Bitaraplyk ýoly – dünýä nusga göreldämiz
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan diýarymyzyň her bir güni parahatçylyga, asudalyga beslenýär. Her bir ynsanyň durmuşynda bolup geçişi ýaly, halkyň, döwletiň ykbalynda hem ýatdan çykmajak pursatlar, wakalar bolup geçýär.
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny amala aşyrmakdaky uly üstünlikler, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we umumyadamzat ösüşlerine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda milli Liderimiziň alyp barýan syýasaty dünýä bileleşigi tarapyndan goldanylýar.
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýar. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 46-njy sessiýasynyň 82-nji mejlisinde Türkmenistanyň bu Guramanyň deňhukukly agzalygyna kabul edilýändigi hakynda karar kabul edildi. Agza ýurtlaryň her biri Birleşen Milletler Guramasynyň Düzgünnamasynda beýan edilen, halkara gatnaşyklarynyň esasy ýörelgelerine esaslanýan şertleri öz üstüne borç edip alýar. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 185 döwletiň, şeýle hem 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň biragyzdan goldamagynda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Rezolýusiýa ikinji gezek kabul edildi.
Bu seneler Milletler Bileleşiginiň taryhynda hem möhüm sahypa öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 12-nji dekabr Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edildi.
Şu nukdaýnazardan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça «2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Rezolýusiýasynyň biragyzdan kabul edilmegi, birinji Hazar ykdysady forumynyň Jemleýji Beýannamasynyň bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edilmegi milli Liderimiziň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde gazanan uly üstünlikleriniň biridir.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» ýylynda biziň her birimiz ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere besleýän möhüm wakalaryň şaýady bolýarys. Bu taryhy wakalar halkymyzyň hakydasynda we Diýarymyzyň taryhynda öçmejek yz goýup, dünýä jemgyýetçiliginiň döwletimize bolan gyzyklanmasyny barha artdyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur oýlanyşykly, täzeçillik syýasaty netijesinde biziň döwletimiz gysga döwrüň içinde çalt depginler bilen ösýän ýurtlaryň sanawynda mäkäm orun eýeläp, dünýäniň hojalyk gatnaşyklar ulgamyna üstünlikli goşulyşdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň öňünde goýýan strategiki wezipelerini ýerine ýetirmekde bank ulgamy möhüm orny eýeleýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan pul-karz syýasatynyň çäklerinde onuň degişli gurallaryny sazlaşykly ulanmak arkaly ykdysadyýetimiziň depginli ösüşi we makroykdysady deňeçerligi üpjün edilýär.
Bankyň goýum syýasatyna laýyklykda ilatyň erkin duran pul serişdelerini banka çekmek arkaly goýum hasaplaryndaky serişdeleriň möçberini artdyrmak, importyň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilýän önümçilik maksatly karzlary, kiçi göwrümli karzlary şol bir wagtda ýurdumyzda hususy telekeçiligi goldamagyň çäklerinde maýa goýum işjeňligi artdyrylýar. Kiçi we orta telekeçiler tarapyndan amala aşyrylýan taslamalary maliýeleşdirmek hem-de ýurdumyzda pul dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, bank kartlary boýunça milli we halkara töleg ulgamynyň gerimini giňeltmek hem-de halkara tejribesiniň öňdebaryjy tilsimatlaryna esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary, täze bank hyzmatlaryny ornaşdyrmak boýunça yzygiderli işler amala aşyrylýar.
Häzirki wagtda ykdysadyýetiň sanlaşdyrylmagy beýleki ykdysady düzümler bilen bir hatarda banklaryň hem sanly ulgama geçmegini şertlendirdi. Bank ulgamynda ulanylýan sanly tehnologiýalaryň döredýän amatlyklaryndan peýdalanmak bilen halkara tejribesiniň öňdebaryjy tilsimatlarynyň ornaşdyrylmagy netijesinde müşderilere döwrebap bank hyzmatlaryny hödürlemek we bank işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça sanly ykdysadyýete geçmäge degişli işleri alyp barmaklyk dowam etdirilýär.
Türkmenistanda sanly ykdysadyýetiň kemala gelmegi jemgyýetçilik durmuşynda we maliýe işinde maglumat we sanly serişdeleriň ähmiýetiniň güýçlenmegi bilen häsiýetlendirilýär. Munuň esasy sebäbini ykdysadyýetiň sanly görnüşinde jemlenen mümkinçilikleriniň diňe bir ykdysady ösüşi üpjün etmekde däl, eýsem, ynsan durmuşynyň hem özgermegine getirýändigi bilen düşündirip bolar.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegi ugrunda taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän, halkymyzyň hal-ýagdaýyny barha gowulandyrmakda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň elmydama jany sag, belent başy aman bolsun! Alyp barýan beýik işleri diňe rowaçlyklara beslensin !
Permandurdy Gurbanow,
Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik bankynyň
Maliýe hasabatlary we
ylmy önümçilik bölüminiň müdiri