“Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda
köňüller buýsanja beslenýär
Hormatly Prezidentimiziň
beýik başlangyçlary
bilen Türkmenistan döwletimiziň
öňe süren, Birleşen
Milletler Guramasynyň Baş
Assambleýasynda ähli agza döwletler tarapyndan goldanan «2021-nji ýyl-Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly
Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň
halkara abraýynyň barha
pugtalanýandygynyň aýdyň şöhlelenmesi
bolup durýar.
Resminamada “Halkara
parahatçylykwe ynanyşmak” ýylynyň
yglan edilmeginiň parahatçylygyň we ynanyşmagyň pugtalandyrylmagy
boýunça işlere,hususan-da syýasy gepleşikleriň,
özara düşünişmegiň we hyzmatdaşlygyň
esasynda tagallalary jebisleşdirmäge ýardam etjekdigi bellenilýär. 2021-nji ýyly «Türkmenistan-parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan etmek hakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň
karary ýurdumyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy-nyň asylly däbe
öwrülendigini tassyklaýar. Munuň özi, halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň
watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan
giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
Bu resminamada Garaşsyz ýurdumyzyň taryhy taýdan gysga möhletiň içinde
Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp, ýer ýüzüniň köp döwletleri, abraýly halkara
guramalary bilen dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň
hatyrasyna dostlukly, birek-birege ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine
esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmagyň gymmatly tejribesini toplandygy aýratyn
bellenilýär.
Parahatçylyk we ynanyşmak
dürli jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň mazmunynda möhüm orun tutýan adalgalardyr, gymmatlyklardyr.
Mälim bolşy ýaly, halkymyz gadymy döwürlerden bäri parahatçylyk we ynanyşmak
sözlerine çuň many-mazmuny özünde jemleýän adalgalar hökmünde garapdyr. Munuň şeýledigini,
alym Arkadagymyzyň «Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany» atly täze kitabynda ylmy
we tejribe taýdan delillendirip, parahatçylygyň we ynanyşmagyň ähmiýeti
baradaky beýaneden garaýyşlary, taryhy mysallary doly tassyklaýar. Bu ajaýyp
kitapda: «Il-halkyň mertebesi üçin erkanalykdan, asudalykdan, ýurdumyzyň
nuranalygyndan, el degrilmesizliginden gymmatly zat ýokdur» diýip nygtamak
bilen, döwlet Baştutanymyz parahat durmuşda ýaşamak, asudalygyň hem-de
bolçulygyň hözürini görmek üçin il agzybirliginiň gerekdigini aýratyn belleýär.
Şonuň bilen birlikde, Gahryman Arkadagymyz adamzadyň beýik geljeginiň
parahatçylygyň üpjün edilmegi bilen bina bolýandygyna okyjynyň ünsüni çekip,
halkymyzyň parahatçylyk, oňşuklylyk, ylalaşyk, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň häzirki
döwürde döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy we onuň pugtalanmagy bilen
öz mazmunyny baýlaşdyrýandygyny beýan edýär.
Gahryman
Arkadagymyzyň pähim-parasady, aýdyň maksatly beýik başlangyjy boýunça
ýurdumyzda her ýyla döwrebap we mynasyp şygaryň berilmegi asylly däbe öwrüldi.
Täze ýylyň jemgyýetimiz, döwletimiz üçin belent sepgitleriň, iňňän uly taryhy
ösüşleriň ýyly boljakdygyna ynanýan halkymyz 2021-nji ýylyň «Türkmenistan -
parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagyna ýürekden
buýsanýar. Bu şygar döwletimiziň we jemgyýetimiziň agzybirlik, parahatçylyk
hem-de ynanyşmak arkaly belent sepgitleri, beýik ösüşleri gazanýandygyny
şöhlelendirýär. Şeýle hem baky Bitarap Türkmenistanyň berk we yzygiderli
ýöredýän, dünýäniň ähli döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege
ynanyşmak hem-de hormat goýmak, deňhukuklylyk we taraplara peýdaly hyzmatdaşlyk
ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyksöýüjilik daşary syýasatyny äleme ýaýýar.
Röwşen geljege rowaç
gadamlar bilen barýan eziz Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan gazanýan ösüşleri
«Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerini
guwandyryjy şatlyga besläp, göwünleri galkyndyrýar, buýsançly kalbymyzy joşa
getirýär. Milli Liderimiziň Türkmenistany hemmetaraplaýyn ösdürmek baradaky
yzygiderli tagallalary, durmuşa geçirýän beýik işleri bu gün ähli halkymyz we
umumadamzat üçin diýseň bähbitlidir we buýsandyryjydyr. Goý, şeýle buýsandyryjy
ösüşler «Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem
dowamly bolsun! Gahryman Arkadagymyzyň elmydama jany sag, belent başy aman
bolsun! Alyp barýan içeri hem
daşary syýasaty mundan beýläk-de dabaralansyn! Parahatçylygyň, abadançylygyň,
durnukly ösüşiň hatyrasyna gönükdirilen beýik başlangyçlary rowaç hemişe bolsun!
Begençmyrat Ilamanow,
Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik bankynyň
Maliýe hasabatlary we ylmy-önümçilik
bölüminiň müdiriniň orunbasary