Önüm öndürijilere goldaw

Önüm öndürijilere goldaw

 

“Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda rowaçlyklara beslenýän ýurdumyzyň bank ulgamy tarapyndan hususy pudagyň ösdürilmegi, ýurdumyzyň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna goşulmagy üçin köp sanly işler yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky hem bu ugurda wajyp işleri amala aşyrýar, müşderilerine edýän hyzmatlarynyň gerimini günsaýyn giňeldýär. Beýleki hyzmatlar bilen bir hatarda bankymyz tarapyndan hödürlenilýän karzlaryň dürli görnüşleri ilatymyz üçin ajaýyp mümkinçilik bolup durýar. Şeýle amatly mümkinçilikleri bank hyzmatlaryň biri hem önümçilik maksatly karzlardyr. Bu karz serişdeleri kiçi we orta telekeçiligiň wekillerine, şeýle hem edaradyr kärhanalara, oba hojalyk önümlerini öndürijilere hödürlenilýär. Bu karzlar olary maliýe taýdan goldamakda, täze önümçilikleri ýola goýmakda, ýola goýlan önümçilikleri has-da ösdürmekde we olaryň işini kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýedir.

Arkadag Prezidentimiziň hususyýetçilere berýän giň goldawynyň netijesinde, ýurdumyzda ýyladyşhanalary gurmak arkaly öz işini alyp barýan hususy taraplaryň sany barha artýar. Muňa mysal hökmünde Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Watan daýhan birleşiginiň hem-de Gökdepe etrabynyň Ýaňgala daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän ýyladyşhanalary görkezmek bolar. Bu ýyladyşhanalarda ştil öndürip ýetişdirmek bilen bir hatarda bakja önümleriniň önümçilik maksatly taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilen önümçiligiň möçberlerini artdyrmaga, öndürilýän önümleriň görnüşini giňeltmäge we hilini gowulandyrmaga ýardam edýän ugurlary dowam etdirilýär. Şunuň bilen bir hatarda azyk bolçulygyny döretmek, eksport mümkinçiliklerini artdyrmak we oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ýurduň daşyndan getirilýän harytlara baglylygynyň aradan aýrylmagyna getirýär.

Milli Liderimiziň yzygiderli alyp barýan parasatly syýasaty netijesinde, häzirki wagtda ýurdumyzda daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply, içerki azyk bolçulygyny üpjün edýän hem-de daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri üstünlikli artdyrmaga, Türkmenistanyň eksport kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän ýokary hilli önümleriň köp görnüşleri öndürilýär.

Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan hususyýetçilerimizi geljekki önümçilige hem höweslendirilýär. Muňa mysal edip, Aşgabat şäherinde ýüplük önümçiligini, Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynyň Garagum daýhan birleşiginde ýumurtga önümçiligini, Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Senagat zolagynda “Röwşen” hususy kärhanasynyň ilatymyza öz aýakgap önümlerini öndürip hödürläp gelýändiklerini görkezip bolar. Bulardan başga-da raýatlara melleginde (kömekçi hojalygynda, bölünip berlen ýer böleginde) ekerançylyk we maldarçylygy ösdürmek maksady bilen, oba hojalyk önümlerini ösdürmek, esasy we dolanşyk serişdelerini edinmek hem-de iri önümçilikler üçin zerur bolan ýerli çig mallary öndürmek maksady bilen kiçi göwrümli karzyny bermekligini dowam etdirilip gelinýär hem-de bu karzlaryň üsti bilen raýatlarymyza öz kiçi telekeçilik işlerini gurnamaklaryna mümkinçilik döredilýär.

Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik bankynyň önümçilik maksatly karzlary ýurdumyzda önümçiligi, hususan-da telekeçiligi ösdürmekde uly ähmiýete eýedir.

Sazlaşykly ösýän ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasaty türkmen halkynyň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Häzirki döwürde ýurdumyzda asuda durmuşy pugtalandyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmek ugrunda alnyp barylýan beýik özgertmeler dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldaw tapýar. Halkymyz ýurdumyzda gazanylýan ajaýyp ösüşlere we zähmet ýeňişlerine çäksiz buýsanýar, gazanylýan ýeňişlere özüniň saldamly goşandyny goşýar.    

Türkmen halkynyň abadançylygy, rowaçlygy ugrunda ýadawsyz tagallalaryedýän, ýurdumyzyň halkara abraýyny dünýä jemgyýetçiligine ykrar etdirmegi başaran, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde, şeýle-de bize şeýle ajaýyp zamanada netijeli işlemäge şert döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

 

 

Kakageldi Bekdurdyýew,

Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik bankynyň

Karzlary bermek we dolandyrmak bölüminiň müdiri