Türkmenistanyň
Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.03.2022
Şu gün hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň
mejlisini geçirdi. Onda Ministrler Kabinetiniň täze düzümini düzmek bilen bagly
meselelere hem-de resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi. Şeýle hem
ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesi ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Döwlet
Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, «Türkmenistanyň Ministrler
Kabinetiniň düzümini tassyklamak hakynda» Кarara gol çekdi.
Ministrler
Kabinetiniň düzümi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň dokuz orunbasaryndan, on
ýedi ministrden we ýigrimi sany pudaklaýyn dolandyryş edarasynyň ýolbaşçysyndan
ybaratdyr.
Hökümeti düzmegi
men maliýe, ykdysadyýet we bank toplumyna gözegçilik edýän Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryny wezipä bellemekden başlajak diýip, hormatly
Prezidentimiz aýtdy.
Mälim bolşy
ýaly, bu toplum ýurdumyzyň durmuşynda örän möhüm ähmiýete eýedir. Bu pudaklaryň
öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bolsa Garaşsyz
Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini üpjün eder diýip, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady, bank we halkara maliýe guramalary meseleleri
boýunça orunbasary wezipesine M.Muhammedow bellenildi. Döwlet Baştutanymyz onuň
maliýe we ykdysadyýet bilen bagly dürli wezipelerde baý iş tejribesiniň
bardygyny belläp, onuň bu wezipäni oňarjakdygyna ynam bildirdi.
Şeýle hem
M.Muhammedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Ykdysady geňeşine
Türkmenistandan wekil hökmünde bellenildi.
Öz nobatynda,
wezipä täze bellenen wise-premýer M.Muhammedow bildirilen ynam üçin hoşallyk
bildirip, hormatly Prezidentimizi gözegçilik edýän ulgamynyň mundan beýläk-de
üstünlikli işlemegi üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
Döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow ykdysadyýeti mundan beýläk-de ösdürmek we
kämilleşdirmek, bazar gatnaşyklaryna geçirmek boýunça täze wise-premýeriň
gözegçilik edýän toplumynyň öňünde duran ileri tutulýan wezipeler barada aýdyp,
ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimiziň ösüş depginini saklap galmagyny we
mundan beýläk-de ýokary depginler bilen ösmegini üpjün etmegiň wajypdygyny
belledi. Ähli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny
hemişe berk gözegçilikde saklamaga hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleriň
dowamynda ýüze çykýan meseleleri gyssagly çözmäge ýardam bermäge aýratyn üns
berildi.
Hormatly
Prezidentimiz Merkezi bankyň ýurdumyzyň banklarynyň maýa goýum gorlaryny
artdyrmak boýunça degişli işleri geçirmelidigini, bu banklaryň ileri tutulýan
milli maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmäge işjeň gatnaşmalydygyny, şeýle
hem banklaryň ykdysadyýetimiziň önümçilik pudaklaryny karzlaşdyrmak boýunça
işini güýçlendirmelidigini nygtady.
Halkara maliýe
edaralary, şol sanda Halkara Pul gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň
Täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň Ösüş banky, Yslam Ösüş banky hem-de beýleki
esasy daşary ýurt banklary bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge
aýratyn üns bermegiň zerurdygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 - 2052-nji
ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» durmuşa
geçirilişini hemişe berk gözegçilikde saklamagy işiň möhüm ugurlarynyň biri
hökmünde kesgitledi.
Döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň täze
orunbasaryna işinde üstünlikleri arzuw edip, degişli Permana gol çekdi.
Soňra hormatly
Prezidentimiz oňyn iş tejribesini göz öňünde tutup, S.Toýlyýewi ylym, bilim,
saglygy goraýyş we beýleki degişli ulgamlara gözegçilik edýän wise-premýer
wezipesinde galdyrmak barada karara gelendigini aýtdy.
Ylym we bilim
biziň üstünliklerimiziň hem-de öňe gitmegimiziň binýatlyk esasy bolup durýar
diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Biz innowasiýalary, iň täze tehnologiýalary
ulanyp, öňdebaryjy tejribä hem-de ylmyň gazananlaryna daýanyp, giň gerimli
maksatnamalary we meýilnamalary durmuşa geçirýäris. Bu innowasiýalary we
tehnologiýalary halk hojalyk toplumynyň ähli ugurlaryna tapgyrma-tapgyr
ornaşdyrýarys. Şonuň bilen birlikde, ykdysady, syýasy, medeni we bilim
mümkinçiliklerimizi ýokarlandyrýarys, ata Watanymyzy depginli ösdürmegiň ýoly
bilen ynamly öňe alyp barýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Milli ylym we
bilim ulgamlaryny yzygiderli kämilleşdirmek, hususan-da, ýokary hünärli ýaş
işgärleri - alymlaryň täze neslini taýýarlamak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy
ösdürmek berkarar döwletimiziň özgertmeleri amala aşyrmak syýasatynyň ileri
tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Şundan ugur
alnyp, sanly bilim ulgamyny giň gerim bilen ösdürmek zerurdyr diýip, döwlet
Baştutanymyz nygtady we bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okatmagyň
maksatnamalaryny ýokary hilli elektron materiallar hem-de degişli usullar
esasynda kämilleşdirmegi esasy wezipeleriň hatarynda görkezdi. Şunuň bilen
baglylykda, sanly okuw serişdeleriniň we enjamlarynyň mugallymlar hem-de
okuwçylar üçin elýeterli bolmalydygy bellenildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hökümet Baştutanynyň orunbasaryna
üstünlikleri arzuw edip, ony wezipä bellemek hakyndaky Permana gol çekdi.
