti  ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda amala aşyrýar.

Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar. Konsepsiýada ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň maglumat-aragatnaşyk, tehnologiýalar binýadyny seljerip, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmekde taýýarlyk derejelerini kesgitlemek we olaryňmaddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça bäsle-şikleri yglan etmek, kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, sanly ykdysadyýetiň ösýän şertlerinde tejribeli milli we halkara bilermenlerini işe çekmek, ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamak ulgamyny kämilleşdirmek we beýleki çäreler göz öňünde tutulýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň karz  edaralary iri maglumat geçiriş ulgamyna eýedir. Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan hem sanly ykdysadyýete geçmegiň çäklerinde nagt däl hasaplaşyklary ösdürmek, bank kartlary arkaly milli we halkara töleg ulgamynyň gerimini artdyrmak ugrunda degişli çäreler amala aşyrylýar. Nagt däl hasaplaşyklary ösdürmek, hasaplaşyklaryň bank kartlarynyň üsti bilen amala aşyrylyşyny artdyrmak we töleg ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, giň gerimli mahabat işleri yzygiderli alnyp barylýar. Netijede Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky boýunça 2020-nji ýylda bank kart ulgamynda nagt däl hasaplaşyklaryň pul möçberi jemi 438 979 müň manada barabar boldy. Bu bolsa 2020-nji ýyl üçin bellenen nagt däl hasaplaşyklaryň meýilnamasy bilen deňeşdirilende 2,8 esse artdy, bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 2,1essä çenli ýokarlandy. Bu görkezijiler nagt däl hasaplaşyklaryň geriminiň ýylsaýyn artýandygyny görkezýär.

  Ýurdumyzda pul dolanşygynyň netijeliligini has-da kämilleşdirmek üçin hem-de bank ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy tilsimatlaryna esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary ýaýbaňlandyrmak boýunça iri söwda nokatlarynda töleg terminal-larynyň ornaşdyrylmagy dowam etdirilýär. Töleg ulgamynyň kämilleşdirilmegi üçin banklaryň hersiniň özüne mahsus bolan kartlaryň ýaýradylmagyna  aýratyn üns berilýär. Bankymyz tarapyndan “Maşgala” atly täze bank kart hyzmaty dolanşyga girizilip müşderilerimize hyzmat edilip başlandy. «Goýum bank karty» hem ýola goýlup, bu kartyň üsti bilen nagt däl görnüşde söwda edilende bank tarapyndan kesgitlenen 0,5 göterim bilen müşderä pul sylagy hökmünde «Cash back» hyzmaty esasynda yzyna gaýtarylýar. Müşderilerimize hödürlenen bu kartlar barada giňişleýin maglumatlar berlip, bu babatda işler dowam etdirilýär. Bu bank kartlaryň ýerine ýetirýän hyzmatlarynyň biri-birinden tapawutly bolmagy bäsdeşligiň döremegine getirip, banklarymyza halka has bähbitli hyzmatlary hödürlemäge itergi berjekdigini hem-de halkymyza bank kartlaryna bolan islegleriniň artjakdygyny ynamly aýdyp bolar.

Bankyň hereket edýän pul-karz syýasatyny kämilleşdirmek barada dowamly işler alnyp barylýar. Berilýän karzlaryň yzyna gaýtarlyşyna doly seljerme geçirilýär we gözegçilikde saklanylýar. «Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylynda ykdysadyýetimiziň durnukly we ýokary depginli ösüşini üpjün etmek, ýurdumyzda telekeçiligi has-da ösdürmek, şeýle hem Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça Döwlet maksatnamalaryň öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde telekeçilik işini alyp barýan taraplara döwlet tarapyndan giňden goldaw bermekde maliýe çäreleri geçirilýär. “Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyny ýerine ýetirmek ugrunda işler alnyp barylýar.2020-nji ýylyň dowamynda Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan döwlete dahylsyz kärhanalara, hususy telekeçilere hem-de raýatlara jemi 250 922 müň manat möçberinde karzlar resmileşdirildi. Bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 135% ýerine ýetirildi.

Eziz Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli maliýe-ykdysady syýasaty netijesinde ýeňillikli salgyt syýasatynyň ýöredilmegi, ilata pes göterimli karzlaryň berilmegi, eýeçiligiň dürli görnüşlerinde täze düzümleri, iş orunlaryny emele getirmäge, kärhanalaryň öz-özüni maliýeleşdirmek ýörelgelerine geçmek arkaly önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmaga, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge, önümiň özüne düşýän gymmatyny peseltmäge, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga, ylmyň, tehnikanyň, innowasion tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylyşyny çaltlaşdyrmaga, halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny barha ösdürmäge giň mümkinçilikler döredilýär.

Karz ulgamyny kämilleşdirmekde degerliçäreler giň gerim bilen alnyp barylýar we ýylsaýyn kämilleşdirilýär. Işewürligi ýola goýmak maksady bilen orta we kiçi telekeçiligi goldamak hem-de ösdürmek boýunça ýerli haryt öndürijileri goldanýar. Önümçilik bilen meşgullanýan hususy ulgama we telekeçilere eksport üçin öndürýänönümleri giňeltmeklige we ýerli haryt öndürijileriň sanyny artdyrmakda ýeňillikli karzlar berilmegi dowam etdirilýär.

Bulardan başga-da häzirki wagtda Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan raýatlara melleginde (kömekçi hojalygynda, bölünip berlen ýer böleginde) ekerançylyk we maldarçylygy ösdürmek maksady bilen oba hojalyk önümlerini ösdürmek esasy we dolanşyk serişdelerini edinmek hem-de iri önümçilikler üçin zerur bolan ýerli çig mallary öndürmek maksady bilen kiçi göwrümli karzlary hem hödürlenýär. 2020-nji ýylyň dowamynda Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan raýatlara jemi 135 müň manat möçberinde kiçi göwrümli karzlar resmileşdirildi hem-de geljekde bularyň sanyny köpeltmek ugrunda işler alnyp barylar.

Sazlaşykly ösýän ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasaty türkmen halkynyň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Häzirki döwürde ýurdumyzda asuda durmuşy pugtalandyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmek ugrunda alnyp barylýan beýik özgertmeler dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldaw tapýar.

Türkmen halkynyň abadançylygy, rowaçlygy ugrunda ýadawsyz tagallalaredýän, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde ägirt uly wezipeleri ýerine ýetirýän, bize şeýle ajaýyp zamanada netijeli işlemäge şert döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

 

 

   Gurbanmyrat Bäşimow,

Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik bankynyň

Maliýe hasabatlary we ylmy-önümçilik

                                         bölüminiň müdiriniň wezipesini ýerine ýetirijisi