Kuwwatly ykdysadyýetiň daýanjy ösüşlere beslenýär
«Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa-laşdyryp ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmaga, Türkmenistan döwletimizi dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna goşmaga gönükdirilen möhüm özgertmeler durmuşa geçirilýär. Durmuşa geçirilýän ykdysady özgertmelerde ýurdumyzyň bank ulgamy aýratyn ähmiýete eýedir.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan bank ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär. Maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmagyň esasy önümçilik gaznalaryny tehnologik taýdan täzelemäge, degişli düzümleri döwrebaplaşdyrmaga iri maýa goýumlaryny çekmegiň özi ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagyna hem-de milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär.
Banklar şahsy we edara görnüşli taraplara, şol sanda hususy telekeçilere dürli görnüşli bank hyzmatlaryny hödürleýärler. Olara mysal hökmünde ilata hasaplaşyk, gündelik we goýum hasaplarynyň açylmagyny, hasaplar boýunça pul geçirimleriniň amala aşyrylmagyny, pul serişdeleriniň saklanylmagyny, pul serişdeleri boýunça müşderilere we ynanylan wekiline degişli tassyknamalaryň berilmegini, töleg tabşyryklary, çekler, inkasso, akkreditiw, bank kartlary arkaly geçirilýän nagt däl hasaplaşyklary, müşderilere tölegterminallaryň gurnalmagyny, milli we daşary ýurt pulunda serişdeleriň talap edilýänçä we möhletli goýumlara kabul edilmegini, halkara töleg ulgamlarynyň üsti bilen daşary ýurtlara nagt däl görnüşde tölegleriň geçirilmegini we kabul edilmegini, “Altyn asyr” bank karty arkaly ýerine ýetirilýän amallary, hyzmatlaryň beýleki görnüşlerini görkezmek bolar. Ilata ýokary hilli bank hyzmatlaryny hödürlemek, bank işjeňligini gazanmak maksady bilen bank hünärmenleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreler geçirilýär. Bank hünärmenleri ýurdumyzyň çäginde geçirilýän ýörite okuw maslahatlaryna yzygiderli gatnaşýarlar. Bu bolsa müşderilere hödürlenilýän hyzmatlaryň hil taýdan kämilleşmeginde özüniň beýanyny tapýar.
Bankda alnyp barylýan işleriň üstünlikli amala aşyrylmagy ýagny, bank kartlary bilen nagt däl hasaplaşyklary ösdürip, pul serişdeleriniň dolanşygyny çaltlandyryp, töleg ulgamynyň netijeliligini artdyrmak işleriniň durmuşa geçirilmegi we ýurdumyzyň maliýe taýdan durnuklylygyny pugtalandyrmaklyga, milli puluň hümmetini berkitmeklige, müşderileriň pul serişdelerini berk gorap saklamaklyga, pul serişdeleriň kadaly dolanşygyny üpjün etmeklige, şeýle hem halkymyzyň durmuş-ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaklyga oňyn täsirini ýetirýär.
Türkmenistan döwletimizde amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň çäklerinde bank ulgamynyň işine döwrebap tehnologiýalar, häzirki zaman bank hyzmatlary ornaşdyrylýar. Bu bank hyzmatlarynyň içinde aýratyn hem fiziki şahslar üçin şahsy maksatlar, şahsy zerurlyklar üçin ulanylýan bank kartlary arkaly geçirilýän nagt däl hasaplaşyklar aýratyn möhüm orna eýedir.
Häzirki wagtda söwda we hyzmat ediş merkezlerinde, saglyk edaralarynda, ätiýaçlandyryş guramalarynda, awiapetek, demirýol petekleri satylýan nokatlarda tölegleri ilatdan bank kartlarynyň üsti bilen almak boýunça ähli zerur şertler döredilen. Bank kartlarynyň üsti bilen töleg terminallary arkaly nagt däl görnüşde söwda we hyzmat ediş nokatlarynda harytlary satyn almagyň, aragatnaşyk, jemagat we ýaşaýyş hyzmatlarynyň töleginiň, awtoulag ýangyjy üçin tölegiň, saglygy goraýyş edaralarynyň hyzmatlarynyň, awiapetekler üçin tölegiň, karzy üzmek we onuň göterim töleginiň tölenilmeginde döwrebap, amatly we howpsuz usullar hödürlenýär.
Bu günki günde Türkmenistanyň karz edaralarynda nagt däl hasaplaşyklary has-da ýaýbaňlandyrmak, pul dolanşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, bank kartlary boýunça milli we halkara töleg ulgamynyň ýaýrawyny giňeltmek babatynda giň gerimli işler alnyp barylýar. Hususan-da bank kartlarynyň, töleg terminallaryň, bankomatlaryň sany, şeýle hem “Internet-bank”, “Mobil-bank” ulgamlarynyň üsti bilen amal edilýän nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi yzygiderli artýar.
Nagt däl hasaplaşyklaryň amatlylyklary -“Altyn asyr” bank karty bilen çykdajylary dolandyrmak has aňsat, bank kartyndaky pullary goramak has aňsat, tölegiň takyklygy, arassaçylyk, wagtyň tygşytlanmagy, onlaýn görnüşde söwda etmek mümkinçiliginiň hem ulanylmagy örän amatly.Nagt däl hasaplaşyklar töleg ulgamynyň çäklerinde häzirki wagtda dolanşyga girizilen “Maşgala” bank karty raýatyň “Altyn asyr” bank karty hasabyna birikdirmekden ybarat bolup ýagny, bank kartyň goşmaça nusgasydyr we raýat bilen bilelikde maşgala agzalarynyň şol bir wagtda peýdalanmagydyr. “Maşgala” bank kartynyň üsti bilen nagt däl hasaplaşyk tölegleri etmek, şeýle-de bankomatlardan nagt pul serişdelerini almak mümkinçiligi bardyr. “Maşgala” bank karty welaýatlardan gelen watandaşlarymyz - maşgala agzalaryna pul ugratmak üçin wagt sarp etmezden, islän wagtlary maşgala agzalaryna gerekli bolan pul serişdesini ulandyrmak mümkinçiligini berýär. “Altyn asyr” bank kart hasabyndan “Maşgala” bank kartynyň hepdelik sarp ediljek pul mukdarynyň möçberini kesgitlemäge mümkinçiligi bardyr.
Hormatly Prezidentimiziň çuňňur oýlanşykly, täzeçillik syýasaty netijesinde biziň döwletimiz gysga döwrüň içinde çalt depginler bilen ösýän ýurtlaryň sanawynda mäkäm orun eýeläp, dünýäniň hojalyk gatnaşyklar ulgamyna üstünlikli goşulyşdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň öňünde goýýan strategiki wezipelerini ýerine ýetirmekde bank ulgamy möhüm orny eýeleýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan pul-karz syýasatynyň çäklerinde onuň degişli gurallaryny sazlaşykly ulanmak arkaly ykdysadyýetimiziň depginli ösüşi we makroykdysady deňeçerligi üpjün edilýär.
Bankyň goýum syýasatyna laýyklykda ilatyň erkin duran pulserişdelerini banka çekmek arkaly goýum hasaplaryndaky serişdeleriň möçberini artdyrmak, importyň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilýän önümçilik maksatly karzlary, kiçi göwrümli karzlary şol bir wagtda ýurdumyzda hususy telekeçiligi goldamagyň çäklerinde maýa goýum işjeňligi artdyrylýar. Kiçi we orta telekeçiler tarapyndan amala aşyrylýan taslamalary maliýeleşdirmek hem-de raýatlara melleginde (kömekçi hojalygynda, bölünip berlen ýer böleginde) ekerançylyk we maldarçylygy ösdürmek maksady bilen, oba hojalyk önümlerini ösdürmek, esasy we dolanşyk serişdelerini edinmek hem-de iri önümçilikler üçin zerur bolan ýerli çig mallary öndürmek maksady bilen Kiçi göwrümli karzyny hödürleýär.
Häzirki wagtda ykdysadyýetiň sanlaşdyrylmagy beýleki ykdysady düzümler bilen bir hatarda banklaryň hem sanly ulgama geçmegini şertlendirdi. Bank ulgamynda ulanylýan sanly tehnologiýalaryň döredýän amatlyklaryndan peýdalanmak bilen halkara tejribesiniň öňdebaryjy tilsimatlarynyň ornaşdyrylmagy netijesinde müşderilere döwrebapbank hyzmatlaryny hödürlemek we bank işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça sanly ykdysadyýete geçmäge degişli işleri alyp barmaklyk dowam etdirilýär.
Türkmenistanda sanly ykdysadyýetiň kemala gelmegi jemgyýetçilik durmuşynda we maliýe işinde maglumat we sanly serişdeleriň ähmiýetiniň güýçlenmegi bilen häsiýetlendirilýär. Munuň esasy sebäbini ykdysadyýetiň sanly görnüşinde jemlenen mümkinçilikleriniň diňe bir ykdysady ösüşi üpjün etmekde däl, eýsem ynsan durmuşynyň hem özgermegine getirýändigi bilen düşündirip bolar.
Türkmenistanyň we türkmen halkynyň abadançylygy, rowaçlygy ugrunda ýadawsyz tagallalaredýän, ýurdumyzyň halkara abraýyny dünýä jemgyýetçiligine ykrar etdirmegi başaran, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde, şeýle-de bize şeýle ajaýyp zamanada netijeli işlemäge şert döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Myrat Annagurbanow,
Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik bankynyň
Bank kartlary bölüminiň müdiriniň
wezipesini ýerine ýetirijisi