Wise-premýer
bildirilen ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, gözegçilik edýän
ulgamynyň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipeleri üstünlikli çözmek üçin ähli
tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
Soňra döwlet
Baştutanymyz M.Mämmedowa ýüzlenip, oňyn iş tejribesini göz öňünde tutup, ony
medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary wezipesinde galdyrmak barada karara gelendigini aýtdy.
Medeniýet
ulgamyndaky syýasata ýurdumyzy durnukly ösdürmek strategiýasynyň esasy
şertleriniň biri hökmünde garalýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we
munuň täze Hökümetiň öňünde duran çözülmeli wezipeleriň kesgitleýji, ileri
tutulýan ugrudygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ilaty medeni gymmatlyklar
bilen has giňden tanyşdyrmak, şahsyýeti ruhy we ahlak taýdan ösdürmek, durmuş
hem-de ykdysady özgertmelerde medeniýetiň ornuny güýçlendirmek üçin täze
şertleri döretmegiň zerurdygy bellenildi.
Biz berkarar
döwletimiziň dünýä giňişliginde diňe bir ýokary ykdysady kuwwaty bolan ýurt
hökmünde belli bolman, eýsem, ruhy we döredijilik babatda hem ýokary kuwwatly
mümkinçilikleri bolan ýurt hökmünde hem ykrar edilmegini gazanmalydyrys diýip,
döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow nygtady we şu aýdylanlaryň
wise-premýeriň esasy wezipesi bolmalydygyny belledi.
Hormatly
Prezidentimiz degişli Permana gol çekip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasaryna işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Wise-premýer
bildirilen ýokary ynam üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk
bildirip, öz öňünde goýlan jogapkärli wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek
üçin ähli güýç-gaýratyny, bilimini we toplan tejribеsini gaýgyrmajakdygyna hem-de
tutanýerli zähmet çekjekdigine ynandyrdy.
Mejlisiň
dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň
ykdysadyýetiniň binýatlyk pudagy bolan nebitgaz toplumyny mundan beýläk-de
ösdürmek Garaşsyz döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan
ugurlarynyň biridigini nygtady.
Döwlet
Baştutanymyz oňyn iş tejribesini nazara alyp, Ş.Abdrahmanowy Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz pudagynyň meseleleri boýunça orunbasary
wezipesine bellemek barada karara gelendigini aýtdy. Şeýle hem wise-premýeriň
üstüne Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-koreý
toparynyň, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-owgan
toparynyň, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň,
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-saud
toparynyň we Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan gaz geçirijisiniň
taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça Ýolbaşçy komitetiň türkmen böleginiň
başlygynyň borçlary ýüklenildi.
Hormatly Prezidentimiz
Hökümet Baştutanynyň orunbasaryna ýüzlenip, gözegçilik edýän pudaklarynyň
ýolbaşçylarynyň esasy ünsüni, ilkinji nobatda, önümçilik tabşyryklarynyň
gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegini, pudagyň maliýe-ykdysady ösüşini, önümiň
ýokary düşewüntli bolmagyny gazanmaga çekmelidigini nygtady.
Türkmenistan -
Owganystan - Pakistan - Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny ahyryna çenli
ýerine ýetirmek gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezildi. Möhüm halkara
ähmiýeti bolan bu gaz geçiriji diňe bir Türkmenistandan Günorta Aziýanyň örän
iri ýurtlaryna tebigy gazy uzak möhletleýin ibermegi üpjün etmek bilen
çäklenmän, eýsem, tutuş sebiti mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek
üçin hem kuwwatly itergi beriji güýje öwrülmelidir.
Şunuň bilen
birlikde, «Galkynyş» gaz känini, geljegi uly bolan beýleki nebitgaz ýataklaryny
mundan beýläk-de özleşdirmegi dowam etmegiň, ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny has
çalt depginde özleşdirmek maksady bilen, daşary ýurt maýa goýumlaryny köpräk
çekmegiň wajypdygy nygtaldy.
Hormatly
Prezidentimiz degişli Permana gol çekip, wise-premýere işinde üstünlikleri
arzuw etdi.
Wise-premýer
döwlet Baştutanymyza bildiren ynamy üçin hoşallyk bildirip, hormatly
Prezidentimizi nebitgaz toplumynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge
gönükdirilen wezipeleri öz wagtynda ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary
etjekdigine ynandyrdy.
Hormatly
Prezidentimiz oňyn iş tejribesini göz öňünde tutup, E.Orazgeldiýewi oba hojalyk
ulgamyna gözegçilik edýän Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
wezipesine belledi.
Şeýle hem
wise-premýeriň üstüne Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk
boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň we Suw hojalyk meseleleri boýunça
bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň türkmen böleginiň başlygynyň
borçlary ýüklenildi. Şeýle hem Hökümetiň Baştutanynyň orunbasary Araly halas
etmegiň halkara gaznasynyň Müdiriýetiniň Türkmenistandan agzasy hökmünde
bellenildi.
Döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň agrar pudagyny ösdürmegiň döwlet
strategiýasyny durmuşa geçirmekde möhüm orun eýeleýändigini belläp, bu ugurda
esasy oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmagyň örän möhüm we
esasy wezipeleriň biridigini nygtady. Bu netijeleri ekerançylygyň medeniýetini
ýokarlandyrmagyň, ýerli toprak-howa şertleri göz öňünde tutulyp, işlenip
taýýarlanan, ylmy taýdan esaslandyrylan usullary giňden ornaşdyrmagyň,
tohumçylyk işini talabalaýyk guramagyň, suw serişdelerini netijeli
peýdalanmagyň hasabyna gazanmak wajypdyr.
Şunuň bilen
birlikde, oba hojalyk institutlarynyň alyp barýan işlerini güýçlendirmegiň, suw
bilen bagly meselelere aýratyn üns bermegiň zerurdygy nygtaldy.
Hormatly Prezidentimiz
E.Orazgeldiýewi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine
bellemek hakyndaky Permana gol çekip, oňa jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw
etdi.
Wise-premýer
bildirilen ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy obasenagat
toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri çözmek üçin ähli tagallalary etjekdigine
ynandyrdy.
Hormatly
Prezidentimiz oňyn iş tejribesini göz öňünde tutup, Ç.Purçekowy gurluşyk
toplumyna gözegçilik edýän Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine
belledi we onuň üstüne Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ukrain
toparynyň türkmen böleginiň başlygynyň borçlaryny ýükledi.
Döwlet
Baştutanymyz wise-premýere ýüzlenip, pudagyň öňünde çylşyrymly we möhüm
wezipeleriň durýandygyny belledi. Siziň gözegçilik edýän gurluşyk, energetika,
awtoýollar ulgamy boýunça ministrlikleriňiz we pudak edaralaryňyz ýurdumyzy
özgertmek boýunça bellän meýilnamalarymyzy ýerine ýetirmekde öňdebaryjy
pudaklar bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Türkmenistanyň
senagat toplumynyň öňünde möhüm wezipeleriň durýandygy ýene-de bir gezek
bellenildi. Şunuň bilen birlikde, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň,
bilelikdäki kärhanalary döretmegiň, elektron senagatyny döretmegi dowam etdirmegiň,
dürli görnüşli elektron we kompýuter önümleriniň önümçiligini ýola goýmak
boýunça zerur işleri geçirmegiň möhümdigi nygtaldy.
Aşgabat-sitiniň
gurluşygy boýunça işleri dowam etdirmek geljegi uly meýilnamalaryň hatarynda
kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzy iň ösen häzirki zaman
üpjünçilik ulgamlary bolan, işewürligi alyp barmak üçin hem, şäher ilatynyň
ýaşamagy üçin hem ähli amatly şertler döredilen, dünýäniň iň gözel şäherleriniň
birine öwürmegiň wajypdygy bellenildi.
Döwlet Baştutanymyz
şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine gözegçiligi
güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtady. Şu Maksatnama laýyklykda, binalaryň we
desgalaryň ýokary hilli gurulmagyny hem-de bellenen möhletlerde ulanmaga
berilmegini gyşarnyksyz üpjün etmek möhümdir.
Nygtalyşy ýaly,
Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmegine hem-de türkmen halkynyň abadançylygyna
gönükdirilip, ýurdumyzda başlanan giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa
geçirilmegi göz öňünde tutulan ähli çäreleriň bellenen möhletlerde hem-de
ýokary hilli ýerine ýetirilmegine köp derejede baglydyr.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow degişli
Permana gol çekip, wise-premýere işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary bildiren uly ynamy üçin döwlet Baştutanymyza
tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öňde goýlan jogapkärli wezipeleri üstünlikli
ýerine ýetirmek üçin ähli güýç-gaýratyny, bilimini we toplan tejribesini
gaýgyrmajakdygyna hem-de tutanýerli zähmet çekjekdigine ynandyrdy.
Soňra hormatly
Prezidentimiz oňyn iş tejribesini nazara alyp, Ç.Gylyjowy Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasary wezipesinde
galdyrmak barada karara gelendigini aýtdy. Şeýle hem wise-premýeriň üstüne
Bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça
hökümetara türkmen-türk toparynyň, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara
türkmen-azerbaýjan toparynyň hem-de Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni
hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň türkmen böleginiň
başlygynyň borçlary ýüklenildi.
Bellenilişi
ýaly, söwda ulgamy, hususy telekeçilik milli ykdysadyýetimiziň örän möhüm
pudaklary bolup durýar. Biz ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň daşary ýurtlara
iberilýän möçberlerini artdyrmalydyrys. Gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly
hyzmatdaşlarymyz bilen daşary ykdysady gatnaşyklarymyzy giňeltmelidiris diýip,
döwlet Baştutanymyz belledi.
Dokma
senagatynyň kuwwatyny artdyrmak boýunça işleri güýçlendirmek hem-de bu pudagy
ösdürmäge döwletimiz tarapyndan goýberilýän ägirt uly serişdeleriň öz
netijelerini bermegini üpjün etmek gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda
görkezildi. Görnüşi we gurluşy taýdan könelişen dokma önümçiliklerini düýpli
döwrebaplaşdyrmak we olaryň durkuny täzelemek, şeýle hem ýurdumyzda öndürilýän
önümleriň möçberini artdyrmak üçin gyssagly ýagdaýda ähli zerur çäreleri görmek
möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Asyrlardan
gözbaş alýan haly dokamak sungaty hem biziň bahasyny hiç zat bilen ölçäp
bolmajak milli gymmatlyklarymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýar diýip, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we wise-premýere degişli
tabşyryklary berdi.
Söwda-senagat
edarasy ýurdumyzda öndürilýän harytlary işjeň mahabatlandyrmalydyr diýip,
döwlet Baştutanymyz nygtady we häzirki döwürde dünýäniň ýokary depginler bilen
ösýän döwletleriniň hataryna doly hukukly goşulýan Garaşsyz Türkmenistanyň
gazanýan ägirt uly üstünliklerini giňden wagyz etmegi tabşyrdy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow telekeçilik barada aýdyp, geljekde milli
ykdysadyýetimizi ösdürmekde hususy telekeçilige örän möhüm ornuň berilýändigini
göz öňünde tutup, döwletimiziň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işini
hemişe goldap gelendigini we geljekde hem goldajakdygyny belledi.
Öňde duran
wezipelere laýyklykda, Döwlet haryt-çig mal biržasy ýurdumyzda öndürilip,
daşary ýurtlara iberilýän harytlary satmak, şeýle hem harytlary ýurdumyza iň
arzan nyrhlardan getirmek meselelerine örän uly üns bermelidir diýip, döwlet
Baştutanymyz belledi we ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň önümlerini
köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde we dünýä bazarlarynda mahabatlandyrmak
boýunça biržanyň netijeli işlemegini ýola goýmagyň zerurdygyny nygtady.
Döwlet
Baştutanymyz degişli Permana gol çekip, wise-premýer Ç.Gylyjowa işinde
üstünlikleri arzuw etdi.
Wise-premýer
jogapkärli wezipä belländigi üçin, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden
hoşallyk bildirip, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin
güýç-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Mejlisiň
dowamynda oňyn iş tejribesi göz öňünde tutulyp, M.Çakyýew ulag we aragatnaşyk
toplumyna gözegçilik edýän Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we
kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory wezipesine bellenildi.
Şeýle hem
agentligiň ýolbaşçysynyň üstüne Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara
türkmen-belarus toparynyň türkmen böleginiň başlygynyň borçlary ýüklenildi.
Döwlet
Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ulaglar we aragatnaşyk ulgamy milli
ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklaryny toplumlaýyn ösdürmekde möhüm orny
eýeleýär. Bu, aýratyn-da, täze demir ýollary gurmaga we bar bolan demir ýollary
döwrebaplaşdyrmaga degişlidir.
Ýurdumyzyň demir
ýol ulgamlarynyň örän uly halkara ähmiýeti bar. Bu ulgamlara bizden başga-da,
goňşy döwletler hem, alysdaky köp sanly ýurtlar hem gyzyklanma bildirýärler
diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we şunuň bilen baglylykda, wise-premýeriň
esasy wezipesiniň bu ýollary gysga möhletiň içinde dünýä standartlarynyň
derejesine ýetirmekden ybaratdygyny nygtady.
Hyzmatlar
ulgamyny örän ýokary derejä çykarmak işiň ileri tutulýan meýilnamalarynyň
hatarynda görkezildi. Bu meseleler diňe bir demir ýol ulgamynyň däl-de, eýsem,
ulagyň beýleki ähli görnüşleriniň, şol sanda awtomobil, howa we suw ulaglarynyň
ýolbaşçylarynyň hem hemişe üns merkezinde bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz
Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Hormatly
Prezidentimiz aragatnaşygyň häzirki zaman görnüşlerini ösdürmek meseleleriniň
ykdysadyýetimiz üçin hem, ilatymyz üçin hem aýratyn möhüm ähmiýetiniň bardygyny
belläp, bu ulgamy iň öňdebaryjy tehnologiýalary, ygtybarly we ýokary netijeli
enjamlary giňden ulanmak esasynda has-da ösdürmegiň zerurdygyny nygtady. Howa menzillerini
mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagy hem-de gurmagy dowam etdirmek, Jebel
şäherçesinde gurulýan howa menziliniň gurluşygyny tamamlamak gaýragoýulmasyz
wezipeleriň hatarynda görkezildi.
Döwlet
Baştutanymyz degişli Permana gol çekip, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag
we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktoryna işinde üstünlikleri arzuw
etdi.
Bildiren uly
ynamy üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk
bildirip, agentligiň ýolbaşçysy bellenen meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin
ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
Döwlet
Baştutanymyz wezipä bellemek bilen bagly indiki meselä geçip, oňyn iş
tejribesini göz öňünde tutup, R.Meredowy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary, daşary işler ministri wezipelerinde galdyrmak barada karara
gelendigini aýtdy.
Şeýle hem onuň
üstüne Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň,
Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý komitetiniň, Türkmen-ýapon ykdysady
komitetiniň, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň,
Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça
bilelikdäki komitetiň, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki
hökümetara türkmen-katar toparynyň, Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň,
Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara
türkmen-hindi toparynyň, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara
türkmen-slowen toparynyň türkmen böleginiň başlygynyň borçlary ýüklenildi.
Şonuň ýaly-da,
R.Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça
guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparyna,
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş
maksatnamasynyň arasyndaky özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň çäklerinde
döredilen strategik Maslahat beriş Geňeşine ýolbaşçylyk eder. Şeýle hem ol
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň başlygy
wezipesine bellenilýär.
Döwlet
Baştutanymyz Hökümetiň ýaňy-ýakynda geçirilen mejlisinde Daşary işler
ministrliginiň öňünde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşylandygyny hem-de
Bitarap döwletimiziň daşary syýasat ugrunyň ýakyn ýyllar üçin Konsepsiýasynyň
kabul edilendigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Bitarap Türkmenistanyň dünýädäki abraýyny has-da berkitmek üçin, dahylly
ministrlikleriň we pudak edaralarynyň gatnaşmagynda bu Konsepsiýany doly
möçberde durmuşa geçirmek işinde wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna
üstünlikleri arzuw edip, degişli resminamalara gol çekdi.
Wise-premýer,
daşary işler ministri bildiren uly ynamy üçin döwlet Baştutanymyza tüýs
ýürekden hoşallyk bildirip, öz öňünde hem-de ýurdumyzyň Daşary işler
ministrliginiň öňünde goýlan jogapkärli we möhüm wezipeleri çözmek üçin
güýç-gaýratyny, tejribesini we bilimini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Soňra hormatly
Prezidentimiz oňyn iş tejribesini göz öňünde tutup, Ç.Amanowy Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary
wezipesinde galdyrmak barada karara gelendigini habar berdi.
Döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
sekretaryna ýüzlenip, alyp barýan işiniň aýratynlygyny göz öňünde tutup, harby
we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipelere Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde serediljekdigini belledi.
Hökümet
Baştutanynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary bildiren uly
ynamy üçin ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna tüýs ýürekden
hoşallyk bildirip, öňde duran wezipeleri ýerine ýetirmekde güýç-gaýratyny we
bilimini gaýgyrmajakdygyna, mukaddes borja wepaly boljakdygyna ynandyrdy.
Mejlisiň
dowamynda degişli Karara gol çekildi. Resminama laýyklykda, wise-premýer
Ç.Gylyjow Ahal welaýaty, wise-premýer M.Muhammedow Balkan welaýaty, wise-premýer
E.Orazgeldiýew Daşoguz welaýaty, wise-premýer Ş.Abdrahmanow Lebap welaýaty,
wise-premýer S.Toýlyýew Mary welaýaty, wise-premýer Ç.Purçekow Aşgabat şäheri
boýunça jogapkär edilip bellenildi.
Soňra hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip,
täze Hökümeti bir aýyň dowamynda düzmek baradaky kanuna laýyklykda, gözegçilik
edýän pudaklarynyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek üçin mynasyp adamlary bir
hepdäniň dowamynda hödürlemegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ähli derejedäki
ýolbaşçylardan örän berk talap ediljekdigini duýduryp, her bir ýolbaşçynyň örän
netijeli işlemegi, halkymyzyň bähbidine gujur-gaýratyny, bilimini we
tejribesini doly ulanyp zähmet çekmegi üçin, ýolbaşçylary üns bilen seçip
almagyň wajypdygyny nygtady. Olar ähli tagallalaryny ileri tutulýan birnäçe
wezipelerde jemlemelidirler.
Ministrlikleriň
we pudak edaralarynyň ilkinji nobatda çözmeli bu wezipelerini men
Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşymda belläp
geçdim diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hökümetiň öňünde ilatyň girdejilerini
we ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, şäherlerde we obalarda talabalaýyk
ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmek esasy wezipe hökmünde kesgitlenildi. Bu
wezipeleri durmuşa geçirmek üçin, geljek ýedi ýylda döwletimizi ösdürmegiň
Prezident maksatnamasyny işläp taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetiniň
mejlisinde seretmek tabşyryldy.
Soňra Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz
berildi. Ol Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň
meseleleri boýunça hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wezipä girişmek dabarasynda
eden çykyşynda ýurdumyzyň daşary syýasatynyň gelejekde ileri tutulýan
ugurlaryny anyk kesgitledi. Olaryň arasynda döwletimiziň halkara guramalar,
ilkinji nobatda, BMG bilen hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine esasy orun berildi.
Köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler
Guramasynyň çäklerinde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi
üpjün etmäge hem-de bütindünýä gün tertibinde duran möhüm meseleleri çözmäge
gönükdirilen strategik taýdan ähmiýetli resminamalar işlenip taýýarlanyldy we
kabul edildi.
Şunuň bilen
baglylykda, 2022-nji ýyla çenli ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Birleşen
Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 17 sany Kararnamasy kabul edildi. Şol
bir wagtyň özünde döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň 11 sany toparynyň,
komitetleriniň we geňeşleriniň agzasy bolup durýar we olaryň çäklerinde degişli
halkara işleri amala aşyrýar.
Şunuň bilen
baglylykda, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň başlangyjy bilen şu
ýylyň 15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy özüniň
76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde “Durnukly ösüşi gazanmak üçin
köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly
Kararnamanyň Milletler Bileleşiginiň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan
kabul edilendigini habar berdi. Bu Kararnamanyň döredijileri bolup 62 sany
döwlet çykyş etdi. Mundan başga-da, Baş Assambleýanyň ýokarda agzalan mejlisinde
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara söwda hukugy boýunça
komissiýasynyň (UNCITRAL) agzalygyna 2022 - 2028-nji ýyllar döwri üçin
saýlanyldy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzy
Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň nobatdaky uly ýeňşi bilen tüýs
ýürekden gutlady.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp hem-de mejlise
gatnaşyjylara we ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, häzirki döwürde eziz Watanymyz
Türkmenistanyň sebitde durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün etmekde esasy
orunlaryň birini eýeleýän, dünýäde uly abraýdan we hormatdan peýdalanýan
döwletdigini nygtady.
Bitarap
döwletimiz BMG bilen strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet
berýär. Türkmenistan abraýly halkara guramalarda möhüm başlangyçlary yzygiderli
öňe sürüp gelýär. Häzirki döwürde biziň ýurdumyz kabul edilen Kararnamalary
durmuşa geçirmek boýunça halkara derejedäki çärelere işjeň gatnaşýar.
Döwlet
Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýaňy-ýakynda, has takygy, şu ýylyň 15-nji
martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň
61-nji mejlisinden Garaşsyz ýurdumyza buýsandyryjy habarlaryň birbada ikisi
gelip gowuşdy. Bu mejlisde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda we Birleşen
Milletler Guramasyna agza döwletleriň 62-siniň awtordaş bolup çykyş etmeginde
«Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik
ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Şeýle hem
Türkmenistan döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara söwda hukugy
boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2022 - 2028-nji ýyllar döwri üçin saýlandy.
Şunuň bilen
baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemmeleri ýurdumyzyň
at-abraýyny halkara derejede belende göterýän bu möhüm ähmiýetli wakalar
mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
Mälim bolşy
ýaly, welosiped dünýäde ekologiýa taýdan iň arassa, elýeterli we ygtybarly ulag
görnüşi hökmünde giňden ulanylýar. Beýleki ulag serişdelerine garanyňda, ony
dolandyrmak hem aňsat. Welosiped sporty bolsa sportuň ekologik taýdan arassa we
gyzykly görnüşi bolmak bilen, ilatymyzyň beden saglygyny berkitmekde möhüm orny
eýeleýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Garaşsyz
ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty dünýä derejesinde ösdürmek, jemgyýetimizde
sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak arkaly halkymyzyň saglygyny berkitmek,
sagdyn we ruhy taýdan kämil ýaşlary ýetişdirmek üçin uly alada edilýär. Şoňa
görä-de, ýokary derejeli sporty we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek
Türkmenistanyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine
öwrüldi.
Şunuň bilen
baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2018-nji ýylda
Milletler Bileleşiginiň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek
hakyndaky Kararnamasynyň hem Garaşsyz ýurdumyzyň başlangyjy boýunça
hödürlenendigini belledi. Bu bolsa dünýäde parahatçylygy, dostlugy hem-de
netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak barada Türkmenistanyň öňe sürýän
syýasatynyň doly ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
Berkarar
döwletimizde her ýyl yzygiderli görnüşde dürli ýaşdaky watandaşlarymyzyň
müňlerçesini jemleýän köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň guralmagy,
awtoulagsyz günüň yglan edilmegi türkmen jemgyýetinde indi asylly däbe öwrüldi.
Şunuň bilen baglylykda, 2018-nji ýylda Aşgabat şäherinde Bütindünýä welosiped
gününe bagyşlanyp, welosipediň ähmiýetini görkezmek, ýol hereketiniň
howpsuzlygyny we ekologiýa abadançylygyny wagyz etmek baradaky çäreleri öz
içine alýan, welosiped sürmek boýunça köp sanly ildeşlerimiziň gatnaşmagynda
okuw sapagy geçirildi. 2019-njy ýylda bolsa Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde
2019 welosipedçiniň gatnaşmagynda «Iň dowamly bir nyzamly welosipedli ýöriş»
geçirildi. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, bu iki çäräniň hem
«Ginnesiň rekordlar kitabyna» girizilendigini uly buýsanç bilen belledi.
Bütindünýä
welosiped gününi ebedileşdirmek maksady bilen, paýtagtymyzyň ajaýyp keşbine
görk berýän «Welosiped» binasynyň açylmagy bolsa Garaşsyz ýurdumyzda ulagyň
ýokary ekologiýa görnüşi hasaplanylýan welosipede berilýän uly ähmiýetiň aýdyň
subutnamasy boldy.
Biz durnukly
ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi wagyz etmek we onuň
jemgyýetçilik ulag ulgamyna girizilmegini goldamak işini mundan beýläk hem
maksatnamalaýyn esasda dowam ederis diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow belledi.
Döwlet
Baştutanymyz Türkmenistanyň BMG-niň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň
agzalygyna 2022 - 2028-nji ýyllar döwri üçin saýlanmagy bilen bagly meselä
geçip, munuň hem möhüm ähmiýetli waka bolup, Garaşsyz Watanymyzyň abraýyna
abraý goşandygyny belledi. Bu möhüm wakanyň Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş
geňeşiniň ýakynda geçirilen nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň bu gurama
goşulmak baradaky ýüztutmasynyň Geňeşe agza döwletler tarapyndan biragyzdan
makullanyp, Türkmenistana BSG-ä goşulýan ýurt derejesini bermek baradaky
çözgüdiň kabul edilen günlerine gabat gelmegi bolsa aýratyn buýsandyryjy
wakadyr.
Mälim bolşy
ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy bilen
uzak möhletleýin we strategik hyzmatdaşlygynyň çäklerinde soňky ýyllaryň
dowamynda birnäçe gezek bu guramanyň abraýly düzümlerine - komissiýalaryna,
komitetlerine we ýerine ýetiriji geňeşlerine saýlandy. Munuň özi ählumumy
meseleleri çözmekde Türkmenistanyň barha artýan ornunyň ykrar edilýändiginiň,
şeýle hem sebit we dünýä derejesinde durnukly durmuş-ykdysady ösüşi gazanmaga
gönükdirilen oňyn daşary syýasat ýörelgesiniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan
giňden goldanýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň başlangyjy esasynda «Durnukly
ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag
ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem-de Türkmenistanyň Birleşen
Milletler Guramasynyň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň agzalygyna
2022 - 2028-nji ýyllar döwri üçin saýlanmagy mynasybetli mejlise gatnaşyjylary
ýene-de bir gezek gutlap, hemmelere berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt
hem-de maşgala abadançylygyny arzuw etdi.
Soňra
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow döwlet Baştutanymyzy iň ýokary wezipä halkymyz tarapyndan
biragyzdan saýlanmagy bilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we
Mejlisiniň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady.
Arkadagymyz
şeýle hem wise-premýerleri jogapkärli wezipelere bellenilmegi bilen tüýs
ýürekden gutlap, olara Türkmenistanyň Prezidentiniň ynamyny ödäp, ýurdumyzyň,
mähriban halkymyzyň abadançylygy we ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp
barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Mälim bolşy
ýaly, ýurdumyza ýene-de bir hoş habar gelip gowuşdy. Birleşen Milletler
Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji mejlisinde
ýurdumyzyň başlangyjy esasynda «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin
welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnama
biragyzdan kabul edildi diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi.
Şeýle hem Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara söwda hukugy
boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2022 - 2028-nji ýyllar aralygyndaky döwür
üçin saýlanyldy.
Bu eziz
Watanymyzyň durmuşynda örän uly syýasy wakadyr, ýurdumyzyň asylly
başlangyçlarynyň bütin dünýäde goldaw tapýandygynyň aýdyň subutnamasydyr hem-de
Bitarap döwletimiziň alyp barýan ynsanperwer içeri we daşary syýasatynyň
Milletler Bileleşigi tarapyndan doly ykrar edilýändiginiň ýene-de bir nyşanydyr
diýip, Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we hemmeleri bu şanly waka bilen
tüýs ýürekden gutlady hem-de eziz Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip
ösdürmek, onuň halkara abraýyny has-da artdyrmak ugrunda alyp barýan işlerinde
uly üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistan öz
ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Biz bu döwri «Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy» diýip atlandyrdyk. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk
Maslahatynyň taryhy mejlisinde ýakyn 30 ýylyň dowamynda ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy kabul edildi.
Geljekde göz
öňünde tutulan beýik işleri durmuşa geçirmek, täze eýýamda ata Watanymyzy
üstünlikli ösdürmek üçin, bize täze taslamalar, täze pikirler we täze
dolandyryş çözgütleri gerek diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi we bu
işleriň ýurdumyzyň täze ýolbaşçylarynyň üstüne ýüklenýändigini nygtady. Olar
halkyň ynamyny ödemegi başarýan, abraýly ýolbaşçylar bolmalydyr.
Ýaşuly neslimize
hem döwletimiziň alyp barýan syýasatyny goldamakda, ýaşlara nusgalyk görelde
görkezmekde möhüm orun degişlidir.
Ata-babalarymyzyň
bütin adamzada goýan mirasy bar. Halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda
pähim-paýhasy, watansöýüjilik, ynsanperwerlik durmuş kadalary, asylly milli
häsiýetleri we baý ruhy dünýäsi kemala geldi.
Milli Geňeşiň
Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, biziň pederlerimiz «Müň işçiden bir
başçy», «Baş bolmasa, göwre läş», «Baş bolmadyk halkda rysgal-bereket bolmaz»
ýaly pähimli sözleri döredipdirler. Şunuň bilen, olar döwleti üstünlikli
dolandyrmakda, ýurdy ösdürmekde, halkyň abadançylygyny ýokarlandyrmakda
ýolbaşçylara köp zadyň baglydygyny aýratyn belläpdirler.
Häzirki döwürde
ähli derejedäki ýolbaşçylara, şol sanda size Garaşsyz ýurdumyzyň we geljekki
nesilleriň ykbaly üçin uly jogapkärçilik ýüklenýär diýip, Arkadagymyz
Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda,
ýolbaşçylaryň döwür bilen aýakdaş gitmelidigi, hemişe iň täze önümçilikleriň,
innowasiýalaryň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň
gözleginde bolmalydygy, täze ösüşleri öňe sürmekde ynamly ädim ätmelidigi,
munuň üçin bolsa köp işlemelidigi bellenildi.
Ilatymyzyň
ýaşaýyş derejesiniň hilini ýokarlandyrmaga, onuň girdejilerini artdyrmaga, täze
iş orunlaryny döretmäge aýratyn üns berilmelidir. Bu işler biziň esasy
ýörelgämiz bolan «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarymyza laýyk gelýär. Bu bolsa
adam hakdaky aladanyň biziň döwlet syýasatymyzyň baş ugry bolup durýandygyna
aýdyň şaýatlyk edýär. Biziň mähriban halkymyz bu aladany duýýar we alyp barýan
syýasatymyzy doly goldaýar, özgertmeleri amala aşyrmaga işjeň gatnaşýar.
Şonuň netijesinde
üstünlikler gazanylýar, täze belent sepgitlere ýetilýär diýip, Gahryman
Arkadagymyz nygtady we bularyň ählisiniň eziz halkymyzy jebisleşdirýändigini,
Garaşsyz Watanymyza buýsanjymyzy has-da artdyrýandygyny nygtady.
Milli Geňeşiň
Halk Maslahatynyň Başlygy ýolbaşçylaryň her biriniň Milli maksatnamada göz
öňünde tutulan wezipeleri öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirip,
ýurdumyzyň geljekki ösüşiniň, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň
ýokarlanmagynyň bähbidine öz mynasyp goşandyny goşjakdygyna berk ynam bildirip,
olary Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellenilmegi
bilen ýene-de bir gezek gutlady we olara berk jan saglyk, alyp barýan işinde
üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra
Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimize şahsy haýyşy
bilen ýüz tutdy.
Siziň bilşiňiz
ýaly, men indi 40 ýyl bäri ýolbaşçy wezipede işleýärin, 25 ýyl bäri syýasat
bilen meşgul bolýaryn. Şu döwürde işiň köp bolanlygy bilen bagly men doly
derejede dynç alyp bilmedim diýip, Arkadagymyz aýtdy we şoňa görä-de, özüne
1-nji aprelden zähmet rugsadynyň berilmegi baradaky haýyş bilen ýüz tutdy. Şu
döwürde men öz täze kitaplarymy tamamlap bilerdim. Şu ýyl göz öňünde tutulan
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyny, Merkezi
Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlar dialogyny we beýleki halkara çäreleri
ýokary derejede geçirmek üçin hem gowy taýýarlyk görerdim diýip, Arkadagymyz
Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Şeýle hem dynç
alyş döwründe Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň wezipe borçlaryny
wagtlaýyn ýerine ýetirmegi K.Babaýewiň üstüne ýüklemek baradaky haýyş beýan
edildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Arkadagymyzy diňläp, bu haýyşyň
kanagatlandyryljakdygyny belledi.
Soňra döwlet
Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, durnukly ösüşi we ählumumy
parahatçylygy üpjün etmäge gönükdirilen Türkmenistanyň başlangyçlaryny durmuşa
geçirmekde halkara parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine we giňeldilmegine
möhüm orun berilýändigini nygtady.
Mälim bolşy
ýaly, 2022-nji ýylyň 28-29-njy martynda Gazagystan Respublikasynyň Almaty
şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara
Assambleýasynyň 30 ýyllygy mynasybetli bu Assambleýanyň Geňeşiniň dabaraly
mejlisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa ýüzlenip, onuň ýolbaşçylygyndaky
Türkmenistanyň wekiliýetiniň bu ýubileý mejlise, onuň çäklerinde geçiriljek
çärelere we duşuşyklara işjeň gatnaşmak üçin, goňşy we doganlyk ýurda gulluk iş
saparyny amala aşyrjakdygyny aýtdy.
Bellenilişi
ýaly, bu saparyň dowamynda geçiriljek gepleşikler we olaryň netijeleri Bitarap
Türkmenistanyň halkara abraýyny pugtalandyrmaga, şeýle hem dürli ýurtlaryň
parlamentleriniň wekilleriniň arasynda netijeli iş gatnaşyklaryny ýola goýmak
bilen, kanun çykaryjylyk babatda tejribe alyşmaga ýardam eder. Şunuň bilen
baglylykda, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygynyň Türkmenistanyň parlament
wekiliýetiniň bu möhüm saparyny ýokary guramaçylykly we üstünlikli geçirmek
boýunça zerur işleri geçirmelidigi nygtaldy.
Hormatly
Prezidentimiz degişli Buýruga gol çekip, resminamany sanly ulgam arkaly Milli
Geňeşiň Mejlisiniň Başlygyna iberdi.
Mejlisiň
ahyrynda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylary
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellenmegi bilen ýene
bir gezek gutlap, olara berk jan saglyk, jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri
arzuw etdi we öňde goýlan ilkinji nobatdaky ähli wezipeleriň abraý bilen ýerine
ýetiriljekdigine berk ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi