Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
10.02.2023
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda 2022-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek boýunça alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Wise-premýerleriň, aýry-aýry ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Şeýle-de ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak meselelerine seredildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça şu ýylda öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.
Giňişleýin mejlise Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we beýlekiler çagyryldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow 2022-nji ýylda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşiniň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär, munuň özi ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hem-de sebitlerde durnukly ösüşiň saklanmagyna ýardam berýär. Muňa geçen ýylyň makroykdysady görkezijileri aýdyň şaýatlyk edýär. Hususan-da, jemi içerki önümiň ösüşi durnukly häsiýete eýe bolup, 6,2 göterime deň boldy. Senagat toplumynda bu görkeziji 6,3 göterim, gurluşyk pudagynda 0,3 göterim, ulag we aragatnaşyk ulgamynda 4,5 göterim, söwdada 8,9 göterim, oba hojalygynda 5,7 göterim, hyzmatlar ulgamynda 7 göterim boldy.
2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2022-nji ýylda jemi öndürilen önüm 11 göterim köpeldi, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy. 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, geçen ýylda bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 10,8 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň ösüş depgini bolsa 32,9 göterim artdy. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 10,4 göterim ýokarlandy. Hasabat döwründe zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 - 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” çäklerinde degişli işler alnyp baryldy.
Mejlisiň dowamynda wise-premýer degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde işlenip taýýarlanylan «Ýurdumyzy 2023-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» taslamasy barada hem hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýedi ýyllyk Prezident Maksatnamasyndan, 2023-nji ýylyň Döwlet býujetinden ugur alnyp, resminamada şu ýylda ýetilmeli makroykdysady görkezijiler, ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça önümçilik meýilnamalary, ýerine ýetirilmeli işler, welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça durmuş-ykdysady ösüş görkezijileri bellenildi. Şeýle-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak bilen bagly çäreler göz öňünde tutuldy.
Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow 2022-nji ýylda Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi, özleşdirilen maýa goýumlar we Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýyna görä, ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 125,8 göterim, çykdajy bölegi bolsa 99,9 göterim berjaý edildi. Hasabat döwründe ýerli býujetleriň girdeji bölegi 120,1 göterim, çykdajy bölegi 99,8 göterim derejesinde ýerine ýetirildi. Şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada habar berildi.
Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow M.Serdarowy, başga işe geçmegi sebäpli, maliýe we ykdysadyýet ministri wezipesinden boşatdy. Döwlet Baştutanymyz bu wezipä S.Joraýewi belläp, ony ministriň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow mejlisiň barşynda degişli Permanlara gol çekdi.
Soňra Merkezi bankyň başlygy T.Mälikow 2022-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri, ýurdumyzyň bank edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýyna görä, bank ulgamy tarapyndan ykdysadyýete gönükdirilen karzlaryň galyndysy 7,6 göterim, hususy bölege berlen karzlaryň galyndysy 28,2 göterim, oba hojalyk önümlerini öndürijilere berlen karz serişdeleriniň galyndysy 1,3 esse, ipoteka karzlarynyň galyndysy 9,4 göterim artdy. 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýyna görä, karz edaralarynyň gazanan peýdasy 12,2 göterim artdy.
Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Amanmuhammedow ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan 2022-nji ýylda meýilnamalaýyn görkezijileriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzy ösdürmek babatda oýlanyşykly strategiýanyň durmuşa geçirilmegi netijesinde syýasy, ykdysady, durmuş we beýleki ulgamlarda ösüşiň ýokary derejesi üpjün edildi. Görülýän toplumlaýyn çäreler esasynda hasabat döwründe ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda oňyn görkezijiler gazanyldy.
2022-nji ýylda tebigy gazyň we nebitiň çykarylyşy, elektrik energiýasynyň önümçiligi, onuň daşary ýurtlara iberilýän möçberi artdy. 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, hasabat döwründe nebit önümleriniň dürli görnüşleriniň, şeýle-de suwuklandyrylan gazyň, sementiň, mineral dökünleriň we azyk önümleriniň öndürilen möçberi ýokarlandy. Ulag-kommunikasiýa ulgamynda hem durnukly ösüş üpjün edildi. Ulaglaryň ähli görnüşiniň ýük we ýolagçy dolanyşygynyň möçberiniň artmagy hem muňa şaýatlyk edýär. Aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberi 7,9 göterim artdy. 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2022-nji ýylda oba hojalyk toplumynda gök önümleriň, miwe we ir-iýmişleriň, ýeralmanyň, etiň, süýdüň öndürilişi artdy, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginde hem ösüşler gazanyldy.
Halkara standartlara laýyk gelýän statistiki usulyýet esasynda statistiki hasabatlylygy we maglumatlary ýygnamagyň usullaryny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada-da hasabat berildi. Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysy 2022-nji ýylyň 17 - 27-nji dekabry aralygynda “Ilat ýazuwy - 2022: Jebislik. Bagtyýarlyk. Röwşen geljek” şygary astynda ýurdumyzda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň guramaçylykly geçirilendigini habar berdi. Bellenilişi ýaly, bu çäre sanly usulda geçirildi.
Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 - 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, 2023-nji ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygyny belledi.
Bu resminama laýyklykda, şu ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,5 göterime ýetirmek, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny we ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 3 müňe golaý täze iş ornuny döretmek göz öňünde tutulýar. Daşary söwda dolanyşygynyň möçberini 19,4 milliard amerikan dollaryna ýetirmek meýilleşdirilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Şeýle hem kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek göz öňünde tutulýar. Jemi içerki önümiň düzüminde (ýangyç-energetika toplumyny hasaba almazdan) hususy pudagyň paýyny 71,3 göterime ýetirmek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmak arkaly ilatyň girdejilerini artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak göz öňünde tutulýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu Maksatnamany tassyklamak hakynda Karara gol çekdi.
Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wise-premýer H.Geldimyradowa milli ykdysadyýetimiziň binýadyny berkitmek, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly täze pudaklary we önümçilikleri döretmek, şeýle hem ykdysadyýetde hususy bölegiň paýyny artdyrmak boýunça netijeli işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän pudaklarynda 2022-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Wise-premýer nebit we gaz kondensatyny çykarmak ulgamynda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada habar berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy boýunça nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 108,1 göterim ýerine ýetirildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 114 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 109,4 göterim, nebit bitumyny öndürmegiň meýilnamasy 150,3 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 116,5 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 106 göterim, suwuklandyrylan gazyň meýilnamasy bolsa 105,1 göterim berjaý edildi. Şeýle hem tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasynyň 112,7 göterim, tebigy gazy daşary ýurtlara ibermegiň meýilnamasynyň 122,8 göterim, maýa goýumlary özleşdirmegiň meýilnamasynyň 105,5 göterim ýerine ýetirilendigi habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Ş.Abdrahmanowy, başga işe geçmegi sebäpli, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Döwlet Baştutanymyz bu wezipä A.Begliýewi belläp, ony Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesinden boşatdy.
Hormatly Prezidentimiz oňa täze wezipede üstünlikleri arzuw edip hem-de degişli resminamalara gol çekip, nebitgaz pudagynyň ykdysadyýetimiziň iň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belledi we öňde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi. Içerki we daşary ýurtly sarp edijileri tebigy gaz bilen ygtybarly üpjün etmek üçin degişli işleri alyp barmak, «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmek boýunça işleri has-da güýçlendirmek, Hazar deňziniň sebitinde gözleg we özleşdirmek işlerini üpjün etmek üçin daşary ýurt kompaniýalaryny çekmek ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezildi.
Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny hem üns merkezinde saklamak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak üçin öňden özleşdirilip gelinýän ýataklarda degişli işleri geçirmegiň wajypdygyny belledi. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak üçin degişli işleri geçirmegiň, bu kärhanalarda täze ýokary hilli tehnologik önümçilikleri döretmek boýunça işleri dowam etdirmegiň ähmiýeti bellenildi.
Uglewodorod serişdeleriniň geljegi uly gatlaklaryny gözlemek we barlamak boýunça, şeýle-de gazylyp alynýan peýdaly gaty magdanlaryň, gurluşyk materiallarynyň we ýerasty suwlaryň geologiýa gözleg-barlag işlerini güýçli depginde dowam etdirmeli diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şeýle hem nebitgaz senagaty boýunça hünärmenleriň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, nebitgaz senagatynyň daşky gurşawa we adam saglygyna zyýanly täsirini peseltmäge gönükdirilen meselelere aýratyn üns bermegiň möhümdigi nygtaldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gurluşyk, senagat we energetika toplumlarynyň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliginiň 2022-nji ýylyň ýanwar - dekabr aýlarynda alyp baran işleriniň jemleri barada hasabat berdi.
Geçen ýylda gurluşyk-senagat toplumynda öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 136 göterim boldy. Hasabat döwründe Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 115 göterim berjaý edildi. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça önümleri öndürmegiň we işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 159,4 göterime deň boldy. Geçen ýylyň 12 aýynyň netijeleri boýunça Energetika ministrligi tarapyndan önümleri öndürmegiň, işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 131 göterim berjaý edildi. Elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgini 109,3, ony eksport etmegiň ösüş depgini bolsa 124,6 göterime deň boldy.
Hasabat döwründe «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan önümleri öndürmegiň we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 135,5 göterim berjaý edildi. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 100,9 göterim ýerine ýetirildi. Aşgabat şäher häkimligi boýunça 2022-nji ýylyň ýanwar - dekabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 123,5 göterim amal edildi.
Bellenilişi ýaly, 2022-nji ýylda tutuş ýurdumyz boýunça önümçilik we durmuş maksatly binalardyr desgalaryň 76-sy ulanmaga berildi.
Şeýle-de wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça 2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynyň işlenilip taýýarlanandygyny aýtdy. Oňa laýyklykda, uly möçberli maýa goýum serişdeleri senagat, önümçilik däl maksatly desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň, saglyk öýleriniň we merkezleriniň, çagalar baglarynyň, awtomobil ýollarynyň, suw we gaz elektrik geçirijileriniň, aragatnaşyk ulgamlarynyň, suw arassalaýjy desgalaryň gurluşyklaryna gönükdiriler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasyny tassyklamak hakynda» Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz wise-premýer Ç.Purçekowy, başga işe geçmegi sebäpli, eýeleýän wezipesinden boşatdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk meseleleri boýunça orunbasary wezipesine B.Annamämmedowy belläp, ony senagat we gurluşyk önümçiligi ministri wezipesinden boşatdy.
Döwlet Baştutanymyz oňa täze wezipesinde üstünlik arzuw edip, degişli Permanlara gol çekdi we wise-premýeriň öňündäki anyk wezipeleri kesgitledi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň energetika syýasatyna laýyklykda, içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek, daşary ýurtly sarp edijileri elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyrmak, täze elektrik stansiýalaryny gurmak boýunça işleri dowam etdirmek zerurdyr. Şeýle hem «ýaşyl» energetikany ösdürip, Gün elektrik stansiýalaryny gurmak boýunça işleri alyp barmak wajypdyr. Gurluşyk materiallary senagatynyň önümçilik binýadyny berkitmek maksady bilen, hereket edýän kärhanalarda çykarylýan önümleriň görnüşini giňeltmek, täze kärhanalary gurmak boýunça işleri dowam etdirmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Hormatly Prezidentimiz himiýa senagatynyň milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belläp, onuň hereket edýän kärhanalaryny taslama kuwwatlyklaryna çykarmak, döwrebaplaşdyrmak, kuwwatlyklaryny artdyrmak, täze kärhanalary ýola goýmak boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Gurluşyk pudagy hem esasy pudaklaryň biri bolup durýar. Şu ýyl ýurdumyzda senagat, durmuş we medeni maksatly, döwrebap, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça işler dowam etdiriler. Şeýle-de şu ýyl Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň birinji tapgyryny açyp ulanmaga bermek hem meýilleşdirilýär diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Awtomobil ýollarynyň gurluşygy barada aýdylanda, ýurdumyzda awtomobil ýollarynyň, halkara ulag geçelgeleriniň ulgamyny ösdürmek boýunça işler alnyp barylýar. Diýarymyzda gara ýollaryň gurulmagy, döwrebaplaşdyrylmagy we olaryň dünýä standartlaryna gabat gelmegi üçin netijeli işleri dowam etdirmek wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz ýygnananlara ýüzlenip, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 - 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” we Oba milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, 2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygyny habar berdi. Bu Maksatnama laýyklykda, milli ykdysadyýetimize maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna maýa goýumlaryň möçberiniň 37,4 milliard manada deň bolmagyna garaşylýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda 2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasyny tassyklamak hakynda degişli resminama gol çekdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew söwda we dokma senagaty toplumynyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, telekeçilik ulgamynyň 2022-nji ýyldaky işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini 106,6 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 102,6 göterime barabar boldy. 2022-nji ýylda Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary tarapyndan öndürilen önümleriň, şol sanda nah ýüplügiň önümçiligi 123 göterime, nah matalaryň önümçiligi 130,1 göterime, tikin we trikotaž önümleriniň önümçiligi 108,4 göterime, gön önümleriniň önümçiligi 109,4 göterime deň boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça haly önümlerini öndürmegiň meýilnamasy 115,4 göterim ýerine ýetirildi.
Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan hasabat döwründe birža söwdalarynyň 300-si geçirilip, olarda 37 müň 734 şertnama hasaba alyndy. Söwda-senagat edarasy tarapyndan hasabat döwründe amala aşyrylan işleriň ösüş depgini 128,2 göterime barabar boldy. Sergileriň 19-sy we maslahatlaryň 67-si geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça 2022-nji ýylda oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 153,1 göterime, senagat önümçiliginiň ösüş depgini bolsa 110,3 göterime barabar boldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dokma senagatynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak, döwrebaplaşdyrmak, täze dokma önümlerini içerki we daşarky bazarlara ýerlemek hem-de ibermek boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. El halyçylyk pudagyny ösdürmek we öndürilýän haly önümleriniň görnüşini köpeltmek, täze nagyşlary, gölleri döretmek, gadymy türkmen göllerini dikeltmek boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigine üns çekildi. Ilatyň sarp edýän harytlaryny içerki bazarlarda elýeterli bahalardan üpjün etmegi gazanmak esasy wezipeleriň hatarynda görkezildi.
Ýurdumyzda hususy bölegiň ösdürilmegine hem aýratyn üns berilýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we şu günki günde döwlete dahylsyz pudak tarapyndan import edilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen önümleriň öndürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de durnukly ösmegi hususy tarapyň işjeňleşmegi bilen bagly bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda hususy bölegiň işini giňeltmek boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew 2022-nji ýylda gözegçilik edýän düzümlerinde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe toplum tarapyndan ýerine ýetirilen işler we hyzmatlar boýunça meýilnama 120 göterim boldy. Ulaglaryň ähli görnüşi arkaly ýükleri daşamagyň ösüş depgini 103,7 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 105,9 göterime, ýük dolanyşygynyň ösüş depgini 102,1 göterime, ýolagçy dolanyşygynyň ösüş depgini bolsa 167 göterime deň boldy. «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 102,8 göterime, demir ýol ulagynda üstaşyr daşalan ýükleriň ösüş depgini 128,3 göterime barabar boldy. «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 128,8 göterime ýetirildi. 2022-nji ýylda ýurdumyzyň çäginden üstaşyr geçirilen ýük awtoulaglarynyň 40 müň 260-sy hasaba alyndy.
«Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 196,8 göterime barabar boldy. «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 109,1 göterime ýetdi. «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça 2022-nji ýylda aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 107,9 göterime deň boldy.
Hasabatyň dowamynda “Türkmenistanda 2019 - 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipeleri çözmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi. Şeýle-de logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça türkmen-azerbaýjan, türkmen-özbek, türkmen-gazak we türkmen-rus bilelikdäki iş toparlarynyň döredilendigi, olaryň çäklerinde birnäçe duşuşyklaryň guralandygy barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulag we kommunikasiýa pudagyny ösdürmekde üstaşyr geçelgeleriň ugurlaryny giňeltmek, ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň möçberini artdyrmak we hilini gowulandyrmak, ulaglaryň, aragatnaşygyň ähli görnüşi babatda hyzmatlary ösdürmek boýunça işleri dowam etdirmegi gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň demir ýol ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça degişli işleri geçirmek zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysyna demir ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak üçin elektrikleşdirilen demir ýollary gurmak boýunça degişli teklipleri taýýarlamak tabşyryldy.
Döwlet Baştutanymyz awtoulag kärhanalarynyň parkyny döwrebap awtobuslar, taksiler we dürli görnüşli ýük awtoulaglary bilen yzygiderli üstüni ýetirmek boýunça işleri dowam etdirmegi, elektromobilleri awtoulag ulgamyna ornaşdyrmak boýunça degişli işleri geçirmegi geljegi uly meýilnamalaryň hatarynda görkezdi. Howa gatnawlaryny çäklendirmelerden öňki derejelerine ýetirmek, täze, ykdysady taýdan has amatly bolan ugurlar boýunça halkara howa gatnawlaryny açmak, ýük daşalýan ugurlary giňeltmek boýunça işleri dowam etdirmek möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Şeýle hem Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça işleri dowam etdirmek, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda dürli ähmiýetli gämileri gurmak boýunça işleri ýola goýmak barada görkezmeler berildi. Ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamyny hem döwrüň talabyna görä döwrebaplaşdyrmak barada aýratyn tabşyryk berildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa medeniýet ulgamynyň edaralarynyň 2022-nji ýylda alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe dürli maslahatlar, döredijilik duşuşyklary, mediaforumlar, sergiler, wagyz-nesihat çäreleri, festiwallar, aýdym-sazly dabaralar geçirildi, dürli bäsleşikler yglan edildi. Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň jöwher zehininden dörän ajaýyp eserleriniň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi. Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine şäher derejesiniň berilmegi, şeýle-de oňa “Arkadag” adynyň dakylmagy bilen bagly wagyz-nesihat duşuşyklary geçirildi. Beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dürli çäreler we dabaralar guraldy. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanun esasynda ykrar edilmegi mynasybetli wagyz-nesihat çäreleri, dabaraly maslahatlar geçirildi.
Halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde dürli çäreler guraldy. Türkmen hünärmenleri daşary ýurtlaryň onlarçasynda iş saparlarynda boldular. Türkmenistan bilen daşary ýurtlaryň birnäçesiniň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli dürli medeni çäreler geçirildi.
Köptaraplaýyn we milli hödürnamalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça Daşary işler ministrligi bilen bilelikde işler alnyp baryldy. TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň mejlisinde gadymy Änew şäheri 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edildi. 2022-nji ýylda Mary welaýatynda nobatdaky Medeniýet hepdeligi geçirildi. “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkezinde Türkmenistanyň ösüşlerini dünýä jemgyýetçiliginde wagyz etmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ähmiýetine bagyşlanan halkara mediaforum guraldy.
Geçen ýylda Türkmenistanda daşary ýurtlaryň meşhur sungat ussatlarynyň, estrada ýyldyzlarynyň konsertleri geçirildi. Ýurdumyzda guralan halkara forumlaryň hatarynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Medeniýet günleri, Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwaly, Täjigistanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri, “Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwal, “Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwal we maslahat bar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli “Garaşsyz Türkmenistan halkara habarlar giňişliginde” atly halkara maslahat geçirildi. Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Döwlet sirkinde Moskwanyň Uly döwlet sirkiniň artistleriniň çykyşlary guraldy.
Hasabat döwründe döwletimizde gazanylýan üstünlikler, ösüşler baradaky maglumatlar metbugat sahypalarynda, teleradioýaýlymlarda we internet saýtlarynda giňden beýan edildi. Döwlet maksatnamalaryndan, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça degişli işler alnyp baryldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli senetçilik, halyçylyk, aýdym-saz sungatyny ösdürmek, gadymy medeni mirasy düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şeýle-de taryhy we medeni ýadygärlikleri abat saklamak, öwrenmek, dikeltmek, içerki hem-de halkara syýahatçylygy ösdürmek boýunça degişli çäreleri görmegiň wajypdygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlan häzirki zaman medeniýet merkezlerinde we teatrlarda döwrüň talaplaryna laýyk gelýän we ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wasp edýän eserleriň sanyny artdyrmagy gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda kesgitläp, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow gözegçilik edýän bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda 2022-nji ýylda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe bilimiň hilini ýokarlandyrmak, okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmek, kitaplary neşir etmek babatda degişli işler alnyp baryldy.
Täze çagalar baglary we orta mekdepler açyldy. Okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan 1-nji synp okuwçylaryna öwrediji kompýuterler sowgat berildi. Okuwçy we talyp ýaşlar halkara ders, internet bäsleşiklerinde medallary gazanyp, ýurdumyzyň halkara bilim giňişligindäki abraýyny ýokarlandyrmaga mynasyp goşant goşdular. Ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralaryny açmak ugrunda işler dowam etdirildi. Geçen ýylda döredijilik we bilim bäsleşikleri, olimpiadalaryň 7-si geçirildi. Ýokary okuw mekdepleri halkara reýtingleriň 7-siniň sanawyna girizildi.
Hasabat döwründe ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy temalar utgaşdyryldy, golýazmalara, oýlap tapyşlara seljerme berildi. “Türkmenistanda seýsmologiýa ylmyny toplumlaýyn ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” tassyklanyldy. Ylmyň ugurlary boýunça aspirantura, doktorantura kabul edilip, alymlyk derejesine dalaşgärler hasaba alyndy. Doktorlyk we kandidatlyk dissertasiýalary goraldy. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahat hem-de ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi Ylmy parklaryň we innowasion meýdançalaryň halkara assosiasiýasynyň agzalygyna kabul edildi. Şeýle hem 2023-2024-nji ýyllarda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.
Geçen ýylda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, keselleriň öňüni almagyň we bejermegiň öňdebaryjy usullaryny amaly lukmançylyga ornaşdyrmak boýunça işler alnyp baryldy. Döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen, “Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama” hem-de “Türkmenistanda D witamini bilen bagly öňüni alyş çärelerini ýokarlandyrmak boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Strategiýa” tassyklanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda hassahanalaryň 3-si dabaraly ýagdaýda açyldy. Şol döwürde täze ylmy-kliniki merkezleriň we hassahanalaryň gurluşyk işleri batly depginlerde alnyp baryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna 100-e golaý näsag çaga dürli operasiýalar geçirildi, mekdep-internatlary we çagalar öýleri saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün edildi.
Şeýle hem hasabat döwründe sporty ösdürmek we türgenleri taýýarlamak boýunça netijeli işler alnyp baryldy. Degişli resminamalara laýyklykda, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti döredildi. XXXIII tomusky Olimpiýa we XVII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna ýurdumyzyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamagyň maksatnamasy tassyklanyldy. Halkara sport ýaryşlarynda geçen ýylda baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenleri sylaglamak dabaralary geçirildi.
Hasabat döwründe Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy geçirildi, “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi kabul edildi. 2022-nji ýylyň şanly senelerine bagyşlanan wagyz-nesihat işleri, ylmy-amaly maslahatlar guramaçylykly geçirildi.
Soňra wise-premýer Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyny döretmek hakynda, onuň rektoryny bellemek hakynda Permanlaryň hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň meseleleri hakynda, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezini gurmak hakynda, Halkara pediatriýa merkezini gurmak hakynda hem-de Stomatologiýa merkezini gurmak hakynda Kararlaryň taslamalary barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýeriň gözegçilik edýän düzümleriniň ýolbaşçylarynyň öňünde birnäçe möhüm wezipeleri goýdy. Hususan-da, çagalaryň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin ýokary şertleri döretmek, ýaş nesliň tebigy zehinini, ukyplaryny, başarnyklaryny ýüze çykarmak we ösdürmek üçin bilim edaralarynyň işlerini kämilleşdirmek, ulgamlaýyn alyp barmak, okuw meýilnamalaryny, maksatnamalary, okuw kitaplaryny ösen halkara tejribelere laýyklykda döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmek tabşyryldy.
Orta we ýokary okuw mekdeplerinde mugallymlaryň hünärini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli işleri geçirmäge uly üns bermek wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Mugallymçylyk käriniň abraýly we ýaşlary özüne çekiji bolmagy üçin olaryň zähmet hakyny ýokary derejede bellemek gerek. Şeýle hem daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň bizde zerur bolan bölümlerini açmak boýunça degişli işleri geçirmegiň möhümdigine üns çekildi.
Hormatly Prezidentimiz saglygy goraýyş meselesine geçip, «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, keselleriň öňüni alyş we bejeriş çärelerini talabalaýyk ýola goýmak, ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün etmek, derman senagatyny ösdürmek boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy. Şeýle hem sporty ösdürmek, köpçülikleýin bedenterbiýäniň ornuny giňeltmek, ýokary sportda Türkmenistany dünýä tanatmak boýunça işleri dowam etdirmek zerurdyr.
Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Halkara pediatriýa merkezini gurmak hakynda, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezini gurmak hakynda hem-de Stomatologiýa merkezini gurmak hakynda Kararlara gol çekdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyny döretmek hakynda Permana we Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň meseleleri hakynda Karara gol çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, P.Baýramdurdyýew bu akademiýanyň rektory wezipesine bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz öňde durýan wezipeleriň wajypdygyny ýene-de bir gezek nygtady we wise-premýere olaryň talabalaýyk ýerine ýetirilişine gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow 2022-nji ýylda paýtagtymyzy toplumlaýyn abadanlaşdyrmak we ösdürmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Hojalyk hasaplaşygyndaky edara-kärhanalar tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 123,5 göterime, maýa goýumlary özleşdirmegiň meýilnamasy 110,3 göterime deň boldy. Geçen ýylda Aşgabatda durmuş we beýleki maksatly desgalaryň ençemesi ulanmaga berildi. Şolaryň hatarynda ýaşaýyş jaýlary, umumybilim berýän orta mekdepler, Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezi, “Daşkent” medeni-dynç alyş seýilgähi, sil suwlaryny sowujy desgalar toplumy we beýlekiler bar.
Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, şäher häkimligi tarapyndan saýaly we pürli bag nahallarynyň köp sanlysy ekildi. Şunuň bilen birlikde, häkimligiň işine sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy hem-de jemagat gulluklarynyň işi barada hasabat berildi.
Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow welaýatda 2022-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Berlen tabşyryklara laýyklykda, sebitde milli ykdysadyýetiň ähli ugurlary boýunça toplumlaýyn işler alnyp baryldy. Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy doly ýerine ýetirildi. 2023-nji ýylyň hasyly üçin jemi 195 müň gektar meýdanda bugdaý ekilip, ondan şu ýylda jemi 400 müň tonna bugdaý öndürmek, şeýle hem 135 müň gektar meýdanda gowaça ekilip, 280 müň tonna pagta öndürmek meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hem hasabat berildi. Agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýazlyk ýeralmanyň we soganyň, gök-bakja ekinleriniň ekişine girişmäge taýýarlyk görülýär.
Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew ýurdumyzyň günbatar sebitinde geçen ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, 2022-nji ýylda maýa goýum serişdelerini özleşdirmek boýunça meýilnamanyň ýerine ýetirilişi barada habar berildi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň hasyly üçin 50 müň gektar meýdana bugdaý ekilip, şondan 80 müň tonna galla hasylyny öndürmek meýilleşdirilýär. 13 müň gektar meýdana gowaça ekmek we 16 müň tonna pagta hasylyny öndürmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem ilatymyzy özümizde öndürilen ýeralma, gök-bakja we beýleki oba hojalyk önümleri bilen üpjün etmek boýunça işler dowam etdirilýär.
Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 - 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy ugrunda degişli çäreler alnyp barylýar. 2022-nji ýylda sebitde bugdaýyň, pagtanyň we beýleki ekinleriň bol hasyly ýygnalyp alyndy. Häzirki wagtda oba hojalyk meýdanlarynda möwsümleýin agrotehniki çäreler geçirilýär. Azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.
Şu ýylyň hasyly üçin 145 müň gektar meýdanda bugdaý ekişi geçirilip, endigan gögeriş alyndy. Mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwlaryny tutmak üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar. 140 müň gektar meýdanda gowaça ekmek meýilleşdirilip, häzirki wagtda sürüm we tekizleýiş işleri alnyp barylýar, ýuwuş suwy tutulýar, möwsümde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary we gurallary abatlanylýar. Ýeralma, gök-bakja, beýleki azyklyk ekinleriň ekiljek ýerlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, 2022-nji ýylda maýa goýumlary özleşdirmek boýunça meýilnama üstünlikli ýerine ýetirildi. Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, geçen ýylyň dowamynda dürli maksatly desgalaryň we inženerçilik ulgamlaryň gurluşyklary alnyp baryldy, hereket edýänleriniň durky täzelenildi. Şeýle hem welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada habar berildi. Sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda ikinji ösüş suwy tutulýar, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Gowaça ekiljek ýerler sürülýär we tekizlenýär, ýuwuş suwy tutulýar, ýokary hilli gowaça tohumy taýýar edilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ekiljek meýdanlary taýýar edildi.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew 2022-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasylyny almak üçin ähli zerur çäreleriň görülýändigi aýdyldy. 2023-nji ýylda bugdaý ekilen 170 müň gektar meýdandan 345 müň tonna galla hasylyny, 62 müň gektar meýdana gowaça ekip, 359 müň tonna “ak altyn” hasylyny almak meýilleşdirilýär. Şeýle hem şu ýyl 28 müň 170 gektar meýdana ýeralma we beýleki gök-bakja we oba hojalyk önümlerini ekmek göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, ýerine ýetirilmeli işleriň ileri tutulýan ugurlaryna welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň ünsüni çekdi.
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 - 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” we Oba milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň zerurdygyna aýratyn üns berildi. Şunuň bilen birlikde, welaýatlarda hem-de şäherlerde ýaşaýyş jaýlarynyň, hassahanalaryň we beýleki durmuş maksatly binalaryňdyr desgalaryň gurluşygyna berk gözegçilik etmek barada görkezme berildi. Ilaty arassa agyz suwy, elektrik energiýasy, tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin degişli işleri geçirmek, arassaçylygy berjaý etmek we abatlaýyş işlerini wagtynda geçirmek üçin ähli çäreleri görmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
«Ýurdumyzy 2023-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin zerur çäreleri görmegiň wajypdygy bellenildi. Şol Maksatnamalar Ministrler Kabinetiniň şu günki giňişleýin mejlisinde degişli Kararlar bilen tassyklanyldy.
Welaýatlaryň häkimlerine bugdaýa agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek, öňümizdäki gowaça ekişini ýokary derejede guramak bilen baglanyşykly meseleleri üns merkezinde saklamak tabşyryldy. Şeýle hem ýeralmany, gök we bakja, beýleki oba hojalyk ekinlerini ekmek boýunça çäreleri öz wagtynda geçirmegiň wajypdygy nygtaldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow gözegçilik edýän pudaklarynda 2022-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri, oba hojalygynda özgertmeleriň geçirilişi we möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Tutuş oba hojalyk toplumynda ösüş depgini 104,8 göterime deň boldy. Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça bu görkeziji 104,9 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 103,9 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 104,7 göterime deň boldy. Hasabat döwründe ösüş depgini çörek we çörek önümleriniň öndürilişinde 102,4 göterime, ýeralmada 130,4 göterime, gök önümlerde 115,2 göterime, bakja önümlerinde 109,2 göterime, miwe we ir-iýmişleriň öndürilişinde 107,2 göterime barabar boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 122,2 göterim ýerine ýetirildi.
Wise-premýer häzirki wagtda 690 müň gektar bugdaý meýdanynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň dowam edýändigini habar berdi. Şu ýylda ýurdumyzda 580 müň gektar gowaça ekiljek meýdanlary, beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekiljek ýerlerini ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, sürüm we tekizleýiş işleri hem-de bu ugurda işlediljek oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary abatlap, möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Ýurdumyzyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak hem-de derýalarda we suwaryş akabalarynda suwuň kadaly akymyny üpjün etmek üçin Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti tarapyndan welaýat häkimlikleri bilen bilelikde degişli işler alnyp barylýar.
Diýarymyzda ýüpekçiligi ösdürmek, öndürilýän piläniň möçberini artdyrmak maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi hem-de welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan ýurdumyz boýunça jemi 2 müň 300 tonna pile öndürmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanda 2023-nji ýylda pile öndürmek hakynda Karara gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýer A.Ýazmyradowa ýüzlenip, oba hojalyk pudagy tarapyndan oba hojalyk önümleriniň, harytlaryň hem-de çig malyň öndürilişiniň möçberini artdyrmak, ilaty azyk önümleri bilen doly üpjün etmek, azyk bolçulygyny döretmek, gaýtadan işleýän senagatyň çig mal bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady. Ekerançylykda we bagbançylykda ýokary hasyl berýän ekinleriň we miweli baglaryň sortlaryny ýetişdirmek boýunça işleri dowam etdirmeli diýip, hormatly Prezidentimiz ýüpekçiligi ösdürmek, ýokary hilli pile önümlerini öndürmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Ýurdumyzda maldarçylyk pudagyny ösdürmek üçin bu ugurda ulanylýan öňdebaryjy usullary ulanmak we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmek wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Şunuň bilen birlikde, azyk senagatyna degişli kärhanalary döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigi bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz suw serişdeleriniň tygşytly peýdalanylmagyna berk gözegçilik etmegiň zerurdygyna aýratyn ünsi çekip, goşmaça suw gorlaryny döretmek boýunça işleri durmuşa geçirmegi tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Hazar deňzinde suw arassalaýjy desgalary gurmak boýunça gyssagly degişli işleri geçirmegiň wajypdygyny aýdyp, şu maksat bilen, wise-premýere maýa goýumlary we karz serişdelerini çekmegi tabşyrdy.
Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň sebitlerinde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň bellenen möhletlerde we ýokary hilli geçirilmegini gözegçilikde saklamak babatda görkezme berildi. Şunda agrotehniki kadalaryň berjaý edilmegi berk talap bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow geçen ýylda Daşary işler ministrligi tarapyndan alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 - 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmek hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmek maksady bilen, yzygiderli işler alnyp baryldy.
Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýokary derejedäki saparlara we gepleşiklere uly ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz daşary ýurtlara döwlet, resmi we iş saparlarynyň 11-sini, şol sanda Russiýa Federasiýasyna, Eýran Yslam Respublikasyna, Özbegistan Respublikasyna, Gyrgyz Respublikasyna, Gazagystan Respublikasyna, Saud Arabystany Patyşalygyna, Birleşen Arap Emirliklerine we Katar Döwletine saparlary amala aşyrdy. Hasabat döwründe daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň ýurdumyza 9 sapary boldy. Türkmenistana Hindistan Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleri, şeýle hem Gruziýanyň Premýer-ministri geldiler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow birnäçe ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirdi.
Parlamentara gatnaşyklary ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýylyň 12-nji maýynda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň birinji parlamentara forumy möhüm ähmiýetli waka öwrüldi.
Hasabat döwründe Daşary işler ministrliginiň üsti bilen 208 wekiliýet döwletimize sapar bilen geldi we Türkmenistandan daşary ýurtlara 383 wekiliýet gitdi. Geçen ýylda sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 2 müň 304-si geçirildi. Şeýle hem Türkmenistanda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen resmi gepleşikleriň we duşuşyklaryň 676-sy guraldy. 2022-nji ýylyň dowamynda halkara resminamalaryň 203-sine gol çekildi. Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça geňeşmeler we duşuşyklar yzygiderli geçirildi.
Türkmenistanyň daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça yzygiderli çäreler görüldi. Geçen ýylda ikitaraplaýyn hökümetara toparlaryň mejlisleriniň we olaryň başlyklarynyň duşuşyklarynyň 9-sy geçirildi. “Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 - 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny” hem-de “Türkmenistanyň 2021 - 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasyny” we beýleki degişli resminamalary ýerine ýetirmek boýunça işler yzygiderli alnyp baryldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hoşniýetli goňşuçylyga, deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan daşary syýasaty mundan beýläk-de durmuşa geçirmegiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygy aýdyldy. Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, dünýäniň ýurtlary bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, abraýly halkara we sebit guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini nygtady.
Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa parlamentiň 2022-nji ýylda alyp baran işleriniň netijeleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, 2022-nji ýylda ýurdumyzda durmuşa geçirilen giň möçberli maksatnamalary kanunçylyk taýdan üpjün etmek, milli kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirmek hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp baryldy. Hasabat döwründe Mejlisiň maslahatlarynyň 5-si geçirilip, olarda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 52-si we Mejlisiň kararlarynyň 31-si kabul edildi.
Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklaryň 45-si geçirildi. Şolaryň hatarynda Russiýa Federasiýasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň parlamentleriniň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşyklar hem bar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy hem-de zenanlaryň dialogy geçirildi. Bu dialoga Türkmenistanyň başlyklyk etmeginiň çäklerinde meýilnamalaýyn çäreleriň 20-si guraldy.
Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri halkara guramalaryň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek we döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça geçiren okuw maslahatlarynyň 157-sine gatnaşdylar. Mejlisiň deputatlarynyň daşary ýurtlara saparlarynyň 22-si guraldy.
Mejlisiň iş meýilnamasyna laýyklykda, Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda BMG-niň Çagalar gaznasynyň wekilhanasy bilen bilelikde çagalaryň hukuklary boýunça okuw maslahatlary geçirildi. Mejlisde dünýä döwletleriniň kanun çykaryjy edaralary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ösdürilýär. Häzirki wagtda daşary ýurtlaryň parlamentleriniň 46-sy bilen ikitaraplaýyn esasda dostluk toparlary döredildi. Deputatlar dürli çärelere, maslahatlara, duşuşyklara gatnaşyp, wagyz-düşündiriş işlerini yzygiderli geçirdiler, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etdiler.
Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň mart aýynda Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlarynyň ýokary derejede geçirilmegi üçin zerur çäreleri görmegiň möhümdigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, geçen ýylyň başynda welaýatlarda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler babatda iň ýokary netijeleri gazanan etraplary we etrap hukukly şäherleri kesgitlemek maksady bilen bäsleşigiň yglan edilendigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ýakynda Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylygynda ýörite toparyň bu bäsleşigiň jemlerini jemländigini belläp, hasabat bermek üçin Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy A.Durdyýewa söz berdi.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, bu topar tarapyndan tassyklanan tertipde degişli işler alnyp baryldy. Onuň netijeleri boýunça 2022-nji ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby kesgitlenildi. Şunda «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnamasynyň» durmuşa geçirilişi, galla we pagta hasylyny ýetişdirmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryň ýerine ýetirilişi, ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy, ilatyň durmuş goraglylygy hem-de iş bilen üpjün edilişi, ekologik taýdan abadançylygy, ylymly-bilimli, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýelemek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak meseleleriniň üstünlikli çözülişi, döwlet Baştutanymyzyň içeri hem daşary syýasatynyň wagyz edilişi ýaly esasy ugurlar boýunça görkezijilere garaldy.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça Balkan welaýatynyň Magtymguly etraby ýeňiji diýlip kesgitlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow maglumaty diňläp, mejlise gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň häkimligini bir million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglamak hem-de 2023-nji ýylda täze bäsleşigi yglan etmek hakynda Buýruklara gol çekdi.
Soňra wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa ýene-de söz berildi. Ol Ministrler Kabinetiniň şu günki giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň kabul eden çözgütleriniň hem-de gol çeken resminamalarynyň möhümdigini nygtady. Bu resminamalar Watanymyzyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, türkmenistanlylaryň abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.
Wise-premýeriň aýratyn belleýşi ýaly, Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän daşary syýasy strategiýasynyň esasyny türkmen halkyna mahsus parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik ýörelgeleri düzýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça güýçli ýertitreme zerarly ejir çeken Türkiýe Respublikasynyň doganlyk halkyna iberilen ynsanperwerlik kömegi munuň subutnamasydyr. Dostlukly ýurduň ýolbaşçylarynyň hem-de halkynyň adyna çuňňur gynanç bildirildi we medet beriji sözler beýan edildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu hepdede Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna barmagy döwletara gatnaşyklary pugtalandyrýan dostlugyň, doganlygyň we özara goldaw bermegiň mizemezdiginiň aýdyň beýany boldy.
Bellenilişi ýaly, tebigy betbagtçylykdan ejir çekenleriň arasynda çagalar hem bar. Bu ýagdaýy nazara almak bilen, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna hem-de türkmen zenanlarynyň adyndan olara kömek bermek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimize hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen jemgyýetinde gadymdan gelýän asylly däpleri pugtalandyrmak ugrunda edýän tagallalary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, kyn pursatlarda beýleki halklara goldaw bermek däbi türkmen halkynda asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçirilip gelýär. Türkmenistan halkymyzyň ganyna siňen ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, özara goldaw bermek ýörelgelerine eýerip, Türkiýede köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine we uly weýrançylyklara getiren tebigy betbagtçylyk baradaky habara dessin seslenip, doganlyk halka ynsanperwerlik kömegini iberdi. Türk halky bilen bizi taryhy köklerimiziň, medeni we ruhy gymmatlyklarymyzyň köpasyrlyk umumylygy baglanyşdyrýar. Gerek bolsa, biz kömek bermegimizi dowam etdireris diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda döwlet Baştutanymyz ýygnananlara ýüzlenip, 2022-nji ýylyň netijelerini häsiýetlendirdi hem-de şu ýyl ýurdumyzyň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitledi.
Bellenilişi ýaly, halkymyzyň tutanýerli zähmeti netijesinde «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda uly üstünlikler gazanyldy. Geçen ýyl bellenen meýilnamalaryň ählisi diýen ýaly ýerine ýetirildi. Döwrebap kanunlary işläp taýýarlamak hem-de olary durmuşa ornaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi.
Biz milli ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginini saklap galdyk diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,2 göterim bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. Hususan-da, bu görkeziji senagatda 6,3 göterim, söwdada 8,9 göterim, oba hojalygynda bolsa 5,7 göterim boldy. Maýa goýumlary 14,2 göterim ösdi, önümleriň eksporty, öňki ýyl bilen deňeşdirilende, 43,6 göterim artdy.
Hasabat döwründe 4 müň sany täze iş orny döredildi. Hümmetsizlenmegi hem bellenen ölçegleriň çäklerinde saklamak başartdy. Ýurdumyzyň mümkinçiligini we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň ýolunda täze ädimler ädildi. Geçen ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 76 sany önümçilik we durmuş-medeni maksatly desga ulanmaga berildi. Başarjaň daýhanlar geçen ýyl bol hasyl alyp, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etdiler.
Döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde şäherlerimiziň we obalarymyzyň, tutuş ýurdumyzyň keşbi özgerýär diýip, döwlet Baştutanymyz, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, ähli üpjünçilik ulgamlary bolan täze şäherçeleriň gurluşygynyň dowam etdirilýändigini nygtady. Geçen ýyl meýdany 1,5 million inedördül metrden hem köp bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Netijede, maşgalalaryň, şol sanda az üpjünçilikli maşgalalaryň müňlerçesi jaý toýuny toýladylar.
Ylym-bilim pudagynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar, köp sanly çagalar baglary, täze ýokary okuw mekdepleri, saglygy goraýyş, medeniýet we sport desgalary gurulýar.
Biz ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna geçmegi bilen, üýtgedip gurmagy gyşarnyksyz dowam etdirýäris. Şunuň bilen baglylykda, hususy eýeçiligiň ornuny düýpli ýokarlandyrmaga ugur alyndy. Hususy eýeçiligi we telekeçiligi ösdürmegiň ýolunda bar bolan bökdençlikler, çäklendirmeler aradan aýrylýar, netijede, ykdysadyýetde döwletiň gatnaşygy azalýar diýip, hormatly Prezidentimiz kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen birlikde, şu ýyl üçin gowy Döwlet býujetiniň kabul edilendigi, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň ýene-de ýokarlandyrylandygy nygtaldy.
Bitarap döwletimiziň halkara giňişlikdäki abraýy yzygiderli artýar. Türkmenistan üçin 2022-nji ýyl Birleşen Milletler Guramasyna agzalygynyň 30 ýyllyk şanly senesi bilen şöhratlandy. Biziň ýurdumyzyň bu gurama bilen hyzmatdaşlygy ilkibaşdan strategik häsiýete eýe boldy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Bitarap döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynyň wise-başlyklygyna, şeýle hem bu guramanyň ugurdaş düzümlerine, hususan-da, geňeşleriniň, komitetleriniň we komissiýalarynyň düzümine köp gezek saýlanandygy bellenildi.
Birleşen Milletler Guramasy bilen arkalaşykly işläp, ýurdumyz sebit we ählumumy ösüşiň esasy meselelerine jogapkärçilikli çemeleşýändigini, çözgütleri bilelikde gözleýändigini hem-de işläp taýýarlaýandygyny görkezýär. Ýurdumyzyň öňe süren we Baş Assambleýa tarapyndan kabul edilen «2023-nji ýyl - Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» hem-de «Merkezi Aziýa - parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamalar, şeýle-de 2025-nji ýylyň «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi biziň diplomatiýamyzyň üstünligidir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.
Türkmenistan beýleki iri halkara we sebit guramalary hem-de düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Geçen ýyl Merkezi Aziýa we Hazar sebitinde hyzmatdaşlyk etmäge uly ähmiýet berildi. Biziň ýurtlarymyzda hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça sebit gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, sazlaşykly ösüş, halkara giňişlikde sebitiň ornuny berkitmegiň bähbidine tagallalary birleşdirmek ýokary derejede geçirilen duşuşyklaryň maksady boldy. Dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen dürli görnüşdäki hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmek bilen, Türkmenistan daşary syýasat strategiýasynda köptaraplaýyn diplomatiýany iş ýüzünde amala aşyrmaga uly ähmiýet berýär.
Hormatly Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2022-nji ýylda ýurdumyzyň parlament diplomatiýasy aýratyn işjeňlige eýe boldy. Bu bolsa häkimiýet edaralarynyň milli bähbitleri goramak, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we hukuk tertibi boýunça alyp barýan işleriniň düzüm bölegidir. Ýurdumyzyň ykdysady bähbitlerini öňe sürmek hem-de dünýä giňişliginde döwletimiz üçin amatly ýagdaýy döretmekdir. Biz milli bähbitlerimizi goramak üçin ähli tagallalary edip, bütin dünýäde netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny geljekde-de dowam etdireris.
Biziň gazanan ähli üstünliklerimiz we ýeten sepgitlerimiz diňe alyp barýan syýasatymyzy halkymyzyň giňden goldamagy, durmuşymyzy gowulandyrmak boýunça geçirýän özgertmelerimize işjeň gatnaşmagy netijesinde mümkin boldy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Garaşsyz döwletimiziň gazanan uly üstünliklerine öz zähmeti bilen ýardam edenleriň ählisine, ministrlikleriň, pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna hem-de ýönekeý zähmetkeşlere tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Biz her ýyly belli bir şygar boýunça geçirýäris. Şu ýyly «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip kesgitledik. Bu sözler uly many-mazmuny özünde jemleýär. Bu şygar watançylyk ruhumyzy ýokarlandyrmaga, ýaşlarymyzy terbiýelemäge we goldamaga, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen taslamalardyr maksatnamalary amala aşyrmaga hemaýat etmelidir, ykdysady kuwwatymyzy berkitmäge, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga ýardam bermelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, munuň özi biziň ählimize aýratyn jogapkärçilik hem ýükleýär. Şoňa görä-de, bu şygary iş ýüzünde amala aşyrmak üçin örän köp we tutanýerli zähmet çekmelidiris. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlara mümkinçilikleriniň açylmagyna we şahsyýet hökmünde kemala gelmegine kömek bermek üçin ähli şertleriň döredilmeginiň, ýaş raýatlara ýaşaýyş jaýlary we bilimleri ele almagyň elýeterli bolmagynyň, olary iş bilen üpjün edip, telekeçiligi ösdürmegiň, ýaş maşgalalara hemmetaraplaýyn goldaw bermegiň zerurdygy aýdyldy. Şeýle-de ýaşlaryň işine maýa goýumlary gönükdirmegiň zerur bolup durýandygy bellenildi.
Bu bolsa ýaş adamlaryň sebitleri we tutuş ýurdumyzy dolandyrmaga hem-de ösdürmäge işjeň gatnaşmagyna mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutanymyz Prezidentiň ätiýaçdaky ýolbaşçy düzümini döretmek boýunça işleri geçirmegiň hem zerurdygyna ünsi çekdi. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ýaşlary jemgyýetçilik we syýasy durmuşa işjeň gatnaşýarlar, jemgyýetiň bir bölegi hökmünde döwletiň durmuşynda möhüm orny eýeleýärler. Häzirki ýaşlar özgertmeleriň esasy strategik güýji bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.
Ýene-de birnäçe wagtdan ýaş nesilleriň gerdenine geljekde ýurdumyzy dolandyrmak wezipesi düşer. Munuň üçin olardan maksatlara ýetmekde hakyky watançylyk, ýokary hilli bilim almak we yhlasly zähmet çekmek talap edilýär. Ýaş nesiller Türkmenistany ösdürmekde aýgytly orny eýelemelidirler, ösüşiň hereketlendiriji güýjüne öwrülmelidirler diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Şu ýyl üçin örän uly Maksatnama kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, 2023-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 37 milliard 400 million manat möçberde düýpli maýa goýumlaryň goýulmagyna garaşylýandygy bellenildi. Önümçilik desgalarynyň gurluşygyna 20 milliard 800 million manat maýa goýumy gönükdirmek meýilleşdirilýär. Bu bolsa ýurdumyz boýunça maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 55,6 göteriminden ybaratdyr. Durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna 16 milliard 600 million manat möçberde düýpli maýa goýumlary gönükdirmek bellenilýär. Munuň özi maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 44,4 göterimine barabardyr.
Şu ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 1 million 58,5 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berler. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň maýa goýum Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatlarda we paýtagtymyzda ençeme desgalaryň, binalaryň gurluşygyna badalga berler. Mysal üçin, Aşgabat şäherinde 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň, 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň hem-de 4000 orunlyk Medeniýet merkeziniň gurluşygyna başlamak meýilleşdirilýär.
Şeýle hem birnäçe binalaryň we desgalaryň gurluşygyny tamamlamak göz öňünde tutulýar. Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumyny, “Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda 23 sany ýaşaýyş jaýyny, kuwwatlylygy 150 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desgany ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Şonuň ýaly-da, sebitde iň iri taslamalaryň biri bolan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň - Arkadag şäheriniň birinji tapgyry, Gökdepe etrabynyň Köpetdag we Owadandepe geňeşlikleriniň çäginde täze obalar, şeýle hem 600 baş ahalteke bedewi üçin döwrebap athana ulanmaga tabşyrylar.
Bellenilişi ýaly, şu ýyl Ahal - Balkan we Balkan - Daşoguz ýokary woltly asma elektrik geçiriji ulgamlary, Aşgabat - Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen - Mary bölegini, 15 sany orta mekdebi we 3 sany çagalar bagyny işe girizmek göz öňünde tutulýar. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, awtomobil ýollarynyň, aragatnaşyk, suw, gaz, elektrik üpjünçilik ulgamlarynyň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna ep-esli serişdeler goýberiler.
Şu ýyl biz birnäçe ileri tutulýan ugurlara köp mukdarda maýa goýumlary goýup başlamalydyrys. Esasy pudaklarda tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmak işlerini geçirmäge milliardlarça manat gönükdirmelidiris. Ykdysadyýetimizi dolandyrmagyň gurluşyny kämilleşdirmegi, täze ýaş hünärmenleri taýýarlamagy hem dowam etmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.
Bellenilişi ýaly, şu ýylyň dowamynda birnäçe halkara çäreler geçiriler. Beýleki ýurtlaryň döwlet ýolbaşçylarynyň baştutanlygyndaky wekiliýetler kabul ediler hem-de birnäçe halkara maslahatlar geçiriler.
Görşüňiz ýaly, şu ýyl üçin kabul eden Maksatnamamyz örän köp işi öz içine alýar, ata Watanymyzy üstünlikli ösdürmek üçin bize täze taslamalar, täze pikirler we dolandyryş çözgütleri zerur bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de halkymyz bilen bilelikde tutanýerli zähmet çekip, 2023-nji ýyl üçin bellenen täze sepgitlere hem ýetiljekdigine berk ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň jemini jemläp, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi