Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.11.2022
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly
Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna
degişli birnäçe meselelere, şeýle-de käbir resminamalaryň taslamalaryna
garaldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen, Milli
Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň
ýörelgelerine hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda
alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 12-nji noýabrynda Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň
ýigrimi birinji maslahaty geçirildi. Maslahatda “Türkmenistanyň 2023-nji ýyl
üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň, şeýle hem
“Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda”
Mejlisiň kararynyň taslamalaryna garaldy. “Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin
Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanuny Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň
garamagyna ugradyldy.
Şeýle-de ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip
gowuşýan teklipler esasynda ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşynyň
dürli ugurlaryna degişli kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam
etdirilýär. Mejlisiň wekilleri degişli döwlet edaralary bilen bilelikde halkara
guramalar tarapyndan guralan hem-de döwlet dolandyryşynyň usulyýetiniň
esaslary, adam we ynsanperwer hukuklar babatda halkara borçnamalaryň ýerine
ýetirilişi, logistika, ulag düzümlerini ösdürmek, howanyň üýtgemegi bilen bagly
töwekgelçilikleri azaltmak we uýgunlaşma çäreleri bilen baglanyşykly
maslahatlara, duşuşyklara gatnaşdylar.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew türkmen
jemgyýetiniň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp
barylýan işler barada maglumat berdi. Häzirki wagtda Milli Geňeşiň Mejlisiniň
altynjy çagyrylyşynyň ýigriminji we ýigrimi birinji maslahatlarynda kabul
edilen Kanunlar boýunça Halk Maslahatynyň degişli komitetlerinde ara alyp
maslahatlaşmalar we seljerme işleri geçirilýär.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji
noýabrda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy
boýunça Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň
mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy we çykyş etdi. Gahryman
Arkadagymyzyň sebit howpsuzlygyny üpjün etmek, ulag, energetika, ekologik
abadançylygy berkarar etmek, musulman ýurtlaryndan bolan bosgunlara kömek bermek,
medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňe süren
teklipleri Samarkant sammitine gatnaşyjylar tarapyndan gyzgyn goldanyldy.
Özbegistan Respublikasyna saparynyň barşynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň
Başlygynyň Türki dünýäniň ýokary ordeni bilen sylaglanylmagy hormatly
Arkadagymyzyň halkara jemgyýetçilikdäki belent abraý-mertebesiniň aýdyň
nyşanydyr.
12-nji noýabrda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow Mary welaýatynda iş saparynda bolup, pagtaçylar we gallaçylar
bilen duşuşdy, olaryň hal-ýagdaýy, zähmet şertleri bilen gyzyklandy. Şeýle-de
hormatly Arkadagymyz “Marygallaönümleri” önümçilik birleşiginiň çörek önümleri
kärhanasyna baryp gördi we ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň ýolbaşçylarynyň, welaýatyň
häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow degişli
önümçilik desgalarynyň talabalaýyk ulanylmagyny üpjün etmäge degişli milli
kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bu ulgamdaky işi kadalaşdyrýan Türkmenistanyň Kanunyndan ugur alnyp,
kadalaşdyryjy hukuk namalary taýýarlanylýar. Şunuň bilen baglylykda, ýokarda
agzalan Kanun esasynda ygtyýarly edara hökmünde bellenen “Türkmenstandartlary”
baş döwlet gullugy tarapyndan birnäçe resminamalaryň taslamalary taýýarlanyldy.
Resminamalaryň taslamalary Adalat ministrligi hem-de degişli ministrlikler,
pudak edaralary bilen bellenen tertipde deslapdan ylalaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli
ykdysadyýetiň mundan beýläk-de okgunly ösmegini üpjün etmek, önümçilik
ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň kanunçylygyny
yzygiderli kämilleşdirmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bu işiň
yzygiderli, döwrüň talaplaryna laýyklykda, halk hojalyk toplumynyň ähli
ulgamlarynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak üçin hukuk gurallaryny ulanmak
arkaly alnyp barylmalydygyny nygtap, wise-premýere bu babatda birnäçe anyk
tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow “Galkynyş” gaz
käninde gaz guýularynyň gurluşygyny tamamlamak hem-de tebigy gazyň goşmaça
möçberini çykarmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Geçen ýylyň
awgustynda “Galkynyş” gaz käninde adaty gaz guýularyndan aýratyn çylşyrymlylygy
bilen tapawutlanýan täze guýularyň gurluşygyna badalga berildi. Häzirki wagtda
meýilleşdirilen işleri bellenen möhletinden öň tamamlamak hem-de guýulary işe
girizmek boýunça zerur çäreler görülýär. Täsin “Galkynyş” käniniň täze gaz
guýularynda gazyň goşmaça möçberiniň alynmagyna garaşylýar. Bu gaz guýularynyň
işe goýberilmegi ýakyn wagtda gazyň her ýylda çykarylýan möçberini artdyrmaga
hem-de “Galkynyş” gaz käniniň täze desgalaryny özleşdirmegi taslama kuwwatyna
çykarmaga mümkinçilik berer.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp,
ýangyç-energetika toplumynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň düzümindäki möhüm
ornuny nygtady we nebitgaz senagatynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň bu
ulgamdaky düýpli özgertmeleriň möhüm ugry bolup durýandygyny belledi. Şunuň
bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz tebigy gazyň çykarylýan möçberini
yzygiderli artdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere birnäçe anyk
tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň
welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat
berdi. Häzirki wagtda ýetişdirilen pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli
ýygnap almak boýunça degişli işler geçirilýär, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça
ekiljek ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, sürüm işleri dowam
edýär.
Bellenilişi ýaly, bugdaý ekişinde oba hojalyk tehnikalary we gurallary
netijeli ulanylýar. Ekin meýdanlarynda mineral dökünleri bermek, gögeriş suwuny
tutmak işleri sazlaşykly alnyp barylýar. Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti
tarapyndan “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 - 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, ekin
meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny we suw üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça
degişli çäreler görülýär. Şeýle-de şu ýylyň noýabr aýynda geçirilmegi
meýilleşdirilýän Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Döwletara utgaşdyryjy
suw hojalyk toparynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimizde oba
hojalygynyň möhüm orun eýeleýändigini belledi we ýurdumyzda oba hojalyk
işleriniň bellenilen möhletlerde geçirilmegi üçin ähli tagallalary etmegiň
zerurdygyny nygtap, wise-premýere bu meseleleri berk gözegçilikde saklamagy
tabşyrdy. Häzirki wagtda, ekin meýdanlaryny suwarmak maksady bilen, dünýäniň
öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrylýar,
oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak üçin täze suw howdanlary gurlup
ulanmaga berilýär, hereket edýän suw howdanlary giňeldilýär diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň ýurdumyzda
suw hojalygyny ösdürmek boýunça maksadalaýyk işleri amala aşyrýandygyny, bu
babatda görülýän çäreleriň suw serişdelerini rejeli ulanmagy, goşmaça suw
howdanlaryny döretmegi göz öňünde tutýandygyny, munuň bolsa oba hojalygynda
ulanylýan suwuň täze gorlaryny döretmäge mümkinçilik berýändigini nygtap,
wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda Araly halas
etmegiň halkara gaznasynyň işini kämilleşdirmek we netijeliligini
ýokarlandyrmak ýaly meseleleri çözmäge örän jogapkärli çemeleşilýändigini
aýdyp, wise-premýere şu gaznanyň Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň
nobatdaky mejlisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi
tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow ozal berlen
tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, hususan-da, 2023-nji ýylda ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň sanawynyň taýýarlanylyşy barada
hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe ýurdumyzda gurluşyk senagatyny ösdürmek üçin ähli şertler döredildi,
täze şähergurluşyk maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Dünýäniň
öňdebaryjy tehnologiýalaryny ulanmak arkaly önümçilik we medeni-durmuş maksatly
desgalaryň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar. Ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş
derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, ýaşaýyş jaýlarynyň, umumybilim berýän
orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, saglygy goraýyş desgalarynyň ençemesiniň,
birnäçe önümçilik maksatly desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde
tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, berkarar Watanymyzyň kuwwatynyň
hem-de rowaçlygynyň aýdyň nyşanlaryna öwrülýän senagat we medeni-durmuş
maksatly täze desgalaryň gurluşygy boýunça işleri depginli dowam etdirmegiň
möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz degişli düzümleriň
ählisi bilen bilelikde geljek ýylda dabaraly ýagdaýda açyljak binalardyr
desgalaryň sanawyny ýene-de bir gezek içgin seljermegi we öwrenmegi tabşyrdy.
Soňra wise-premýer milli ykdysadyýeti mundan beýläk-de senagatlaşdyrmak
boýunça işleriň çäklerinde görülýän çäreler, hususan-da, gurluşyk senagatynyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we kämilleşdirmek boýunça amala
aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Ýurdumyzda giň gerimde alnyp barylýan
gurluşyklary we ykdysadyýetiň beýleki pudaklaryny zerur bolan ýokary hilli
gurluşyk serişdeleridir önümleri bilen ýeterlik derejede üpjün etmek maksady
bilen, hereket edýän önümçilikleriň işlerinde zerur bolan serişdeleri satyn
almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň
garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň
senagat ulgamyny toplumlaýyn ösdürmegiň hem-de uly isleg bildirilýän gurluşyk
önümleriniň çykarylýan möçberini yzygiderli artdyrmagyň zerurdygyny aýtdy
hem-de ugurdaş kärhanalaryň önümçilik kuwwatlyklaryndan has netijeli
peýdalanmak üçin ähli şertleriň döredilmeginiň wajypdygyna ýene-de bir gezek
ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekip, ony sanly
ulgam arkaly wise-premýere iberdi we öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek
boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew 29-30-njy noýabrda
Aşgabat şäherinde Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň nobatdaky 11-nji
mejlisini hem-de onuň çäklerinde işewürlik maslahatyny geçirmäge taýýarlyk
görlüşi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu çärelere, esasan, agajy,
plastik we demir önümlerini gaýtadan işleýän senagat pudaklary, oba we suw hojalygy,
azyk senagaty, saglygy goraýyş we beýleki pudaklar üçin ýokary tehnologiýaly
enjamlary öndürýän maşyngurluşyk kärhanalarynyň wekilleriniň gatnaşmagy göz
öňünde tutulýar. Şeýle-de olara sanly ulgam, elektron programma üpjünçiligi,
daşky gurşawy goramak, medeniýet, ylym-bilim ugurlarynda iş alyp barýan
kompaniýalar gatnaşar. Forumyň meýdançalarynda türkmen işewürleriniň hem-de
Awstriýanyň kompaniýalarynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň
we gepleşikleriň birnäçesini geçirmek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp,
Türkmenistanyň Awstriýa bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga
möhüm ähmiýet berýändigini belledi. Şol gatnaşyklaryň okgunly ösmegi taraplaryň
uzak möhletleýin esasda hyzmatdaşlyk etmäge çalyşýandyklaryny tassyklaýar.
Netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň ýokary derejesiniň
aýdyň görkezijisidir. Awstriýanyň türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge
çalyşýan uly işewür toparlaryň wekilleri bilen köpýyllyk ysnyşykly gatnaşyklar
munuň anyk subutnamasydyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
Ýewropanyň bu ýurdy bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde netijeli gural
hökmünde Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň möhüm ornuny belledi. Hormatly
Prezidentimiz Aşgabatda geçiriljek işewürlik maslahatynyň netijeli gatnaşyklary
mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirip,
wise-premýere bu çäreleri geçirmäge ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk
görülmegini üpjün etmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Hasabatyň dowamynda wise-premýer käbir pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndaky
üýtgeşmeler göz öňünde tutulyp, Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň hem-de
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň türkmen
böleginiň düzümi babatda degişli işleriň geçirilýändigini habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz bu meselä ünsi çekip, olaryň işiniň ähmiýetini
nygtady. Bu toparlaryň işi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de
pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine ýardam etmelidir diýip, döwlet
Baştutanymyz wise-premýere bu ugurda degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň 28 -
30-njy noýabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek “Milli aýdym-saz sungaty dünýä
halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwala we maslahata görülýän taýýarlyk
işleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň baý medeni mirasyny düýpli
öwrenmek we aýawly saklamak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen medeni
gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigini belläp,
halkara forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda wise-premýere
birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra wise-premýer 23 - 25-nji noýabrda Täjigistan Respublikasynyň
Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň geçirilmegine görülýän taýýarlyk barada
hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Medeniýet günleriniň çäklerinde Täjigistanyň
häzirki zaman suratkeşleriniň, şekillendiriş sungaty eserleriniň, neşir
önümleriniň, milli lybaslarynyň sergisiniň, birnäçe beýleki medeni çäreleriň
geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň
parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa
geçirmekde, beýleki halklar bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda şeýle
medeni çäreleriň möhüm ähmiýetini belledi we wise-premýere anyk tabşyryklary
berdi.
Şeýle-de wise-premýer 22-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçiriljek
“Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri: öwrenmek, gorap saklamak we
rejelemek tejribesi” atly halkara maslahata görülýän taýýarlyk barada hasabat
berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini
öwrenmegiň, bu ugurda amala aşyrylýan ylmy işleriň we barlaglaryň, medeni
gymmatlyklarymyzy bütin dünýäde wagyz etmegiň möhüm ähmiýete eýedigini nygtady
hem-de wise-premýere halkara maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün
etmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow öňümizdäki
aýda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly geçirilmegi
meýilleşdirilýän halkara olimpiadalar barada hasabat berdi. Şunuň bilen
baglylykda, “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda”
hem-de “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy
kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda” kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek
maksady bilen, şeýle-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 5 - 7-nji dekabrda
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde
biologiýa dersi boýunça halkara internet olimpiadasyny hem-de 5-nji dekabrda
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ekologiýa dersi
boýunça açyk halkara olimpiadany geçirmek meýilleşdirilýär.
Halkara ders olimpiadalaryna türkmen talyplary bilen birlikde Russiýanyň,
Germaniýanyň, Hytaýyň, Rumyniýanyň, Wengriýanyň, Ýaponiýanyň, Azerbaýjanyň,
Belarusuň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we beýleki köp sanly döwletleriň ýokary
okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu ugurda
geçirilýän işleriň we halkara derejedäki aň-paýhas bäsleşikleriniň yzygiderli
guralmagynyň wajypdygyna aýratyn ünsi çekdi hem-de şeýle çäreleriň diňe bir
zehinli türkmen ýaşlaryny ýüze çykarmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýäniň
öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri bilen halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga
ýardam edýändigini belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary
berdi.
Soňra wise-premýer ylymly-bilimli, maksada okgunly, zähmetsöýer, Watana
wepaly türkmen ýaşlaryny terbiýelemek boýunça alnyp barylýan işler barada
hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda giň
gözýetimli ýaş nesli kemala getirmek, wagyz-düşündiriş işlerini güýçlendirmek
barada beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanynda “Arkadagly ýaşlar” atly elektron
žurnaly döretmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwrebap sanly tehnologiýalary
giňden ulanmagyň döwletimizi we jemgyýetimizi okgunly ösdürmegiň möhüm şerti
bolup durýandygyny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent
maksatlaryny hem-de wezipelerini ýerine ýetirmegiň üstünliklerini
kesgitleýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz täze elektron neşiriň
döredilmeginiň wajypdygyny we derwaýysdygyny belläp, onuň örän gyzykly, çuň
manyly bolmalydygyny, zehinli türkmen ýaşlarynyň geçirýän ylmy barlaglarynyň
hem-de innowasion işläp taýýarlamalarynyň ähmiýetini açyp görkezmelidigini
nygtady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow
hormatly Prezidentimiziň 21-22-nji noýabrda Birleşen Arap Emirliklerine
meýilleşdirilen resmi saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, 1995-nji ýylyň oktýabrynda iki ýurduň arasynda
diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlandygy bellenildi. Türkmenistan bilen
Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky Hökümet we daşary syýasat edaralarynyň
ugry boýunça hem-de abraýly halkara guramalaryň çäklerinde yzygiderli
gatnaşyklar ýola goýuldy. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk okgunly
ösdürilýär, haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin uly mümkinçilikler
bar. Şunda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki topara möhüm orun degişlidir.
Häzirki wagtda Abu-Dabiniň ösüş gaznasy we BAE-niň beýleki maliýe düzümleri
bilen bilelikde maýa goýum taslamalaryny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek
boýunça netijeli işler alnyp barylýar.
Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda ynsanperwer ulgamdaky, bilim, ylym we
medeniýet ugurlaryndaky gatnaşyklar hem işjeň ösdürilýär. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hormatly Prezidentimiziň
öňümizdäki resmi saparynyň maksatnamasy hödürlenildi. Saparyň netijeleri
boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekmek göz öňünde
tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp,
Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň maksatlaryna laýyk
gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlyk strategiýasyna pugta ygrarlydygyny
nygtady. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň daşary syýasat ugruny durmuşa
geçirmekde Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge uly
ähmiýet berilýändigini belläp, Birleşen Arap Emirlikleri bilen döwletara
gatnaşyklaryň dostlukly häsiýetini kanagatlanma bilen nygtady. Uly kuwwatyň
bolmagy ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we
diwersifikasiýalaşdyrmak, maýa goýum işini, işewürlik gatnaşyklaryny
işjeňleşdirmek, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak, olary täze
many-mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin amatly mümkinçilikleri döredýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýokary
derejede geçiriljek gepleşikler häzirki döwrüň ýagdaýlaryny we uzak möhletleýin
geljegi nazara almak arkaly Birleşen Arap Emirlikleri bilen özara bähbitli
hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitlemäge, döwletara gatnaşyklary täze anyk
many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz wise-premýere, daşary işler ministrine Birleşen Arap Emirliklerine
resmi sapara taýýarlyk görmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi
tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş
direktory M.Çakyýew “Demir ýollaryň we demir ýol ulagynyň beýleki obýektleriniň
gorag zolaklarynyň bellenilmeginiň Tertibini tassyklamak hakynda” Kararyň
taslamasy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, «Halkyň Arkadagly zamanasy»
ýylynda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň çäklerinde milli ulag we
kommunikasiýa pudagynda ulanylýan kadalaşdyryjy hukuk namalary döwrüň
talaplaryna laýyk getirilip, yzygiderli kämilleşdirilýär. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy
hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň üstaşyr ulag
mümkinçiliklerini ösdürmek üçin demir ýol düzüminiň döwrebap desgalarynyň
kuwwatyndan doly derejede peýdalanmagyň hem-de demir ýol ulagy arkaly daşalýan
ýükleriň möçberini mundan beýläk-de artdyrmagyň zerurdygyny aýtdy. Şeýle-de
döwlet Baştutanymyz otlularyň we ulag serişdeleriniň hereketiniň ýygylygy bilen
baglylykda, demir ýollaryň gorag zolaklarynyň dürli sazlaýjy enjamlar bilen
enjamlaşdyrylmalydygyny belledi hem-de degişli Karara gol çekip, ony sanly
ulgam arkaly iberdi we agentligiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisiň dowamynda milli
ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşine gönükdirilen
birnäçe meselelere garalandygyny we degişli resminamalaryň kabul edilendigini
belledi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk,
maşgala abadançylygyny, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň
bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistanyň
Döwlet habarlar agentligi