Hindistan
Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary başlandy.
01.04.2022
Şu gün Hindistan
Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind Türkmenistana döwlet sapary bilen
geldi.
Iki dostlukly
ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde
belent mertebeli myhmany garşylamak dabarasy boldy. Hindistanyň Baştutanynyň
gelmeginiň hormatyna haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda hormat garawulynyň
esgerleri nyzama düzüldiler.
Asylly däbe
görä, milli lybasdaky oglan we gyz Prezident Ram Nath Kowinde hem-de onuň
maşgalasyna duz-çörek hödürlediler we gül çemenini gowşurdylar.
Mälim bolşy
ýaly, gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmak, şol sanda Aziýa sebitiniň ýurtlary, hususan-da, Hindistan
Respublikasy bilen gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň
ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Munuň özi döwletara gatnaşyklaryň taryhynda
dostlukly döwletiň Baştutanynyň ýurdumyza ilkinji saparydyr. Şu gezekki ýokary
derejedäki duşuşyk, şeýle-de şanly seneleriň ikisiniň — türkmen-hindi
diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň hem-de Hindistanyň
Garaşsyzlygynyň 75 ýyllyk ýubileýiniň baýram edilýän ýylynda geçirilýändigi bilen
şertlendirilendir.
Gysga döwrüň
içinde biziň ýurtlarymyz asyrlara barabar şöhratly ýoly geçdiler. Milli
döwletlilik gazanyldy, durmuş-ykdysady ösüşiň täze nusgasy döredildi, oňyn
halkara tejribe toplandy. Häzirki wagtda Türkmenistan üçin Hindistan ýakyn dost
we möhüm hyzmatdaşdyr, ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny ykrar eden dünýäniň ilkinji
döwletleriniň biridir. Şu gezekki sapar hem-de onuň çäklerinde göz öňünde
tutulan ýokary derejedäki gepleşikler soňky ýyllarda hil taýdan täze mazmun
bilen baýlaşdyrylan özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň
ýolunda nobatdaky netijeli ädime öwrüler.
Paýtagtymyzyň
howa menziliniň ýokary derejeli myhmanlary kabul ediş binasynyň öňündäki
meýdançada Hindistan Respublikasynyň Liderini resmi garşylamak dabarasy boldy.
Bu ýerde Prezident Ram Nath Kowindi hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow mähirli mübärekledi. Iki ýurduň Baştutanlary dostlarça
salamlaşyp, ýörite bellenen ýere barýarlar.
Hormat
garawulynyň serkerdesi dabaraly hasabat berýär. Hindistan Respublikasynyň we
Türkmenistanyň Döwlet senalary ýerine ýetirilýär. Iki ýurduň Liderleri hormat
garawulynyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçýärler we Türkmenistanyň Döwlet
baýdagyna hormat-sarpa goýýarlar.
Soňra belent
mertebeli myhmanyň awtoulag kerweni motosikletçileriň hormat kerweniniň
ugratmagynda “Ýyldyz” myhmanhanasyna tarap ugraýar.
2-nji aprelde
Aşgabatda geçiriljek ýokary derejedäki türkmen-hindi duşuşygynyň ilkibaşdan
dostlukly, özara hormat goýmak we ynanyşmak häsiýeti bilen tapawutlanýan
ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze, möhüm tapgyr boljakdygy
şübhesizdir.
Häzirki döwürde
biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky däp bolan gatnaşyklar çuňňur taryhy köklere we
taraplaryň hoşniýetli erk-islegine daýanyp berkidilýär, şol sanda köptaraplaýyn
esasda pugtalandyrylýar. Türkmen-hindi hyzmatdaşlygy köp ugurlar boýunça
ösdürilýär. Döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesi, şol sanda köptaraplaýyn
görnüşde, iri halkara guramalaryň ugry boýunça gatnaşyklar iki dostlukly ýurduň
netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge pugta ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Statistiki
maglumatlar, döwlet, hökümetara we pudagara derejede gol çekilen köp sanly
resminamalary birleşdirýän ygtybarly şertnama-hukuk binýady hem-de geçirilýän
syýasy geňeşmeler we dürli düzümleriň arasynda ýola goýlan gatnaşyklar munuň
mysaly bolup biler.
Dürli derejedäki
duşuşyklaryň barşynda taraplaryň ýola goýlan syýasy gatnaşyklary ösdürmäge,
ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga taýýardygy
tassyklanylýar. Özara bähbitlilik esasynda guralýan gatnaşyklary yzygiderli
berkitmek boýunça anyk ädimler kesgitlenilýär.
Söwda, ykdysady,
ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hindi toparynyň
işine uly ähmiýet berilýär. Onuň mejlisleriniň çäklerinde ikitaraplaýyn
hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary, ileri tutulýan taslamalar ara alnyp
maslahatlaşylýar.
Ynsanperwer
ulgamda hem hyzmatdaşlyk giňeldilýär. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan
medeni, ruhy we taryhy gatnaşyklar onuň ygtybarly binýady bolup hyzmat edýär.
Türkmen halkynyň beýik ogullary Baýram han we Abdyrahym han-hanan Hindistanyň
taryhyna şöhratly sahypalary ýazdylar. Hindistanyň halky olaryň mirasyna, hindi
paýtagtynyň merkezinde gurlan Türkmen derwezesi ýaly meşhur taryhy-binagärlik
ýadygärligine uly hormat-sarpa goýýar. Iki ýurduň alymlary, döredijilik
intelligensiýasynyň wekilleri döwletleriň ikisinde geçirilýän halkara
maslahatlaryň, festiwallaryň we sergileriň işine işjeň gatnaşýarlar.
Bilim we ylym
ulgamlary özara gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Mälim bolşy
ýaly, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
gündogar dilleri we edebiýaty fakultetinde talyplar hindi dili hünäri boýunça
okadylýar.
Umuman,
Türkmenistan we Hindistan köpugurly hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerine
eýedir. Şolardan netijeli peýdalanmak iki ýurduň arasynda has berk we ygtybarly
dostluk köprülerini, hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam eder. Prezident Ram Nath
Kowindiň şu gezekki döwlet sapary bu gatnaşyklara täze, kuwwatly itergi
bermäge, onuň möhüm ugurlaryny açmaga mümkinçilik berer.
Garaşylyşy ýaly,
Aşgabatda geçiriljek ýokary derejedäki gepleşikleriň çäklerinde özara
gyzyklanma bildirilýän meseleleriň ençemesi ara alnyp maslahatlaşylar hem-de
köpugurly gatnaşyklary ösdürmäge, türkmen we hindi halklarynyň, döwletlerimiziň
arasyndaky özara ynanyşmagy we düşünişmegi pugtalandyrmaga gönükdirilen
ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekiler. Duşuşygyň barşynda
hyzmatdaşlygyň gaýragoýulmasyz wezipelerini, şol sanda täze geljegi uly
meýilnamalary ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.
Mahlasy,
Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Ram Nath Kowindiň arasynda ýokary
derejede geçiriljek gepleşikler uzak möhletli geljegi nazara almak bilen,
Türkmenistanyň we Hindistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary täze derejä
çykarmaga ýardam eder.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi