Sanly bank hyzmatlary kämilleşdirilýär
Berkarar
döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly
ýolbaşçylygynda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny
sanlylaşdyrmak, hyzmatlary döwrebap talaplara laýyklykda ýola goýmak boýunça ägirt
uly işler alnyp barylýar. Şonuň bilen bir hatarda bank ulgamynyň
kanunçylyk-hukuk binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Ilata hödürlenilýän
bank hyzmatlarynyň hili has-da ýokarlandyrylýar, elýeterliligi üpjün edilýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda “Türkmenistanyň ykdysady,
maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2019-2025-nji ýyllar üçin Döwlet
maksatnamasyna” hem-de “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly
ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, milli bank ulgamyna sanly
tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Sanly
tehnologiýalaryň giňden peýdalanylmagy ýurdumyzyň karz edaralarynyň bäsdeşige
ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we müşderilere bökdençsiz bank hyzmatlaryny
hödürlemäge mümkinçilik berýär.
Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan
«Goýum bank kartynyň» görnüşi bellenen tertipde ylalaşylyp, bu görnüşli kart
hyzmaty raýatlarymyza hödürlenildi. Şeýle hem, «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk
kompaniýasynyň raýatlara hödürleýän internet hyzmatlary üçin hasaplaşyklary
ýurdumyzyň islendik künjeginden bankomatlaryň, «Internet-bank» we «Mobil-bank»
ulgamlarynyň üsti bilen nagt däl görnüşinde, «online» tertibinde amala aşyrmak
mümkinçiligi ýola goýuldy. Nagt däl
görnüşli tölegler baradaky ähli maglumatlar bolsa töleg geçirijiniň ykjam
telefonyna SMS habary arkaly gelip gowuşýar. “Internet-bank” ýa-da “Mobil-bank”
hyzmaty bilen bolsa müşderi islendik wagtda öz tölegleri baradaky maglumat bilen
tanşyp bilýär. 2020-nji ýylda bank
kart ulgamynda "Internet-bank" arkaly geçirilen nagt däl
hasaplaşyklaryň pul möçberi 69 müň manada çenli ýetdi, ýagny meýilnama 5 esse artygy
bilen ýerine ýetirildi.
Mälim bolşy
ýaly, ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan ýurduň pul aýlanyşygyny kämilleşdirmek
we nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini has-da giňeltmek maksady bilen köp işler
amala aşyrylýar. Olaryň arasynda milli kartly töleg ulgamy boýunça elektron
tölegleri geçirmekligi ýola goýmak aýratyn orny eýeleýär. Bu öz gezeginde
ýurduň pul-karz ulgamyny kämilleşdirmäge, nagt däl hasaplaşygy ösdürmäge, milli
ykdysadyýetimizde pul serişdeleriniň dolanşygynyň netijeliligini
ýokarlandyrmaga amatly şertleri döredýär.
Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan
raýatlarymyza döwrebap bank hyzmatlaryny hödürlemek boýunça işleriň çäklerinde
«Maşgala» bank karty taýýarlanylyp, işe goýberildi. Dolanşyga girizilen
“Maşgala” bank karty raýatlaryň “Altyn-asyr” bank karty hasabyna birikdirmekden
ybarat bolup ýagny, bank kartyň goşmaça nusgasydyr we raýat bilen bilelikde
maşgala agzalarynyň şol bir wagtda peýdalanmagydyr. Bular esasynda hasaplaşyk
dolanşygyny tizleşdirmek, ýagny töleg iberijiniň bankyndan tölegi kabul
edijiniň bankyna geçirmek üçin sarp edilýän wagty gysgaltmakdan ybaratdyr.
Häzirki wagtda ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy beýleki ykdysady düzümler
bilen bir hatarda banklaryň hem sanly
ulgama geçmegini şertlendirdi. Bank
ulgamynda ulanylýan sanly tehnologiýalaryň döredýän amatlyklaryndan peýdalan-mak
bilen halkara tejribesiniň öňdebaryjy tilsimatlarynyň ornaşdyrylmagy
netijesinde müşderilere döwrebapbank hyzmatlaryny hödürlemek we bank
işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça sanly ykdysadyýete geçmäge degişli işleri
alyp barmaklyk dowam etdirilýär.
Türkmenistanda sanly
ykdysadyýetiň kemala gelmegi jemgyýetçilik durmuşynda we maliýe işinde maglumat
we sanly serişdeleriň ähmiýetiniň güýçlenmegi bilen häsiýetlendirilýär. Munuň esasy
sebäbini ykdysadyýetiň sanly görnüşinde jemlenen mümkinçilikleriniň diňe bir
ykdysady ösüşi üpjün etmekde däl, eýsem, ynsan durmuşynyň hem özgermegine
getirýändigi bilen düşündirip bolar.
Milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş
şertlerini has-da ýokarlandyrmak ugrunda ýadawsyz tagallalary edýän Gahryman
Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, Belent Başy aman bolsun! Alyp barýan beýik il-ýurt
bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Hojamämmet
Alçekow,
Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik bankynyň
Maglumat
tehnologiýalary bölüminiň müdiri