Bank ulgamynyň hyzmatlary ösüş ýolunda
Berkarar
döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimizi dünýäniň öňdebaryjy
döwletleriniň derejesine ýetirmek, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna dünýä
ýurtlarynyň ykdysady ösüşinde öz oňyn netijelerini görkezen öňdebaryjy
tilsimatlary, usullary ornaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň ykdysady
syýasatynyň esasy ugry bolup durýar.
Bu barada
“Türkmenistanyň Ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2019–2025-nji
ýyllar üçin Maksatnamasynda” hem aýratyn nygtalýar. Maksatnama laýyklykda karz
edaralarynyň ygtybarlylygyny we durnuklylygyny ýokarlandyrmak, banklaryň
serişdeler binýadyny artdyrmak, banklarda elektron resminama dolanyşyk ulgamyny
kämilleşdirmek üçin zerur bolan tehniki we programma üpjünçiliklerini
ornaşdyrmak boýunça möhüm wezipeler durmuşa geçirilýär.
Maksatnamada bellenilişi ýaly, degişli döwürlerde maliýe hyzmatlaryny menzilara
ýerine ýetirmegiň dürli usullaryny ösdürmek ugrunda degişli işleriň
geçirilmegi, şol sanda öýjükli telefonlaryň üsti bilen bu hyzmatlaryň amala
aşyrylmagy, täze tehnologiýalary, ýagny öýjükli telefon aragatnaşygyny, töleg
nokatlaryny, şeýle hem ilkibaşda az möçberli töleglerden başlamak bilen,
internet ulgamyny ulanmak esasynda elektron töleg we elektron pullary ulanmak
ulgamyny ösdürilmegi, bank kartlary arkaly hödürlenýän hyzmatlaryň hilini
ýokarlandyrmak boýunça degişli işler dowam etdirilýär. Mundan başga-da
banklaryň hereket edýän tehnologiýalaryny we programma üpjünçiliklerini
täzelemek işlerine giň gerim berlip, şahamçalarara geçiriş ulgamynyň hilini we
tizligini ýokarlandyrmak ýaly işleri durmuşa geçirmeklik maksat edilýär. Bu
ugurda ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan hyzmatlar bazarynda halkara karz
institutlarynyň tejribesini öwrenilmegi maksadalaýyk hasaplanylýar. Ýurdumyzyň
ösüşiniň häzirki tapgyrynda döwrebap tehnologiýalary we innowasiýalary ulanýan
önümçilikleri döretmek, dolandyryşyň has kämil usullaryny ulanmak aýratyn
ähmiýete eýe bolup durýar.
Milli bank ulgamynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň netijesinde karz
edaralarynyň kanunçylyk-hukuk binýady kämilleşdirilýär, banklara iň kämil
tehnologiýalar ornaşdyrlyp, olaryň maddy-enjamlaýyn binýady düýpli täzelenýär.
Milli ykdysadyýetimizi maksatnamalaýyn ösdürmeklige gönükdirilen wezipeleri
ýerine ýetirmek üçin bank işjeňligi häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda
gurnalýar, hususan-da, müşderilere hödürlenýän bank önümleri
diwersifikasiýalaşdyrlyp, dünýä banklarynyň iş tejribelerine laýyklykda täze
hyzmatlary yzygiderli bank işjeňligine girizmek, müşderiler bilen işlemegiň
täze usullaryny ýola goýmak boýunça işler üstünlikli dowam etdirilýär.
Ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan iri maglumat geçiriş ulgamyna eýe bolmak
bilen ýurdumyzda pul dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, bank kartlary
boýunça milli we halkara töleg ulgamynyň gerimini giňeltmek hem-de halkara
tejribesiniň öňdebaryjy tilsimatlaryna esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary
has-da ýaýbaňlandyrmak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Bu işleriň
netjesinde ýurdumyzyň prosesing merkezinde hasaba alnan bank kartlarynyň,
ornaşdyrylan terminallaryň, bankomatlaryň sany hem-de «Internet-bank»,
«Mobile-bank» ulgamlarynyň üsti bilen amal edilen nagt däl hasaplaşyklaryň
möçberi ýylsaýyn artýar. Häzirki wagtda «Internet-bank» hem-de «Mobil-bank»
ulgamlarynyň üsti bilen, ykjam aragatnaşyk hyzmatlar üçin tölegi, karzy we onuň
göterimlerini tölemek hem-de kart hasabynyň hereketini görmek ýaly hyzmatlar
hödürlenilýär. Şeýle hem yzygiderli gaýtalanýan tölegleri awtomatlaşdyrmak üçin
ýörite mümkinçilik döredilen. Her bir raýat degişli bank edarasyna baryp şahsy
bank hasabyny «Internet-bank» hem-de «Mobil-bank» hyzmatlaryna birikdirmek
arkaly bu hyzmatlaryň amatlyklaryndan peýdalanyp bilýär.
Milli bank ulgamyndaky durmuşa geçirilýän iri möçberli çäreleriň çäklerinde
töleg ulgamynda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek boýunça yzygiderli
işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda nagt däl hasaplaşyk ulgamynda innowasion
tehnologiýalary ornaşdyrmak, bankomatlaryň, töleg terminallaryň sanyny
artdyrmak esasynda milli ykdysadyýetimizde pul serişdeleriň dolanyşygyny
çaltlandyrmak, nagt däl hasaplaşyklary has-da ösdürmek maksat edinilýär.
Türkmenistanda kartly töleg ulgamyny özgertmekde düýpli işler durmuşa
geçirilýär, bu ulgamda täze hyzmatlardan peýdalanmaga ähli mümkinçilikler
döredilýär. Ykdysadyýetiň möhüm bölegi bolup çykyş edýän milli töleg ulgamynyň
halkara töleg ulgamlaryna işjeň goşulyşmagy netijesinde töleg amallarynyň sany
düýpli artýar. Ýurdumyzda sanly tehnologiýalaryň ösmegi, pul dolanyşygynda
serişdeleriniň aýlanyş tizliginiň ýokarlanmagy hem-de hasaplaşyklary geçirmekde
çykdajylaryň azalmagy tölegleriň we hasaplaşyklaryň usullaryň
kämilleşdirilmegine mümkinçilik berýär.
Bazar gatnaşyklarynda karz edaralary tarapyndan müşderilere hödürlenilýän nagt
däl hasaplaşyklar boýunça bank hyzmatlarynyň ähmiýeti uludyr. Ýurdumyzda bank
kartlaryny ulanyjylaryň sanynyň artmagy we bu kartlar arkaly nagt däl
hasaplaşyklaryň düýpli ösmegi nagt däl hasaplaşyklar ulgamynda oňyn
özgertmeleriň alnyp barylýandygyny subut edýär.
Bank hyzmatlarynyň has kämil görnüşleriniň girizilmegi, bu ugurda daşary ýurt
tejribesiniň düýpli öwrenilmegi, şeýle-de onuň milli ykdysadyýetimiziň aýratynlyklarynyň
göz öňünde tutulup ýurdumyzyň bank ulgamyna ornaşdyrylmagy bank işiniň döwrüň
talabyna laýyklykda kämilleşdirilmegine, hyzmatlaryň döwrebap görnüşleriniň
döremegine, bank ulgamynyň müşderileriniň sanynyň yzygiderli artmagyna we milli
banklaryň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagyna ýardam berýär.
Ýurdumyzyň karz edaralary iri maglumat saklaýan we geçirýän ulgamyna eýe bolup,
özleriniň iş tejribesine täze görnüşli hyzmatlary ornaşdyrýarlar hem-de olary
müşderilere hödürleýärler. Muňa mysal edip, ýurdumyzyň islendik ýerinden
bankomatlaryň, terminallaryň, «Internet-bank», «Mobil-bank» we «Elektron-söwda»
ulgamlarynyň üsti bilen nagt däl görnüşinde hasaplaşyklary göni («online»)
tertipde amala aşyrmagyň ýola goýlandygyny görkezmek bolar.
Mundan başga-ada «Maşgala» bank karty «Altyn Asyr» bank karty hasabyna
birikdirilmek bilen, müşderiniň islegine baglylykda maşgalanyň her bir agzasyna
şol sanda, ýedi ýaşdan uly bolan çagalara açylyp bilner. Müşderiniň arzasy
ýa-da «Internet-bank» hyzmaty arkaly maşgalanyň her bir agzasy üçin
aýratynlykda hepdelik sarp ediljek pul mukdarynyň möçberini kesgitlemäge
mümkinçilik döredilen. «Maşgala» bank karty çagalara we talyplara gerekli okuw
esbaplaryny we beýleki harytlary satyn almaga, söwda we dynç alyş nokatlarynda
hasaplaşyklary geçmäge, «Internet-bank» we «Mobil-bank» hyzmatlary arkaly
karzlaryň göterimini we esasy bergisini tölemäge, telefon, öýjükli telefon,
IP-TV we internet hasabyny doldurmaga we bank kartynyň galyndysyny bilmäge
amatly mümkinçilikleri döredýär.
Häzirki wagtda ykdysadyýetiň sanlaşdyrylmagy beýleki ykdysady düzümler bilen
bir hatarda banklaryň hem sanly ulgama geçmegini şertlendirdi. Bank ulgamynda
ulanylýan sanly tehnologiýalaryň döredýän amatlyklary müşderiler bilen has
ýakyndan hyzmaşdaşlyk etmäge we olaryň ileri tutulmalaryna has takyk düşünmäge
mümkinçilik berýän häzirki zaman ugurlary peýdalanmagyň hasabyna müşderileri
saklap galmaga, bank telekeçiligini giňeltmäge ýardam berýän sebäpleriň
biridir.
Türkmenistanda sanly ykdysadyýetiň kemala gelmegi jemgyýetçilik durmuşynda we
maliýe işinde maglumat we sanly serişdeleriň ähmiýetiniň güýçlenmegi bilen
häsiýetlendirilýär. Munuň esasy sebäbini ykdysadyýetiň sanly görnüşinde
jemlenen mümkinçilikleriň diňe bir ykdysady ösüşi üpjün etmekde däl, eýsem,
ynsan durmuşynyň hem özgermegine getirýändigi bilen düşündirip bolar.
Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga we ýurdumyzyň ykdysady
kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen özgertmeleri durmuşa geçirýän Gahryman
Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp
barýan işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!