Özbegistan
Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary başlandy
20.10.2022
Şu gün agşam Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew
Türkmenistana resmi sapar bilen geldi.
Iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen paýtagtymyzyň Halkara
howa menzilinde Özbegistanyň Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar. Belent
mertebeli myhmanyň gelmegi mynasybetli haly düşelen ýodajygyň ugrunda Hormat
garawuly düzüldi. Asylly däbe görä, milli lybasdaky oglanjyk we gyzjagaz özbek
Liderine duz-çörek hödür edip, gül dessesini gowşurýarlar.
Howa menzilinden Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň awtoulag kerweni
sapar wagtynda belent mertebeli myhman üçin niýetlenen kabulhana tarap ugrady.
Özbegistanyň Baştutanynyň Türkmenistana şu gezekki resmi sapary hoşniýetli
goňşuçylyk, dostluk, doganlyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine
esaslanýan köpasyrlyk türkmen-özbek gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany
açar. Soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklar
depginli ösüşe eýe boldy. Ýokary, Hökümet hem-de degişli edaralar derejesindäki
yzygiderli gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn
pugtalandyrylmagyna, onuň köpugurly kuwwatynyň netijeli durmuşa geçirilmegine
ýardam berýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 14-nji iýulda Özbegistan
Respublikasyna ilkinji döwlet saparynyň çäklerinde geçirilen ýokary derejedäki
duşuşyk häzirki wagtda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda,
abraýly halkara guramalaryň, sebit düzümleriniň ugry boýunça üstünlikli
ösdürilýän netijeli gatnaşyklara kuwwatly itergi berdi. Duşuşykda iki goňşy
döwletiň Baştutanlary syýasy dialogy hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmaga, ykdysady
hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga taýýardyklaryny ýene-de
bir gezek tassyklap, özara bähbitlilik esasynda ýola goýulýan, diňe bir iki
ýurduň we olaryň halklarynyň bähbitlerine däl, eýsem, tutuş sebitiň hem
bähbitlerine doly laýyk gelýän özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça anyk
çäreleri kesgitlediler.
13-nji iýulda Buhara şäherinde geçirilen birinji Türkmen-özbek sebit
forumynyň, işewürlik geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň hem-de aýry-aýry
ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, döwlet we
hususy düzümleriň wekilleriniň gatnaşmagyndaky ikitaraplaýyn duşuşyklaryň, iki
döwletiň amaly-haşam sungatynyň sergisiniň dowamynda ýurtlarymyzyň netijeli
gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändikleri
tassyklanyldy.
Forumlaryň çäklerinde wekiliýetleriň agzalary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň
mümkinçiliklerini has doly durmuşa geçirmek babatda özara bähbitleriň we
tagallalaryň möhüm ugurlaryny kesgitlediler. Soňky ýyllarda hil taýdan täze
derejä çykarylan döwletara hyzmatdaşlygyň meseleleri giňişleýin ara alnyp
maslahatlaşyldy. Şol hyzmatdaşlyga Türkmenistanyň Lebap, Daşoguz welaýatlary
hem-de Özbegistan Respublikasynyň Horezm, Buhara welaýatlary goşuldylar.
Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Hökümetleriniň arasyndaky
Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny - Söwda merkezini döretmek we onuň
işini düzgünleşdirmek hakynda Ylalaşyga laýyklykda, degişli düzümler tarapyndan
işler durmuşa geçirilýär. Umuman, gazanylan ylalaşyklar iki döwletiň we olaryň
doganlyk halklarynyň bähbidine köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze
itergi bermäge gönükdirilendir. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça
çäreleri iş ýüzünde amala aşyrmaga ýardam berýän Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki
we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň işine uly ähmiýet
berilýär.
Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan hem-de Özbegistan Respublikasy Birleşen
Milletler Guramasynyň we beýleki abraýly halkara, sebit düzümleriniň çäklerinde
öňe sürülýän netijeli başlangyçlarydyr teklipleri goldamak bilen, köptaraplaýyn
görnüşde hem netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Ýurtlarymyzyň parahatçylygy,
howpsuzlygy pugtalandyrmak, suw, ulag we energetika diplomatiýasy, durnukly
ösüş ýaly möhüm meseleler boýunça garaýyşlary ýakyndyr. Häzirki wagtda
Türkmenistan we Özbegistan Respublikasy durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan
ugurlaryna, taraplaryň milli bähbitlerine doly laýyk gelýän hyzmatdaşlygy hil
taýdan täze derejä çykarmaga çalyşýarlar. Üstünlikli durmuşa geçirilen we amala
aşyrylmagy meýilleşdirilen bilelikdäki iri taslamalar munuň aýdyň mysalydyr.
Iki doganlyk goňşy döwleti asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän taryhy
gatnaşyklar, türkmen hem-de özbek halklarynyň medeni we ruhy gymmatlyklarynyň
umumylygy baglanyşdyrýar. Yzygiderli geçirilýän giň gerimli medeni çäreler iki
halkyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda,
şu ýylyň noýabr aýynda Daşoguz welaýatynda Türkmen-özbek dostluk festiwalyny
geçirmek we onuň çäklerinde sungat ussatlarynyň bilelikdäki konsertini,
döredijilik duşuşyklaryny, iki ýurduň halklarynyň amaly-haşam sungatynyň
sergisini, sahna oýunlarynyň we kinofilmleriň görkezilişini guramak
meýilleşdirilýär.
Mahlasy, 21-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda
geçiriljek gepleşikler taraplaryň tagallalary bilen netijeli ösdürilýän
döwletara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmegiň we çuňlaşdyrmagyň ýolunda
nobatdaky möhüm ädim bolar.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi