Türkmenistanyň Ministrler
Kabinetiniň mejlisi
20.10.2022
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly
Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň
käbir meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Milli Geňeşiň
Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň
ýörelgelerine, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda,
jemgyýet we döwlet durmuşynyň dürli ulgamlarynyň ösdürilmegini hukuk taýdan
goldamak babatda alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Häzirki wagtda
ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna, şol
sanda raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga degişli
kanunlaryň taslamalary işlenip taýýarlanylýar, hereket edýän kanunçylyk
namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär.
Halkara tejribäni öwrenmek, parlamentara gatnaşyklary ösdürmek, ýurdumyzda
gazanylýan üstünlikleri dünýä ýaýmak maksady bilen, Mejlisiň wekilleri degişli
döwlet edaralary bilen bilelikde, BMG-niň Daşky gurşawy goramak boýunça
maksatnamasynyň milli kanunçylygy kämilleşdirmek hem-de Çagalar gaznasynyň
wekilhanasy bilen çagalaryň hukuklary boýunça 2023 - 2028-nji ýyllar üçin
Hereketleriň milli meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça geçiren
maslahatlaryna, beýleki duşuşyklara we okuw sapaklaryna gatnaşdylar.
Mejlisiň deputatlary şu günler gowaça meýdanlarynda pagta hasylyny ýygnamakda
zähmet çekýän oba zähmetkeşleriniň arasynda bolup, olaryň iş we durmuş şertleri
bilen tanyşýarlar, öz saýlaw okruglarynda ýerleşýän edara-kärhanalarda,
guramalarda, okuw mekdeplerinde halk köpçüligi bilen duşuşyp, hormatly
Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny, halkara
başlangyçlaryny, kabul edilen täze Kanunlaryň kadalaryny düşündirýärler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mejlisiň kanun çykaryjylyk
işiniň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň, ýurdumyzda amala aşyrylýan oňyn
özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň netijeli guraly bolup durýandygyny
belläp, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga,
raýat institutlaryny pugtalandyrmaga we jemgyýetde demokratik ýörelgeleri
berkarar etmäge gönükdirilen işleriň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmelidigini
belledi.
Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew milli
kanunçylygy döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň häzirki ýagdaýlaryna, halkara
hukugyň kadalaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan
işler barada maglumat berdi. Halk Maslahatynyň agzalary Mejlisiň deputatlary
hem-de ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň hünärmenleri bilen bilelikde
ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň hukuk binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna
gönükdirilen meýilnamalaýyn işleri dowam etdirýärler. Şunuň bilen bir hatarda,
Halk Maslahatynyň agzalary Çaganyň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 -
2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň täze meýilnamasyny taýýarlamak işlerine
gatnaşýarlar.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň GDA-nyň
döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde hem-de “Merkezi Aziýa —
Russiýa” sammitinde öňe süren başlangyçlarynyň ýurdumyzyň sebit we halkara
ähmiýetli tagallalarynyň yzygiderli häsiýete eýediginiň, toplumlaýyn
çäreleriniň netijelidiginiň subutnamasydyr. Halk Maslahatynyň agzalary şulardan
ugur alyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasat strategiýasyny we içeri
syýasatyny wagyz etmek hem-de düşündirmek boýunça yzygiderli işleri
geçirýärler, maslahatlara, duşuşyklara, beýleki çärelere gatnaşýarlar,
köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli çykyş edýärler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow giň gerimli we oňyn
özgertmeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, milli kanunçylygy mundan beýläk-de
kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi hem-de ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän
sebit, ählumumy ähmiýetli başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine ýardam berýän
parlamentara diplomatiýanyň ösdürilmegine ünsi çekdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow
maliýe-ykdysady, bank ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, olaryň işini
kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem
ýurdumyzyň ähli sebitlerini okgunly ösdürmäge, gözegçilik edýän toplumynyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga, ilata hödürlenilýän degişli
döwlet hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreler barada habar
berildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysady
taýdan okgunly ösmeginiň iri möçberli durmuş maksatly taslamalary amala aşyrmak
üçin giň mümkinçilikleri döredýändigini belledi. Türkmenistanlylaryň
ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak şol taslamalaryň esasy ugry
bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz döwlet hem-de milli maksatnamalarda
kesgitlenen wezipeleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine yzygiderli
gözegçiligiň möhümdigini nygtap, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow şu ýylyň 26 -
28-nji oktýabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Türkmenistanyň
nebiti we gazy - 2022” atly XXVII halkara maslahata we sergä görülýän taýýarlyk
işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda halkara
maslahatyň işine gatnaşmak üçin dürli daşary ýurt kompaniýalarynyň, halkara
maliýe guramalarynyň, ýerli we ýurdumyzda işleýän halkara köpçülikleýin habar
beriş serişdeleriniň köp sanly wekilleri hasaba alyndy. Halkara serginiň işine
ýerli kärhanalaryň hem-de telekeçileriň, daşary ýurt kompaniýalarynyň
birnäçesiniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şeýle
forumlaryň geçirilmeginiň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nebitgaz pudagynda
deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin giň
mümkinçilikleri açýandygyny, Türkmenistanyň energetika howpsuzlygynyň häzirki
zaman ählumumy binýadyny kemala getirmek boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň
işjeň ilerledilmegi babatda uly gyzyklanma döredýändigini belledi. Döwlet
Baştutanymyz wise-premýere öňdebaryjy tehnologiýalary we işläp taýýarlamalary
ornaşdyrmakda netijeli tejribe alyşmagy, maýa goýumlary çekmäge ýardam bermegi,
bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmekde uly ähmiýete eýe bolan halkara
forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň
welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy hem-de
ekerançylyk meýdanlarynda suw serişdeleriniň netijeli ulanylyşy barada hasabat
berdi. Nygtalyşy ýaly, ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz
ýygnap almak boýunça zerur işler geçirilýär, kabul ediş harmanhanalarynyň we
pagta arassalaýjy kärhanalaryň bökdençsiz işini üpjün etmek, hasyly daşamakda
ulanylýan tehnikalary netijeli işletmek üçin zerur çäreler görülýär. Şunuň
bilen birlikde, bugdaý ekişi dowam edýär, ekişde oba hojalyk tehnikalaryny we
enjamlaryny ulanmak, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş
alnan meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri utgaşykly alnyp
barylýar.
Häzirki wagtda 2022-nji ýylyň hasylyndan başlap, ýurdumyzda bugdaý we pagta
hasylynyň 50 göterimini gaýtadan işlemekden alynýan kepek, sarun we künjara,
degişlilikde, önüm öndürijilere paýlanylyp başlandy.
Oba hojalyk ekinlerini suw bilen üpjün etmek hem-de suw serişdelerini
netijeli ulanmak maksady bilen, häzirki wagtda Suw hojalygy baradaky döwlet
komiteti we onuň garamagyndaky “Türkmensuwylmytaslama” instituty tarapyndan
ýurdumyzda suwuň ýitgisini azaltmak boýunça degişli çäreler geçirilýär. Suw
howdanlarynda, olaryň akabalarynda abatlaýyş we arassalaýyş işlerini geçirmek
boýunça zerur çäreler görülýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, obasenagat
toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek meselelerine ünsi çekdi
we gündelik hem-de meýilleşdirilen oba hojalyk çäreleriniň agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda, ýokary hilli geçirilmeginiň zerurdygyny nygtady. Şunda
ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin gymmatly çig mal bolan pagtanyň ähmiýetini nazara
almak bilen, ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli çäreleri
görmegiň zerurdygy bellenildi. Döwlet Baştutanymyz möwsümleýin işleri guramaga
jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny nygtap, bugdaý ekişiniň depginini
güýçlendirmegiň, onuň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi
hem-de wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlaryndaky suwaryş
akabalaryny arassalamaga, suwy rejeli peýdalanmaga, oba hojalyk işlerinde
öňdebaryjy tejribäni we ylmyň gazananlaryny netijeli ulanmaga degişli
meselelere aýratyn üns berilmelidigini aýdyp, wise-premýere degişli
görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow ýurdumyzyň ýol-ulag
ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, bu ugurda “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy
2022 - 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” göz
öňünde tutulan gaýragoýulmasyz wezipelere laýyklykda, halkara ulag
geçelgelerini kemala getirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dünýä ülňülerine laýyk gelýän
awtomobil ýollarynyň we köprüleriň gurluşygynyň wajypdygyny belledi. Bu ulgamda
göz öňünde tutulan işleriň amala aşyrylmagy goňşy ýurtlar bilen haryt
dolanyşygynyň hem-de ulag gatnawlarynyň artdyrylmagyna, halkara hyzmatdaşlygyň
hil taýdan täze derejä çykarylmagyna ýardam etmelidir. Döwlet Baştutanymyz bu
ugurda bellenen wezipeleriň ýerine ýetirilişine berk gözegçiligi amala
aşyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew ýurdumyzyň “EKSPO -
2025” Bütindünýä sergisine gatnaşmagynyň ýokary derejesini üpjün etmek bilen
bagly guramaçylyk meseleleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly,
Diýarymyzyň kuwwatyny görkezmek üçin degişli düzümler bilen bilelikde
Türkmenistanyň milli pawilýonyny gurmak we ony enjamlaşdyrmak, bezeg işlerini
amala aşyrmak babatda, şeýle-de beýleki guramaçylyk işleri geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Bütindünýä
sergilerine gatnaşmagynyň ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini we ýeten belent
sepgitlerini halkara bileleşige giňden görkezmäge, dürli ulgamlarda dünýäniň
öňdebaryjy tejribesi bilen tanyşmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara
bähbitli hyzmatdaşlygyň çäklerini giňeltmäge mümkinçilik berýändigini nygtady
we “EKSPO - 2025” Bütindünýä sergisine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly
meseleleriň üstünde içgin işlemegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere bu
babatda anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa döwlet
Baştutanymyza “Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly
baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda” Kararyň taslamasy
barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, her ýyl geçirilýän bu bäsleşik türkmen
medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmäge uly goşant goşýan zehinli
döredijilik işgärlerini ýüze çykarmaga, olaryň iň ussatlaryny saýlap-seçmäge
ýardam berýär.
Onuň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda “Ýaňlan, Diýarym!”
telebäsleşigini, dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda “Çalsana, bagşy!”
bäsleşigini, zehinli çagalaryň arasynda “Garaşsyzlygyň merjen däneleri”
bäsleşigini yglan etmek göz öňünde tutulýar. “Türkmeniň Altyn asyry” atly
baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk
baýramy mynasybetli 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda jemlemek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda her ýyl geçirilýän bu
döredijilik bäsleşiginiň ähmiýetini nygtap, bäsleşige hödürlenilýän işleri
seçip almaga jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şol işler
derwaýyslygy we çeperçilik taýdan gymmatlygy bilen tapawutlanmalydyr, türkmen
döwletiniň we jemgyýetiniň häzirki ösüşini beýan etmelidir, ýaşlaryň watançylyk,
estetiki terbiýesine goşant goşmalydyr. Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol
çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de resminamadan gelip
çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek barada birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow Magtymguly
adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda kesgitlenen wezipeleri ýerine
ýetirmek ugrunda görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. “Ýaşlar
barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň
10-njy maddasyna laýyklykda, Bilim ministrligi ýaşlar baradaky döwlet
syýasatynyň çygrynda döwlet düzgünleşdirmesini we gözegçiligini amala aşyrýan
ygtyýarly edara bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň
garamagyna Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetini döretmek hakynda
Permanyň hem-de bu komitetiň meseleleri hakynda, Bilim ministrliginiň
meseleleri hakynda Kararlaryň taslamalary hödürlenildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýaşlaryň ruhy-ahlak,
medeni we beden taýdan sazlaşykly ösüşi bilen bagly meselelere uly ähmiýet
berilýändigini nygtady. Aýratyn-da, sagdyn durmuş ýörelgelerini ösüp gelýän ýaş
nesliň arasynda wagyz etmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen
baglylykda, hormatly Prezidentimiz Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet
komitetini döretmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, hödürlenen
resminamalara gol çekdi we olary sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip,
birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra wise-premýer “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 17-nji
maddasyndan gelip çykýan wezipelere laýyklykda, bu ugurda amala aşyrylýan işler
barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzy
ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalarynda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary üçin
ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak ýaly strategik maksatlaryň
kesgitlenendigini, ugurdaş kadalaşdyryjy hukuk namalaryny döwrüň talaplaryna
laýyk getirmegiň zerur bolup durýandygyny aýdyp, wise-premýere bu babatda
birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary
işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň habar beriş serişdeleri ulgamynda
daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça görülýän
çäreler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryny ýerine
ýetirmek hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmek maksady bilen, bu ugurda degişli
işler alnyp barylýar. 2022-nji ýylyň dowamynda Daşary işler ministrligi
tarapyndan degişli ugurdaş edaralar bilen bilelikde birnäçe çäreler guraldy.
Ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde,
habarlar agentlikleriniň saýtlarynda köp sanly makalalar ýerleşdirildi. Daşary
işler ministrliginiň resmi saýtynda “Halkara habarlar” internet gazetiniň
elektron nusgalary yzygiderli ýerleşdirilýär.
Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary tarapyndan
2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylmagy bilen
baglanyşykly dürli çäreler geçirildi. Şu işleri dowam etdirmek maksady bilen,
media ulgamynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça, şol sanda
hyzmatdaşlygyň ugurdaş şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga degişli
teklipler taýýarlanyldy. Häzirki wagtda degişli Ähtnamalara hem-de Ylalaşyklara
laýyklykda, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa
baradaky döwlet komiteti hem-de Döwlet habarlar agentligi halkara köpçülikleýin
habar beriş serişdeleriniň ençemesi bilen gatnaşyklary alyp barýarlar. Şeýle-de
goňşy we dünýäniň beýleki döwletleriniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri
bilen gatnaşyklary ösdürmek, Türkmenistanda işleýän daşary ýurt köpçülikleýin
habar beriş serişdeleriniň sanyny artdyrmak boýunça çäreler görülýär. Bu
gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek babatda degişli işleri geçirmek
teklip edilýär.
Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Türkmenistanyň
içeri we daşary syýasatyny, ýurdumyzyň oňyn başlangyçlaryny, döwletimizde bolup
geçýän möhüm wakalary, amala aşyrylýan iri taslamalary, halkymyzyň baý
medeniýetini giňden şöhlelendirmek hem möhüm ugur bolup durýar. Şunda dünýäniň
media giňişliginde ulanylýan iň täze usullary öwrenmek we olary milli
köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işine ornaşdyrmak derwaýys
hasaplanýar. Şunuň bilen baglylykda, Daşary işler ministrliginiň ýanynda milli
habar beriş serişdelerinden düzülen metbugat toparyny (Press pool) döretmek,
Türkmenistanda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň media ulgamyna jogapkär
hünärmenleri bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, öňdebaryjy sebit we halkara
teleýaýlymlar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak teklip edilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň
halkara habarlar giňişligine goşulyşmagynyň, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy
köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň görülmeginiň wajypdygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, dünýä bileleşigini Türkmenistanyň parahatçylyk
söýüjilikli daşary hem-de içeri syýasatynyň esasy ugurlary, ýurdumyzda amala
aşyrylýan giň gerimli özgertmeler we möhüm wakalar, durmuşa geçirilýän iri
taslamalar, halkymyzyň baý taryhy we medeniýeti bilen tanyşdyrmaga uly ähmiýet
berilýär. Bu ulgamda alnyp barylýan işler milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň
işine öňdebaryjy sanly multimedia tehnologiýalaryny işjeň ornaşdyrmaga
gönükdirilmelidir, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli tejribe
alyşmaga ýardam etmelidir. Döwlet Baştutanymyz Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistanyň dünýäniň media giňişliginde mynasyp wekilçilik etmelidigini
nygtap, wise-premýere, daşary işler ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş
direktory M.Çakyýew «Türkmenistana gelýän we onuň çäginden üstaşyr geçýän
daşary ýurt döwletleriniň ýük awtoulag tirkegleriniň we ýarym tirkegleriniň
eýelerinden alynýan ýygymlary we tölegleri bellemek hakynda» Kararyň taslamasy
barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna
degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň üstaşyr ulag
mümkinçiliklerini ösdürmek üçin ulag düzüminiň döwrebap desgalarynyň
kuwwatyndan doly peýdalanmagyň hem-de awtoulaglar arkaly daşalýan ýükleriň
möçberini mundan beýläk-de artdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Şunda täze we durky
täzelenen awtomobil ýollarynyň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň
harytlaryny halkara bazarlara ibermegiň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak,
daşary ýurtlaryň awtoulag serişdeleriniň ýurdumyzyň çäginden üstaşyr
geçirilmegini seljermek zerurdyr.
Döwlet Baştutanymyz hödürlenen resminama gol çekip, ony sanly ulgam arkaly
iberdi hem-de agentligiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Şeýle-de hasabatyň dowamynda döwrüň talaplary esasynda aragatnaşyk
ulgamynyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan
işler barada aýdyldy. Hususan-da, “Aragatnaşyk hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna
laýyklykda, aragatnaşyk operatoryndan belgileýiş resursynyň alynmagynyň
tertibini döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, aragatnaşyk
ulgamynda ähli işleri täzeçe görnüşde utgaşdyrmagyň, bar bolan kuwwatdan
netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny nygtady. Maglumat tehnologiýalarynyň
ählumumy ösüşi bilen deň gadam urmak üçin aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini we
geçirijilik ukybyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak zerurdyr. Halkara
tejribeden ugur almak bilen, pudaga häzirki zaman tehnologiýalarynyň giň
ugurlaryny ornaşdyrmak, ilata edilýän aragatnaşyk hyzmatlaryny giňeltmek,
internet hyzmatlaryny elýeterli etmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz
belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we
olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen
Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini jemläp, hemmelere berk jan saglyk,
maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi