HALK BÄHBITLI OŇYN IŞLER
Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky
ýurdumyzyň beýleki karz edaralary bilen bir hatarda geçirilýän amallaryň
tizligini we ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak, sanly ulgamda ýerine ýetirilýän
hyzmatlaryň gerimini giňeltmek boýunça işler yzygiderli geçirýär. Bankyň
halkara SWIFT ulgamyna goşulmagy netijesinde, berilýän hyzmatlaryň has kämil
bolmagy, ýerine ýetirilýän bank amallarynyň halkara standartlaryna laýyk ýerine
ýetirilmegine we müşderileriň hasaplaşyklarynyň, tölegleriniň has çalt amala
aşyrylmagyna amatly şertleri döredýär. Ilatyň erkin pul serişdelerini bank
goýumlaryna çekmek maksady bilen, goýum hasaplarynyň görnüşlerini artdyrylýar,
bank önümleriniň düzümi giňeldilýär. Bankyň her bir işgäriniň ylym-bilim
babatdaky ýokary başarnygy, müşderiler bilen medeniýetli, mylakatly gatnaşygy
bankyň abraýynyň artmagyna, müşderileriniň sanynyň köpelmegine şeýle hem maliýe
ýagdaýynyň pugtalanmagyna getirýär. Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik
banky Türkmenistanyň Bankara pul
biržasynyň agzasy bolmak bilen, ýurduň daşary ykdysady aragatnaşyklarynyň
gatnaşyjysy bolup durýan edara görnüşli taraplaryň we hususy telekeçileriň
isleglerini kanagatlandyrmak, şeýle hem banka degişli daşary ýurt pullaryny
alyş-çalyş işleriniň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek üçin biržanyň
söwdalaryna yzygiderli gatnaşýar. 2026-njy ýylyň
ýanwar aýynyň 1-i ýagdaýyna karz goýumlaryň galyndysy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 104 göterim artdy. 2025-nji ýylyň
ýanwar-dekabr aýlarynda berlen karzlar bolsa 112 göterim artdy. Bank öz müşderilerine häzirki zaman bank
hyzmatlarynyň dürli görnüşlerini hödürleýär. Ýagny önümçilik maksatly, maýa
goýum taslamalary üçin, dolanyşyk serişdelerini almak üçin, durmuş gurýan ýaş
maşgalalara zerur bolan öý goşlaryny we hojalyk harytlaryny satyn almaklary
üçin ýeňillikli karzlary we milli manatda goýumlaryň dürli görnüşlerini
hödürleýär. Ýurduň durnukly ykdysady ösüşine öz mynasyp goşandyny goşýan bu
bank hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek, müşderiler bilen hyzmatlaryny
kämilleşdirmek, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegini ösdürmek, hususy
telekeçilik işini karzlaşdyrmak ýaly ugurlar boýunça işleri yzygiderli alyp
barýar.
Hormatly
Prezidentimiziň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, bu bank edara
görnüşli taraplara we edara görnüşli tarap bolmadyk hususy telekeçilere
önümçiligi ösdürmeklige we giňeltmeklige, haryt öndürmeklige, gysga we uzak
möhletli hem-de raýatlara melleginde (kömekçi hojalygynda, bölünip berlen ýer
böleginde) ekerançylygy we maldarçylygy ösdürmek maksady bilen, oba hojalyk
önümlerini öndürmek, esasy we dolanşyk serişdelerini edinmek hem-de iri
önümçilikler üçin zerur bolan ýerli çig mallary öndürmek maksadyna kiçi
göwrümli karzlaryň hem berilmegi dowam edilýär.
Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan mundan
beýläk hem ösdürmek üçin kesgitlenen strategik ugurlary durmuşa geçirmekde
netijeli bank ulgamynyň bolmagy wajyp şertleriň biri bolup durýar. Şonuň üçin
bankymyz öz hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, bank işjeňliginiň
kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny kämilleşdirmek, maliýe hasabatlarynyň halkara
standartlaryny ornaşdyrmak, hödürlenýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmek, töleg
amallaryny kämilleşdirmek ýaly çäreleri durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzyň
abadançylygy, rowaçlygy ugrunda ýadawsyz tagallalar edýän, dost-doganlyk
gatnaşyklaryny ösdürmekde, şeýle-de bize şeýle ajaýyp zamanada netijeli
işlemäge şert döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, başlary dik bolsun, il-ýurt bähbitli,
umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Türkmen-Türk paýdarlar
täjirçilik banky