Türkmenistanyň
Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy
15.07.2022
Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna
döwlet sapary tamamlandy. Ozal habar berlişi ýaly, düýn Daşkentde ýokary derejedäki
ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Olaryň netijeleri boýunça gazanylan möhüm
ylalaşyklar we gol çekilen resminamalaryň uly toplumy gepleşikleriň örän
netijeli bolandygyna şaýatlyk edýär. Resminamalar strategik häsiýete eýe bolan
netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilendir.
Goňşy
ýurtlaryň özara gatnaşyklary köpugurly esasda ösdürmäge bolan gyzyklanmalary
13-nji iýulda Buharada geçirilen birinji Türkmen-özbek sebit forumynda,
Işewürlik geňeşiniň nobatdaky mejlisinde, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn
dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, döwlet, hususy düzümleriň wekilleriniň
gatnaşmagynda guralan ikitaraplaýyn duşuşyklarda, amaly-haşam sungatynyň
bilelikdäki sergisinde öz beýanyny tapdy. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň bar
bolan ägirt uly mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen
ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegi duşuşyklaryň anyk netijelerine
öwrüldi. Şol gün sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti boldy.
Mundan
başga-da, iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň arasynda birnäçe ylalaşyklar
gazanyldy. 14-nji iýulda Daşkentde hormatly Prezidentimiziň Özbegistan
Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde gol çekilen resminamalar degişli
sanawyň üstüni ýetirdi. Şeýlelikde, bularyň ählisi goňşy döwletleriň we
halklaryň gadymdan gelýän dostluk, doganlyk däplerine ygrarlydygynyň, ähli
ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygynyň nobatdaky
subutnamasyna öwrüldi.
Şu
gün irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan
Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatyna tarap ugrady. Onuň binasy şäheriň
merkezi meýdançasy bolan “Mustakillik” meýdançasynda ýerleşýär.
Bu
ýerde belent mertebeli myhmany Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň
Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa mähirli garşylady.
Iki
ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasyndan soň,
hormatly Prezidentimiziň özbek parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy
bilen duşuşygy boldy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy mähirli mübärekläp, Özbegistan
Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy döwletara gatnaşyklaryň däp
bolan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk häsiýetini nygtady. 14-nji iýulda ýokary
derejede geçirilen gepleşikler şol gatnaşyklaryň taryhyna täze sahypany ýazdy.
Olaryň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklar we gol çekilen resminamalar
umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy
mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam eder.
Döwlet
Baştutanymyz özbek parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysyna mähirli kabul
edendigi we myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de şu günki duşuşygyň
türkmen-özbek parlament gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň geljegi barada pikir
alyşmaga, kanun çykaryjylyk işinde özara tejribe alyşmaga, halkara giňişlikde hyzmatdaşlygyň
ugurlaryny kesgitlemäge oňat mümkinçilik berýändigini belledi.
Duşuşygyň
başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň
Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa Türkmenistanyň Milli
Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Milli
Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň mähirli salamyny we iň gowy
arzuwlaryny ýetirdi.
Soňky
ýyllarda parlamentleriň ugry boýunça ýola goýulýan ikitaraplaýyn gatnaşyklar
hil taýdan täze derejä çykdy we hyzmatdaşlyk köptaraply esasda ösdürilýär.
Hyzmatdaşlygy ösdürmekde birnäçe başlangyçlary, şol sanda Aşgabatda Merkezi
Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyny hem-de
zenanlaryň dialogyny geçirmek başlangyçlaryny öňe süren Türkmenistanyň Milli
Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ägirt uly goşandynyň bardygyny belläp,
Özbegistanyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly
Berdimuhamedowa mähirli sözlerini we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirmegini hormatly
Prezidentimizden haýyş etdi.
Dostluk
we birek-birege ynanyşmak esasynda geçen söhbetdeşligiň dowamynda nygtalyşy
ýaly, kanun çykaryjylyk edaralarynyň ugry boýunça ysnyşykly gatnaşyklar
toplumlaýyn türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň wajyp hem-de aýrylmaz
bölegi bolup durýar.
Soňky
ýyllarda iki ýurduň parlamentleriniň bilelikdäki tagallalary esasynda köp işler
ýerine ýetirildi. Durnukly parlamentara gatnaşyklar ýola goýuldy, hünär taýdan
duşuşyklaryň gurallary işläp başlady hem-de wekiliýetleri alyşmak işi
yzygiderli ýola goýuldy. Şunda Türkmenistanda we Özbegistanda döredilen
parlamentara Dostluk toparlary möhüm orun eýeleýärler. Olar biziň doganlyk
halklarymyzyň arasynda özara düşünişmegiň möhüm guraly bolup durýar.
Ikitaraplaýyn
parlamentara gatnaşyklar Merkezi Aziýada parahatçylygy we durnuklylygy
pugtalandyrmak işine saldamly goşant goşýar. Iki ýurduň parlamentarileriniň
dürli sebit forumlaryna gatnaşmagy syýasy, ykdysady, ynsanperwer hyzmatdaşlygyň
üstünlikli alnyp barylmagy üçin amatly hukuk şertlerini döretmäge
gönükdirilendir. Olaryň işi hyzmatdaşlygyň däp bolan diplomatik gurallaryny
berkidýär we baýlaşdyrýar.
Häzirki
döwürde döwletara gatnaşyklaryň çäklerinde parlamentara hyzmatdaşlyk uly
ähmiýete eýe bolýar. Türkmenistan we Özbegistan dürli ugurlar boýunça
geçirilýän halkara maslahatlara işjeň gatnaşýarlar. Şolaryň hatarynda Garaşsyz
Döwletleriň Arkalaşygy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Türki Döwletleriň
Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi ýaly guramalar bar. Munuň özi geljegi uly
mümkinçilik hasaplanýar. Iki ýurduň wekilleri parlamentleriň ugry boýunça
bilelikdäki başlangyçlar bilen çykyş edip, ilkinji nobatda, sebitiň
döwletleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak,
ynsanperwer, jemgyýetçilik, medeni gatnaşyklary ösdürmek, zenanlaryň, ýaşlaryň
arasynda giň hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselelerinde işjeň hyzmatdaşlyk
edýärler.
Söhbetdeşligiň
barşynda şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanda iki iri çäräniň - Merkezi Aziýa
döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň hem-de
zenanlaryň dialogynyň üstünlikli geçirilendigi hem-de guralan duşuşyklardyr
gepleşikleriň derejesine foruma gatnaşyjylar tarapyndan ýokary baha berlendigi
bellenildi. Hormatly Prezidentimiz öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk eden
Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygyna we onuň
kärdeşlerine şol çärelere işjeň gatnaşandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk
bildirdi.
Biziň
parlamentarilerimiziň maksatlary umumydyr. Şol maksatlar parahatçylygy we ösüşi
üpjün etmekden, raýatlaryň abadançylygyny ýokarlandyrmakdan, adam kuwwatyny has
doly açmak üçin şertleri döretmekden, biziň halklarymyzyň doganlyk, hoşniýetli
goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de
pugtalandyrmakdan ybaratdyr.
Duşuşyk
tamamlanandan soň, hanym Tanzila Narbaýewa döwlet Baştutanymyzy Senatyň
binasyny, onuň dürli maslahatlary geçirmek üçin niýetlenen zallaryny görmäge
çagyrdy. Şeýle hem ol belent mertebeli myhmany özbek parlamentiniň ýokarky
palatasynyň işiniň esasy ugurlary, senatorlaryň netijeli işlemegi üçin
döredilen şertler bilen tanyşdyrdy.
Özbegistan
Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senaty çäk taýdan wekilçilikli palata bolup
durýar we ol senatorlaryň 100-sinden ybaratdyr. Ol 2002-nji ýylda kabul edilen
Özbegistanyň Konstitusion kanunyna laýyklykda, degişli sala salşyklaryň
netijeleri esasynda döredildi. Onuň ygtyýarlyklarynyň möhleti bäş ýyldyr. Oliý
Majlisiň kanun çykaryjy palatasy bilen bilelikde Senat kanun çykaryjylyk we
beýleki degişli işleri amala aşyrýar.
Ýurdumyzda
ýaýbaňlandyrylan demokratik özgertmeleriň netijesinde halk häkimiýetliliginiň
köpasyrlyk milli däplerine esaslanýan iki palataly parlament — Türkmenistanyň
Milli Geňeşi döredildi. Onuň düzümine Halk Maslahaty we Mejlis girizildi. Munuň
özi ýurdumyzyň parlamentiniň taryhynda täze sahypany açdy. Bu taryhy waka
ýokary wekilçiligi ösdürmekde, döwletimiziň kanun çykaryjy edarasynyň işini
kämilleşdirmekde möhüm ädime öwrüldi. Onuň işiniň kämilleşdirilmegi
parlamentara ugur boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda täze
mümkinçilikleri açdy.
Özbek
parlamentiniň ýokarky palatasynyň işiniň esasy ugurlary bilen tanyşlyk
tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz we Özbegistan Respublikasynyň Oliý
Majlisiniň Senatynyň Başlygy birek-birek bilen mähirli hoşlaşyp, taraplaryň
netijeli parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge meýillidigini
tassykladylar.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşkendiň Yslam Karimow adyndaky
Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Samarkant şäherine ugrady. Bu şäher
özüniň taryhy-medeni ýadygärlikleri bilen meşhurdyr.
Samarkandyň
Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy Özbegistan Respublikasynyň
Prezidenti Şawkat Mirziýoýew mähirli garşylady.
Howa
menzilinden döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki ulag kerweni Özbegistan
Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Yslam Karimowyň hormatyna bina edilen
ýadygärlikler toplumyna tarap ugrady.
Topluma
gelensoňlar, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Prezident Şawkat
Mirziýoýew Yslam Karimowyň aramgähine bardylar. Döwlet Baştutanlary
Özbegistanyň görnükli döwlet we syýasy işgärini hem-de türkmen-özbek
dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ägirt uly goşant goşan şahsyýeti
hatyralap, onuň aramgähine gül desselerini goýdular.
Soňra
iki ýurduň Liderleri ýörite taýýarlanylan ýere bardylar. Yslam dünýäsine mahsus
däplere laýyklykda, mukaddes Gurhandan süreler okaldy we Beýik Biribardan
dilegler edildi.
Hormatly
Prezidentimiz Özbegistanyň Prezidenti bilen bilelikde Gündogaryň gadymy
däplerini we häzirki zaman ýörelgelerini özünde jemleýän Samarkant şäheriniň
taryhy-medeni ýadygärlikler toplumynyň özboluşly aýratynlyklaryny synlady.
Şäheriň binagärlik we arheologik ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä
mirasynyň sanawyna girizildi. Gadymy döwürde bu şäher Beýik Ýüpek ýolunyň esasy
ugurlarynyň birinde ýerleşipdir.
Rowaýata
öwrülen kerwen ýollary köp asyrlaryň dowamynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň
çäginden geçip, Aziýa bilen Ýewropanyň, Gündogar bilen Günbataryň arasynda
söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolupdyr. Beýik
Ýüpek ýoly diňe bir ulag geçelgesi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurtlaryň
arasynda dürli görnüşli haryt dolanyşygyny işjeňleşdirýän ýola öwrülipdir. Ol
döwletleriň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň möhüm şertini emele getiripdir.
Beýik Ýüpek ýoly arkaly syýasy gatnaşyklar ýola goýlupdyr, medeniýetleriň özara
baýlaşmagyna, ylmy gatnaşyklaryň ösdürilmegine oňyn şertleri üpjün edipdir. Bu
ýol arkaly dürli tehnologiýalar, ýüpek matalar, kagyz, aýna we aýna önümleri
daşalypdyr. Şunda biziň ýurtlarymyza möhüm orun degişli bolupdyr.
Häzirki
döwürde gadymy ýörelgeleri dikeltmek, baý milli mirasy aýawly saklamak, olary
ylmy esasda öwrenmek we giňden wagyz etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň
ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Özboluşly
taryhy-binagärlik ýadygärlikleri, milli däpler, umumadamzat gymmatlyklarynyň
hazynasyna ägirt uly goşant goşan türkmen halkynyň milli sungatynyň görnüşleri
halkymyzyň häzirki döwürde gazananlarynyň özenini düzýär. “Gadymy Merw”,
“Köneürgenç”, “Nusaý” ýaly dünýä belli taryhy-medeni ýadygärliklerimiz
ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. “Görogly” dessançylyk
sungaty, “Küştdepdi” aýdym we tans dessury, türkmen milli halyçylyk sungaty,
dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň
Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda mynasyp orun aldylar.
Türkmenistan
ÝUNESKO-nyň Bütindünýä sanawyna halkymyzyň maddy we maddy däl medeniýetiniň
görnüşlerini we beýleki desgalary goşmak baradaky başlangyjy öňe sürdi. Bu
ugurdaky işler yzygiderli dowam etdirilýär. Şeýle hem ynsanperwer ulgamynda
daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly
mümkinçilikler açylýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna şu gezekki döwlet saparynyň
maksatnamasyna Samarkanda baryp görmek çäresiniň goşulmagynda aýratyn many bar.
Doganlyk halklaryň milli medeniýetleriniň we däpleriniň umumylygy, asyrlar aşyp
gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy
hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak, onuň mazmunyny baýlaşdyrmak üçin pugta binýady
emele getirýär.
Soňra
döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki awtoulag kerweni orta asyrlaryň ähmiýetli
desgalarynyň biri hasaplanýan Ulugbegiň obserwatoriýasyna bardy. Bu desga XV
asyryň birinji ýarymynda Kuhak şäheriniň çägindäki belent baýryň üstünde
gurlupdyr. Bu ýerde döwlet Baştutanlary obserwatoriýanyň döreýiş taryhy we onuň
aýratynlyklary bilen tanyşdyryldy. Aýlawly görnüşde bina edilen üç gatly
desganyň ýokarsynda umumy ýaýrawy 40,21 metr bolan täsin enjam oturdylypdyr.
Onuň kömegi arkaly ýyldyzlaryň ýerleşýän belentlikleriniň ölçegleri, olaryň
meridianlaryň üstünden geçýän pursatlary kesgitlenipdir. Bu ýerde degişli
gözegçilik işleri alnyp barlypdyr. Şonuň netijesinde, 1018 sany ýyldyzyň
ýazgysyny özünde jemleýän ýyldyzly asmanyň katalogy düzülipdir. Teýmirler
imperiýasyny esaslandyran hem-de oňa hökümdarlyk eden Emir Teýmiriň agtygy
Ulugbeg bu obserwatoriýany döredipdir we oňa ýolbaşçylyk edipdir.
Türkmenistanyň
we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri obserwatoriýanyň çägindäki muzeýiň
gymmatlyklary bilen tanyşdylar. Munuň özi orta asyrlarda Gündogarda ylmyň ösüş
derejesiniň ýokary bolandygyny görkezýär. Diňe bir şöhratly hökümdar däl,
eýsem, zehinli matematik, astronom, belli alym hökmünde tanalan Ulugbegiň
döwründe bu ýerde häzirem dünýäde giňden ulanylýan täsin açyşlary eden köp
sanly alymlar işläpdirler.
Jemgyýetçilik
ösüşinde ylmyň we bilimiň möhüm orun eýeleýändigini aýratyn bellemeli.
Türkmenistanyň baý taryhy munuň şeýledigini tassyklaýan çeşmeleri özünde
jemleýär. Biziň ýurdumyzyň çäginde-de Gadymy Merw ýaly iri medeni we ylmy
merkezde görnükli alymlar, filosoflar, edebiýatçylar işläpdirler. Hut şonuň
üçin hem ylym-bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmek, ony ösdürmek Türkmenistanyň
täze taryhy eýýamdaky döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.
Daşary
ýurtly hyzmatdaşlar bilen ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegine, şol sanda
medeniýet we muzeý işi ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berilýär.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi bilen Özbegistan
Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň Teýmirleriň taryhy Döwlet muzeýiniň
arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi hut şu ugur boýunça
gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilendir. Ol hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň goňşy ýurda şu saparynyň çäklerinde gol çekilen resminamalaryň
hatarynda möhüm orny eýeleýär.
Soňra
döwlet Baştutanlary Teýmiriň aramgähine baryp gördüler. Bu aramgäh ady rowaýata
öwrülen serkerdäniň we hökümdaryň Samarkantda gurduran soňky binalarynyň
biridir. Ol Teýmiriň başlangyjy bilen, onuň öz serişdeleriniň hasabyna bina
edilýär. Aramgäh orta asyr şäher gurluşygynyň we yslam binagärliginiň ajaýyp
desgalarynyň biri hökmünde ykrar edildi. Teýmiriň aramgähi gurluşynyň
ýönekeýligi, şol bir wagtyň özünde binagärlik babatdaky kaşaňlygy bilen
tapawutlanýar.
Aramgähi
synlap, Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew ýörite
taýýarlanylan ýere geçýärler. Musulman dessuryna laýyklykda, bu ýerde mukaddes
Gurhandan süreler okalýar we Beýik Biribardan dilegler edilýär.
Samarkandyň
taryhy-medeni ýadygärlikler toplumy bilen tanyşlygyň dowamynda döwlet
Baştutanlary şäheriň esasy künjekleriniň biri hasaplanýan Registan meýdançasyna
tarap ugradylar. Bu ýerde Ulugbeg, Şerdor we Tilla-Kori ýaly üç sany medresäni
özünde jemleýän XV - XVII asyrlara degişli ajaýyp binagärlik toplumy ýerleşýär.
Munuň özi Gündogaryň we yslam binagärliginiň özboluşly şähergurluşyk sungatynyň
ajaýyplyklarynyň biri bolup durýar.
Ulugbeg
medresesi öz döwrüniň talaplaryna laýyklykda, musulman ýörelgeleri boýunça bina
edilipdir. Registan meýdançasynyň günbatar künjeginde gurlan medrese Orta
Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň ylahyýet okuw mekdepleriniň nusgawy görnüşleriniň
biri bolup durýar. Medrese gönüburçly binadan ybaratdyr. Onuň daşky merkezi
girelgesindäki kaşaň peştak binanyň esasy bölegi bolup durýar. Onuň içinde üç
sany girelge bolup, olaryň hersiniň aýlawly örtükleri bar. Desganyň dört
burçunda beýikligi 33 metr bolan minara galdyrylypdyr. Häzirki döwürde olaryň
diňe gündogar tarapyndakylary saklanyp galypdyr. Ýokary çeperçilik we amaly
bezegleri medresäniň aýratynlyklarynyň biri bolup durýar.
Ulugbeg
medresesi XV asyryň musulman Gündogarynyň iň gowy ylahyýet uniwersiteti
hasaplanypdyr. Bu ýerde matematika, geometriýa, logika, tebigy ylymlar we
beýleki dersler, Biribara gulluk etmegiň ugurlary boýunça sapaklar guralypdyr.
Şerdor
medresesi Registan meýdançasynyň gündogar künjeginde gurlupdyr. Bu ýerde ozal
Ulugbegiň sopuçylyk binasy ýerleşýän eken. Köp asyrlaryň dowamynda ol yslam
dünýäsiniň bilim edaralarynyň arasynda meşhurlyk gazanypdyr. Desga Orta
Aziýanyň orta asyrlar binagärlik ýörelgeleri esasynda gurlupdyr. Binagäriň
çözgüdi esasynda Şerdor medresesi özüniň gabat garşysynda ýerleşýän Ulugbeg
medresesine meňzeş bolupdyr. Ýöne onuň käbir binagärlik çözgütleri has soňky
döwrüň şertleri esasynda özboluşlylygy özünde jemläpdir.
Medresäniň
esasy girelgesiniň ýokarky böleginde keýik awlaýan gaplaňa meňzeş, ýöne
ýolbarsa çalym edýän hyýaly haýwanyň şekili ýerleşdirilipdir. Onuň aňyrsynda
dogup gelýän Günüň şekili bar. Hut şu görnüşler hem medresäniň “Şerdor” diýlip
atlandyrylmagy üçin esas bolupdyr.
Registan
meýdançasynyň toplumyna syn etmegiň barşynda Türkmenistanyň we Özbegistan
Respublikasynyň Prezidentleri Tilla-Kori medresesine gelip görmäge çagyryldy.
Bu ylahyýet bilim ojagy XVII asyrda bina edilipdir. Ol meýdanyň demirgazyk
künjeginde ýerleşýär. Şeýlelikde, bu ýerde jemlenen binagärlik toplumy bir
bitewüligi emele getirýär.
Medresäniň
esasy girelgesi merkezi girelgeden we iki gatly aýlawly ganatlary bolan örtük
görnüşli girelgeden ybaratdyr. Onuň her burçundaky binalar medresäniň
minaralarynyň hyzmatyny ýerine ýetiripdirler. Desganyň taslamasy taýýarlananda,
onda ýokary ylahyýet mekdebini juma metjidi bilen birleşdirmek baradaky çözgüt
kabul edilipdir. Binagär bu desgany meýdançada ýerleşýän beýleki medreseleriň
binagärlik keşbine meňzetmändir. Ol medresäniň esasy girelgesiniň ganatlaryny
ösdüripdir. Bu bolsa meýdançanyň jemleýji binagärlik çözgüdine öwrülipdir.
Registan
meýdançasyndaky toplumyň merkezi binasy bolup durýan medresäniň diwarlarynda
dürli şekiller döredilipdir. Onda geometrik şekiller ösümlikleriň görnüşleri
bilen utgaşdyrylypdyr. Içki bezeginde altynsow şekilleriň ulanylmagy medresäniň
“altyn bilen bezelen” diýen ada eýe bolmagyny şertlendiripdir.
Tilla-Kori
medresesi öz taryhynyň dowamynda diňe bir bilim berilýän bina bolmak bilen
çäklenmän, metjit hökmünde-de möhüm orun eýeläpdir. 2001-nji ýylda üç
medreseden ybarat bolan bu toplum Samarkandyň beýleki taryhy binalary bilen
bilelikde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.
Häzirki
döwürde Tilla-Kori medresesinde muzeý ýerleşýär. Ondaky gymmatlyklar Registan
meýdançasynyň döwrebaplaşdyrylyşy, şeýle hem Samarkandyň taryhy, şol döwrüň
durmuş derejesi, onuň ilatynyň senetçiligi, amaly-haşam sungaty barada gürrüň
berýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tanyşlygyň barşynda muzeýiň gymmatlyklary
bilen gyzyklandy. Tilla-Kori medresesiniň binagärlik, bezeg aýratynlyklary
hem-de muzeý gymmatlyklary bilen tanşyp, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewe we özbek tarapynyň wekillerine
özboluşly syýahat üçin minnetdarlyk bildirdi.
Soňra
bu ýerde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri bilelikde
ýadygärlik surata düşdüler.
Samarkandyň
taryhy-medeni ýadygärlikleri bilen tanyşlyk tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň
hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri ýokary derejeli myhmanlary
kabul ediş merkezine tarap ugradylar.
Bu
ýerde belent mertebeli myhmanyň hormatyna özbek tarapynyň adyndan resmi
günortanlyk nahary berildi. Onuň dowamynda Özbegistan Respublikasynyň sungat
ussatlarynyň çykyşy boldy.
Soňra
Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew Samarkandyň Halkara
howa menziline tarap ugradylar.
Döwlet
Baştutanlary düýn ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijelerine çuňňur
kanagatlanma bildirip, Türkmenistanyň we Özbegistanyň dostluk, hoşniýetli
goňşuçylyk gatnaşyklaryna pugta ygrarlydyklaryny, taraplaryň özara bähbitlilik,
deňhukuklylyk, strategik esasda giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmäge
meýillidiklerini tassykladylar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow özbek kärdeşine mähirli kabul edilendigi we
myhmansöýerlik üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, onuň bilen
hoşlaşdy hem-de Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň maksatnamasyny
tamamlap, uçara mündi we Watanymyza ugrady.
Hormatly
Prezidentimiziň uçary Aşgabada çenli uçuşy amala aşyryp, paýtagtymyzyň Halkara
howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.
Türkmenistanyň
Döwlet habarlar agentligi