Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09.2026
Çuňňur
hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Sizi beýik Garaşsyzlygymyzyň 35
ýyllyk şanly baýramçylygyna beslenýän şu taryhy günlerde Koreýa Respublikasyna
amala aşyran döwlet saparyňyzyň üstünlikli geçmegi hem-de Size Songýungwan
uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesiniň berilmegi,
Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasynyň Hormat nyşanynyň we ýörite
şahadatnamasynyň gowşurylmagy mynasybetli türkmen halkynyň hem-de
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Hormatly
Prezidentimiz!
Siziň oňyn başlangyçlaryňyzyň, giň
gerimli maksatnamalaryňyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň
durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmegiň, Watanymyzyň halkara giňişlikde eýeleýän
ornunyň has-da pugtalandyrylmagynyň baş şerti bolup durýar. Siziň: «Türkmenistan
dünýä üçin açykdyr» diýip, hemişelik Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň
ileri tutulýan ugurlaryny anyk kesgitlemegiňiz, gyzyklanma bildirýän ýurtlar
bilen diplomatik dialogy berkitmek babatda edýän tagallalaryňyz bu gün oňyn
netijelerini berýär. Muny Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ykdysady taýdan ösen
ýurtlarynyň biri bolan Koreýa Respublikasy bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň hil
taýdan täze derejä çykarylmagynyň mysalynda-da görmek bolýar.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyz!
Türkmenistan bilen Koreýa
Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy.
Şondan bäri hyzmatdaşlyk anyk ugurlarda barha işjeňleşdirilip, iki ýurduň
halklarynyň bähbidine tutumly işler durmuşa geçirildi. Dürli ýyllarda bu dostlukly
ýurda amala aşyran saparlarymyz, gazanylan ýokary derejeli ylalaşyklar
türkmen-koreý gatnaşyklarynyň okgunly ösdürilmegine ýardam etdi. Siziň Koreýa
Respublikasyna amala aşyran şu gezekki döwlet saparyňyz hem baý many-mazmuny
bilen tapawutlanyp, döwletara hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypany açdy.
Seulda geçirilen ýokary derejeli gepleşikler, gol çekilen resminamalar,
Türkmen-koreý işewürlik maslahaty we beýleki çäreler iki dostlukly ýurduň
arasyndaky gatnaşyklaryň täze derejä çykýandygyny alamatlandyrýar. Siziň
«Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» sammitine gatnaşmagyňyz ýurdumyzyň bu
formatyň çäginde köptaraply hyzmatdaşlygy ilerletmäge uly gyzyklanma
bildirýändigini görkezýär.
Belent
mertebeli Prezidentimiz!
Siziň baştutanlygyňyzda
Diýarymyzda amala aşyrylýan orta we uzak möhletli strategiýalarda kesgitlenen
wezipeler iri taslamalara daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, milli
ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak, pudaklara öňdebaryjy innowasiýalary ornaşdyrmak
babatda giň mümkinçilikleri döredýär. Koreýa Respublikasy hem Türkmenistanyň
maýa goýum babatda işjeň hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Dürli ýyllarda iri
koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň çar künjeginde gurlup ulanmaga
berlen senagat kärhanalary ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmaga goşant
goşýar.
Siziň Türkmen-koreý işewürlik
maslahatyna gatnaşyp, anyk teklipleri hem-de başlangyçlary öňe sürmegiňiz
köpýyllyk hyzmatdaşlykda toplanan tejribeleri has-da baýlaşdyrmakda, «ýaşyl»
ykdysadyýet, «akylly» şäherler, emeli aň ýaly ýokary tehnologik ugurlarda özara
gatnaşyklary giňeltmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Türkmenistan bilen Koreýa
Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, özara ynanyşmagy hem-de
ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşan goşandyňyz üçin, Size Koreýanyň
Halkara söwda assosiasiýasynyň Hormat nyşanynyň we ýörite şahadatnamasynyň gowşurylmagy
bolsa bu ugurda edýän çäksiz tagallalaryňyza berlen ýokary bahadyr.
Sarpasy
belent Prezidentimiz!
Seula amala aşyran saparyňyzyň
çäginde Size Songýungwan uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň hormatly doktory
derejesiniň berilmegi ýurdumyza goýulýan hormat-sarpadan, Türkmenistanyň we
Koreýa Respublikasynyň halklarynyň dostlukly gatnaşyklaryndan nyşandyr. Size
600 ýyldan gowrak taryhy bolan abraýly bilim ojagy tarapyndan hormatly
derejäniň berilýändigini tassyklaýan diplomyň gowşurylmagy daşary işler, kanun
çykaryjylyk, ýerli dolandyryş we ykdysadyýetiň dürli ugurlary boýunça toplan
tejribäňiziň, sanly ykdysadyýete geçmek, milli ykdysadyýeti
diwersifikasiýalaşdyrmak babatda durmuşa geçirýän özgertmeleriňiziň dostlukly
ýurtda giňden goldanylýandygyny subut edýär.
Hormatly
Prezidentimiz!
Sizi Koreýa Respublikasyna amala
aşyran döwlet saparyňyzyň üstünlikli geçmegi hem-de Size Songýungwan
uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesiniň berilmegi,
Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasynyň Hormat nyşanynyň we ýörite şahadatnamasynyň
gowşurylmagy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň
janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk
gatnaşyklaryny has-da berkitmek babatda başlangyçlaryňyzyň hemişe rowaçlyklara
beslenmegini arzuw edýärin.
Sizi
hormatlamak bilen,
Türkmen halkynyň Milli
Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,
Gahryman Arkadag Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi