Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Patyşa Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda gepleşikler geçirildi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Patyşa Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda gepleşikler geçirildi

 

 22.02.2023

Şu gün Manamada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda gepleşikler geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, düýn döwlet Baştutanymyz Bahreýn Patyşalygyna resmi sapar bilen geldi.

Ýokary derejedäki şu gezekki duşuşyk däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak we ösdürmek, ony hil taýdan täze derejä çykarmak üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Şunuň bilen birlikde, bu sapar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky ädim bolup durýar. Bu strategiýa dünýäniň ähli ýurtlary, şol sanda arap dünýäsiniň döwletleri bilen netijeli, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.

Şu gün ýokary derejedäki gepleşikleriň öňüsyrasynda döwlet Baştutanymyz Bahreýniň Ykdysady ösüş geňeşine baryp gördi. Irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow geňeşiň baş dolandyryş binasyna tarap ugrady. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Bahreýn Patyşalygynyň Premýer-ministriniň orunbasary Şeýh Halid bin Abdulla Al Halifa we bu düzümiň ýolbaşçylary mähirli garşyladylar.

Bu ýerde belent mertebeli myhman üçin Bahreýniň Ykdysady ösüş geňeşi we onuň işiniň aýratynlyklary barada maglumat berýän tanyşdyrylyş çäresi guraldy.

Bahreýn Patyşalygynyň Premýer-ministriniň orunbasary Şeýh Halid bin Abdulla Al Halifa ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy ýene-de bir gezek tüýs ýürekden mübärekledi. Döwlet Baştutanymyzyň şu saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge, onuň ugurlaryny giňeltmäge täze itergi berjekdigine, däp bolan döwletara gatnaşyklary hem-de netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirildi.

Hormatly Prezidentimiz geňeşiň işi hem-de onuň esasy wezipeleri, Bahreýniň ykdysady strategiýasyny işläp taýýarlamak we ony durmuşa geçirmek üçin döredilýän şertler barada gürrüň berýän wideoşekiller bilen tanyşdy. Bu strategiýa milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Ol dürli ugurlary - maliýe, telekeçilik, bilim we hünärmenleriň taýýarlygy, saglygy goraýyş, syýahatçylyk ýaly ugurlary öz içine alýar hem-de häzirki ýagdaýlara degişli çäreleri göz öňünde tutýar. Şeýle-de ykdysadyýetiň esasy pudaklaryny, şol sanda nebitgaz senagatyny, hususy ulgamy çalt depginler bilen ösdürmek, amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi.

Tanyşdyrylyş çäresiniň dowamynda geňeşiň ýolbaşçysy onuň işiniň esasy ugurlary barada jikme-jik maglumat berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Bahreýniň kartasynyň nusgasynyň ornaşdyrylan ýerine geçmäge çagyrylýar. Bu ýerde belent mertebeli myhman ýurtda amala aşyrylýan maýa goýum taslamalary we hyzmatdaşlyk üçin bar bolan mümkinçilikler bilen tanyşdyryldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda ýurdumyzyň ykdysadyýetini innowasiýalar we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, onuň sanly we tehnologik taýdan özgerdilmegine, dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyna gönükdirilen özgertmeler dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda maliýe-bank düzümini, senagat toplumyny düýpli özgertmek, hususy ulgamy höweslendirmek we goldamak, onuň ykdysadyýetdäki paýyny artdyrmak boýunça maksadalaýyk işler alnyp barylýar. Bu ugurda amala aşyrylýan özgertmeler bilen baglylykda, degişli milli kanunçylygy kämilleşdirmäge hem uly ähmiýet berilýär. Bularyň ählisi ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, onuň kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga, ýurdumyzyň maýa goýum babatda özüne çekijiligini ýokarlandyrmaga ýardam edýär, özara bähbitli hyzmatdaşlygy, şol sanda abraýly ugurdaş düzümler bilen gatnaşyklary ösdürmek, geljegi uly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin oňaýly mümkinçilikleri şertlendirýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çuň mazmunly tanyşdyrylyş çäresi üçin Bahreýn Patyşalygynyň Premýer-ministriniň orunbasary Şeýh Halid bin Abdulla Al Halifa hem-de geňeşiň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Bahreýn we onuň işewürler toparlary bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny belledi.

Bahreýn tarapynyň hem ägirt uly kuwwata eýe bolan, özüni jogapkärli hyzmatdaş hökmünde görkezen ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirilýändigi tassyklanyldy.

Günüň birinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Bahreýniň Patyşasynyň “Al Gudaýbiýýa” köşgüne ugrady. Bu ýerdäki meýdançada belent mertebeli myhmany resmi taýdan garşylamak dabarasy geçirildi.

Döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy köşgüň merkezi girelgesiniň öňünde gelip durýar. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa mähirli garşylaýar. Iki döwletiň Baştutanlary bilelikde bellenen ugur boýunça ýöräp, münbere geçýärler. Nyzama düzülen Hormat garawulynyň serkerdesi dabaraly hasabat berýär. Iki ýurduň Döwlet senalary ýaňlanýar. Senalaryň ýaňlanan mahalynda, belent mertebeli myhmanyň hormatyna top atylýar.

Iki döwletiň Baştutanlary köşge barýarlar. Hormatly Prezidentimiz we Bahreýniň Patyşasy iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalary bilen tanyşýarlar.

Soňra “Al Gudaýbiýýa” köşgünde ýokary derejedäki ikiçäk gepleşikler geçirildi.

Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň Bahreýn üçin doganlyk, dostlukly ýurtdugyny nygtady we ýola goýlan döwletara gatnaşyklara ýokary baha berdi. Şunda häzirki ýokary derejedäki duşuşygyň türkmen-bahreýn hyzmatdaşlygyna täze itergi berjekdigine, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginde möhüm orny eýelejekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Patyşa Hamad bin Isa Al Halifa Bahreýn Patyşalygyna resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy hem-de mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň doganlyk Bahreýn Patyşalygy bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine uly üns berýändigini belledi. Şol gatnaşyklar özara ynanyşmak we netijelilik esasynda ösdürilýär. Şular barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz Patyşa Hamad bin Isa Al Halifa, Mirasdüşer Şazada, Premýer-ministr Salman bin Hamad Al Halifa hem-de Bahreýniň halkyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Özara düşünişmek we işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda türkmen-bahreýn hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplaryň ähli ugurlar boýunça gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigi bellenildi. Iki döwletiň Baştutanlary söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna ünsi çekip, Türkmenistanyň we Bahreýniň halklarynyň ýakynlaşmagynyň, olaryň arasyndaky dostlugy pugtalandyrmagyň aýrylmaz şerti hökmünde medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň wajypdygyny nygtadylar.

Duşuşygyň barşynda taraplar halkara we sebit gün tertibiniň, özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleriň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bahreýniň Patyşasyny, şeýle-de Mirasdüşer Şazada, Bahreýniň Premýer-ministrini Türkmenistana ýakyn wagtda sapar bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti we Bahreýniň Patyşasy birek-birege ýadygärlik sowgatlary gowşurdylar. Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde, iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda dowam etdi.

Duşuşygyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda howa gatnawy hakynda Ylalaşyga; Miras bilen baglanyşykly senetçilik we däp-dessurlar babatda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginiň Mohammed bin Mubarak Al Halifa adyndaky Diplomatik bilimleri akademiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda deňiz ulaglary babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda demir ýol ulaglary babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda umumy, tehniki we ýokary bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Standartlaşdyrmak, sertifikatlaşdyrmak, akkreditirlemek we metrologiýa babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Bahreýn Patyşalygynyň Medeniýet we gadymyýet müdirliginiň arasynda 2023 — 2027-nji ýyllar aralygynda medeniýet babatda hyzmatdaşlygy ýerine ýetirmegiň Maksatnamasyna; Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Bahreýniň Ösüş bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekilýär.

Ählumumy deňiz-howa logistikanyň hyzmatdaşy baradaky Şahadatnama laýyklykda, iki ýurduň arasynda ykdysady we söwda gatnaşyklaryny ösdürmek babatda bilelikdäki isleg göz öňünde tutulyp, Bahreýn Patyşalygy ýurdumyza şu merkeziň başlangyjynyň çäginde hyzmatdaş derejesini hödürleýär. Bu Şahadatnama türkmen tarapyna berildi.

Hormatly Prezidentimiziň Bahreýn Patyşalygyna saparynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Maglumat kabul edildi.

Gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, Patyşa Hamad bin Isa Al Halifa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ýüzlenip, bu saparyň döwlet Baştutanymyzyň Bahreýne ilkinji saparydygyny belledi we geçen ýyllaryň dowamynda ýurtlarymyzyň arasynda iki dostlukly halkyň taryhy-medeni kökleriniň umumylygyna esaslanýan, dürli ulgamlary öz içine alýan netijeli gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny kanagatlanma bilen nygtady. Bahreýniň Patyşasy 2019-njy ýylda Türkmenistanda bolan saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belläp, giň ugurlar, şol sanda, ykdysadyýet, söwda, energetika, azyk ulgamy, maýa goýumlar, medeni-ynsanperwer, syýahatçylyk we beýleki ulgamlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin amatly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şu sapary däp bolan döwletara gatnaşyklary ösdürmekde täze tapgyry açýar hem-de onuň taryhynda şanly waka bolup durýar diýip, dostlukly döwletiň Baştutany Bahreýniň türkmenistanly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklara gyzyklanma bildirýändiklerini hem-de bilelikdäki ysnyşykly işe taýýardyklaryny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, şu gün gol çekilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge ýardam etmäge gönükdirilen resminamalaryň wajypdygy nygtaldy.

Patyşa Hamad bin Isa Al Halifa çykyşyny tamamlap, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge goşan uly şahsy goşandy, sebit we halkara derejede parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga ýardam edýän döredijilikli syýasaty durmuşa geçirýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Bahreýn Patyşalygynyň ýokary sylagyna — Şeýh Isa bin Salman Al Halifa adyndaky birinji derejeli ordenine mynasyp bolandygyny habar berdi.

Bahreýniň Patyşasy döwlet Baştutanymyza dabaraly ýagdaýda, ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda bu hormatly sylagy gowşurdy we jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mähirli garşylandygy we myhmansöýerlik üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, 1995-nji ýylda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan döwründen bäri biziň ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklara ygrarlydyklaryny görkezýändiklerini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Bahreýn Patyşalygyna Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny hemişe goldaýandygy üçin minnetdarlygyny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Patyşa Hamad bin Isa Al Halifanyň 2019-njy ýylda ýurdumyza bolan saparynyň türkmen-bahreýn hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim bolandygyny belläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şol sanda söwda-ykdysady ulgamda, hususy pudak boýunça gatnaşyklaryň ägirt uly kuwwata eýedigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, bilelikdäki işewürler geňeşini döretmegi hem-de iki ýurduň telekeçileriniň sergilerini geçirmegi teklip etdi. Munuň özi Türkmenistanyň we Bahreýniň işewür düzümleriniň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmek, maýa goýum işini giňeltmek üçin oňat esas bolar.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň wajypdygy barada aýdyp, medeniýet we sport ulgamynda-da ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy höweslendirmegiň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Patyşa Hamad bin Isa Al Halifa bildirilen hormat-sarpa - Şeýh Isa bin Salman Al Halifa adyndaky birinji derejeli orden bilen sylaglanandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, bu ýokary sylaga Türkmenistana we onuň halkyna çuňňur hormatyň, ýurtlarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mizemezdiginiň nyşany hökmünde garaýandygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň ahyrynda Bahreýniň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bahreýniň Patyşasynyň “Safiriýýa” köşgüne ugrady. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa mähirli garşylady.

“Safiriýýa” köşgünde geçirilen söhbetdeşligiň barşynda iki döwletiň Baştutanlary şu gün geçirilen gepleşikleriň netijeli häsiýete eýe bolandygyny hem-de olaryň anyk maksatlara ýetmäge gönükdirilendigini kanagatlanma bilen belläp, taraplaryň türkmen-bahreýn gatnaşyklaryny häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmaga meýillidiklerini tassykladylar.

Türkmenistanda we Bahreýnde köpasyrlyk däplere eýe bolan atçylygy ösdürmek meselesi hem gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Biziň ýurdumyzda bolşy ýaly, arap dünýäsiniň döwletlerinde-de gadymy döwürlerden bäri atçylyk bilen meşgullanylýandygy hemmelere mälimdir. Türkmenistanda bolşy ýaly, Bahreýnde-de bu däp bolan pudagy we atly sporty ösdürmäge uly üns berilýär. Iki ýurduň halklaryny bedewlere bolan çäksiz söýgi, aýratyn gatnaşyklar birleşdirýär. Munuň özi bu ugurda netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk hem-de tejribe alyşmak üçin amatly şertleri döredýär.

Şan-şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewleri halkymyzyň milli baýlygy we buýsanjy bolup durýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda atçylyk döwlet ähmiýetli iş hökmünde ykrar edildi. Bu işde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hyzmatlary örän uludyr. Gahryman Arkadagymyzyň maksada okgunly işi arassa ganly ahalteke bedewlerini köpeltmek sungatyny dikeltmäge, aýawly saklamaga we ösdürmäge, olaryň baş sanyny artdyrmaga, Türkmenistanda döwrebap ugurdaş düzümi kemala getirmäge, sportuň atly görnüşlerini, milli at üstündäki oýunlary wagyz etmäge ýardam etdi. Merkezi edarasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi bu ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin täze mümkinçilikleri açdy.

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli işi häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen halkynyň dünýäniň atçylyk medeniýetine ägirt uly goşandyna öwrülen meşhur bedewler häzirki döwürde Watanymyzyň döredijiligiň we ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly öňe barýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Soňra Patyşa Hamad bin Isa Al Halifa hormatly Prezidentimizi köşgüň çäginde ýerleşen atçylyk sport meýdançasyna çagyrýar. Bu ýerde belent mertebeli myhman üçin bedewleriň görkezilişi guraldy.

Döwlet Baştutanymyz Bahreýniň Patyşasy bilen bilelikde arassa ganly arap bedewleriniň, şeýle-de beýleki tohum atlaryň görkeziliş sergisine syn etdi. Olaryň arasynda meşhur ahalteke bedewleriniň bardygy hem bellärliklidir. Dostlukly ýurduň atçylyk pudagynyň taryhy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň uly gyzyklanmasyna eýe boldy.

Döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işindäki hyzmatlarynyň hem-de gadymdan gelýän atçylyk däplerini ösdürmäge goşan goşandynyň ykrarnamasynyň nyşany hökmünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ajaýyp arap tohum atlarynyň ikisi  sowgat berildi.

Döwlet Baştutanymyz Bahreýniň Patyşasyna minnetdarlyk bildirip, bu ulgamda hünärmenleriň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Munuň özi döwletara gatnaşyklaryň many-mazmun taýdan baýlaşdyrylmagyna ýardam eder.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa mähirli hoşlaşyp, türkmen-bahreýn gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler we iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Şol gün döwlet Baştutanymyz Bahreýniň Milli muzeýine baryp gördi. Muzeýiň merkezi girelgesiniň öňünde belent mertebeli myhmany Bahreýniň Medeniýet we taryhy gymmatlyklar edarasynyň başlygy Şeýh Halifa bin Ahmed bin Abdulla Al Halifa we muzeýiň ýolbaşçylary garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiz Bahreýn tarapynyň wekilleri bilen bilelikde muzeýiň gymmatlyklary bilen tanyşýar. Muzeýiň köpugurly gymmatlyklary Bahreýn Patyşalygynyň gadymy taryhy, onuň medeniýeti we sungaty barada gürrüň berýär. Muzeýiň zallarynda arheologik tapyndylar, şol sanda gadymy döwürlerde Bahreýniň çäginde ýerleşen Dilmun döwletine degişli tapyndylar, beýleki dürli gymmatlyklar görkezilýär. Muzeýiň mowzuklaýyn bölümleri dostlukly ýurduň halkynyň däp-dessurlary, ýaşaýyş-durmuşynyň aýratynlyklary, senetçiligi bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Muzeýiň aýratyn bölüminde bahreýnlileriň gadymy senedi bolan merjeniň alnyşy barada gürrüň berilýär. Muzeýde ähli eýýamlaryň keramiki we aýna önümleriniň, şaý-sepleriň nusgalaryny, Bahreýniň şekillendiriş sungatynyň häzirki döwürdäki ussatlarynyň işini görmek bolýar.

Birnäçe bölümler arap diline, hatdatlyk sungatyna bagyşlanypdyr. Bu ýerde keramatly Gurhanyň XIII-XIV asyrlara degişli seýrek duş gelýän nusgalary, gadymy golýazmalar, taryhy resminamalar görkezilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow muzeýiň gymmatlyklary bilen tanşyp, Bahreýn tarapynyň wekillerine çuň manyly tanyşdyrylyş üçin minnetdarlyk bildirdi we Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, milletiň täsin taryhy-medeni mirasyny aýawly saklamagyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny bellemek gerek. Bu babatda muzeý işini kämilleşdirmäge, ynsanperwer ulgamda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary giňeltmäge uly üns berilýär. Bu ugurdaky netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak, olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak ýurtlaryň hem-de halklaryň arasyndaky dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýär.

Bahreýniň wekilleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa muzeýe gelip görendigi hem-de onuň gymmatlyklaryna gyzyklanma bilen syn edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigini nygtadylar.

Belent mertebeli myhmana Bahreýniň Milli muzeýiniň adyndan ýadygärlik sowgat - bahreýn halkynyň taryhy we medeniýeti barada gürrüň berýän kitap gowşurylýar. Ýurdumyzyň adyndan muzeýe ajaýyp türkmen halysy hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ahalteke bedewlerine bagyşlanan kitaby sowgat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi saparyň maksatnamasyny tamamlap, Bahreýniň Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady.

Hormatly Prezidentimiziň uçary Aşgabada çenli uçuşy amala aşyryp, paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar. Olar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Bahreýn Patyşalygyna resmi saparynyň üstünlikli tamamlanmagy hem-de dostlukly ýurduň ýokary döwlet sylagynyň - Şeýh Isa bin Salman Al Halifa adyndaky birinji derejeli ordeniniň gowşurylmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar.

 

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi