Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä
girişmegi mynasybetli dabara
19.03.2022
Şu gün
paýtagtymyzdaky Ruhyýet Köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä
girişmegi mynasybetli dabara geçirildi.
Bu gün Garaşsyz,
Bitarap Watanymyzyň taryhyna ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan we asyrlaryň dowamynda
emele gelen halk häkimlilik däplerini alamatlandyrýan demokratik özgertmeleriň
ähmiýetini açyp görkezýän sene hökmünde girdi. Mälim bolşy ýaly, 12-nji martda
açyklyk, aýdyňlyk we giň bäsdeşlik esasynda milli kanunçylyga hem-de umumy
ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna laýyklykda geçirilen Prezident
saýlawlarynyň jemleri boýunça ýokary döwlet wezipesine saýlawçylaryň köpsanly
seslerine mynasyp bolan Serdar Berdimuhamedow saýlanyldy.
Bu wajyp
jemgyýetçilik-syýasy çäräniň hil taýdan täze taryhy şertlerde geçirilendigini
bellemeli. Häzirki döwürde Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri we zähmet
ýeňişleri, mähriban Watanymyzyň halkara derejesinde beýik abraýa eýe bolmagy
bilen baglanyşykly işleri amala aşyran hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň parasatly we öňdengörüjilikli ýolbaşçylygy bilen ýurdumyzda
giň möçberli maksatnamalar hem-de taslamalar üstünlikli amala aşyryldy.
Döwletimiziň we jemgyýetimiziň demokratik esaslaryny pugtalandyrmak boýunça
ägirt uly işler durmuşa geçirildi. Bu bolsa Türkmenistanyň mundan beýläk-de
okgunly ösüşi we onuň parahatçylygyň, döredijiligiň we abadançylygyň ýoly bilen
ynamly gadamy üçin ygtybarly binýady emele getirdi.
Ýurdumyzyň syýasy,
ykdysady, durmuş we hukuk ugurlarynda durmuşa geçirilýän özgertmeler hil taýdan
täze dünýägaraýyşly nesilleriň emele gelmegini şertlendirdi. Halkymyz oňyn
tejribe toplamak we jogapkärçilikli raýatlyk nukdaýnazary bilen Watanymyzyň
taryhynyň ösüşiniň täze tapgyryna gadam goýdy. Jemgyýetimiziň mizemez
bitewüligini we agzybirligini alamatlandyran Prezident saýlawlarynyň üstünlikli
geçmegi munuň aýdyň beýanydyr.
Täze taryhy
eýýamda täzeçil usullardan baş çykarýan, giň dünýägaraýyşly we häzirki zaman
ylmyna, oňyn pikirlenmelere ygrarly ýaş nesilleriň ýetişmegi bilen baglanyşykly
meseleler Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döredijilikli içeri we daşary
syýasatyny durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda,
Gahryman Arkadagymyzyň eziz Watanymyzyň we halkymyzyň ykbaly barada
jogapkärçiligi öz üstünde almaga ukyply ýaş ýolbaşçylary öňe sürmek barada Türkmenistanyň
Milli Geňeşiniň şu ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen Halk Maslahatynda beýan
eden başlangyjy aýratyn ähmiýete eýedir.
Şonda milli
Liderimiziň nygtaýşy ýaly “Ýaşuly nesliň aň-paýhasy, baý tejribesi bilen
ýaşlaryň gujur- gaýratynyň utgaşan ýerinde bolsa, ýetilmejek maksat,
gazanylmajak sepgit ýokdur!”. Türkmenistanlylar bu pikiri biragyzdan
makulladylar we goldadylar. Onda halypaçylygyň asylly däpleri, döwürleriň
aýrylmaz arabaglanyşygy hem-de nesilleriň dowamatlylygy öz aýdyň beýanyny
tapýar.
Indi bolsa hut
olar, ýaşlar ähli güýç-gaýratyny, bilimlerini we ukyplaryny ulanyp, aň-paýhas
hem-de döredijilik kuwwatyndan peýdalanyp, möhüm döwlet wezipelerini netijeli
çözmelidirler, kabul edilen uzakmöhletli maksatnamalary, geljegi uly
meýilnamalary hem-de taslamalary netijeli çözmelidirler. Şol maksatnamalar
bolsa Watanymyzyň abadançylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga, onuň dünýä
giňişliginldäki abraýyny artdyrmaga, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny
üpjün etmäge gönükdirilendir.
Türkmenistanyň
Döwlet habarlar agentligi