Döwlet
Baştutanymyz nobatdaky ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyşyna gatnaşdy.
24.03.2022
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň
Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumyndaky Içeri işler ministrliginiň
Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň
açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Baş şäherimiziň gün-günden gözelleşýän demirgazyk künjeginde ähli zerur
düzümleri bolan ajaýyp ýaşaýyş jaýlaryndan ybarat amatly toplumyň gurulmagy
dowam edýär. Aşgabadyň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele
getiren bu ýaşaýyş jaý toplumy ýurdumyzda “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary
baş ýörelge edinýän durmuş ugurly döwlet syýasatynyň üstünlikli amala
aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 19-njy martynda
paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde iň ýokary döwlet wezipesine girişmegi
mynasybetli geçirilen dabaradaky çykyşynda halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün
edilmegini, raýatlaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagyny döwlet
syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitläp, “Her bir maşgalany häzirki
zaman öýi ýa-da jaýy bilen üpjün etmek meniň esasy aladalarymyň biri bolar”
diýip nygtady.
Paýtagtymyzda
ýaýbaňlandyrylan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasy halkymyzyň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli gowulandyrmak boýunça wezipeleriň çözgüdine
gönükdirilendir. Häzirki döwürde Aşgabat çägini giňeldip, döwrebap ösüşli
şäherleriň birine öwrüldi.
Ir bilen
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk
künjegindäki baýramçylyk dabarasynyň geçirilýän ýerine geldi.
Ýurdumyzyň harby
we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary we köp sanly dabara gatnaşyjylar
döwlet Baştutanymyzy mähirli garşyladylar.
Ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowa Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetiriji, Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň wezipesini ýerine ýetiriji Ç.Amanow hasabat
berdi.
Dabaranyň
geçirilýän ýerine barýarka, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ussat
sazandalaryň we ata Watanymyzy wasp edýän aýdymçylaryň çykyşlaryna tomaşa etdi.
Şondan aňyrrakda
behişdi ahalteke bedewine atlanan çapyksuwarlar öwüsýän ýeliň ugruna parlaýan
Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny ellerinde saklap, öz ussatlyklaryny
görkezýärler. Bularyň ählisi gadymy milli däplere ygrarly bolan Türkmenistanyň
häzirki döwürde okgunly ösýändiginiň hem-de rowaçlyk ýolunda bedew bady bilen
ynamly öňe barýandygynyň aýdyň nyşanydyr.
Dabaranyň
geçirilýän ýerine tarap barýan ýoluň ugrunda baýramçylyk äheňinde bezelen ak
öýler dikilipdir. Toý gazanlarynda milli tagamlar taýýarlanylýar. Ak öýleriň
ýanynda çapady, pişme ýaly milli toý nygmatlaryny taýýarlaýarlar.
Bu ýerde
atarylan toý gazanlarynda taýýarlanylan tagamlaryň taýýar bolanlary we milli
aşhananyň özboluşly usullary arkaly bişirilen tagamlar dabara gatnaşyjylara
hödür edilýär. Nygmatlaryň ýokumlylygy milli aşpezleriň ussatlygyndan habar
berýär.
Dabaranyň
dowamynda çagalar milli oýunlara gümra bolýarlar. Olar uly şowhun bilen aşyk
oýnaýarlar. Bu ýerde ýaşlar bäsleşikleri guradylar. Häzirki döwürde tanap
çekişmek ýaly milli oýunlar barha uly meşhurlyga eýe bolýar. Gadymy döwürlerden
bäri gelýän bu bäsleşik ýaşlaryň güýçli we toparlaýyn agzybir bolmaklaryny şertlendirýär.
Bu ýerde pälwanlar türkmen göreşi boýunça güýç synanyşýarlar.
Hormatly
Prezidentimiz medeni çykyşlar üçin niýetlenen merkezi sahnanyň ýanynda saklandy
we IIM-niň harby gullukçylaryndan düzülen aýdym-saz toparlarynyň çykyşlaryna
tomaşa etdi. Olar aýdym-sazly çykyşlary joşgunly tanslar bilen utgaşdyryp,
ýurdumyzyň şöhratly taryhyny we häzirki döwrüni dabaralandyrdylar. Munuň özi
ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýan ýurdumyzyň
häzirki durmuşyny görkezýär.
Soňra döwlet Baştutanymyz
täze ýaşaýyş jaý toplumynyň Dolandyryş binasynda mähriban atasy, içeri işler
edaralarynyň hormatly weterany, durmuş we zähmet ýoly, ýaş nesilleri, türkmen
esgerlerini watansöýüjilik, ata Watanymyza, halkymyza birkemsiz gulluk etmek
ruhunda terbiýelemekde nusgalyk görelde bolan Mälikguly Berdimuhamedowyň
güberçek görnüşindäki heýkeline tagzym etdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze ýaşaýyş toplumynyň Dolandyryş binasyna
bardy. Bu ýerde Mälikguly Berdimuhamedowyň özboluşly muzeýi döredilipdir. Bu
muzeý 2020-nji ýylyň 20-nji noýabrynda - Içeri işler ministrliginiň ýaşaýyş jaý
toplumynyň birinji tapgyrynyň ulanmaga berlen gününde açyldy. Onda arhiw
materiallary, dürli resminamalaryň, şahadatnamalaryň, şol sanda harby atlar
baradaky şahadatnamalaryň nusgalary, döwlet sylaglary, suratlar jemlenipdir.
Mälim bolşy
ýaly, hormatly Prezidentimiziň atasy gulluk eden döwründe ýedi gezek ýokary
döwlet sylaglaryna mynasyp boldy, “Içerki goşunlarda gullukda tapawutlanandygy
üçin” diýen döşe dakylýan nyşan bilen sylaglandy. Ol 1982-nji ýylda içeri işler
edaralarynda podpolkownik harby adynda gullugyny tamamlap, zähmet ýoluny
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň düzümleýin edaralarynda dürli wezipelerde
dowam etdirdi.
Muzeýde içeri
işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň 1972 - 1975-nji
ýyllarda ulanan “GAZ-69A”, 1980 - 1982-nji ýyllarda ulanan “GAZ-21” we
“WAZ-2102”, şeýle hem “GAZ-69” we “RAF -997” kysymly gulluk awtoulaglarynyň,
1977 - 1996-njy ýyllarda ulanylan “DNEPR-II” motosikliniň hem suratlary bar.
Aýratyn
diwarlykda Gahryman Arkadagymyzyň ene-atasy bilen düşen, maşgala arhiwinden
alnan suratlar, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň atasynyň jemgyýetçilik işi
barada gürrüň berýän suratlar ýerleşdirilipdir. Şeýle hem bu ýerde Mälikguly
Berdimuhamedowyň goşgularyna aýratyn orun berlipdir.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, türkmen esgerleriniň iň
gowy däplerini mynasyp dowam etdirjek ýaşlaryň harby watançylyk terbiýesine
berilýän üns döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda
galýar.
Ýurdumyzyň baý
taryhy, ata-babalarymyzyň hem-de ömrüni Watana gulluk etmäge bagyşlan
ruhubelent adamlaryň beýik edermenligi ýaş Watan goragçylary üçin iň gowy
göreldedir diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy aýtdy
hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna harby gullukçylaryň
watançylyk terbiýesi boýunça işleri ýokary derejede geçirmek bilen baglanyşykly
anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet
Baştutanymyz binadan çykyp, bu ýerde mäkäm kök uran tut agajyny synlady. Bu
agajy nesilleriň dowamatlylygynyň nyşany hökmünde Gahryman Arkadagymyz
Gurbanguly Berdimuhamedow oturdypdy.
Soňra hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary
bilen täze ýaşaýyş jaý toplumynyň merkezi girelgesindäki toý bagyny kesdi.
Döwlet
Baştutanymyz toplumyň çägi bilen gidip barşyna, türkmen alabaýlary bilen
geçirilýän türgenleşikleri synlady. Olar çeýeligi, öwredilýän usullary ele
almaga bolan ukyby hem-de ýyndamlygy bilen türgenleşigiň ähli ugurlaryny ýokary
derejede amala aşyrýarlar.
Şeýle hem bu
ýerde ajaýyp ahalteke atlarynyň gezim edýän pursatlary görkezilýär. Ynsan
gylykly bedewler çapyksuwarlaryň görkezmesi bilen dürli hereketleri ýerine ýetirýärler.
Behişdi bedewler taryhyň dowamynda türkmen halkynyň durmuşynda möhüm orun
eýeläpdir. Olar türkmen toýlarynyň we baýramlarynyň bezegidir.
Ýeri gelende
aýtsak, bu ýerde görkezilýän alabaýlar we bedewler ýurdumyzyň Içeri işler
ministrligine degişli merkezlerdir toplumlarda ösdürilip ýetişdirilýär hem-de
seýislenýär.
Häzirki döwürde
ýelden ýüwrük bedewler we wepaly alabaýlar düýpli özgertmelerdir ösüşleriň ýoly
bilen ynamly gadam urýan ata Watanymyzyň döredijilik güýjüni alamatlandyrýar.
Halkara ahalteke
atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň
ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde gözbaşyny
asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan atşynaslyk we itşynaslyk milli däpleri
häzirki zamanyň ruhuna laýyk derejedäki ösüş ýoluna düşdi.
Göreş
meýdançasyna çykyp, öz güýjüni we ussatlygyny görkezen pälwan gadymy milli
dessura laýyklykda, ýörite baýraga mynasyp bolýar. Ýaglyga towusýan ýigitleriň
şatlyk-joşgunlary dabaranyň şowhunyny artdyrýar.
Täze ýaşaýyş
toplumynyň çäginde guralan aýdym-sazly çykyşlarda, sport bäsleşiklerinde hukuk
goraýjy edaralaryň wekilleriniň çykyş edýändiklerini bellemek gerek. Umuman, bu
ýerde tutuş ýurdumyz ähmiýetli guralan dabara hakyky türkmen toýlaryna mahsus
ruhubelentlik we joşgun bilen dowam etdi.
Türkmen halky
toý-baýramlarda ýagşy dessurlary, dürli çykyşlary esasy ugur edinýär. Dünýä
nusgalyk milli ýörelgeleriň häzirki döwürde dowam edýändigi ähmiýetlidir. Halk
aýdymlary, sazlary, tanslar we milli oýunlar bu ýerde giňden ýazylan türkmen
saçaklarynyň bereket bolçulygy bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýär. Şeýle
hem milli atşynaslyk we itşynaslyk sungaty halkymyzyň dünýä medeniýetine goşan
goşandynyň ajaýyp beýanydyr.
Soňky ýyllarda
köp gatly ýaşaýyş jaýlary bilen bir hatarda, ähli amatlyklary özünde jemleýän
kottej jaýlarynyň gurluşygyna möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi halkymyzyň öz
islegine we döwrüň talabyna görä amatly ýaşaýyş jaýlaryna göçüp gelmäge bolan
mümkinçiliklerini artdyrdy.
Ýurdumyzda
ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň gerimi barha giňeýär. Aşgabatda ak mermerli
binalaryň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, köçeleriň depginli gurluşyklary hemmeleri
haýrana goýýar. Ähli künjekde ýaşaýyş jaýlary gurlup, her ýylda maşgalalaryň
müňlerçesi jaý toýlaryny toýlaýarlar. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň
Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň
açylmagy munuň aýdyň beýanydyr. Munuň özi harby we hukuk goraýjy edaralaryň
gullukçylarynyň we işgärleriniň ýaşaýyş hem-de gulluk şertlerini gowulandyrmak
barada döwletimiziň edýän aladasynyň netijesidir.
IIM-niň ýaşaýyş
jaýlarynyň gurluşygyny bu ministrligiň ýanyndaky Gurluşyk birleşigi amala
aşyrýar. Iki gatly kottej jaýlarynyň her biri 5 otagdan ybaratdyr. Ýurdumyzda
gurulýan täze ýaşaýyş jaýlarynda bolşy ýaly, bularda hem ýokary derejeli
amatlyklar esasy şert hökmünde göz öňünde tutuldy.
Bu gün täze jaýa
göçüp gelmek bagtyna mynasyp bolan IIM-niň Aşgabat şäher Polisiýa müdirliginiň
sürüjisi Ýazmyrat Çüliýew hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowdan öz
öýüne hormatly myhman hökmünde gelmegini haýyş edýär.
Gadymy
döwürlerden bäri jaý toýuny tutmak adamlaryň durmuşynda aýratyn ähmiýetli waka
hasaplanýar hem-de toý güni asyrlaryň dowamynda emele gelen milli däpler berjaý
edilýär. Häzirki wagtda şol däpler täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy. Täze
jaýyň howlusyndaky baýramçylyk dabarasy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly
Prezidentimiz öýe girip, maşgala agzalaryny täze jaý bilen gutlaýar we
otaglaryň ýerleşdirilişi, bu ýerde maşgala agzalary üçin döredilen şertler
bilen gyzyklanýar. Täze jaý özünde giň eýwany, uly myhmanhana hem-de umumy
otaglary, döwrebap durmuş tehnikalary we mebeller bilen üpjün edilen
aşhana-naharhanany, hojalyk otaglaryny birleşdirýär. Jaýyň timarlamak işlerinde
döwrebap serişdeler ulanyldy.
Täze jaýa göçüp
gelenler halkymyz hakynda aladasy we ýokary derejeli ýaşaýyş-durmuş şertleriniň
döredilýändigi üçin döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk
sözlerini aýtdylar.
Öýüň giň otaglarynda
türkmen halkynyň däp-dessurlaryna laýyklykda, maşgala dabaralaryny, toý
sadakalaryny geçirmek, myhman kabul etmek üçin ähli zerur şertler göz öňünde
tutulypdyr. Kottej jaýlaryň gurluşygynda raýatlaryň ýaşaýyş we durmuş
ýörelgeleri, häzirki döwrüň talaplary zerur şert hökmünde kabul edilýär. Olaryň
gurluşygynda ýerli çig mallardan taýýarlanan ýokary hilli gurluşyk serişdeleri
ulanyldy.
Meýdany 8 sotoga
barabar bolan mellek ýerinde ekerançylyk bilen meşgullanmaga ýa-da miweli
baglary ösdürip ýetişdirmäge ähli mümkinçilikler bar. Şeýle hem bu ýerde
çagalaryň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ýörite meýdança döredilipdir.
Täze jaýa göçüp
baran köp çagaly maşgala döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň raýatlarynyň
ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak meselelerine uly ünsi üçin tüýs
ýürekden hoşallyk bildirdi. Häzirki wagtda raýatlarymyz ähli amatlyklary özünde
jemleýän şeýle ajaýyp jaýlarda ýaşamaga hem-de çagalaryny terbiýeläp
ýetişdirmäge mümkinçilik aldylar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow halkymyzyň abadançylygy baradaky
hemmetaraplaýyn aladanyň häzirki döwürde ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli
özgertmeleriň esasy ugrudygyny belledi. Bularyň ählisi Aşgabadyň ajaýyp
keşbinde öz beýanyny tapýar.
Diýarymyzda
“Döwlet adam üçindir!” diýen şygardan ugur alnyp, köp çagaly maşgalalaryň
durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmäge, olary hemmetaraplaýyn goldamaga, bu
çäreleri kanunçylyk derejesinde berkitmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler
amala aşyrylýar. Şunuň bilen birlikde, harby gullukçylaryň we olaryň maşgala
agzalarynyň hukuk hem-de durmuş kepilliklerini döretmegiň harby özgertmeleriň
ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi bellenildi. Döwlet Baştutanymyz harby we
hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş
şertleriniň mundan beýläk-de gowulandyryljakdygyny, olar üçin döredilýän
ýeňillikleriň netijeliliginiň ýokarlandyryljakdygyny nygtady.
Täze jaýy synlan
mahalynda, hormatly Prezidentimiz çagalar bilen söhbetdeş boldy. Olar Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni wasp edýän goşgulary joşgunly ýerine
ýetirdiler.
Bagtly
maşgalanyň agzalary ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamak üçin döredilýän
şertler üçin ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly
Prezidentimize hoşallygyň nyşany hökmünde däp bolan toý düwünçegini
gowşurdylar.
Döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow maşgala agzalaryny täze jaýlary bilen ýene
bir gezek gutlady hem-de olara abadançylyk, bagtly durmuş arzuw edip, öý
eýelerine toý sowgatlaryny gowşurdy. Hormatly Prezidentimiz täze öýe göçüp
baranlaryň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşüp, mähirli hoşlaşdy.
Toplumyň
jaýlarynyň ýanaşyk ýerleri göwnejaý derejede abadanlaşdyrylypdyr, köçeleriň
ugrunda hem-de jaýlaryň golaýynda saýaly baglar oturdylypdyr. Munuň özi
toplumyň çäginde degişli ekologik ýagdaýyň saklanmagynda aýratyn ähmiýetlidir.
Ýurdumyzda
döredilýän tokaý zolaklarynyň çäginiň artmagy howanyň üýtgemegi bilen
baglanyşykly ýaramaz ýagdaýlara garşy ählumumy göreşe mynasyp goşant bolup
durýar. Her bir şäheriň we ilatly ýerleriň töwereginde tokaý zolaklarynyň
döredilmegi amatly howa gurşawynyň emele gelmegini şertlendirýär. Milli bahar
baýramy - Halkara Nowruz güni mynasybetli köpçülikleýin bag nahallaryny
oturtmagyň ýazky möwsümine badalga berilmegi bilen, mähriban Watanymyzyň dürli
künjeklerinde gök zolaklaryň çägi has-da artar.
Soňra döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan ösdürilip
ýetişdirilýän gök-bakja ekinleriniňdir miweleriň, öndürilýän azyk önümleriniň
sergisini synlady. Degişli düzümleriň kömekçi hojalyklarynda ösdürilip
ýetişdirilýän ter oba hojalyk önümleriniň bu edaralaryň şahsy düzümlerini üpjün
edýändigini bellemek gerek.
Sergide
görkezilýän et önümleriniň dürli görnüşleri dabara gatnaşyjylaryň ünsüni özüne
çekdi. Şeýle hem hukuk goraýjy edaralaryň kömekçi hojalyklarynda balykçylyk
bilen meşgullanylýandygy aýratyn bellärliklidir.
Bu ýerde
ýyladyşhanalarda we açyk meýdanda ösdürilip ýetişdirilen gök önümleriň birnäçe
görnüşleri, gaýtadan işlenilen we gaplanylan önümler görkezilýär. Üzümiň,
burçlaryň dürli görnüşleri, badamjan, alma, armyt, nar, käşir, şugundyr,
ýeralma we beýleki önümleriň hili we ýokumlylygy olara edilýän idegiň ýokary
derejededigini aňladýar. Mundan başga-da, bu ýerde tüwi, mäş, noýba we beýleki
birnäçe däneli önümleriň görnüşleri goýlupdyr. Munuň özi bu düzümleriň
ekerançylykda oňyn tejribe toplandygyny görkezýär.
Sergide şeýle
hem kömekçi hojalyklarda ösdürilip ýetişdirilen künjüden ýurdumyzda ilkinji
gezek öndürilen künji ýagy görkezildi. Mälim bolşy ýaly, künji ýagy Gündogaryň
aşpezleriniň höwes bilen ulanýan önümleriniň biridir. Bu önümiň ulanylmagy onuň
hoşboý ysy hem-de kesel bejerijilik häsiýetleri bilen şertlendirilendir.
Mundan başga-da,
harby we hukuk goraýjy edaralaryň kömekçi hojalyklarynda balaryçylyk hojalygyny
ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Munuň şeýledigini şu sergide hem görmek bolýar.
Bu ýerde ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümlikleriň ähli melhemlik häsiýetlerini
özünde jemlän ary balynyň dürli görnüşleri görkezildi. Bularyň ählisi
halkymyzyň asudalygynyň, parahat durmuşynyň, tertip-düzgüniň goragynda duran
harby we hukuk goraýjy edaralaryň kärhanalarynyň öndürýän önümleriniň diňe bir
bölegidir.
Harby we hukuk
goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, olaryň
häzirki zamanyň talaplaryna laýyk derejede enjamlaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet
berilýär. Harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş şertleri yzygiderli
gowulandyrylýar. Dürli ugurlar üçin ýokary hünärli gullukçylaryň taýýarlanylmagyna,
öňdebaryjy tejribäniň işjeň ornaşdyrylmagyna uly üns berilýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sergi bilen tanşyp, harby we hukuk goraýjy
edaralara degişli kömekçi hojalyklaryň işini kämilleşdirmek boýunça mundan
beýläk-de degişli çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny belledi. Harby gullugyň
sport, zähmet bilen işjeň meşgullanmak arkaly sazlaşykly utgaşdyrylmagy harby
we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzüminiň saglygyny berkidip, köpasyrlyk
milli däplere wepalylygyň aýdyň subutnamasy bolup durýar diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy we bu edaralaryň ýolbaşçylaryna anyk tabşyryklary berdi.
Sergini
synlanyndan soň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemmelere alyp
barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.
Şu günki şanly
waka ýurdumyzyň asyrlar aşyp gelýän milli däplere ygrarlydygyny we mähriban
Watanymyzyň döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ösüşiň we rowaçlygyň täze
belentliklerine tarap ynamly gadam urýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi.
Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş toplumynyň
täze kottej jaýlary bilen üstüniň ýetirilmegi halkymyzyň we ýaş nesilleriň
abadan hem-de bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüldi.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi